Gün han
Umumy maglumatlar
[düzet | çeşmäni düzet]Gün Han - Türki we Altaý rowaýatlarynda Güneş kagany. Kun, Kün (Kön) han diýlip atlandyrlypdyr. Oguz hanyň uly aýalyndan bolan ogludyr. Gün hanyň oňany Laçyn (Şahin) guşudyr. Mawy reňke çalymdaş reňki bardyr. Beýleki guşlary awlamakda ulanylýar. Gün han Altyn çadyr gurdurypdyr. Sag tarapynda kyrk gulaç beýiklikde direg dikdirip, üstünde-de altyn towuk goýdurypdyr. Çünki Türki rowaýatlarynda altyn Güneşiň simbolydyr. Göwreli aýal düýşünde Güneş görse gyzy bolar, Günbataryny görmekligi halanylmandyr. Erbet barlyklar Güneşi öçürip gaplamaga çalşypdyrlar, güneş batanyndan soň gyzyla öwrülmeginiň sebäbi hem şodyr. «Gün yşygy görmäýesiň, (görmäýsediň» ýaly bet dogalar (gargynç) halk ynanjynda galypdyr. Hun imperiÿasynyň tanymal hökümdary Mete hanyň agtygynyň ady hem Gün (Kun-içen) handyr.