Grek dili
Grek (grekçe: Ελληνικά ýa-da Eλληνική γλώσσα), grek ýa-da ellin, [2] Gresiýada, Kiprde, Albaniýada we gündogar Ortaýer deňzi we Gara deňiz sebitlerinde gürlenýär. Gresiýanyñ ýeketäk we Kipr Respublikasynda türkçe bilen bilelikde resmi dil. Diliň 3500 ýyldan gowrak ýazuw taryhy bar. Grekçe, umuman, Hindi-ýewropa dil maşgalasynyň içinde bir şaha hökmünde bölünýär, ýöne az goldaw alan dürli teoriýalar hem teklip edildi. Gadymy grek dili, klassyk grekçe diýlip hem tanalýar, nusgawy grek siwilizasiýasynyň dili hökmünde ulanylýar. Häzirki zaman grek dili gadymy grekçeden tapawutlanýar, ýöne kökleri bar. Grek dili, bütin taryhynda grek elipbiýinde ýazylypdyr we bu ýazuw ulgamy henizem ulanylýar.
Aýdylyşy: elini'ka
Gürlenýän ýerleri: Ak deñiz we Gara deñiz töweregindäki ýurtlar
Gürleýän adamlaryñ sany: 13.400.000 (2012)
Dil maşgalasy: Hindi-ýewropa dilleri
Helen dil urugy
Grek dili, esasan Gresiýada, şeýle hem Awstraliýada, Germaniýada we ABŞ-da ýaşaýan takmynan 13 million adamyň ene dili.
Prepared by: M.Sovunjov
Bu dunýasy dili makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |