Mazmuna geçiň

Gadymy Müsür taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gadymy Müsür Irki we Gadymy patyşalyklar döwründe.

1. Gadymy Müsürin taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy.

2. Tebigy şertleri we ilaty.

3. Müsürdäki döwletleriň birleşdirilmegi. Irki patyşalyk.

4. Gadymy patyşalyk döwründe faraonyň häkimiýeti.

5. B.e.öň XXIII asyrda Gadymy patyşalygyň dargamagy.

1.Gadymy Müsüriñ taryhyny çuññur öwrenmeklik XIX asyrda mümkin bolýar. Şoña çenli bolan döwürde bolsa injilde berilýän maglumatlardan , grek we latyn awtorlarynyñ işlerinden peýdalanmaly bolupdyrlar.

Gerodotyñ “Taryh” diýen işinde onuñ gören we eşiden zatlary beýan edilýär. Gerodotyñ müsürli gürrüñdeşleriniñ beren maglumatlarynda ýalñyşlyklar hem köp duş gelýär. Sebäbi olar öz ata-babalary barada olaryñ harby edermenliklerini ulaldyp gürrüñ beripdirler.

I – II asyrlarda grek ýazyjysy Plutarh “Isida we Osiris hakynda” atly kitabyny müsürlileriñ dinine bagyşlapdyr.

B.e. öñ 332-nji ýylda Müsür Aleksandr Makedonskiý tarapyndan basylyp alnansoñ we ol ýere grekleriñ köpüsi göçüp baransoñ , ýurduñ geçmişine bolan gyzyklanma has-da artypdyr. Müsür žresi Maneton grek dilinde “Müsüriñ taryhyny” ýazypdyr.

1822-nji ýylda fransuz alymy Şampalýon müsür iýerogliflerini okamagyñ ugruny tapýar. Oña 1799-njy ýylda general Bonapart (imperator Napaleon) tarapyndan tapylan Rozetta daşy kömek edýär. Bu daşyñ ýüzünde grek we müsür dilinde ýazylan ýazgy bar eken . Onda makedon gelip çykyşly patyşa Ptolomeýiñ ady tapawutlandyrylyp ýazylypdyr. Deñeşdirmeler arkaly Sampolýona belgileriñ birnäçesini anyklamak başardýar. Onuñ okuwçylary bu işi ahyryna çenli alyp barypdyrlar. Olar ilki daşlaryñ ýüzündäki tekstleri okaýarlar. Soñra gara we gyzyl syýa bilen ýazylan papiruslardaky tekstlere geçýärler. Müsüriñ köp ýadygärlikleri ýeriñ ýüzünde saklanyp galypdyrlar (piramidalar, ybadathanalar). Köp ýadygärlikleri bolsa çäge basypdyr ekeni. Gadymy Müsüriñ tutuş şäherleriniñ , gaýalardaky guburhanalaryñ üsti açylýar. Guburlaryñ köpüsi talanypdyr. Diñe Tutanhamonyñ (b.e. öñ XIV a) guburhanasy talanmadyk ýagdaýda tapyldy. Ony 1922-nji ýylda patyşalar jülgesinde iñlis arheology G.Karter açdy. Tutanhamon 19 ýaşly keselbent ýetginjek bolupdyr. Bu ýerden tapylan zatlar Kairiñ muzeýinde saklanýar. Müsürde arheologiki açyşlar we barlaglar häzirem dowam etdirilýär.

Häzirki wagta çenli tapylan tapyndylar we edilen açyşlar gadymy Müsüri öwrenmek üçin esas döredýär. Ilki başda esasy üns dini, edebiýaty , sungaty syýasy taryhy öwrenmeklige berlipdir. Bu babatda rus alymlary W.I. Golenişewi, B. A. Turaýewi görkezmek bolar.

Müsürdäki sosial gatnaşyklar , esasan W.W.Struwe tarapynda öwrenildi. 2.Müsür döwleti Afrikanyñ demirgazyk - gündogarynda döräp, onuñ esasy bölegi Nil jülgesinde - I bosagadan Ortaýer deñzine çenli aralykda ýerleşýär.

Müsürliler öz ýurduny “Misr” (“Gara ülke”) diýip atlandyrypdyrlar. Nil derýasy Müsüriñ durmuşynda uly rol oýnapdyr. Şonuñ üçinem “Müsür – Niliñ sowgady” diýýän ekenler. Müsürde ilat gadymy daş döwründe-de ýaşapdyr. Olar awçy taýpalar bolup, Niliñ jülgesiniñ töweregindäki belentliklerde ýaşapdyrlar. Şol wagtlar Ýeropada uly buzluklaryñ bolan wagty Demirgazyk Afrikada hem häzirki ýaly yssy we gurak bolmandyr. Ýagyş köp ýagypdyr. Sähralyklarda gür otluklar we ýabany haýwanlar köp bolupdyr.

Buzluk eränsoñ (12-15 müñ ýyl mundan öñ) Demirgazyk Afrikanyñ howa şertleri üýtgeýär.

Öñki sähralyklar çöllüge öwrülip başlaýar. Ilkidurmuş awçylary Nil jülgesine düşüp ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanyp başlaýarlar. Niliñ jülgesi insiz bolupdyr. (4–20 km). Nil Ortaýer deñzine guýýan ýerinde deltany emele getiripdir. Müsür iki tarapyndan çöl bilen gysylan uly oazis bolupdyr.

Tropiki ýagynlar netijesinde Niliñ suwy köpelip, her ýyl Gorkut aýynda daşypdyr we şäherlerdir obalaryñ ýerleşen tebigy we emeli belentliklerinden başga ähli ýeri suw basypdyr. Sanjar aýynda ýerler taplaýar eken. Meýdanlarda bol hasyl üçin ýardam edýän gyrmança gatlagy emele gelýän eken. Sanjar – Baýdak aýlary ekiş döwri , Nowruz – Gorkut aýlary hasyl ýygnalýan döwür bolupdyr. Ilaty. Müsürliler birmeñzeş dilde gürleýän bitewi halk bolupdyrlar. Olaryñ dili semit – hamit dil toparynyñ şahasyna degişli bolupdyr. Olaryñ teni tutuk – goñur reñkde , ýüzleri az tüýli, gara saçly we gara gözli bolupdyrlar.

Niliñ batgalyk jülgesi neolit döwründe özleşdirilip başlanypdyr. Bu ýeriñ ilaty awçylykdan we ýygnaýjylykdan ekerançylyga we maldarçylyga geçip başlapdyrlar.

B.e. öñ IV müñýyllygyñ ahyrlarynda hünärmentçilik ösýär. Hünärmentçilik önümlerinden nagyşly keramika, daş gaş gaplar, faýansyñ oýlanyp tapylmagy uly ähmiýete eýedir.

Müsürlileriñ beýleki ýurtlar bilen aragatnaşygynyñ bolandygyny Kiçi Aziýadan we Egeý deñziniñ basseýninden getirilýän obsidianyñ, Pamirden aralyk döwletleriñ üsti bilen getirilýän lazuritiñ Kuşdan getirilýän garaagajyñ we ş. Kese ýerli önümleriniñ we çig mallaryñ tapylmagy subut edýär. Müsürde derýada ýüzmeklik hem ösen ekeni. Olaryñ gämileriniñ şekilleri toýun gaplarda duş gelýär.

3.Müsürde ilkinji birnäce nomlar (ownuk döwlet birleşmeler) emele gelipdir. Olaryñ baştutany “nomarh” taýpa serdary bolanlygyndan kem-kemden patyşajyga öwrülipdir. Ol ýer işlerini , harby işi we dini işi dolandyrypdyr.

Niliñ daşgynlaryny kadalaşdyrmak we ony umumymüsür möçberinde paýlamak zerurlygy ownuk döwlet birleşmeleriniñ birleşdirilmegine ýardam edipdir.

Özara uruşlar netijesinde 42 nomdan ilki 2 sany uly döwlet döreýär: Ýokarky Müsür (günortada) we Aşaky Müsür (demirgazykda) Ýokarky Müsür has güýçli we berk bolupdyr. Onuñ patyşasy Menes b.e. öñ 3000-nji ýylda Aşaky Müsüri boýun egdirýär we birleşen döwletiñ I dinastiýasyny esaslandyrýar. Paýtagty Abidos şäheri . I we II dinastiýalaryñ dolandyran döwri 200 ýyl dowam edýär we Irki patyşalyk diýlip atlandyrylýar.

Ýurduñ birleşdirilmegi netijesinde suwaryş ulgamy we oba hojalygy ösýär. Jemgyýetçilik işlerini patyşa çinownikleri gözegçilik edýärler. Arpa, bugdaý, bagçylyk ösdürilýär. Demirgazykda üzümçilik, çakyr ýasamak , günortada hurma palmalary agdyklyk edýär. Injir, zygyr, bakjalarda sogan, sarymsak, şalgam, hyýar we beýlekiler ekilipdir.

Maldarçylykda - iri we maýda mallar (goýunlar, geçiler, doñuzlar) , guşçulykda - ördekler we gazlar idedilipdir.

4.gadymy patyşalyk b.e. öñki 2800 – 2250 –nji ýyllary öz içine alyp, bu döwürde III-VI dinastiýalar dolandyrýarlar.

B.e.öñ XVIII asyryñ başlarynda III dinastiýany esaslandyran Joseriñ patyşalyk eden döwründen başlap, ýurduñ paýtagty Memfis şäheri bolýar. Memfis şäheri aşakydan esaslandyrylan kuwwatly gala bolupdyr. Bu döwürde patyşa häkimýeti güýçlenýär we despotiki häsiýete eýe bolýar. Patyşa hakynda göçme manydaky “faraon” (“beýik öý”) sözüni ulanýarlar. Dokumentlerde “mähirli hudaý”, Gor, “Ranyñ ogly” we ş.m. atlandyrylýar.

Faraonyñ golastyndakylar onuñ ýanynda ýüzin ýykylmaly bolupdyrlar. Ähli ýerler faraonyñ hususy eýeçiligi diýlip hasaplanypdyr. Magdan känleri, daş goparylýan ýerler onuñ elinde bolupdyr. Salgytlardan , ýerine ýetirilýän borçlardan doly peýdalanypdyr.

Faraon ýurdy çylşyrymly býurokratik apparat arkaly dolandyrypdyr.

Gadymy patyşalyk döwründe erkin adamlaryñ sany gullaryñkydan köp bolan . Ýerli ilatdan gul edilen adamlar juda seýrek ýagdaý bolan, Gullar esasan hem kuşitlerden , liwiýalylardan, aziýalylardan ýesir düşen adamlar bolupdyrlar.

Gadymy patyşalygyñ faraonlary piramidalary gurujylar hökmünde taryha giripdirler. Piramidalar olary saldyran hökümdaryñ kuwwatynyñ şaýadydyrlar. Gadymy müsürlileriñ ynançlaryna görä, öli jesedi mumyýalaşdyryp saklamak bilen ruhuñ bakylygyny gazanyp bolýarmyş.

Ilkinji piramida Joser tarapyndan gurdurylyp, ol basgançak ymarat görnüşinde bolupdyr. Iñ uly piramida IV dinastiýanyñ faraony Hutu (Heops) tarapyndan gurdurylyp, onuñ beyikligi 146 metrdir. Gerodotyñ maglumatlaryna görä, ony 100000 adam 30 ýylda gurupdyr.

5.Gadymy patyşalygyñ soñraky döwürlerinde hökümdarlaryñ serişdeleri azalypdyr, serişdeleriñ üznüksiz patyşa guburlary üçin sarp edilýändigi köpçülikde närazylyk döredipdir. Soñraky piramidalar kiçiräk bolupdyr.

Gadymy patyşalygyñ patyşalary basybalyjylykly daşary syýasaty maksat etmändirler. Olar wagtal-wagtal goñşy Liwiýa. Efiopiýa , Palestina ýaly ýurtlara çozup, gul we mal olja alypdyrlar. Meselem IV dinastiýany esaslandyran Snofri Efiopiýadan 7000 gul we 200000 mal sürüp gelipdir. Efiopiýadan gara agaç we pil süñki hem getirilipdir.

Gadymy patyşalygyñ soñky döwürlerinde merkezi häkimýet gowşaýar. Eýýäm VI dinastiýa wagtynda faraonlar aýry-aýry ybadathanalary we şäherleri salgytlardan we borçlardan boşadypdyr. B.e. öñ XIII asyrda Müsür birnäçe özbaşdak ownuk döwletlere dargapdyr.

Müsür Orta patyşalyk döwründe.

1. Müsüriň gaýtadan birleşdirilmegi.

2. Müsüriň ykdysady ösüşi.

3. Gullaryň we garyplaryň gozgalaňy.

4. Giksoslaryň çozup girmegi.

1.Gadymy patyşalyk özbaşdak hanlara dargap, V nesilşalyk ýaşamagyny bes edensoñ , Gadymy Müsüriñ taryhynda I geçiş döwri diýilýän döwür başlanýar. Bu döwürde Müsüriñ suwaryş ulgamy pese düşýär, ykdysady çökgünlik, esasanam, oba hojalygynda ýiti bolýar. Müsüriñ içerki ýagdaýynyñ pese düşmeginden günbatar goñşulary – liwiýalylar we gündogarly çarwa taýpalar peýdalanyp, deltany tozdurýarlar.

Ýurdy dikeltmek üçin Müsüriñ birleşdirilmegi zerurdy. Müsüri gaýtadan birleşdirmek üçin göreş demirgazykda we ünortada başlaýar. Demirgazykda birleşdiriji merkez bolup Gerakleopal şäheri, günortada _Fiwy şäheri öñe saýlanýar.Bularyñ göreşi netijesinde Fiwy üstün çykýar. Fiwynyñ hökümdary Mentuhoter öz ýeñşiniñ hormatyna daşyñ ýüzüne ýazdyran ýadygärlik ýazgysynda “özüniñ iki ýurduñ hökümdarlaryny boýun egdirip, günortada we demirgazykda, keseki ýurtlarda we Müsürde tertibi ýola goýandygyny” aýdypdyr. Ýazgynyñ boýun egdirilen duşmanlaryñ  : nubiýalynyñ , aziýalynyñ, liwiýalynyñ we müsürliniñ şekilleri bilen üstüni ýetiripdirler.

Mentuhoter b.e. öñ XXI asyrda XI umumymüsür nesilşalygyny esaslandyrypdyr. Ol özbaşdak nomlary güýçli merkezleşdirilen döwlete birleşdiripdir. Müsür jemgyýeti, döwleti, medeniýeti täzeden gülläp ösüp, 300ýyl töweregi dowam edýär (b.e. öñ 20501750). Müsüriñ taryhynyñ bu bölegi Orta patyşalyk döwri hökmünde taryha girdi.

2.XI we XII nesilşalyklar döwründe umumymüsür suwaryş ulgamy dikeldilýär. Täze ýerler – öñ ekerançylyk üçin ýaramsyz, batgalyk ýer bolan Faýum çöketligi özleşdirilýär. Faýum bilen Nili birleşdirýän kanal gazylýar. Öñki batgalyk köl uly suw howdanyna öwrülýär. Faýum gülläp ösýän oba hojalyk etrabyna öwrülýär.

Faýum oazisiniñ merkezi giñ, göni köçeli täze gurlan Illahun şäheri bolupdyr. Faýum oazisine girilýän ýerde müñlerçe otaglary, koridorlary, geçelgeleri, dürli zallary bolan daşdan salnan ymarat bina edilipdir. Grekler ony labirint diýip atlandyrypdyrlar. Bu çaklanylyşyna görä, XII nesilşalygyñ iñ güýçli faraonlarynyñ biri bolan Amanemhet III-niñ gubury bolmaly . Faýumyñ howpsuzlygyny üpjün etmek üçin onuñ günbatarynda hemişelik goşuny bolan kuwwatly gala salnypdyr.

Täze ýerleriñ özleşdirilmegi Deltada hem alnyp barylypdyr. Deltada suwaryş desgalaryny gurmak işleri alnyp barylypdyr. XII nesilşalygyñ faraonlary öz rezidensiýasyny Fiwydan täze gurlan It-tani (iki ýeri-de birleşdirýän) şäherine geçiripdirler.

Täze ýerleriñ özleşdirilmegi bilen oba hojalygy ösüpdir. Amatly künde, iri şahly mallaryñ täze tohumlary, gymmatbaha ýüñ berýän inçe ýüñli goýunlar peýda bolupdyr.

Şu döwürde müsürliler bürünç işläp bejermegi özleşdirýärler. Munuñ Mesopatamiýadan , Kiçi Aziýadan, Ortaýer deñziniñ günortasyndan giç başlanmagy Niliñ jülgesinde we oña ýakyn ýerlerde galaýynyñ azlygy bilen düşündirilýär. Ýene gazanylan üstünlikleriñ birem aýna önümleriniñ ýasalmagydyr. Müsürde metallaryñ aýratynam, galaýy we kümüş. Gurluşyk agaçlary ýetmezçilik edipdir. Netijede , Müsüriñ söwda kerwenleri Delta we Sues geçelgesi, siriýa we palestina şäherleri arkaly Kiçi Aziýa we Wawilona çenli baryp ýetipdirler. Müsürlileriñ Kritdäki döwlet bilenem aragatnaşyklary bolupdyr. Müsür söwdasynyñ ýene bir ugry günorta günorta altyna baý – Nubiýa bilen söwda Nil arkaly alnyp barlypdyr. Faraon Senuser III Niliñ geçmesi kyn bosagalarynyñ birinden aýlanyp geçer ýaly kanal hem gurdurypdyr. Niliñ II bosagasynyñ golaýýnda iri söwda merkezi bolan Iken şäheri bar eken.

Müsürde orta patyşalyk döwründe önümçiligiñ guralyşy üýtgäpdir. Bu döwre degişli çeşmelerde Gadymy patyşalyk döwründäki ägirt uly patyşa hojalyklary barada azrak agzalýar. Şeýle-de bolsa emeldarlaryñ we ybadathanalaryñ esasy ähmiýeti bolupdyr. Orta patyşalygyñ eserlerinde öz eýeleri we goşmaça işçi güýji , şol sanda gullar tarapyndan işlenilip bejerilýän uly bolmadyk hojalyklar barada agzalýar. Orta patyşalyk döwrüniñ ykdysadyýetiniñ esasy aýratynlygy orta hojalyklaryñ pugtalanmagy bolupdyr.

Ownuk ýer işläp bejerijiler köpsanly patyşa hojalyklarynyñ dargamagy netijesinde emele gelipdir. Olar esasy öndürijiler bolup, “hemuu nisat” – “patyşa adamlary” hasaba alnyp, käri boýunça bölünipdirler. Soñ olar patyşanyñ , emeldarlaryñ , ybadathanalaryñ ýerlerine, orta ýerlere we beýleki hojalyklara işlemäge iberilipdirler. Olar köplenç iberilen ýerinde ömürlik işlemeli bolupdyrlar. Bularyñ eklenmek üçin zerur zatlaryny ýa hojalygyñ ammarhanasyndan almaly, ýa-da özlerine berlen bir bölek ýerden eklenmeli bolupdyrlar. Orta hojalyklaryñ köpüsinde gullar hem işledilipdir. Gulçulygyñ esasy çeşmesi üstünlikli uruşlar bolupdyr. Uruş wagtynda onlarça müñ ýesirler sürlüp getirilipdir. Olar ilki patyşa , ybadathana , emeldarlaryñ ýerlerine iberilipdirler. Meselem, Senusert III bir ýörişden soñ öz janpenasyna ilki 60 “baş” , soñra ýene-de 100 “baş” gul sowgat beripdir.

Müsür birleşdirilensoñ dolandyryşyñ köpsanly býurokratik apparaty dikeldilýär. Onuñ başynda faraon durup, özüni “Ranyñ ogly” hudaýadam diýip yglan edipdir. Şeýle-de bolsa Orta patyşalygyñ faraonlaryna nomlaryñ dolandyrylyşyny öz gözegçiligine almak başartmandyr.

Gadymy we Orta patyşalyklaryñ arasyndaky geçiş dünde nomlarda güýçli hökümdar neberelikler emele gelipdir. XI-XII nesilşalyklar munuñ bilen ylalaşmaly bolupdyrlar. Senusert III (1887-1850ý) we onuñ ogly Amenemhet III (1850-1830ý) nomarhlary öz dikmeleri bilen çalyşmaga synanyşanda güýçli garşylyga duş gelipdirler. . Nomlaryñ häkimleri faraona garşy dildüwşükleri ýygy-ýygydan edipdirler. Amenemhet I we Amenemhet II dildüwüşik netijesinde öldürilipdir.

Umuman XII nesilşalygyñ faraonlary ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmagy we Müsüri harby-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmegi başarypdyrlar. Üstünlikli basybalyjylykly daşary syýasat alyp barypdyrlar, Faýumy özleşdirmek dowam edipdir.

Nubiýada baý altyn känleri açylypdyr. Müsüriñ araçägi ikinji basaga çenli giñelipdir. Müriñ basybalyjylykly syýasatynyñ esasy ugurlarynyñ biri-de Ortaýer deñziniñ Gündogary bolupdyr. Ol ýerden müsürliler kümüş, galaýy, gurluşyk agaçlaryny , gymmatbaha kedr agajyny getiripdirler. Müsür Sinaý ýarym adasyny, Palestinanyñ günortasyny , Finikiýanyñ käbir şäherlerini özüne birleşdiripdir. 3.Müsüriñ ykdysadyýetiniñ gülläp ösmegi, alnyp barylýan uruşlar “patyşa adamlarynyñ ” gazaply ezilmegi netijesinde alnyp barlypdyr. Halk köpçüliginiñ närazylygy we özakymlaýyn çykyşlary emele gelipdir. XII nesilşalyk ýykylansoñ , ýagdaý has çylşyrymlaşypdyr. XIII nesilşalygyñ (1775-1710) faraonlary ýagdaýy kadalaşdyryp bilmändirler. Şol wagtlar Müsüriñçäklerinde duşmanlar güýçlenipdirler. Aýratynam Günorta Palestinanyñ, Demirgazyk Arabystanyñ, Linaý ýarymadasynyñ giñişliklerinde ýaşaýan giksoslaryñ taýpa bileleşmeleri Delta aralaşyp başlapdyrlar.

Ýitileşen içerki we daşarky ýagdaýñ şertlerinde merkezi häkimýet gowşapdyr. Halk köpçüliginiñ närazyçylygy gozgalaña ösüp geçipdir. Bu gozgalañ barada iki eser saklanyp galypdyr. Olar “Ipuseriñ namasy” we “Nefertiniñ namasydyrlar”. Ipuser bolýan zatlara gynanç bildiripdir.

4.Müsüriñ içerki ýagdaýynyñ agyrlaşmagyndan giksoslar peýdalanypdyrlar. B.e. öñ XVIII asyryñ ahyrynda olar Deltany gabapdyrlar, soñra Ýokarky Müsüre-de öz häkimýetini ýaýradypdyrlar. Şeýlelikde , Müsürde giksoslaryñ agalyk eden wagty XV-XVI nesilşalyklar dolandyrýar (b.e. öñ 1710-1580ýý töw.).

Müsür Müsüriñ özüni Sinaý ýarym adasyny, Palestinany we Siriýany öz içine alýan Giksoslaryñ döwletiniñ bir bölegi bolupdyr. Onuñ merkezi Deltanyñ gündogaryndaky Awaris şäheri bolupdyr. Giksoslar Müsürde 130 ýyl agalyk edipdirler. Müsüriñ günortasynda giksoslaryñ täsiri kän duýulmandyr. Bu ýerde Fiwy nomunyñ hökümdarlary agalyk ediji ýagdaýy elde saklapdyrlar.

Giksos imperiýasy b.e. öñ XVIII asyrda ýaşan patyşa Hianyñ dolandyran wagtynda gülläp ösüpdir. Oña Müsüriñ ähli ýerini tabynlykda saklamak başardypdyr. Hian ölensoñ , giksos döwleti gowşap, müsür nomlarynyñ , aýratynam Fiwynyñ özbaşdaklygy artyp ugraýar.

Müsürde XIII nesilşalyk ýykylansoñ nomlaryñ özbaşdak bolan we giksoslaryñ dolandyran wagty II Geçiş döwri diýlip atlandyrylýar.

Mowzuk: Müsür Täze patyşalyk döwründe

Meýilnama:

1. Giksoslaryñ Müsürden kowlup çykarylmagy we Täze patyşalygyñ döremegi

2. Täze patyşalyk döwründe Müsüriñ ykdysadyýeti

3. XVIII nesilşalygyñ daşary syýasaty

4. Ehnatonyñ özgerdişleri

5. Täze patyşalyk XIX we XX nesilşalyklar döwründe

1. Giksoslara garşy göreşe öñki paýtagty Fiwynyñ hökümdarlary baştutanlyk edipdirler. Fiwyda umumymüsür hudaýy Amonyñ merkezi ýerleşipdir. Bu ýerde giksoslaryñ patyşalarynyñ häkimýeti juda gowşak bolansoñ, fiwyly hökümdarlar özlerini faraon diýip yglan edipdirler we XVII nesil döredipdirler. Olar giksos patyşalary bilen bir wagtda dolanypdyrlar. Fiwy faraonlaryñ biri bolan Kamesu basybalyjylary Müsürden kowup çykarmak üçin göreşe baştutanlyk edipdir. Onuñ dogany faraon Ýahmos bu işi tamamlapdyr. Müsüriñ goşunlary Awarisi eýeläpdirler, goksoslary Müsürden kowup çykaryp, olary Palestinanyñ günorta araçäklerine çenli yzarlapdyrlar. Bu ýerde möhüm gala bolan Şaruheni üç ýyl gabawdan soñ Ýahmos basyp alypdyr. Müsür goşunlarynyñ zarbasy astynda giksoslaryñ döwleti çagşapdyr.

Giksoslar kowlup çykarylansoñ Müsürde döwlet dikeldilýär we onuñ taryhynda iñ ajaýyp döwür – Täze patyşalyk döwri başlanýar. Bu döwür bäş asyr töweregi wagty çine alýar (b.e. öñ 1580-1085ýý). Täze patyşalyk döwründe Müsürde XVIII – XX nesilşalyklar dolandyrypdyr.

Bu döwürde Müsüriñ Aziýanyñ, Afrikanyñ, Ýewropanyñ has uzak ýerleri bilen aragatnaşyklary ýola goýlupdyr. 2.Müsürliler her ýörişden soñ onlarça müñ ýesirleri gul edip sürüp getiripdirler. Ýesirler bilen Müsüre ýüzlerçe müñläp mal, altyn we kümüş zatlar, bürüñçden ýasalan önümler, dürli gymmat baha zatlar getirilipdir. Müsür boýun egdirilen ýerlerden her ýyl paç alypdyr. Efiopiýadan altyn we pil süñki, Palestinadan we Siriýadan – kümüş, gurşun we galaýy, matalar, reñkler, gymmatbaha lazurit daşy, Liwandan gämi gurluşyk agajy we kedr getiripdir.

Müsüriñ ykdysadyýetiniñ ýokary göterilmegine gurallaryñ täze ýasalyş usullarynyñ kämilleşmegi hem ýardam edipdir. XIX nesilşalygyñ döwründen başlap, bürüñçden gurallar köp ýasalyp ugraýar. Bürünçden ýasalan ýaraglar, gurallar öñkülerden has netijeli bolupdyr. Metaly almak işi has-da kämilleşýär. Öñ ýörite turbalardan ussalaryñ özleri üflän bolsalar, indi körükleri peýdalanyp başlapdyrlar. Keseligine ulanylýan dokma stanogy bilen birligine dikligine ulanylýan stanoklar hem ulanylyp başlanýar.

Dury bolmadyk aýnadan gaplary, ownuk önümleri ýasamaklyk özbaşdak pudaga öwrülýär.

Oba hojalygynda tutawaçly , işlemäge amatly kündeler ulanylypdyr. Iri kesekleri uzyn saply ýörite çekiçler bilen döwüpdirler. Beýik ýerleri suwarmak üçin şaduflary ulanyp başlapdyrlar. Beýleki ýerlerden getirilen ösümlikleri we haýwanlary öz ýurduna uýgunlaşdyrypdyrlar. Ägirt uly maddy we zähmet serişdeleriniñ hasabyna faraonlar ykdysadyýeti we oba hojalygyny janlandyrýan syýasat alyp barypdyrlar. Aýratynam suwaryş ulgamyna we ekin ýerleriniñ giñeldilmegine uly üns beripdir. Niliñ joşgunlaryna ýörite gözegçilik edilipdir. Asuanda (g.o) we Memfisde (d.g) Niliñ suwunyñ derejesini ölçeýän gural – nilomerler goýupdyrlar. Öñki kanallar dikeldilýär, täze suwaryş desgalary – dürli kanallar , bentler, guýular, suw howdanlary gurulýar.

Faýum etraby Orta patyşalykdaky ýaly, Täze patyşalyk döwründe hem Müsüriñ esasy galla öndürýän ýeri bolupdyr. XIX nesilşalygyñ faraonlary Deltada ýerleri gowulandyrmak üçin işler geçirip başlapdyr. Zeýkeşler gurlupdyr, uly giñişlikler özleşdirilipdir. Deltada üzümçilik, bagçylyk, balaryçylyk gülläp ösüpdir. Täze patyşalyk döwründe Müsüriñ ykdysadyýetinde oba hojalyk we hünärmentçilik önümleri öñküden has köp öndürilipdir. Şonün esasynda faraonlar üstünlikli basybalyjylykly ýörişler, ägirt uly gurluşyk işlerini amala aşyrypdyrlar. Müsür medeniýetiniñ mundan beýläk ösmegi üçin maddy mümkinçilikler döredilipdir.

3.Giksoslaryñ kowulmagy Ýahmos I tarapyndan esaslandyrylan XVIII nesilşalygyñ syýasy işjeñliginiñ ýokarlanmagyna getirdi. Basybalyjylykly ýörişler geçirmek üçin ilki bilen müsür goşuny gaýtadan garalýar. Giksoslaryñ täsiri bilen arabaly goşun döredilýär. Iki adamly iki at goşulan ýeñil arabalar duşmanyñ hataryna okdurylyp girip, olaryñ arasynda başagaýlyk döredipdirler. Müsürde atçylygy ösdürip başlapdyrlar. Atçylyk zawodynyñ baştutanlary ýokary wezipeli adamlar hasaplanypdyrlar. Pyýada goşun söweşde orun tutup, ony ýaraglaryñ täze görnüşleri bilen üpjün edipdirler. Gylyçlaryñ iki görnüşi: göni we agyr hem-de orak görnüşli ýeñil görnüşleri ulanylypdyr. Agyr ýaraglanan goşunyñ üstüni ýeñil ýaraglanan ok – ýaýçylar we naýzaçylar bilen ýetiripdirler. Harby-deñiz floty döredilipdir. Basylyp alnan ýurtlarda güýçli berkidilen galalar döredipdirler.Harby tälimler we türgenleşikler geçilipdir. Goşuna 10 sany uly erkek adamdan bir urşujy alnypdyr. Daşary ýurtly hakynatutma goşun hem ulanylypdyr. Täzeden gurnalan müsür goşuny öz döwrüniñ iñ gowy we köpsanly goşuny bolupdyr.

Goşunyñ kuwwatyna daýanyp XVIII nesilşalygyñ faraonlary işjeñ daşary syýasat ýöredipdirler, aýratynam Ortaýer deñziniñ gündogaryndaky basybalyjylar möhüm bolupdyr. Hett patyşalygy , Assiriýa , Wawilion ýaly döwletleriñ ýagdaýy şol wagtlar gowy bolmandyr. Şonuñ üçinem olar Siriýanyñ we Palestinanyñ işlerine işjeñ gatyşyp bilmändirler.Esasy howp Mitanni döwleti bolupdyr. Mitanniniñ Kadeşiñ baştutanlygyndaky siriýa – palestina bileleşmesini goldamagy Müsüriñ öñe hereket etmegini saklapdyr. Bu ýerde saklanan XVIII nesilşalygyñ faraonlary indi günortada işjeñ herekete başlapdyrlar. Ýahmosyñ nesilleri Niliñ üçünji basagasyna çenli bolan ýerleri basyp alypdyrlar. Patyşa aýal Hatşepsutyñ Punt ýurduna iberen gämileri ol ýerleriñ hökümdarlaryndan iberilen sowgatlary bilen ýüklenip gelipdirler.

Hatşepsutdan soñ tagta çykan Tutmos III-niñ döwründe (1504-1450ýý) daşary syýasat has-da güýçlenipdir.

Tutmos III ökde serkerde , öñden görüji syýasy we döwlet işgäri bolupdyr. Ol esasy ünsi Ortaýer deñziniñ gündogaryna beripdir. Oña öñki garşydaşlary garaşyp duran ekenler. Olar esasan, güýçli berkidilen Megiddo şäherinde jemlenipdirler. B.e. öñ 1482 –nji ýylda bolan gazaply söweşde müsürliler aýgytly ýeñiş gazanypdyrlar.Duşmanlar Megiddoda gizlenipdirler. Bu şäher ýedi aý gabawdan soñ boýun egdirilipdir. Tutmos III Siriýanyñ we Palestinanyñ giñ ýerlerini ele alypdyr. Ol 22 ýyl ýeke-täk dolandyran döwründe 15 gezek ýeñişli ýöriş edipdir we Müsüriñ araçäklerini Ýewfratyñ ýokary akymlaryna çenli giñeldipdir.

Tutmos III öz gämilerini Orta ýer deñzinden Ýewropa geçiripdir. Müsüriñ Demirgazyk araçäkleri Karhemyş şäherine çenli bolupdyr. Ol müsürlileriñ demirgazyga iñ uzak aralaşan nokadydyr. Tutmos III-ñ günortadaky daşary syýasaty hem üstünlikli bolup, Müsüriñ günorta araçäkleri Niliñ IV bosagasyna çenli giñelipdir. Müsüriñ demirgazyk – günorta araçäkleriniñ arasy 3200 km bolupdyr. Tutmosyñ mirasdüşerleri basyp alyşlar barada pikir etmän, öñki boýun egdirilen ýurtlary dolandyrmak barada aladalanmaly bolupdyr.

Müsüriñ öñki bäsdeşleri bolan mitanni, hett we wawilion patyşalary indi onuñ öñünde ýaýaplapdyrlar. Gyzlaryny we ajaýyp zatlary sowgat hökmünde faraona iberipdirler.

Müsürde ilatyñ düzümi agalyk ediji topardan (gullaryñ, öýleriñ, ussahanalaryñ, mülkleriñ we ş.m. eýeleri) ownuk öndürijilerden (daýhanlar, hünärmentler) we gullardan durupdyr.

Döwleti dolandyrmakda täze meseleler ýüze çykypdyr. Döwlet dolandyryşynyñ wezipeleri we göwrümi giñelensoñ, çinownikleriñ sany artýar. Tabyn bolmaklygyñ anyk basgançagy girizilýär. Wezipeler anyk düzgünleşdirilipdir. Gadymy Müsürdäki döwlet dolandyrylyşy barada faraon Tutmos III-niñ ýokary emeldary (weziri) Rehmiriñ düzgünnamasy saklanyp galypdyr.

Bu dokument boýunça XVIII nesilşalygyñ döwründe döwletiñ başynda merkezde jemlenen we ýokary wezire tabyn bolan döwlet apparaty durupdyr. Onda gazna, salgyt ýygnaýjy , sürümli ýerlere gözegçilik edýän, mallara seredýän, kabulhana baştutanlyk edýän harby, karym edaralary bolupdyr. Olaryñ hersiniñ öz müzzeleri, sekretarlary, tabynlygyndaky ulgamy bolupdyr.

Basylyp alnan ýerlerde müsür dikmeleri dolandyrypdyr.

4.Müsürliler köpsanly hudaýlara çokunypdyrlar. Olaryñ içinde XVIII nesilşalygyñ döwründe fiwylylaryñ hudaýý Amon uly täsire eýe bolupdyr. Giksoslara garşy göreşde onuñ baýdagy astynda söweşipdirler. Basylyp alnan baýlyklaryñ esasy bölegi Fiwydaky Amonyñ ybadathanasyna iberilipdir. Amon – Ranyñ baýlygy we abraýy ruhanylaryñ syýasy täsiriniñ artmagyna getiripdir. Meselem, fiwyly žresler , hamona Amonyñ “görkezen” mirasdaryna häkimýeti bermek mümkinçiligine eýe bolupdyrlar. Fiwy žresleriniñ syýasy täsiriniñ artmagy ýokary gatlaklarda närazylyk döredipdir.

Fiwy žresleriniñ ýokary göterilmegi ýurdy merkezleşdirmek syýasatyna hem ters gelipdir.

Faraon Amonketor IV (1372-1354ýý) müsür dinini üýtgetmek we ýokary ruhanylaryñ syýasy täsirini ýok etmek maksady bilen dini-syýasy özgerdişler geçirýär.. Ol özüniñ dolandyryp başlan wagtyndan bäri ilkinji orna gün halkasynyñ hudaýy öñ ikinji derejeli bolan Atony çykaryp başlapdyr. Amenhoter b.e. öñ 1366-njy ýylda Atony Müsüriñ iñ ýokary we ýeke – täk hudaýy diýip yglan edýär. Amon – Ra we beýleki hudaýlar güýjüni ýitirmelidi ýa-da Atonyñ ikinji derejeli hyzmatkärlerine öwrülmelidi. Faraon özüni Atonyñ ýalñyz ogly diýip yglan edýär. Amenhoter (Amon razy) adyny Ehnaton (Atona ýaramly) diýip üýtgedýär. Maşgalasynyñ we köşkdäkileriñ atlaryny hem çalşyrýar. Paýtagty Fiwydan Ahetakon şäherine geçirýär (b.e. öñ 1364ý). Ehnatonyñ özgerdişleriniñ garşydaşlary onuñ tarapdarlaryndan has güýçli bolupdyrlar. Žresler, nomlaryñ begzadaly, zähmetkeş halkyñ esasy bölegi öñki hudaýlaryna bolan ynançlaryny saklap galmaga çalşypdyrlar. Ehnaton aradan çykansoñ, onuñ mirasdarlary olara garşy durup bilmändirler we Atony çalşyrypdyrlar. Faraon Tutanhaton öz adyny Tutanhamon diýip üýtgedipdir. Paýtagt Memfise geçirilýär. Amon – Rany hormatlamak doly dikeldilipdir. Gysga bolsa-da, Ehnatonyñ dolandyran döwri Müsürde döwletiñ, medeniýetiñ we diniñ taryhynda juda täsirli yz galdyrypdyr. Atonyñ ýeke-täk hudaý hökmünde yglan edilmegi ýekehudaýlylygyñ emele gelmegini çaltlaşdyrypdyr.

XVIII nesilşalygyñ soñy faraonlarynyñ döwründe Müsüriñ ýagdaýy göz-görtele ýaramazlaşypdyr. Ehnatonyñ işjeñ daşary syýasat ýöretmäge mümkinçiligi bolmandyr. Palestina, finikiýa, Siriýa begleri özlerini özbaşdak saýyp başlapdyrlar.

XIX nesilşalygyñ öñünde Müsüriñ daşarky kuwwatyny dikeltmek wezipesi durupdyr. Ony ýerine ýetirmek faraon Horemhewiñ ady bilen baglanyşyklydyr. Ony Fiwyda Amonyñ ybadathanasynyñ bilgiji faraon hökmünde görkezipdir. Horemhewiñ rezidensiýasy gadymy paýtagt Memfis şäherinde ýerleşipdir.

Horemhew maliýe ýagdaýyny berkitmek üçin salgyt özgerdişini geçirýär. Ol döwlet gullugyna orta gatlaklardan adamlary çekip, Ehnatonyñ syýasatyny dowam edipdir. Horemhew goşuny täzeden guraýar. Ol goşuny günorta we demirgazyk böleklere bölüp, olary daşary syýasatyñ esasy ugurlarynda (aziýa we efiopiýa) ýerleşdirýär.

Horemhewiñ mirasdarlary Ramses I we Seti I-niñ döwründe daşary syýasat güýçlendirilýär.

Ramses II-niñ döwründe (1301-1235ýý) Müsür imperiýasy dikeldilýär. Ol Efiopiýada öz häkimýetini parahatlyk bilen dikeldýär. Ýöne Orta ýer deñziniñ Gündogarynda häkimýetini berkitmek üçin 20 ýyl sarp edýär. Ol Kiçi Aziýada emele gelen kuwwatly garşydaşy – Hett döwleti bilen b.e. öñki 1280-nji ýylda ylalaşyk baglaşyar. Şertnamada berk parahatçylygy ýola goýmak, jedelli meseleleri parahatçylykly çozmek, Orta ýer deñziniñ Gündogarynda täsir edýän ýerlerini paýlaşmak barada ýazylýar. Bu şertnama 100 ýyldan gowrak wagtlap parahatçylygy üpjün edipdir we halkara gatnaşyklarynyñ taryhyna uly waka hökmünde giripdir. Basylyp alnan ýerlerde galalar gurlupdyr we müsürli ilat göçürilip eltilipdir. Daşarky ýagdaýyñ kadalaşmagy Ramses II-ä içerki syýasaty janlandyrmaga mümkinçilik beripdir. Suwaryş desgalary , köşkler, ybadathanalar gurlupdyr. Deltanyñ hojalyk taýdan özleşdirilmegi dowam edipdir. Bu ýerde Per Ramses (“Ramsesiñ öýi”) şäheri gurlupdyr. Deltanyñ has gowy özleşdirilen ýerine “Ramsesiñ ýurdy” diýipdirler. Bu güýçli üns berilmeginiñ sebäbi onuñ Nil jülgesi bilen Aziýadaky mülkleriñ baglanyşdyryjy bölegi bolup durýanlygy bilen düşündirilýär.

Ramses II-niñ dolandyran döwri ägirt Müsür döwletiniñ we medeniýetiniñ gülläp ösen wagty bolýar. Ýöne onuñ on üçünji ogly Merneptah Ptaha hudaýyna esasy üns berip, töweregindäkileriñ we fiwyly resleriñ garşylygyna duş gelýär. Nomarhlaryñ özbaşdaklygy güýçlenýär. 20 ýyla golaý wagtyñ içinde tagtda XIX nesilşalygyñ soñky dört wekili biri-birini çalyşyar.Bu bolsa merkezi häkimýetiñ gowşamagyna , içerki tertipleriñ bozulmagyna we nesilşalygyñ daşarky kuwwatynyñ gowşamagyna getiripdir.

B.e. öñki XIII – XII asyrlara degişli dokumentlerde tertip-düzgüniñ we howpsuzlygyñ ýoklugy, tolgunşyklar we jemgyýetiñ bulaşyklygy barada habar berilýär. Harrisiñ papirusy atly çeşmede müsür ýurdunyñ tozdurylandygy , belli hökümdaryñ ýokdugy, ýurdy emeldarlaryñ we şäher häkimleriniñ ele alandygy we ş.m. barada aýdylýar.

Şu çylşyrymly ýagdaýda Siriýa we Palestina ýerleriniñ bir bölegi ýitirilýär. “Deñiz halklary” gündogar araçäkleri, liwiýalylar, Deltanyñ günbataryny tozdurypdyrlar.

B.e. öñ 1200-nji ýyl töwereginde XX nesilşalygy esaslandyran Setnahta içerki we daşarky ýagdaýy kadalaşdyrmak başardypdyr. Bu barada hem Harrisiñ papirusynda beýan edilipdir. Onuñ ogly we mirasdary Ramses III (b.e. öñ 1198 – 1166ýý) belli bir derejede Ramses II-niñ üstünlikli syýasatyny dowam edip bilipdir. Goşunyñ söweşjeñligini we sanyny ýokarlandyrypdyr. Ol öñki Müsüre çozýan taýpalardan hakynatutmalary goşuna alypdyr. Liwiýalylary, “deñiz halklaryny” ýeñipdir.Siriýada we Palestinada Müsüriñ öñki täsirini gysga wagtlyk dikeldipdir. Onuñ dolandyran 32 ýylynyñ II ýarymy parahat bolupdyr. Müsür žresleriniñ goldawyndan peýdalanmak üçin , Ramses III ybadathanalara , esasanam, Amon – Ra ybadathanasyna, köp altyn ýer, gymmatbaha zatlar, mal, gul, şaý-sepler sowgat beripdir. Bu bolsa ýene-de žresleriñ täsiriniñ ýokarlanmagyna getiripdir. Netijede, köşkdäkileriñ närazyçylygy emele gelip, Ramses III-niñ dolandyran 32-nji ýylynda oña garşy dildüwüşin gurapdyrlar we ony öldüripdirler.

Ramses III-den soñky faraonlaryñ gitdigiçe häkimýeti gowşapdyr. Günortada fiwyly žresleriñ, ýerlerde nomarhlaryñ täsiri artýar. Müsür gowşap, Siriýada we Palestinada bolan ýerlerini ýitirýär. Günbatar Deltada liwiýalylar hojaýynlyk edýärler. B.e. öñki XI asyryñ başlarynda Ramses XI aradan çykansoñ(b.e. öñ 1085ýý), XX nesilşalyk ýaşamagyny bes edýär. Fiwyda häkimýet ýokary žres Herihoryñ eline, demirgazykda Smendes atly bir adamyñ eline geçýär. Smendes XXI nesilşalygy esaslandyryp, ol diñe Aşaky Müsürde dolandyrýar. Şu wakalar bilen müsür taryhynyñ iñ ajaýyp döwri – Täze patyşalyk döwri tamamlanýar.

Mowzuk: Müsür Giçki patyşalyk döwründe

Meýilnama:

1. XXII, XXIII we XXIV nesilşalyklaryñ dolandyran döwründe Müsüriñ içerki we daşarky syýasaty

2. XXVI nesilşalygyñ döwründe Müsüriñ gaýtadan merkezleşen döwlete öwrülmegi

3. Gadymy Müsüriñ medeniýeti

1.Müsürde XXI nesilşalygyñ dolandyran döwri (b.e. öñ 1085 ý- X asyryñ ortalaryna çenli) III. Giriş döwri diýlip atlandyrylýar.

Ramsesleriñ döwründe hakyna tutulan liwiýalylar gitdigiçe Müsürde köpelipdirler we berk ornaşypdyrlar.

B.e. öñ X asyryñ başynda goşunda, polisiýada we faraonyñ şahsy goragynda gulluk edendigi üçin ýer, zat we pul sylaglaryny alýan liwiýalylar Deltada diýseñ köp bolupdyr. Müsürde olara “Ma” ýa-da liwiýalylaryñ belli taýpalarynyñ biriniñ ady boýunça “maşawaça” diýipdirler. Müsürde kök urmak üçin tanymal liwiýaly uruglar müsür medeniýetini , dinini kabul edipdirler. Müsür begzadalary hat-da faraonlary bilen garyndaşlyk açypdyrlar.

Bu syýasatyñ netijesinde b.e. öñ 950-nji ýylda tanymal liwiýaly urugdan bolan Şeşonok I tagta çykýar we XXII liwiýaly nesilşalygy esaslandyrýar. Ol deltadaky Bubastis şäherini paýtagt edinýär.

Ýurdy birleşdirip, Şeşonok I daşarky syýasaty güýçlendirýär. Ysraýyl we Judeý patyşalyk uruglarynyñ arasyndaky dawalara goşulyp, b.e. öñki 930-njy ýylda Judeýa çozup girýär, Iýerusalimi eýeleýär. Şeşonok günorta ugurda hem basymalyjylar edýär.

Şeşonok we onuñ nesilleri uly gurluşyk işlerini alyp barypdyrlar: Bubastisde patyşa köşgi Faýumyñ golaýynda harby gala, Tanisde daşdan guburhanalar, Fiwyda “Bubastidler köşgi” we ş.m. gurulýar. Bubastis nesilşalygynyñ esasy daýanjy urşujylar we žresler bolupdyrlar.

XXII nesilşalygyñ döwleti kem-kemden gowşapdyr. Nesilşalygyñ özem Bubastis, Metfis, Gerakleopol şahalaryna bölünipdir. B.e. öñ 817-nji ýylda Tanisiñ hökümdary özüni Müsüriñ patyşasy diýip yglan edýär we XXIII nesilşalygy esaslandyrýar. Ol b.e. öñki 730-njy ýyla çenli XXII nesilşalyk bilen bile dowam edýär.

B.e. öñ VIII asyrda Kuşda (Nubiýada) özbaşdak döwlet döreýär. Onuñ paýtagty Napata şäheri bolup, ol IV bosaganyñ golaýynda ýerleşipdir. Bu ýerde altyn çykarylýan ýerler bolupdyr, söwda ýollary geçipdir. Napatada Amonyñ ybadathanasy gurulýar.

B.e. öñ VI asyrda syýasy merkez Napatadan Meroe şäherine geçipdir. Ol V we VI bosagalaryñ arasynda ýerleşipdir.

Müsür bilen Kuşuñ arasynda derýa we kerwen söwdasy bolupdyr.

B.e. öñ VIII asyrda Kuşuñ hökümdarlary Müsüre dalaş edip başlapdyrlar. Müsür Sais hökümdary Tefnahtyñ baştutanlygyna birleşip başlanda Kuşuñ hökümdary Pianhi oña garşy goşun sürýär. Fiwynyñ we Gerakleopolyñ ýanyndaky söweşlerde kuş patyşasy ýeñýär. Ol Germopoly gabaýar we Memfis ugrundaky söweşde ýeñiş gazanýar. Oña boýun egdirilen nomlar we XXIII nesilşalyk tabyn bolýar.

Pianhi Napata gidensoñ, Tefnaht özüni patyşa diýip yglan edýär. Ol XXIV nesilşalygy başlaýar. XXIV nesilşalygyñ Tefnahtdan başga ýekeje wekili - onuñ ogly Bakenranf (gr . Bokhoris) bolupdyr. Bular Müsüri gaýtadan dikeltmäge synanyşyarlar. Ýöne Bokhorisiñ dolandyryp başlanyna 6 ýyl bolanda (b.e.öñ 715 ý) Pianhiniñ ogly Şabaka Müsüre çozýar we ony diriligine oda ýakýar. Müsür gutarnykly boýun egdirilýär. B.e. öñ 715-664 –nji ýyllarda kuşit faraonlary Müsüri dolandyrýar. Olara XXV efiop nesilşalygy diýilýär. Grekler kuşitlere efioplar diýipdirler.

Şabaka 15 ýyl dolandyrýar. Ol gadymy Memfisi öz rezidensiýasy edip, Ptaha hudaýynyñ žreslerini goldapdyr. Fiwyda hem kuşit täsirini ýetiripdir. Daşary syýasatda ol seresaply bolupdyr. Ortaýer deñziniñ gündogarynda agalyk edýän Assiriýa bilen arasyny gowy saklamaga çalşypdyr. Assiriýanyñ kuwwatly döwlete öwrülmegi ony Müsüre barha ýakynlaşdyrypdyr.

B.e. öñ 674 we 671-nji ýyllardaky ýörişlerden soñ Assiriýanyñ patyşasy Asarhaddon Müsüri basyp alýar. Assiriýanyñ Müsürde agalyk etmegi 15 ýyl (b.e. öñ 671-655 ýý) dowam edýär.

Assiriýalylar Müsürdäki XXV efiop nesilşalygynyñ soñuna çykýarlar.

2.sais şäheri assiriýaly basybalyjylara garşy göreşi guraýjy we ýurdy gaýtadan birleşdiriji hökmünde çykyş edýär. Psammetih I hakynatutma goşuna daýanyp, boýun egmeýän nomarhlary derbi-dagyn edýär. Müsüriñ iri merkezleri Memfis, Gerakleopol , Fiwy gujurly patyşany goldap başlaýarlar. B.e. öñ 655-nji ýylda ýurduñ birleşdirilmegi tamamlanýar. Psammetih I Lidiýadan (belki Wawiliondanam) hem kömek alyp, assiriýalylary ýurtdan kowup çykarýar. Tagtda XXVI Sais nesilşalygy ornaşýar (b.e. öñ 664-525ýý).

Psammetih I, esasan, Müsüri grek dünýäsine gönükdiripdir. Ýurtda grek we kariý hakynatutmalary berk ornaşypdyrlar. Olar ýaşar ýaly ýer alypdyrlar. Liwiýaly harby gatlaklar topalañ turzup, olaryñ köpüsi Efiopiýa gidipdirler. Olar daşary ýurtly hakynatutmalara artykmaçlyklaryñ berilmegi bilen ylalaşmak islemändirler.

Psammetih I-niñ Aziýada alyp baran işleri üstünlik getirmändir.

Faraon Neho II Müsüriñ Afrikadaky ýerlerini berkidipdir. Ol ortaýer deñiz söwdasyny ösdürýär. Ortaýer deñzi bilen Gyzyl deñzi birleşdirýän 84 km uzynlykda kanal gurdurýar. Neho II-niñ buýrugy bilen ilkinji gezek b.e. öñ 600-nji ýylda Afrikanyñ daşyna finikiýaly deñizçiler 3 ýyla çeken ýüzüşi geçirýärler.

Neho II-niñ nesilleri Kuşa, Palestina, Finikiýa üstünlikli ýörişler geçiripdirler. Şeýle-de bolsa, Müsüriñ içerki ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Faraon Apriniñ (b.e. öñ 589-570ýý) dolandyran wagtynda hakynatutma goşunyñ gozgalañlary bolup geçipdir.

Faraon Amasis (Ýahmos II) (b.e. öñ 570-526) hem grek dünýäsine nazarlanypdyr. Onuñ döwründe Müsürde kadaly ösüş ýola goýulýar. Ýöne Eýran döwleti Müsüre howp salyp ugraýar. B.e. öñ 525-nji ýylda Müsür Eýran döwleti tarapyndan basylyp alynýar. Müsürde parslaryñ agalygy berk bolmandyr. Kä pars satraplary özbaşdaklyga ymtylypdyrlar, käte-de müsürliler gozgalañ turzupdyrlar. Şol gozgalañlaryñ baştutanlary XVIII-XXX nesilşalyklary esaslandyryjylar hasaplanýarlar.

B.e. öñ 332-nji ýylda A.Makedonskiniñ goşunlary Müsüre girýär. Ony pars süteminden azat ediji hökmünde kabul edýärler. Aleksandry Amonyñ ogly diýip yglan edipdirler. Makedonskiniñ imperiýasy dargansoñ, Müsür Ptolemeýleriñ grek-makedon nesilşalygyna degişli bolup, ellinizm döwrüne gadam urýar. 3.Gadymy Müsüriñ medeniýetinde özboluşly aýratynlyklary bolupdyr. Onuñ özboluşlylygy bu ýerde döwletiñ ir döremegi, Nil jülgesiniñ geografiki ýerleşişiniñ üzñeligi netijesinde müsürlileriñ beýleki halklaryñ gazananlaryny kabul etmäge mümkinçiliginiñ bolmazlygy bilen düşündirilýär.

Müsür medeniýetine köneçillik däpleri mahsusdyr. Müsürliler öñden däp bolan usullara ýuzlenipdirler. Müsür medeniýeti onuñ tebigaty bilen berk baglanyşyklydyr.

Müsürliler köphudaýlylyga ynanypdyrlar. Olaryñ iñ esasylary – gün hudaýy – Ra (merkezi Geliopolda), dörediji hudaý – Ptah (merkezxi Memfis), dünýäni ýaýradyjy , patyşa häkimýetiniñ Müsüriñ harby kuwwatynyñ howandary – Amon (merkezi Fiwy) bolupdyr. Şeýle hem o dünýäniñ hökümdary – Osiris, onuñ dogany we aýaly Isida, bularyñ ogly asmany we ýagtylygy añladýan Hor, parasatlylygyñ we hasabyñ hudaýy Tot, kuwwatly güýji añladýan Sohmet, asmanyñ , söýginiñ we şatlygyñ hudaýý Hathor, Niliñ hudaýy Hapi we beýlekilere müsürliler çokunypdyrlar.

Müsürde faraon hudaýyñ ogly hasaplanypdyr. Müsürlileriñ düşünjelerine görä, hudaýlar adamlary özlerine hyzmat etdirmek üçin ýaradanmyşlar. Olaryñ hormatyna ybadathanalar gurupdyrlar , şekillerini ýasapdyrlar, sadaka beripdirler, baýramçylyklar gurapdyrlar. Olaryñ düşünjelerine görä, adamyñ o dünýäşdäki ýaşaýşy olaryñ jaýlaýyş dessurlaryny ýerine ýetirişine bagly bolupdyr. Gadymy müsürlileriñ dili 4 müñ ýyllyk taryhynda ösüşiñ 5 basgançagyny geçipdir: 1 Gadymy Patyşalygyñ dili-gadymy müsür dili; 2. Ortamüsür – nusgawy dili; 3.täze müsür dili ( b.e.öñ XVI – VIII a). Bularyñ hersi dil we ýazuw taýdan biri-birinden tapawutlanypdyrlar.

Müsürliler baý we iñ gadymy edebiýaty döredipdirler. Edebiýatda dini garaýyşlar, halk döredijiligi agdyklyk edipdir. Ilkinji edebi ýazgylar b.e. öñ IV müñýyllyga degişlidir. Edebiýatyñ Gadymy patyşalyk döwründe ertekiler, terbiýeleýji wesýetler, terjimehallar, dini tekstler, şahyrana eserler ýaly görnüşleri bolupdyr. Orta patyşalyk döwründe olar baýlaşýar we kämilleşýär. Ýokary çeperçilikli eserler (“Sinuhetiñ hekaýatlary”) döreýär. Sönky döwürde wesýetnamalar görnüşindäki eserler köpelýär.

Gadymy Müsüriñ binagärligi, heýkeltaraşlygy we relýef şekilleri üçin dini garaýyşlar mahsusdyr. Binagärlik ymaratlaryñ esasy iki görnüşinde: faraonlaryñ guburhanalarynda we ybadathanalarda ýüze çykýar. Guburhanalaryñ esasy iki görnüşi bina edilipdir: piramidalar we gaýalardaky çapylyp ýasalan guburhanalar. Piramidalardan öñki guburhanalara mastablar diýilýär. Olar I we II nesilşalyklara degişlidir. Piramidalar Gadymy patyşalyk döwrüniñ faraonlaryna mahsusdyr. Orta patyşalyk döwründe piramidalar we gaýalardaky guburhanalar utgaşykly gurlupdyr. Täze patyşalyk döwründe bolsa gaýalardaky guburhanalar has kämilleşipdir.

Binalaryñ ýene bir görnüşi-de patyşa köşkleri bolupdyr.

Müsürde ylmy bilimler hem ösüpdir. Aýratynam hasabyýet, astronomiýa, medisina ýokary derejä ýeten. Müsürde ýyl üçe bölünip hersinde 4 aý bolan, her aý üç ongünlüge bölünen. Ýylda ýyldyz toplumlaryna bagyşlanan 36 ongünlük bolupdyr. Iñ soñky aýa goşmaça 5 gün goşulypdyr. Ýyl Niliñ suwunyñ ýokary göterilip başlanýan wagty – Gorkut aýynyñ 19-ndan başlanypdyr. Müsür astronomiýasynyñ aýratynlygy-da onda astrologiýanyñ bolmanlygyndadyr.

Müsürde hasaplaýyş ulgamy onluga ýakyn bolupdyr. Müsürliler tegelegiñ ýarym şaryñ üstüniñ meýdanyny , kesilen piramidanyñ göwrümini we ş.m. hasaplap bilipdirler. Olar derejä göterip we kök alyp bilipdirler. Hasabyýet bilimleriniñ derejesi barada bilmäge kömek edýän iki papirus saklanyp galypdyr. Olaryñ biri Londondaky Rindiñ hasabyýet papirusy , onda 80 sany çylşyrymly meseläniñ çözüwi berilýär. Beýlekisi Moskwadaky hasabyýet papirusy bolup, onda 25 meseläniñçozüwi berlipdir.

Müsür tebipleri Alynky Aziýada hem meşhur bolupdyrlar. Olaryñ ökdeleşmegine mumuýalaşdyrmak ýardam edipdir. Häzirki wagta çenli 10 sany medisina papirusy saklanyp galypdyr. Müsüriñ tebipleri medisinanyñ dürli ugurlary boýunça ýöriteleşipdirler. Müsür we gadymy medisinanyñ iñ ýokary ýeten üstünlikleriniñ birem gan aýlanyş we ýürek hakyndaky taglymat bolupdyr. Hirurgiýa hem giñden ýaýrapdyr. Oña degişli gurallar guburhanalardan tapylýar.

Müsürliler öz taryhyna hem üns beripdirler. Olar esasy wakalary, patyşalyk edýän nesilşalyklary, has möhüm wakalaryñ beýanyny ýyl ýazgylarynda ýazypdyrlar.

Gadymy Müsürde ensiklopediýalar hem düzülipdir. Olaryñ iñ gadymysy mürze Amenemope tarapyndan düzülipdir.