Mazmuna geçiň

Fridrih Passy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Frederik Passi sahypasyndan gönükdirildi)
Frederik Passi

Frederik Passi (fransuzça Frédéric Passy; 20 maý 1822 - 12 iýun 1912) - fransuz syýasy işgäri, ykdysatçysy. "Halkara parahatçylyk Ligasyny" esaslandyryjy we oň ilkinji ýolbaşçysy (1868). Halkara parlamentara bileleşigini döretmäge (1889) işjeň gatnaşan.

1901-nji ýylda Anri Dýunan bilen bilelikde parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragynyň ilkinji laureaty bolýar. Biografiýasy

Frederik Passi 1822-nji ýylda Parižde dogulýar. Daýysy Hippolyte Passy Lui-Filipp I we Napoleon III döwürlerinde maliýe ministri bolup işlän. Passi hukuk ugrundan okaýar we az wagtlyk tejribe geçenden soň Döwlet geňeşinde (Conseil de Droit) hasapçy wezipesine kabul edilýär (1846-1849). Emma daýysynyň täsiri astynda ol wezipeden ýüz öwürýär we ykdysadyýeti öwrenmek üçin uniwersitede gaýdyp gelýär. Napoleon III-iň döwlet agdarylşygyndan soň Ikinji Imperiýa bilen ýaraşmak islemeýär we syýasatdan çetleşýär. 1857-nji ýylda professional ykdysadçy bolýar, 1860-njy ýylda bolsa Parižde we prowinsiýalarda syýasy ykdysadyýeti öwredip başlaýar.

"Mélanges économiques" (1857) ýygyndysy, Monpelýe uniwersitetinde beren we soň "Leçons d'économie politique" ady bilen çap edilen leksiýalary oňa abraý getirýär. Passi erkin söwdanyň tarapdary bolupdyr we Riçard Kobdeniň ideýalaryny goldapdyr. 1877-nji ýylda Fransiýa Institudyň (Institut de France) bölümi bolan ahlak we syýasy ylymlaryň akademiýasyna (Académie des sciences morales et politiques) agza bolýar. Hormat Legionynyň komandiri, 70 ýyllap Syýasy Ykdysadyýet Jemgyýetine prezident bolupdyr. Passi syýasy meseleler bilen gönüden-göni meşgullanyp, bilim reformalaryny geçirmäge çagyrypdyr we Fransiýa bilen Prussiýanyň arasyndaky urşuň öňüni almaga synanşypdyr. 1868-nji ýylda geljekde bolmagy mümkin dawalaryň öňüni almak üçin "Halkara Parahatçylyk Ligasyny" döretmäge kömek edýär we oňa hemişelik sekretar bolýar. Fransiýa-Prussiýa urşy döwründe ol gurama ýatyrylýar we Passiň kömegi bilen Milletleriň arasyndaky arbitraž ligasy (Société d'arbitrage entre les Nations) döredilýär (1870).

Ol 1881-nji ýylda Palata Deputatlarynyň saýlawlarynda ýeňiş gazanýar we deputatlyk döwründe daşary syýasaty üýtgetmegiň we iş reformalaryny geçirmegiň tarapynda çykyş edipdir. 1886-njy ýylda gaýtadan saýlanyar, emma 1889-njy ýylda saýlanyp bilmeýär. Şeýle hem ol ABŞ bilen Angliýaň arasynda arbitražy ýola goýan Randal Krimeriň rezolýusiýasyndan ruhlanan halkara arbitraž sistemasyny goldapdyr. 1888-nji ýylda Passiň tagallalary bilen britan parlamentiniň agzalary we fransuz deputatlary guramaçylyky arbitražyň konsepsiýasyny maslahatlaşmak üçin duşuşýarlar. Bir ýyldan soň bolsa Halkara parlamentara bileleşigi döredilýär. Ol Bernde ýerleşýän Halkara parahatçylyk býurosynyň agzasy hem bolupdyr.

Passiň parahatçylyga çagyrýan ýazgylary we çykyşlary giňden ykrar edilýär. 1909-njy ýylda ol özi bilen bagly dürli parahatçylyk we arbitraž guramalarynyň döredilşiniň hronikasyny beýan edýän kitabyny (Pour La Paix) çap etdirýär. 1881-1902-nji ýyllar aralygynda birnäçe kollejlarda syýasy ykdysadyýetiň professory bolupdyr.

Frederik Passi 1912-nji ýylyň 12-nji iýunynda aradan çykýar we Per-Laşez gonamçylygynda jaýlanýar. Ertesi gün New York Times gazedinde oňa bagyşlanan gysgaça makala çap edilipdir.