Elis Manro
Kanadaly ýazyjy zenan Elis Enn Munro (Alice Ann Munro) 1931-nji ýylyň 10-njy iýulynda Ontario ştatynyň Uingem şäherinde dünýä inýär. Elis Leýdlou (gyzka familiýasy) 1949-njy ýylda mekdebi tamamlandan soňra, Günbatar Ontarionyň uniwersitetine girýär. Ol ýerde ol geljekki ýanýoldaşy Jeýms Munro bilen tanyşýar. Olar 1951-nji ýylda maşgala gurýarlar we Elis uniwersiteti taşlap, ýoldaşy bilen Wankuwere gidýär. Munronyň ilkinji hekaýasy 1950-nji ýylda “Fulio” atly talyplaryň edebiýat žurnalynda çap edilýär. Elis Munro 1963-nji ýylda Britaniýa Kolumbiýasynyň welaýaty Wiktoriýa şäherine gidýär we ol ýerde Wankuweriň iň gowy kitap dükanlarynyň biri bolan “Munro’s Books” dükanyny açýar. Ol 1968-nji ýylda “Bagtyýar saýalaryň tansy” atly gysga hekaýalar ýygyndysy üçin “Governor General’s Award” baýragyny alýar. Elis Munro we Jeýmsiň maşgalasynda Şeýla (1953), Jenni (1957) we Andrea (1966) dünýä inýär. Elis Ontario dolanýar we Günbatar Ontario uniwersitetiniň ýanynda ýazyjy – rezident wezipesinde işleýär.
1980-nji ýylda Britaniýa Kolumbiýasy uniwersitetinde (Kanada) we Kwinslend uniwersitetinde (Awstraliýa) ýazyjy – rezident wezipesini eýeleýär. Elis Munronyň ilkinji ýygyndysy “Bagtyýar saýalaryň tansyna” (1968) ýokary baha berilýär we Kanadanyň iň ýokary edebiýat baýragy – general-gubernatoryň baýragy bilen sylaglanýar. Bu üstünlik “Gyzjagazyň we aýalyň durmuşyny” berkidýär (1971) we özara baglanyşykly hekaýalaryň ýygyndysy edil roman ýaly çap bolup çykýar. Ol bu roman üçin 1971-nji ýylda Kanadanyň kitap söwdagärleriniň birleşiginiň baýragyna mynasyp bolýar. 1978-nji ýylda “Eýsem, aslyýetinde sen kim?” (Who do you think you are?) atly ýygyndysy çap edilýär. Bu kitap Munro ikinji gezek general-gubernatoryň baýragyna eýe bolmaga mümkinçilik döredýär. Ol 1979 – 80-nji ýyllarda Awstraliýada, Hytaýda we Skandinawiýada iş saparynda bolýar. Munro 1980 we 1990-njy ýyllarda çen bilen 4 ýyldan bir gezek hekaýalar ýygyndysyny neşir edipdir. Onuň gyzy Şeýla Munro 2002-nji ýylda özüniň çagalyk ýyllary we ejesi hakynda memuarlary çap edip çykardýar. Elis Munronyň eserleri “The New Yorker”, “The Atlantic Monthly”, “Grand Street”, “Mademoiselle” we “The Paris Review” ýaly abraýly neşirlerde ýygy-ýygydan peýda bolýar. Onuň iň soňky eseri “Juda köp bagt” atly ýygyndysy 2009-njy ýylyň awgustynda çap edilýär.
Elis Munro 28 ýyllyk ýazyjylyk tejribesinde “Gyzjagazyň we aýalyň durmuşy” atly bir roman we ýedi hekaýalar ýygyndysyny çap etdiripdir. Ol köp sanly edebiýat baýraklaryna we sylaglaryna mynasyp bolýar. Onuň “Eýsem, aslyýetinde sen kim?” atly ýygyndysy üçin 1986-njy ýylda Buker baýragy berilýär. Ol 1986-njy ýylda 10,000 dollar sylag bilen “Marian Engel Award”-yň ilkinji ýeňijisi bolýar. 1995-nji ýylda Angliýada çap edilen iň gowy kitap hökmünde “Syrlaryň açylmagy” üçin “W.H. Smith Award” baýragyny alýar, 1999-njy ýylda bolsa, ABŞ-da bu ýygyndy “National Book Critics’ Circle Fiction Award” baýragyna mynasyp bolýar. Elis Munro 2004-nji ýylda “Gaçgak” atly hekaýalar ýygyndysy üçin Giller baýragyny, 2005-nji ýylda bolsa “Ýazyjylaryň arkalaşygy” baýragyny alýar. Onuň hekaýalary radio we kino üçin ýeňilleşdirilýär. “Oglanlar we gyzlar” filmi 1986-njy ýylda iň gowy gysga metražly film hökmünde “Oskar” baýragyna eýe bolýar. Onuň eserleri 20 dile terjime edildi. Munro Nobeliň edebiýat baýragyna mynasyp bolan 13-nji zenan ýazyjydyr. Onuň eserleri esasynda “Oglanlar we gyzlar” (Boys and Girls, 1983), “Gyzlaryň we zenanlaryyň durmuşy” (Lives of Girls & Women, 1994),“Akylsyzlygyň çäginde” (Edge of Madness, 2002), “Ondan uzakda” (Away from Her, 2006) ýaly filmler surata düşürildi. Munro Amerikanyň sungat we edebiýat akademiýasynyň (1992) hormatly agzasydyr.
Onuň öz eserlerinde ünsüni belli bir sebite gönükdirmegi, kitaplarynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Munronyň eserleri beýik nowellaçylaryňky bilen deňeşdirilýär. Mysal üçin, amerikan ýazyjysy Sintiýa Ozik Munrony “Biziň Çehowymyz” diýip atlandyrýar. Çehowda bolşy ýaly, Munronyň eserlerinde hem sýužet ikinji ýerde durýar. Onuň prozasy durmuşyň gapma-garşylyklaryny we birmeňzeş dälligini beýan edýär. Köp tankytçylar Munronyň hekaýalarynda köplenç romanlaryň edebi çuňlugynyň bardygyny tassyklaýarlar. Munronyň gysga eserleriniň köpüsinde romanlardaky bolup geçýän wakalar teswirlenýär.
Üstümizdäki ýylyň iýulynda 82 ýaşly Munro öz edebiýat karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. 2012-nji ýylyň güýzünde neşir edilen “Eziz durmuş” (Dear Life) hekaýalar ýygyndysy onuň iň soňky eseri bolmalydyr. Elis Munro 2013-nji ýylda “Häzirki zaman gysga hekaýalaryň ussady” diýen kesgitleme bilen Nobeliň edebiýat baýragyny berdiler.