Abu Reýhan Al-Biruni

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Ebu Reýhan Biruny sahypasyndan gönükdirildi)

Abu Reýhan Al-Biruni (973-1048) - Abu Reýhan Al-Biruni 150-den köpräk ylmy işi miras galdyryn, orta asyrlaryň tanymal alymydyr.Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny 973-nji ýylda Horezmiň merkezi Kät şäherinde dogulýar. Ol Owganystanyň Gazna şäherinde 1048-nji ýylda aradan çykypdyr. Horezm welaýatynyň medeniýetiniň we ylmynyň merkezi bolan Ürgençde öz bilimini köp taraplaýyn ösdürýär.Biruny 22 ýaşynda ilkinji bolup ýeriň globusyny ýasamagy başarypdyr.Ol birnäçe dili öwrenýär. Horezmiň baý kitaphanalarynda grek we arap dillerinde ýazylan ylmy eserleri okaýar. Grek, arap, pars dillerini suwara bilýänBiruni 27 ýaşynda “Geçen nesilleriň ýadygärlikleri” atly işini ýazyp gutarýar. Bu kitabynda ol astronomiýa, matematika ylymlarynyň örän möhüm meselelerini beýan edýär. Biruni özüniň ýiti zehinliligi hem zähmetsöýerligi bilen Ürgenç akademiýasynyň alymlarynyň arasynda belent abraýa eýe bolýar. Biruni 1031-nji ýylda “Hindileriň taryhy”, “Hindistanyň görnüşi” atly kitaplary ýazýar. Bu kitaplar geografiki we taryhy eserler bolup, häzirki wagtda hem öz güýjüni saklaýar. Matematikanyň ösüşinde hem Biruni görnükli orun eýeleýär.Biruni Ýer şarynyň radiusyny hasaplap tapýar.Ol Hindistanda beýikligi 652 gara deň bolan dagyň üstüne çykyp, gözegçilik işlerini geçiripdir.

Al-Biruni swerik trigonometriýany esaslandyran alymlaryň biridir. Ol trigonometrik tablisalary düzýär. Ikinji derejeli egri çyzyklara degişli meseleleri çözmegiň üstünde köp işleýär. Biruni özüniň “Watarlar (ýagny hordalar) barasynda” diýen ajaýyp eserinde gadymy matematiki sözlemleriň subutlaryny getirýär.

Häzirki wagtda Biruniniň eserleri,şol sanda ýyldyzlar hakynda ,, Masudyň kanony “ gowy öwrenildi . Biruniniň bu işi 11 sany kitapdan ybarat.Birinji we ikinji kitap senelere we kalendara bagyşlanýar.Üçünji kitabynda gönüçyzykly we sferik trigonometriýa barasynda maglumatlar berýär.Bu kitapda trigonometrik tablisalar berlipdir. ,,Masudyň kanony “ diýen işiniň IV-XI kitaplary astronomiýanyň we matamatikanyň dürli meselelerine bagyşlanypdyr. Üçünji kitapda trigonometriýa sistematik beýan edilýär. Ýokardaky getirilen şeýle doly bolmadyk materiallar hem Biruninyň uly alym, ajaýyp matematik we astronom bolandygyny ýene bir gezek görkezýär.

Biruni “Astronomiýanyň açarlary”, “Astrolýabiýany ýasamakda mümkin bolan, çäklendirilen usullar”, “Geçen nesillerimizden galan ýadygärlikler”,“Hronologiýa” “Geodeziýa”,“Formokognoziýa” atly eserleri hem ýazypdyr.

Abu Reýhan Al-Biruny özüniň 75 ýaşynyň içinde astronomiýadegişli 70-e ýakyn eseri ýazýar.Şolardan astronomiýa we hronologiýa degişli eserler – 37, meteorlar we kometalar – 6, astronomiki gurallar – 9, aýan etmek we astrologiýa boýunça gysgaça soraglar – 18 eseri degişli hasaplanylýar. Al-Birunynyň matematika degişli bolan ylmy işleri 20-ä ýakyny bolup, olaryň içinden arifmetika8, geometriýa 7, stereometriýa 4, trigonometriýa 1 iş degişlidir. Galan işleri ylymlaryň dürli pudaklaryna degişli:

  1. matematiki geografiýa we geodeziýa–8;
  2. kartografiýa – 4;
  3. klimatologiýa we meteorologiýa – 3;
  4. mineralogiýa – 3;
  5. fizika – 1;
  6. farmokologiýa - 1;
  7. taryh, etnografiýa we diniň taryhy - 15;
  8. filosofiýa-4;
  9. edebiýada, bibliografiýa, edebi ýadygärliklere terjimeler – 18 .

Görnükli rus alymy P. A. Bulgakow: “akyldaryň ýazan eserleriniň hemmesini biziň döwrümizde neşir etsek, olar hersiniň möçberi 35 çap sahypadan ybarat bolan 40 tomluk kitap bolardy” diýip belleýär. Abu Reýhan Al-Birunynyň ýokarda bellenen ägirt ylmy mirasyndan biziň günlerimize diňe 27 sanysy gelip ýetipdir, galanlary bolsa diňe ylmy çeşmeleriň hasabyna ylma aýan bolupdyr.

Abu Reýhan al-Biruny 1048-nji ýylda aradan çykýar.