Mazmuna geçiň

Eýran Yslam rewolỳusiỳasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(EÝRAN sahypasyndan gönükdirildi)

Eýran Yslam rewolỳusiỳasy – Eỳranda ХХ asyryn ikinji ỳarymynda Pehlewiniň geçiren özgerdeşleri ,Yslam rewolỳusiỳasy, EYR-ň döremegi barada düşdi.


Eýrandaky 1979-njy ýylyň ynkylaby. Muhammet Reza Pehlewi 1962-nji ýylda ýurtda jemi 19 sany uly özgerdişler toplumyny durmuşa geçirmäge başlady. Ol döwründe “ak ynkylap” adyny aldy. Ýurdy döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen bu özgerdişler döwlet maýa goýumynyň hasabyna oba hojalygyny özgertmegi, senagaty ösdürmegi, magaryfa we saglygy saklaýşa ünsi güýçlendirmegi göz öňünde tutýardy.

Nebitden gelýän ummasyz girdejiler Eýran şasyna ýollary döwrebaplaşdyrmaga, täze senagat kärhanalaryny gurmaga mümkinçilik berdi. Senagat önümçiliginiň depgini aşa ýokarydy - ol ýylda 10-20%-te ýetýärdi. Ýurduň ykdysadyýetinde hususy pudak berkäpdi.

Emma özgerdişleriň harsal we köplenç oýlanyşyksyz geçirilmegi Eýran jemgyýetini öňünden görülmedik netijelere getirdi. Agrar özgerdişler obadaky adaty durmuşy bozdy. Ilatyň gatlaklaýyn düzümini üýtgetdi : garyplar barha garyplaşdy, barlylar has baýady. Ýüz müňlerçe adam obadan şäherlere göçdi. Ilatyň gür jemlenen ýeri bolan şäherleriň öňem derdeseri ýetikdi. Ilatyň çalt köpelmegi işsizligiň artmagyna getirdi. Oba hojalyk önümçiligi azalyp, Eýran azyk önümlerini daşary döwletlerden satyn alyp başlady. 1978-nji ýylda Eýranyň daşardan getirden azyk harytlarynyň gymmaty 2 mlrd dollardan gowrakdy. Puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi 35%-te ýetipdi.

Eýran şasy Muhammet Reza Pehlewiniň üstünliklerden başy aýlanyp, ol her edip, hesip edip Eýrany dünýäniň ösen bäş döwletininiň birine öwürmegi maksat edinipdi. Özgerdişler halkyň asyrlarboýy öwrenişen ýaşaýyş durmuşyna täsir etdi. Halk ornaşdyryljak bolunýan Günbataryň ýaşaýyş nusgasyny kabul etmäge taýyn däldi. Şonuň üçin halkyň şa düzgünine garşy närazylygy göreşe ösüp geçdi. Bu göreşe şaýy ruhanylary ýolbaşçylyk etdi. Olaryň öňbaşçysy Aýatolla Homeýnidi.

Aýatolla Ruholla Musawi Homeýni (1900-1989). Ruhany maşgalasynda doglan. Dini bilim alansoň, 27 ýaşynda Kum şäherinde dini bilimleri okatmaga başlaýar. 1953-nji ýylda Mosaddygyň hökümeti agdarylyp, ýurtda şa düzgüniniň berkemeginden soň onuň garşysyna açykdan-açyk çykyş edip başlaýar. 1964-nji ýylda noýabrynda şa hökümeti ony Turkiýd gitmäge mejbur edýär. 1965-nji ýylda Homeýni Nejefe (Yrak) gelýär. Bu ýerdäki şaýy dini merkezinde 13 ýyllap. ders berýär. Şu ýerden dolandyryşyň yslam görnüşi hakynda “Yslam hökümeti“ atly işini ýazýar. 1978-nji ýylyň oktýabrynda Homeýni Fransiýa gidýär. Şu ýerde ol öz tarapdarlary bilen eýran ynkylabyna ýolbaşçylyk edýär. Homeýni 1979-njy ýylyň 1-nji fewralynda Parižden Tährana gelýär. 3 mln. adam ony garşylamaga çykýar.

1979-njy ýylyň başynda Eýranda syýasy dartgynlylyk başlandy. Fewralyň başynda halk çykyşlary has-da güýçlendi. Hereketden gorkan şa ýurtdan çykyp gaçdy. 1979-njy ýylyň 10-11-nji fewralyndaky yslam ynkylabynyň netijesinde halk asyrlarboýy dowam eden şa düzgünini agdardy. Fewral eýran ýylnamasy boýunça bahman aýy diýlip atlandyrylýar. Wakalaryň esasan bahman aýynda bolany üçin eýran halky ol bahman ynkylaby ady bilen meşhurdyr. 1979-njy ýylyň 1-nji aprelinde döwlet resmi taýdan Yslam Respublikasy diýlip jar edildi. Respublikanyň başynda onuň ruhy ýolbaşçysy - rehberi Aýatolla Homeýni durýardy.

Eýran Yslam Respublikasynyň içeri we daşary syýasaty. Ösüş ýoluny saýlap alanda Eýran yslam däplerine artykmaçlyk berdi.1979-njy ýylyň dekabrynda ýurduň konstitusiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda geljekki yslam jemgyýetiniň ykdysady süttüni touhid ykdysadyýeti (Biribar, Alla tarapyndan sazlaşdyrylýan ýa-da öz-özüni üpjün edýän ykdysadyýet) düzmelidi. Bu nazaryýetiň awtory EYR-yň ilkinji prezidenti Abulhasan Banisadrdy.

Konstitusiýa laýyklykda EYR-yň ykdysady ulgamy döwlet, kooperatiw we hususy pudaklara daýanýar. Döwlet pudagy ykdysadyýetiň agramly bölegini elinde saklaýar. Goranmak senagaty, nebit-himiýa toplumy, metallurgiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň keşigini çekýän pudaklar onuň elinde jemlenendir. Touhid ykdysadyýeti maýanyň bir elde jemlenmegini çäklendirmekde özüni kapitalizmden, döwlet pudagyny çäklendirmekde bolsa sosializmden tapawutly hasaplaýar.

Homeýni daşary syýasatda “Ne Günbatara, ne Gündogara, diňe ortalyk ýola eýermeli!” diýen özboluşly ugry öňe sürdi. Bu syýasata Eýranda “Üçünji ýol” ýa-da “Homeýniniň ýoly” diýlip at berildi.

Eýranyň ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynyň 63 sany wekilini 444 günläp zamunlykda saklamagy eýran-amerikan gatnaşyklaryny erbetleşdirdi. 1980-nji ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygy Eýrana ykdysady gabaw yglan etdi. Eýranyň ABŞ-nyň banklaryndaky goýumlary “doňduruldy”.

Ali Akbar Haşemi Rafsanjanynyň prezidentligi. 80-nji ýyllaryň ahyryndan başlap Eýran uly özgerişler döwrüni başdan geçirýär. Ösüşiň yslam ýolunyň täze basgançagy prezident Rafsanjanynyň ady bilen baglanşyklydyr.

Ali Akbar Haşemi Rafsanjany. 1934-nji ýylda Kerman welaýatynyň Rafsanjan şäheriniň golaýyndaky Bahraman obasynda dogulýar. Kakasy iri pisse bagynyň eýesi bolupdyr. Şaýylaryň dini merkezi Kum şäherindäki Faýziýe medresesini üstünlikli tamamlapdyr. Ol Homeýniniň täsiri bilen şa düzgünine garşy göreşe goşulýar. 60-70-nji ýyllarda özüniň syýasy garaýyşlary üçin birnäçe sapar türme tussaglygynda bolýar. Tähranda hususy çaphanasyny açyp, dini-syýasy äheňli kitaplary neşir etdirýär. Ynkylapdan birnäçe ýyl öň Ýewropada we ABŞ-da bolup görýär. Yslam ynkylabynyň ýetşinden soň içeri işler ministri “yslam medeni ynkylabynyň“ baş ştabynyň agzasy wezipelerinde täze düzgüni berkitmäge işjeň gatnaşýar. 1980-nji ýylyň iýulynda eýran mejlisiniň (parlament) başlygy bolýar. 1984, 1988-nji ýyllarda bu wezipd iki gezek gaýtadan saýlanýar. 1989-njy ýylyň 4-nji iýunynda ymam Homeýni aradan çykansoň Haşemi Rafsanjany EYR-yň prezidentligine saýlanýar. 1993-nji ýylda tomsunda ol bu wezipd ikinji gezek saýlandy.

Geljekde Eýran haýsy ýol bilen ösmeli? Onuň geljegi nähili bolar? Homeýniniň wesýetlerine wepalylygyna galýan ýurduň dolandyryjy toparlarynyň ählisi Eýranyň geljegini yslamyň ýaşyl baýdagynyň astynda göz öňüne getirýärler. Eýrandaky ruhany dolandyryjylar ýurduň ösüş ýoly meselesinde iki topara bölünýärler:

1. Homeýniniň ýolunda özgerdişleriň tarapdarlary.

2. Homeýniniň ýoluny hiç hili üýtgewsiz tutmagyň tarapdarlary.

Ikinji ganatyň wekilleri EYR-yň Homeýniniň ýaşan wagty ornaşdyrylan düzgünlerini hiç hili üýtgedilmesiz saklap galdyrmagyň tarapyny tutýardy. Olaryň pikiriçe ykdysadyýet berk merkezleşdirilen ulgamlygyna galmaly, senagat pudagynda hususy maýany çäklendirmeli. Daşary gatnaşyklarda dünýä ýurtlaryndan üzňelik meýlinden ýüz öwürmeli däl. Jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyň ähli taraplaryny yslamlaşdyrmaly.

Özgerdişler ýolunyň tarapdarlary bolsa bu zatlary üýtgewsiz galdyrmagyň jemgyýeti durgunlylyga eltjekdigine düşünýärler. Ýurdy dartgynlylykdan çykarmak üçin döwlet pudagynyň kärhanalarynyň aglabasyny hususylaşdyryp, hususy maýa git ýol arçamagy, daşary dünýä bilen aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmagy, dünýäde Eýrana bolan hoşmeýilli garaýşy döretmek üçin yslam çäklendirmeleri azaltmagy teklip edýärler.

Haşemi Rafsanjany ikinji ugruň ykrar edilen öňbaşçysydyr. Ol özakymlaýyn bazar gatnaşyklaryny yslam däpleri bilen utgaşdyrmaga aýgytly synanyşyk etdi. Onuň tarapdarlarynyň işläp düzen ykdysadyýeti aramlaşdyrmak baradaky çäreleri ýurdy dartgynlylykdan çykarmaga belli bir dereje ýardam etdi. Soňky döwürde umumy milli önümiň artyşy 10%den geçýär. 1989-njy ýyldan başlap ýurt uzak möhletleýin maksatnamalar boýunça ösdürilip başlandy. Halk hojalygyny ösdürmegiň birinji birinji bäşýyllyk maksatnamasy 1989-1994-njy ýyllary öz içine aldy. Bu döwürde puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi kemeldi. Önümçiligiň pese gaçmagynyň öňi alyndy. Rafsanjany döwlet pudagyna garanda has köp girdeji getirýän hususy pudaga has giň erkinlik bermäge çalyşdy. 1992-nji ýylda 460 sany döwlet kärhanasyny satmak bellenildi. Bazar gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy 1990-njy ýylda döwlet pudagynda 14% ösüş gazanmaga mümkinçilik berdi.

Erkin ykdysady zonalar Eýranyň durmuşynda täze ädimdir. 90-njy ýyllaryň başynda Pars aýlagyndaky Kiş we Keşm adalarynda şeýle zonalaryň düýbi tutuldy. Bu sebitler Eýranyň beýleki ýerleri bilen deňeşdirende tiz ösdi.

Nebit hakda agzamazdan, Eýran ykdysadyýetiniň hakyky keşbini açyp görkezmek mümkin däl. Nebit ýurduň walýuta girdejisiniň 95%-tini üpjün edýär. Eýranyň nebit gorlary 90,5mlrd barrele (nebitiň halkara ölçeg birligi - 1 barrel 159 litre deň). Eýran nebit satýan döwletleriň guramasynyň (OPEK) esasy agzalarynyň biridir.

Daşary ykdysady aragatnaşyklary. Eýranyň daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklarynda hem nebitiň ähmiýeti ýokarydyr. Daşary ykdysady aragatnaşyklarynda Eýran öz nebitini satyn alýan ýurtlara esasy artykmaçlyk berýär. Olara satyn alan nebitiniň bahasynyň 50%-ti möçberindäki harytlary Eýrana eksport etmäge ygtyýar edilýär. Ýaponiýa EYR-yň esasy söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Ol Eýrana polat, awtoulag, dokma önümlerini, stanoklary we enjamlary iberýär. 80-nji ýyllaryň ahyrynda Eýranda daşary ýurtlaryň kömegi bilen gurlan 30 binanyň 16-sy ýaponlaryň paýyna düşýär. Awstraliýa Eýrana oba hojalyk harytlaryny eksport edijidir. Bender-Abbasda ispanlaryň gatnaşmagynda gämi zawody guruldy. Italiýa Kengan-Gazwin aralygyndaky gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşdy. Russiýa hem Eýranyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Asyryň ahyrynda rus hünärmenleri Buşir şäherinde atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna gatnaşdylar.

Eýranyň teklibi bilen 1985-nji ýylda sebitara hyzmatdaşlygynyň guramasy bolan EKO-nyň işi (Eýran, Turkiýe, Päkistan) gaýtadan janlandyryldy.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy. Türkmenistanyň prezidenti S.A.Nyýazowyň 1991-nji ýylyň 8-11-nji sentýabrynda EYR-a bolan ilkinji resmi sapary türkmen-eýran gatnaşyklarynda esasy ugur alyş wakasy boldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy esasan söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda alnyp barylýar.

Sarahsda, Artykda, Howdanda, Güdrüolumda açylan ýönekeýleşdirilen serhetden geçiş nokatlary söwda gatnaşyklarynyň ösmegine giň mümkinçilik açdy.

Alty ýylyň içinde Haşemi Rafsanjany bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 54 gezek duşuşmagy iki goňşy döwletiň aragatnaşyklarynyň sebitde hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrülendiginiň alamatydyr. Diňe 1997-nji ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 150 mln. dollara barabar boldy. Türkmenistanda 88 sany önüm öndürydn, gurluşyk bilen meşgullanýan türkmen-eýran kärhanalary, söwda firmalary uly işleri edýärler. XX asyryň ahyrynda Eýran firmalary bilen jemi 533 million dollara barabar 16 sany senagat kärhanalaryny we beýleki binalar gurulýar.

1998-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli iki döwletiň arasynda 120 sany döwletara we hökümetara şertnamasyna gol çekildi. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly ulanmaga berildi. “Dobral” ýol gurluşyk kompaniýasy Aşgabat-Gökdepe aralygyndaky gara ýoluň durkuny täzeledi. Asyryň ahyrynda ol Gökdepeden Türkmenbaşy şäherine çenli ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişdi.

M.Hateminiň prezident saýlanmagy. 1997-nji ýylyň maýynda EYR-da 7-nji gezek prezident saýlawlary geçirildi. Onda 4 sany adam bäsleşdi. 33 mln. saýlawçynyň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda aram kandidat Hatemi sesleriň 70% prosentine golaýyny alyp, ýeňiş gazandy.

Muhammet Hatemi. Hüjet-ül-yslam Seýit Muhammet Hatemi Eýranyň ylamalar guramasynyň özgerdişleriň tarapdarlary ganaty we prezident Rafsanjanynyň öňe süren kandidatydy. Hatemi Yspyhan uniwersitetiniň filosofiýa bölüminiň diplomyny alyp, Yspyhan medresesinde ýokary dini okuwyny dowam etdirdi. Ol Tähran uniwersitetinde filosofiýa ugrundan aspiranturada hem okady. 1978-nji ýylda Germaniýanyň Gamburg şäherine gidip, ol ýerdäki yslam merkeziniň başyna geçdi.

1979-njy ýylda Eýran Yslam ynkylabyndan soň halk wekilligine saýlanan Hatemi 1980-nji ýylda Homeýni tarapyndan “Keýhan” metbugat torapynyň başlyklygyna bellenildi. 1982-nji ýylda Yslam wagyz-nesihat we medeniýet ministrligine bellenen Hatemi 1983-nji ýylda köneçilleriň medeniýet meselesi babatda “biçak aramçyl” hökmünde zor salmaklary netijesinde ol wezipesinden yza çekilmäge mejbur boldy.

Hatemi Rafsanjany tarapyndan geňeşçilige we Milli kitaphananyň başlygyna çekildi. Bulardan daşary Homeýini tarapyndan 1996-njy ýylda Medeni ynkylabyň ýokary guramasynyň agzalygyna geçirildi.

Hateminiň daşary ýurtlara ilkinji resmi sapary goňşy Türkmenistana boldy. Ol 1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen bilelikde Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisiniň açylmagyna gatnaşdy.

90-njy ýyllaryň ilkinji ýarymynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygy has-da pugtalandy. Eýranyň gatnaşmagynda Maryda agyz suwy zawody guruldy. Balkanabatdan Eýranyň Alyabat şäherine çenli ýokary kuwwatly elektrik geçirijiniň gurluşygy alnyp baryldy. Eýran Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň durkyny täzelemäge ýakyndan kömek berdi. 2000-nji ýylyň dekabrynda Artykdan Eýranyň Lýutfabat obasyna çenli täze gaz geçiriji açyldy.

Iki goňşy ýurduň hoşniýetli gatnaşyklarynyň dikeldilmeginde Merhemetli Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hem-de Eýranyň prezidentleri Haşemi Rafsanjanynyň we Muhammet Hataminiň şahsy goşantlary uludyr.

Eýran sebitde parahatçylygy pugtalandyrmagyň tarapdarydyr. Ol EKO we Hazarýaka döwletlerine işjeň hyzmatdaşlygy teklip edýär. Ol Owganystandaky dawanyň gepleşikler arkaly çözülmelidigine ynanýar. Hateminiň 2000-nji ýylyň dekabrynda Ýaponiýa iş sapary onuň daşary dünýä bilen işjeň gatnaşyklarynyň giňelýändiginiň şaýadydyr.

Edebiyatlar:

1. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A; 2001ỳ.

2.Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama (ikinji kitap) . A; 2004 ỳ.

3. Saparmyrat Türkmenbaşy. Meniň ruhybelentlik baharym. A.; 2005

4.Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitaraplyk taglymaty. A; 2002 ỳ.

5.Türkmenbaşy türkmeni dünỳä tanadỳar. A; 1999 ỳ.

6.Dünyä ỳurtlary. M;2003 ỳ.

7.Hanmyradow G. Sarahs –kerwen ỳollarynyň çatrygynda. A.2004.