Mazmuna geçiň

Bronhial astma

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Demgysma sahypasyndan gönükdirildi)

Bokurdagyň, bronhlaryň, öýkeniň, ýürek-damar we nerw ulgamynyň demgysma alamaty bilen geçýän 50-den gowrak keseli bardyr. Öz gelip çykyş sebäpleri, görnüşleri, kliniki aýratynlyklaryna baglylykda bronhial astma (grekçe “astma“ - demgysma) aýratyn keselleriň görnüşiniň hataryna girizildi. Traheýanyň astmadan öňki we soňky ýagdaýy.

Bronhial astma (BA) – dem alyş ýollaryň zeperlenmegi bilen geçýän dowamly, gaýtalanyp durýan keseldir.

Ýer ýüzüniň ilatynyň 2%-den az bolmadyk bölegi BA-dan ejir çekýändir. Bu kesel we onuň gaýraüzülmeleri sebäpli her ýylda 2 mln-dan gowrak adam aradan çykýandyr. Soňky ýyllarda BA bilen keselçiligiň artmagy, ekologiki ýagdaýyň erbetleşmegi bilen düşündirilýär.

Öýken keselleriň içinde, bronhial astma we demgysma alamatly dowamly bronhitden maýyplyk ýagdaýynyň döremegi has ýygy-ýygy duş gelýändir.

5 ýaşa çenli ýa-da 60 ýaşdan uly erkek adamlarda has ýygy duş gelýändir. Şol ýaşlaryň arasynda aýallaryň keselçiligi köpelyändir. BA-nyň esasan iki görnüşini tapawutlandyrýarlar – allergiki we allergiki däl görnüşleri. Ondan başga-da onuň dürli kliniki görnüşlerini belleýärler: atopiki, infeksion, disgormonal, psiho-newrologiýa we bronhlaryň ýagdaýynyň üýtgemegi sebäpli – “aspirin“ astmasy we fiziki işden soň ýüze çykýan astmadyr.

Fiziki we farmakologiki (derman serişdeleri) faktorlara bronhlaryň duýujylygynyň üýtgemegi, olarda emele gelýän biologiki işjeň maddalaryň uly täsiri, BA-nyň hemme görnüşleri üçin umumy ýagdaý bolup durýandyr.

BA getirýän genetiki üýtgemeleriň we daşky faktorlaryň täsirini belläp geçmelidir. Genetiki üýtgemeler, bronhlaryň we öýkeni goraýan mehanizmleriň zeperlenmegine, ol agzalaryň işini kadalaşdyryjy nerw we endokrin ulgamynyň sazlaşykly işiniň bozulmagyna getirýär.

Daşky faktorlara bolsa öý allergenleri (allergiki täsirine getirýän jisimler) sebäp bolup biler. Olara öý tozany we haýwanlary, saçakçy ýaly mör-möjekler, kömelekler mysal bolup biler. Öý tozanynda sakyrtgalaryň 30-dan gowrak görnüşi duş gelýändir. Esasan hem olaryň täreti ýokary allergiýa täsirine getirip biler.

Öý tozanyna ýokary duýgurlylyk şol sakyrtgalaryň bolmagy bilen düşündirilýär. Dürli ösümlikleriň tozanjyklary hem allergiki täsiriň sebäbi bolup biler. Meselem, otlardan-bozagan, ambroziýa, tilkiguýruk; güllerden-tozga,margaritkalar; agaçlardan-dub agajy,berýoza, sireniň tozgajyklary demgysmanyň sebäbi bolup biler. Allergiýa kömelekleriň käbir görnüşi we heň hem getirip biler.

Önümçilikde duş gelýän himiki organiki maddalardan hem allergiýa döräp, hünärmençilik bronhial astmasynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Azyk allergenleri hem möhüm orny eýeleýändir. Olary derrew anyklamak hem kyn bolýar. Sebäbi iýmit kabul edilenden soň, allergiki täsir ençeme wagtdan soň döräp biler. Azyk aller- genlerine - bal, sitrus miweleri, deňiz önümleri, sygyr süýdüniň we ýumurtganyň belogy degişlidir.

Derman serişdelerine allergiki duýgurlylyk näsaglaryň 20%-de ýüze çykýandyr. Köplenç allergiýa täsiri antibiotiklere, ferment serişdelerine, asetilsalisil turşulygyna (“aspirin“ demgysmasy) ýüze çykýandyr.

BA-nyň kliniki ýüze çykmasy, tutgaý görnüşli üsgürme, burundan köp mukdarda suwuklyk görnüşli bölünip çykmalar, asgyrma ýaly alamatlar bilen başlanýar. Keseliň tutgaýly döwründe näsagda gysga dem alma, bronhlaryň gysylmagy netijesinde bolsa, demi goýberme kynlaşan bolýar. Her dem alyp, goýberme daşda eşidilýän hyşşyldy bilen utgaşýar. Astmanyň tutgaýy dem alyş ýollaryndan şepbeşik gakylygyň çykmasy bilen gutarýandyr.

Uzaga çekýän agyr tytgaýlar, keseliň agyr gaýraüzülmesi bolan, astmatiki ýagdaýa getip biler.

Astmatiki ýagdaýda geçirilýän bejergä täsir peselip, üsgürme netijesinde goýy gakylygyň bölünip çykmagy ýüze çykmaýar. Bronhlaryň gysylmagynyň güýjemegi netijesinde, astmatiki ýagdaý beterleşýär. Öýkende, has hem onuň aşaky böleginde howasyz bölekler döräp, diňlenilende dem alyş sesleri ol ýerlerde eşdilmeýär. “Lal“ öýken emele gelýär. Bedeniň gerekli kislorod bilen üpjün edilmezligi,dokumalarda we agzalarda kömürturşy gazynyň ýygnanmagyna, olaryň işiniň bozulmagyna getirýär.

Ganyň lagtalanmasy peselýär. Kislorod “açlygy“ nerw ulgamynyň, esasan hem beýniniň işine şikes ýetirýär.

Uzak wagt dowam edip, anatomiki üýtgemelere getirýän BA dürli başga gaýraüzülmeleri hem ýüze çykaryp biler. Öýkeniň emfizemasy (çendenaşa howaly bolup, öýkeniň çişmesi), öýken ýetmezçiligi, öýken-ýürek ýetmezçiligi, ýokançly bronhit şol ýagdaýlara degişlidir.

BA-ny anyklamakda kynçylyklar ýüze çykmaýar. Esasy kynçylyk onuň görnüşini, ýüze çykaran sebäbini anyklamakdyr. Näsagdan soramak bilen, nesil yzarlaýan we iýmit faktorlaryna üns bermelidir. Dem alyş ýollarynyň ýagdaýyny (sinusit, otit, rinit, burun germewiniň gyşarmagy, polipler) anyklamalydyr.

Allergenlere duýujylygy, olary dem alyş ýollaryna pürküp (aerezol görnüşde) ýa-da derä galtaşdyrma ýoly bilen anyklap bolar.

Ganyň umumy barlagynda eozonofil öýjüklerini köp mukdarda ýüze çykaryp bolar.Ýöne ol hemişe beýle bolmaýar.Gakylygyň sitologiki barlagynda hem eozonofilleriň ýokary derejesi anyklanylýar. Ondan başga-da gakylykda demgysmanyň esasy alamatlary bolan, Kurşmanyň spiralyny (kiçi dem alyş ýollaryň görnüşini gaýtalaýan emele gelmeler), Şarkoleýdiniň kristallaryny (eozonofil öýjükleriň düzüminiň kristallary) we Kreolyň bedenjikleri (bronhlaryň öýjükler toplumy) tapmak bolýar.

Bronhoskopiýa barlagy hem bronhlaryň nemli gatlagynyň ýagdaýy, olaryň gysylma derejesi barada uly maglumatlary berýändir. BA bejergisi, keseliň görnüşi, ýüze çykyş sebäpleri, geçişi, bar bolan gaýraüzülmelere laýyklykda geçirilýär.

BA-ny bejermek üçin keseliň sebäplerine täsir edýän (bazis) serişdeler hem-de alamatlaryna täsir edýän (simptomatiki) serişdeler (meselem, bronhlary giňeldijiler) ulanylýar.

Esasy (bazis) serişdeleri ulanylmadyk ýagdaýynda alamatlara täsir edýän serişdelere talap artýandyr. Esasy serişdeleriň mukdarynyň azalmagy ýa-da bronhy giňeldijileriň köp ulanmagy, keseliň geçişine gözegçiligiň peselenliginden habar berýändir.

I. Esasy (bazis) serişdeleri:

1. Kromonlar – bu topara intal we taýled serişdeleri degişlidir. BA-nyň ýeňil derejesinde ulanylýar. Ingalýasion (dem alyş ýoly bilen) ulanylşy amatly bolan glucokortikoidlerden peýdalylygy pesdir. Şol sebäpli ulanmakda giň gerim almady.

2. Ingalýasion glucokortikoid serişdeleri (IGKS) – BA-ny bejermekde esasy derman toparydyr. Olara klenil, budesonid, azmokort, flutikazon propionat we başgalar degişlidir. Glucokortikoidleri wena goýbermek ýoly bilen, uzak wagt gerdejikler görnüşde hem kabul edip bolýar. BA-nyň agyr görnüşinde, IGKS-iň kömek etmedik ýagdaýynda, ol serişdeleri uzak, umumy ýagdaýda ulanyp bolar.Agyzdan kabul etmek üçin prednizalon, prednizon, gidrokortizon, metilprednizolon ulanylýar. Bu serişdeler umumy ýagdaýda ulanylanda birnäçe ýaramaz täsirlere getirip biler: osteoporoz, gan basyşynyň galmagy, süýji keseline, semizlik, myşsa gowşaklygyna, böwrek üsti mäziň işiniň peselmegi ýaly ýagdaýlar.

3. Antileýkotriýen serişdeler – bronhlaryň nemli gatlagynyň fermentleriniň işjeňligini peseldip, olaryň gysylmagynyň öňüni alýar. Olara pranlukast, zafirlukast, montelukast ýaly serişdeler degişlidir. Bu serişdeler esasan BA-nyň “aspirin“ görnüşinde giňden ulanylýar.

II. Alamatlara täsir edýän (simptomatiki) serişdeler.

1. B2-adrenomimetikler.

a) Uzak wagt täsir edýän görnüşlere – salmeterol, formoterol degişlidir.

b) Gysga wagt täsir edýän görnüşler – berotek, salbutamol, brikanil.

Häzirki wagtda iň peýdaly bronhlary giňeldijiler bolup, islendik ýagdaýda BA-nyň tutgaýlaryny ýatyrmak üçin ulanylýar. Ingalýasion ýoly bilen goýbermek has oňaýlydyr. Sebäbi ol dermanyň az mukdaryny ulanyp, peýdalylygy çalt gazanmaga kömek edýär. Ýaramaz täsirleri azdyr. Bu serişdeleriň ingalýasiýasy 0,5-2 sagadyň dowamynda fiziki agramlylykdan ýa-da başga faktorlar netijesinde dörän bronhlaryň gysylmasynyň öňüni alýar.

2. Ksantinler.

Bu topara demdysma tutgaýlaryny gyssagly ýatyrýan eufillin we uzak wagt täsirli teofillin degişlidir. Bu serişdeler B2-adrenomimetiklerden öň giňden ulanylýardy, ýöne käbir ýagdaýarda häzir hem netijeli ulanylýar. Teofillini 5 ýaşdan uly çagalarda özbaşdak ýa-da ICKS-i bilen utgaşykda üstünlikli ulanyp bolýar. Agyr demgysmaly çagalarda teofillin GKS-iň mukdaryny azaltmaga kömek edip biler. Häzirki wagtda ksantinler başga seişdeleriň bolmadyk ýagdaýynda, goşmaça kömek ediji serişdeler höküminde ulanylýandyr.

III. Başga serişdeleriň topary.

1. Gakylygy goparyjy serişdeler,onuň ýumşamagyna we ýeňil bölünip çykmagyna kömek edýärler. Nebulaýzerleriň kömegi bilen goýberlende, olaryň täsiri has hem artýandyr. Şepbeşik, kynlyk bilen aýrylýan gakylykda günüň dowamynda 3-4 litra çenli suwuklyk kabul etmek peýdalydyr. Esasan gakylygy goparyjy serişdeler höküminde iodyň demanlary, N-asetilsisteini, ambroksany, gwaýfenezini ulanýarlar.

2. Antibiotikler – BA-nyň bakterial ýokançlyklar bilen gaýraüzülmeleri ýüze çykanda ulanylýar. Olara bronhitler, öýken sowuklamasy ýaly ýagdaýlar degişlidir. 5 ýaşa çenli çagalarda demgysma wirus ýokançlygy bilen gaýraüzülip biler. Şeýle ýagdaýlarda antibiotikler ulanylmaýar. 5 ýaşdn 30 ýaşa çenli mikoplazmaly öýken sowuklama ýüze çykyp, ol ýagdaýlarda tetrasiklin ýa-da eritromysin maslahat berilýär.

Has köp duş gelýän streptokokkli öýken sowuklamasynda sefalosporinler we penisillinler ulanylýar. Öýken sowuklamasyna güman edilende gakylygy ýokançlyga barlamak hökmandyr.

IV. Allergiki immunobejergi.

BA-nyň allergiki gelip çykyşyna täsir edýän bejergi usulydyr. 5 ýaşdan 50 ýaş aralygy näsaglarda ulanylýar. Ýörite taýynlanan allergenleri (meselem, agaçlaryň tozanjygy, sakyrtgalaryň bölekleri) belli bir wagt aralygynda deriniň aşagyna goýberýärler. Olaryň mukdaryny kem-kemden ýokarlandyryp, bedeniň oňa bolan durrnuklylygyny gazanýandyrlar.

Bejerginiň dowamlylygy 3 aýdan az bolmaly däldir. Birbada, arasy 30 minutdan az bolmadyk wagtda, 3-den köp bolmadyk allergeni ulanmaga ýol berýärler.

Soňky ýyllarda allergenleri burna damdyrmak ýa-da diliň aşagyna goýmak ýoly bilen hem goýberýärler. Allergenler höküminde gistaglobulinleri (dokumalaryň belogy) hem ulanýarlar.

Nebulaýzerleri ulanmak

BA-ny netijeli bejermek üçin, dermanlary zeperlenen bronhlara doly ýetirmek wajypdyr. Onuň üçin dermanlary belli bir kiçijik bölekler görnüşde goýbermek zerurdyr. Şol maksat üçin ýörite nebulaýzerler diýip atlandyrylan enjamlar ulanylýar. Nebulaýzerler derman serişdelerini gerekli bolan kiçijik ululykda (ownuk dispersli) dem alyş ýollaryna (hat-da kiçijik bronhlara hem) goýbermäge kömek edip, bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Keseliň geçiş häsiýeti we dowamlylygy näsagyň ýaşyna baglylykda dürli-dürlidir. Demgysma köp çagalarda ýeňil geçse-de, bejergi doly bolmadyk ýagdaýynda, BA-nyň agyr ýagdaýlary ýüze çykyp biler. Köplenç çaga ýetginjeklik ýaşyna ýetende, olarda keselden “saplanma“ bolup geçse-de, öýkeniň işiniň näsazlyklary galýandyr.

Uly ýaşda ýüze çykan demgysmanyň agyrlygy onuň görnüşine baglydyr. Allergiki demgysma has ýeňil geçip, gaýraüzülmelere seýrek getirýändir. Uly ýaşda aspirinli demgysma bilen kesellän näsaglar ony agyr geçirýändir.

Kesel dowamly häsiýete eýe bolup, doly geçirilen bejergi onuň alamatyny aradan aýryp biler, yöne oňa getirýän sebäplere täsir edip bilmeýär. Lukman tarapyndan kadaly gözegçilik we wagtynda geçirilen bejergi, keseliň gowşama döwrüni birnäçe ýyllara uzaldyp biler.