Mazmuna geçiň

Bazar Amanow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Amanow Bazar (1908-1981 ýý.)— Türkmenistanyň halk artisti, ökde aktýor, dramaturg B.Amanow 1908-nji ýylda Tejen etrabynyn Babadaýhan obasynda eneden dogulýar. Ol ilki oba mekdebinde okaýar.Soňra Tejendaky internada, 1926-njy ýylda Aşgabada gelip, Aşgabat teatr studiýasyna okuwa girýär we ony 1929-njy ýylda gutarýar hem Türkmendöwlet drama teatryna artist bolup işe girýär. Şol ýyldan hem B.Amanow döredijilik işine başlaýar.

B.Amanow „Zöhre-Tahyr“ (H.Çaryýew bilen), „Keýmir kör“ (G.Burunow bilen), „Kemine“, Soltan Sanjar“, „Aýazhan“, „Mollanepes“, Hazynalar adasy“, „Jadyly nagyşlar“ pýesalary döredip, dramaturgiýamyzy baýlaşdyrýar.

B.Amanow „Jahan“ dramasynda şahyryň, „Keýmir körde“ Nedir şanyň, „Derňewçide“ Osipiň, „Huýrulykga-Hemrada“ Hysrow şanyň, „Aýgytly ädimde“ Gully hanyň, „Otelloda“ Ýagonyň ýatdan çykmajak keşplerini döredip, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Türkmen dramaturgy, belli aktýor, Halk artisti.

B.Amanow Tejen etrabynda daýhan maşgalasynda 1908-nji ýylda eneden bolýar. 1924-nji ýylda Aşgabada gelýär. 1926-1929-njy ýyllarda Aşgabat teatr studiýasynda okaýar we ony gutaryp, Türkmen döwlet drama teatrynda artist bolup işe başlaýar. Ol türkmen sahnasynda Şahyryň (“Jahan”), Nedir şanyň (“Keýmir kör”), Osipiň (“Derňewçi”), Hysrow şanyň (“Hüýrlukga-Hemra”), Gully hanyň (“Aýgytly ädim”), Ýagonyň (“Otello”) we onlarça beýleki obrazlary sahnada dikelden ajaýyp artistdir. Şonuň bilen bir wagtda-da Bazar Amanow “Zöhre-Tahyr” (1937, H.Çaryýew bilen), “Aýlar” (1963), “Keýmir kör” (1940, G.Burunow bilen), “Kemine” (1942), “Soltan Sanjar” (1946), “Aýazhan” (1961), “Mollanepes” (1963), “Hazynalar adasy” (1967) pýesalaryny döretdi.

Onuň “Zöhre-Tahyr” (1937 ý.), “Kemine” (1942 ý.), “Mollanepes” (1963 ý.) dramalary köp ýyllaryň dowamynda sahnadan düşmän oýanalan eserler boldy. Aýratyn-da B.Amanowyň G.Burunow bilen ýazan “Keýmir kör” atly taryhy dramasy türkmen teatr sungatynyň altyn fonduna ymykly giren eser boldy. “Keýmir kör” indi 50 ýyldan-da köp wagt bäri sahnadan düşmän gelýän dramadyr.

Türkmen filmlerinde: “Prokurorda” Sapar baýyň, “Aýnada” esen baýyň, “Çopan oglunda” Nepesiň we başgalaryň hem obrazlaryny döretdi.

Çeşme:

Türkmen edebiýaty, 8-nji klas üçin synag okuw gollanmasy – hrestomatiýa. – A.: M.Kösäýew, B.Şamyradow, O.Ýazymow, N.Çaryýew. “Magaryf”,1995. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah. 125