Bagramýan Iwan Hristoforowiç
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Gahryman Iwan Bagramýan | |
Şahsy maglumatlar | |
---|---|
Doglan wagty | 2 Dekabr 1897 Çanlibel, elizawetpol Guberiýasy, Rus imperiýasy |
Ölüm | 21 Sentýabr 1982 Moskwa, Russiýa SSR-y, sowet saýuzy | (84 ýaşyndady)
Baýraklary | Söwet Soýuzynyň gahrymany - iki gezek |
Harby hyzmatlary | |
Dostlyk | Rus imperiýasy Sowet soýuzy |
Hyzmat eden ýyllary | 1915–1968 |
Dereje | Sowet Soýuzynyň gahrymany |
Uruşlar/Çaknyşyklar | Birinji jahan urşy Maý gozlalaňy |
Iwan Hristoforowiç Bagramýan [20. HI(2, HII),1897] —- Sowet harby işgäri, Sowet Soýuzynyň Marşaly (1955), Sowet Soýuzynyň Gahrymany (1944) 1941 ýýldan SSKP agzasy. 1952-nji ýyldan bäri SSKP MK-nyň agzalygyna dalaşgär, 1961 ýýldan SSKP MK agzasy, SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (2—8 çagyrylyşlar), raýatlyk urşunyň weterany.
Ömri
[düzet | çeşmäni düzet]B. Elizawetpol (häzirki Kirowabat) stansiýasynda demirýol işçisi maşgalasynda dogulýar. Ol 1920 ýýldan başlap Gyzyl Goşunda gulluk edýär. 1934-nji ýylda Frunze adyndaky Harby akademiýany, 1938-nji ýýlda Genştabyň akademiýasyny tamamlaýar. Beýik Watançylyk urşy döwründe (1941-1945-nji ýyllar) ol dürli frontlarda ştab naçalnigiiň orunbasary we naçalnigi bolup işleýär. Ol goşunyň birinji Pribaltika we üçünji Belorus frontlarynyň goşunlarynyň komanduýuşisi bolýar. Uruşdan soňky döwürde B. Pribaltika harby okrugynyň komanduýuşisi, soňra SSSR Goranmak ministrliginde ýolbaşçy wezipesinde işleýär. 1956-njy ýylyň iýunyndan Genştabyň Harby akademiýasynyň naçalnigi, 1958 ýýldan SSSR Goranmak ministrinnň orunbasary we SSSR Ýaragly Güýçleriniň tyl boýunça naçalnigi bolup işleýär. 1968 ýýlyň aprelinden gen. inspektorlar toparynyň gen. inspektory. Ol SSSR-iň ordenleri we medallary bilen birnäçe gezek sylaglandy.