Mazmuna geçiň

Babadaýhan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

BABADAÝHAN — türkmenleriň we beýleki Orta Aziýa halklarynyň arasynda eker-yň piri hökmünde belli bolan mifiki obraz. B. ýeri bejerip, sürüp, ekin ekip, orak orup, hasyl ýygnap ýören sada, jepakeş daýhan hökmünde türkmen daýhanlarynyň aňynda ornaşyp galypdyr. Ol ekererançylyk işleriniň ussady, daýhanlaryň halypasy hasap edilip, daýhanlaryň hormatyna mynasyp bolupdyr. Halk arasynda döredilen köp sanly rowaýatlara görä, Babadaýhan ilkinji gezek ýere tohum atyp, ekin eken we özünden soňky adamlara (daýhanlara) eri bejerip, ekin ekmegiň tärlernni öwreden daýhan sypatynda şekillendirilýär. Tejen raýonyndaky obalara I we II B. atlarynyň dakylmagy hem Babadaýhan obrazynyň türkmen daýhanlarynyň arasynda giň ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde oba hojalygynyň zähmet pälwanlaryna hem Babadaýhan diýilýänini ýygy-ýygydan eşitmek bolýar.