Angliýa xvı–xvıı asyryň birinji ýarymynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Angliýanyň taryhy
Sahypalar

Angliýa XI-XV asyrlarda
Angliýa XVI asyryň birinji ýarymynda
Angliýa xvı–xvıı asyryň birinji ýarymynda
Angliýa XVII-XVIII asyrlarda


MEÝILNAMA:

1. XVI ASYRYŇ BAŞLARYNDA ANGLIÝANYŇ YKDYSADY ÖSÜŞI.

2. DWORÝANÇYLYGYŇ ÖSÜŞI WE DAÝHAN ÝERLERINIŇ DAŞYNYŇ GERMELMEGI.

3. DEŇIZ SÖWDASYNDA ANGLIÝA BILEN ISPANIÝANYŇ BÄSLEŞIGI.

MAKSADY : ANGLIÝANYŇ XVI ASYRDAKY YKDYSADY ÖSÜŞI BARADA DÜŞÜNJE BERMEK.

WEZIPESI: TALYPLARYŇ ANGLIÝA BARADAKY ÖŇKI DÜŞÜNJELERINI GIŇELTMELI.

Mukaddes Ruhnama: “Türkmenleriň dünýä ýaşaýşynyň, ylmynyň, önümçiliginiň, senagatynyň ösüşine goşan goşantlary ymgyr kän, olar entek düýpli öwreniler” sah. 62.


Angliýa beýleki Ýewropa ýurtlaryndan tapawutlanýar. Bu ýerde iri ýer eýeçilik gatnaşyklary dargap bazar gatnaşyklary diňe şäherlerde däl obada hem ösdi. Şol sebäpli ykdysadyýet çalt depgin bilen ösýärdi. Angliýa beýik geografiki açyşlardan soň dünýäniň deňiz söwdasynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Üstesine goňşy Irlandiýany talap hem başlady. Angliýa öz mawut matalaryny Niderlandlara, Fransiya, Demirgazyk Ýewropa, Ýakyn Gündogara, Afrika, Russiýa onuň üsti bilen Eýran, Krym hanlygy, nogaý ordasyna çykardy. Nah mata önümleri öndürdiler. Angliýa metal önümlerini hem has köp öndürýärdi, olary eretmek üçin Domna peçlerini ulandylar. Ýarag, toplary, Ýewropa, Morokko, Tursiýa çykarýardy. Ön kömüri diňe jaýlary gyzdyrmak üçin ulanan bolsalar indi daşarada çykardylar. Iňlis mawut matasyna Flandriýa. Angliýanyň özüne isleg artdy. Angliýanyň ýeriniň 3/1 bölegi buthana degişlidi. Buthana ýerleri barlylar satyldy, paýlandy. Dindarlaryň köpüsi işsiz galdy. Şeýdip Angliýada işsiz, ýersiz adamlaryň sany artyp başlady. Garamaýakdan alynan ýerleri dworýanlara fermerlere kärende berip başladylar. Ýerlere baý fermerler hakynatutma oba hojalyk işşisini- kotterleri ezdiler. Işsiz entäp ýörenleriň sany Angliýada artdy.

Genrih VIII täze kanun çykardy. Gedaýlyk edip ýöränleri biri nji gezek ýurduna baryp işlejekdigi barada kasam içmegi tabşyrdy. 2-nji gezek tutulsa gulagynyň ýarysy kesilipdir. 3 gezek tutulanda ony jezalandyryp öldürmegi buýurdy. Eduard VI-niň (1547-1553) karary bilen işsiz enteýänler wagtlaýyn gula öwrüldi. Gul 1 gezek gaçsa ýüzüne gül diýp köýdürip tagma goýulupdyr, 2 gezek gaçsa 2-nji tagma şeýle edilipdir, 3-nji gezek döwlet dönügi hökmünde jezalandyrylypdyr. Şeýdip emläk üçn arzan işçi güýjini taýýarlaýardylar.

XVI asyrda iňlis iri yer eýeleri köne we täze dworýanlara bölündi. Köne dworýanlar onçakly işewürleşmändi. Olar oňki ýaly girdeji alýardy, indi rektodan girýän girdeji kanagatlandyrmaýar. Korol häkimýeti güýçlense-deonuň syýasy abraýy gaçypdyr. Köne dworýanlara, begzadalara demirgazykdaky iri ýer eýeleri girýär. Şol bir wagtda maýda we orta dworýanlar, käbir begzadalar öňdebaryjy işewür ýer eýeleri täze dworýanlar ýa-da dženterler peýda boldy. Olar öz pomestýesinde kotterleri we garyp daýhanlary peýdalanyp, öz ýerlerini fermerlere kärendä berýärdi, onda köp girdeji girýärdi. Sebäbi olar daşky bazar bilen baglanyşyklydy.

XVI asyrda täze dworýanlar öz eýeçiliginiň obşina ýerleriniň daýhan uçastoklarynyň monastyr ýerlerini satyn almak, aristokratlaryň ýeriniň hasabyna öz baýlygyny artdyrmak üçin telekeçilik bilen hem meşgullanýardylar.

XVI asyrda täze ýüze çykýan işewür adamlar bilen täze dworýanlaryň soýuzy döretmek XVII asyrdaky buržuaz rewolýusiýasy hem wajyp rol oýnady. XVI asyrda Angliýada iri ýer eýeçilik gurluşyň bazar önümçilik gatnaşyklary peýda bolup başlady. Iňlis daýhanlary iri ýer eýeleriniň ezişine girmeklige garşy aýaga galdylar. 1536-1537-nji ýyllarda reformasiýa garşy demirgazyk graflyklarda göreş başlandy. Gozgalaňyn hereketlendiriji güýji daýhanlardy. Gozgalaňyň başynda Robert Ket we onuň dogany Wilýan durdy. Ketiň topary çalt ösdi. 20 müňe ýetdi. Ket gozgalaňçylarynyň “kapitany” bilen toparda güýçli tertip-düzgün ýola goýuldy.Germewler aýrylýardy,goňşy obalardan azyk önüleri getirilýärdi.Ýöne lageriň içinde dönükler hem tapyldy. Olaryň çagyryşlary hökümete meýilnama görnüşinde tabşyryldy, esasy ugur iri ýer eýelerine gönükdirilipdi. Germewleri ýok etmegi, kanallary gurmak öri meýdanlaryny umumy peýdalanmak, ähli zatlary umumy peýdalanmagy talap etdiler.

Hökümet gozgalaňçylardan öç almak üçin wagt utmalydy. Şol sebäpli käbir ýeňillikler etjegini boýun aldy. Emma Angliýanyň günorta-günbatardaky gozgalaňy bölek-bölek edip basyp ýatyrmak hökümete başartdy. Gozgalaň ýatyrylandan soň dworýan otrýadlary gozgalaňçylardan öç aldylar. Robert we Wilýam Keti asdylar.

XVI asyryň 2 ýarymynda germewe garşy beýleki graflyklarda-da iňlis daýhanlarynyň gozgalaňy boldy. Emma daýhanlaryň bu gozgalaňlary basylyp ýatyryldy. Bu gozgalaňyň guramaçylygy pesdi. Iňlis buržuziýasy bolsa täze dworýanlar bilen soýuz boldy. 1485-nji ýyldan 1603-nji ýyla çenli Týudorlar korollary öz häkimýetini berkitdiler.

Iňlis absolýut monorhiýasynyň beýleki absolýut monorhiýalardan tapawutlary bar.Týudorlaryň býurukratik apparaty gowşakdy. Graflyklarda we şäherlerde wajyp wezipeleri džentrler we şäher işewür adamlary eýeläpdi. Týudorlar häkimýetini pugtalandyrmak ücn parlamenti hem ulanyp biljekdiler. Parlamentiň aşakky palatasy maýda we orta dworýanlardan bolup, korolyň öňe süren kanunlaryny tassyklaýardy. Ýokardaky palata wekillei girip, Týudorlara köp yer berilýärdi. Şeýdip paralamentde antioganizm döremändi. Gyzyklanýanlar bien dworýanlar we buržuaziýanyň arasyndady.

Iňlis absolýutizminiň ýene-de bir aýratynlygy hemişelik hereket edýän goşuny ýokdy. Týudorlar ähli ünsi güýçli harby flot döretmäge gönükdiripdi. Týudorlar absolýutizmi pugtaladyrmak maksady bilen Angliýada buthana reformasyny geçirmelidi. Bu iş Genrih VIII döwründe başlandy. Bahanasy Rim papasynyň Korol Genrih VIII bilen Ýekatrina Argatskiniň plýusy bozmaga kömek etmändigi boldy. Rim papasyna gahar edip, 1536-1537-nji ýyllar aralygynda Angliýada ähli monastrlar ýapylyp olaryň emlägi korol tarapyndan alyndy. Bu bolsa dworýan we buržuaz ýer eýeçiligini giňeltdi. Buthana emlägini satyp korolyň kaznasy boldy. Reformasiýa güýçli esasda geçirildi. Iňlislerden täze buthana guramalaryna doly boýun bolmak talap edildi. Boýun egmedik ölüm jezasyna höküm edilipdir.

Reformasiýanyň görnükli wekilleriniň biri Tomos Kromwel we korolyň kansleri Tomas Kranmer boldy. Genrih VIII birinji nikasyndan bolan gyzy Mariýa Týudoryň döründe katoliki reaksiýa höküm sürdi. “Ganly” diýen ady aldy. OL reformasiýa garşýdy. Mariýa ölenden soň iňlis tagtyna Ýelezaweta I (1558-1603) geçdi. Ol Genrih VIII 2-nji aýalyndan bolan gyzy bilen onuň döwründe absolýutizm berkedi. Ony dworýan, işewür adamlar goldady. Týudorlar öz syýasatynda iri ýer eýeçilikli gurluşy saklajak boldy. Ispanlar Ýelizaweta tagtdan gol çekip ýerine Mariýany geçirmegi talap etdiler. Ýelizawetany öldurip Mariýany tussaglykdan azat edip Angliýa we Irlandiýa katolikleriň gozgalaňyny turuzyp ispan we fransuz goşunyny dargadyp Londony eýelemegi maksat edindiler. 1587-nji ýylda Mariýanyň işini sud kellesini almak bilen çözdi. Mundan öň ýelizaweta Şotlandiýada iňlis täsirini güýçlendiripdi. Ýakow VI nilen soýuz bolup Ýakow ispaniýa, Şotlandiýa we Irlandiýa katoliklerine kömek bermejegine söz berýär. Ģagasyz Ýelezaweta bolsa oňä öz gezeginde iňlis tagtyny berjekdigini aýdýar. Mariýa Startyň öldürulmegi Ýewropanyň katoliki buthanasyna uly urgy boldy. Muňä jogap edip Angliýa uruş yglan etdi. Flipp II hem tagta geçmäge höweslidi. Angliýada tersine daşarky çozuşa garşy 200 uruş we transport korably taýýarlanyldy. Ispan toplary iňlis gämilerinden harby taýdan pesdi. Iňlislere golland floty hem kömek etdi. 1588-nji ýylyň tomsunda deňiz söweşi 2 hepde bilen howada üýtgeýär netijede Ispaniýanyň 43 korably gaýdyp gelýär. Şeýdip iňlisler daşary ýurda çozuşlaryndan dänýär. Ispaniýanyň abrayý gaçdy. Angliýanyň kolonial ýörişleri güýçlendi.

XVI asyrda Angliýada gummanistik metod ösdi. Tomas Mariýa (1478-1535) London adwokaty maşgalasynda dogulýar. Okoford uniwersitetinde bilim alýar. Genrih VIII döwründe uly wezipede işleýär. Korollygyň konsleri bolan döwründe ol korolyň reformasion işine garşý çykandygy üçin jezalandyrylýar. Emma ol (1516) “Utopiýa” diýen işini ýazýar. Ol hususy eýeçiligi ýok etmeli, synpy deňsizlik hemme belanyň başy diýýär. Hemme adam deňdir, deň zähmet çekmeli diýýär. Maşgalanyň işläp taýýarlan önümini umumy skladlara tabşyryp, her maşgala zeruryny şol ýerden almaly. Iş güni 6 sagat bolmaly. boş wagty ylma sarp etmeli.

XVI asyryň 2 ýarymynda dramaturgiýa ösdi. Londonda 9 teatr jaýy bolypdyr. Mundan başga hususy teatrlar, bay jaýlar bolupdyr. 1564-1616-njy ýyllarda Uliýam Şespir ýaşap geçýär. Ol daýhan maşgalasyndan bolupdyr. Şekspir 1585-nji ýylda Londona gelýär. Bu teatr üçin pessalar ýazýar. Ol öz komediýa we tragediýalarynda iri ýer eýeleriniň zulumyndan azat bolan adamlary, olaryň hereketini häsiýetlendirýär. Ýokary gummanistik ideýalary bilen ol “Gamlet”, “Mokbet”, “Timon Afinskiý”, “Kariolon” we ş.m. tragediýalary ýazypdyr olar dürli halklaryň durmuşyna degişlidir. Baýlyk adamlarda ýgrenji artdyrar diýýär. Angliya tarapyna degişli pessalary yazdy. Genrih VI, Karol Džon, Genrih IV, Genrih V, Genrih VII, güýçlimonorhiýanyň elinde häkimýetiň jemlenişini ýazýar.