Angliýa XVII-XVIII asyrlarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Angliýanyň taryhy
Sahypalar

Angliýa XI-XV asyrlarda
Angliýa XVI asyryň birinji ýarymynda
Angliýa xvı–xvıı asyryň birinji ýarymynda
Angliýa XVII-XVIII asyrlarda


MEÝILNAMA

1. XVII asyrda Angliýanyň ösüşi. Raýat urşy we respublikanyň berkarar edilmegi.

2. XVIII asyryň I-nji ýarymynda Angliýanyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşi.

3. Angliýada senagat öwrülişigi.

Respublika ykrar edilenden soň, lewelerler täze düzgüni ýiti tankyt edip başladylar. Silbern 1649-njy ýýlyň ilkinji aýlarynda Angliýanyň täze zynjyrlary diýen at bilen 2 sany makala bilen çykyş edýär. Ol esasan hem parlament tankytlap, onuň köpçülige hiç hili hukuklar we azatlyklar bermändigini, köpçüligiň maddy hal ýagdaýýny gowulandyrmak barada alada etmänligini belleýärdi. Hakykatdan hem parlament 100 adamdan gowrak wekillerden ybarat bolup, onuň başynda döwlet maslahaty durýardy, onuň başynda bolsa Kromweliň baştutanlygynda Goşun durýardy. Ýurdy esasan hem birnäçe ýokary wezipeli ýuristler dolandyrýardy. Şonuň üçin hem bu döwürde köpçüligiň ýagdaýy agyrlaşyp başlapdy. Söwda-da, senetçilikde durgunlyk ösýärdi. Esasan hem oba hojalygynda ýagdaý has agyrdy. 3-ýýlyň dowamynda dyngysyz gurakçylygyň bolmagy, çöregiň gymmatlanmagyna getirdi. 1649-nji ýylyň ýazynda hakyky lewelleriň herketi Angliýada has giň gerim bilen ösýärdi. Olaryň başynda Jorj Winskerli durýardy, ol ýönekeý söwdagäriň oglydy. 1650-nji ýýlyň ýazynda diggerler hereketi basylyp ýatyrylýar. Lewelleriňki hem şonuň ýalydy. Iňlis respublikasynyň öňünde ozaly - başdan indepentdentleriň jentrileriň we buržuaziýanyň häkimiýetini pugtalandyrmak bolup durýardy. Şonuň üçin Kromwel 1649-njy ýýlyň Gorkut aýýnda öz goşuny bilen Yrlandiýany basyp almaga girişýär we ony birnäçe aýyň dowamynda basyp alýar. Irlandiýanyň basylyp alynmagynyň 2 möhüm netijesi bardy. Birisi ol basylyp alyş irland ýerlerini talamaga, ol talaňçylygyň netijesinde täze synpynyň baýlaşmaga alyp geldi. Esgerlere we serkerdebaşylara Yslandiýanyň täze eýelerine bölüp bermäge hukuk berilýärdi. Ikinjiden, Islandiýanyň toplanmagy iňlis respublikasynyň goşunyny hakyna tutulan basybalyjylara öwürdi. Şol bir wagtda roýalistleriň howpy häli doly ýok edilenokdy.

Zero berlen Karl I-ň ogly Karl II-ji Şatlandiýada ähli Angliýa howp demirgazykdan abandy. Kromwel we onuň goşuny rewolýusiýanyň gazananlaryny ýene bir gezek gaýtaryp almaga girişdi. 1650-nji ýýlyň Ruhnama aýynda ol Şatlandlaryň güýçli goşunyny derbi-dagyn etdi. Şa Karl II-ji daşary ýurda gaçdy. Kromweliň häkimiýeti we abraýy has ýokary galdy. Onuň ýeňişleri iňlis respublikasyny Ispaniýa, Germaniýa, Şwesiýa, Fransiýa ýaly döwletleriniň resmi ykrar etmekleri bilen tamamlandy. Emma respublikanyň içeri syýasy ýagdaýý häli çylşyrymlydy. Ýurt doly diýen ýaly ýykylypdy, söwda we senetçilik has aşak gaçypdy. Ekerançylyk gowşapdy. Mülkdarlar doly erkinligi alandan soň, öz baýlygyny artdyrmaga giňden girişipdirler. Işsizleriň sanynyň çakdan aşa köpelmegi respublikanyň öňünde olary eklemeklik meselesini goýdy. Türmeler öz bergisini berip bilmedik bergidarlardan dolupdy. Ýurtda kanunçylyk çärelerini geçirmek, iň esasay hem iňlis konstitusiýasyny kabul etmek zerurulygy ýüze çykypdy. Emma hereket edýän parlament ol işleriň başyna baranokdy. Parlamentiň agzalary şahsy baýlaşmak, amatly wezipeleri eýelemek ýaly işler bilen meşguldylar. Olaryň esasy maksady mümkin boldugyça öz häkimiýetine uzak möhletleýin saklamak we berkitmekden ybarat. Ýurtda höküm sürýän häkimiýetiň başarnyksyzdygy sebäpli närazylyk ösýärdi. Şeýle şertlerde Kromwel, 1653-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 20-de parlamenti dargadýar we häkimiýetiň täze edarasyny belleýär. Ol parlament ö içine 1653-nji ýýlyň Gorkut aýynyň 4-de başlaýar. Ol 139 sany baý däl şwaýrlardan, dükançylardan, söwdägärlerden we birnäçe dini wekillerden ybaratdy. Häli syýasatda bişişmek bu parlamentiň deputatlary ilkinji hepdelerde birnäçe reformalar geçirdi. Ýagny ata asyrdan galan kansleriň sudy ýatyryldy, agyr jeza bermek gadagan edildi. Buthananikasy raýat nikasy bilen çalşyryldy we ş.m. ondan başga hem täze parlament birnäçe sosial-ykdysady üýtgeşmeler hakynda kanun taýýarlap başladylar. Mysal üçin salgyt ýygnamak ulgamy düzgünleşdirildi.

Geçirilýän çäreler tiz wagtyň içinde ýokary gatlak wekillerinde närazylyk döredip başlady. Uly basyş netijesinde kiçi parlament öz-özünden dargady 1653-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Angliýada täze konstitusiýa kabul edildi. Şoňa laýyklykda Kromwel Angliýanyň, Şotlandiýa, Yslandiýa ömürlik lord-protektor wezipesini alýar. Şeýle hem 3 ýýlda bir gezek saýlanýan 400 adamdan ybarat parlament bilen bilelikde ýurdy dolandyrmagy kesgitleýär. Ýerine ýetiriji häkimiýet protektora we 15 adamdan ybarat hemişelik hereketi edýän Döwlet maslahatynda tabşyrylýardy. Protektoryň özi ägirt uly häkimiýeti öz elinde jemläpdi. Ýagny ol wezipeli adamlary belleýärdi. Ýaragly güýçlere baştutanlyk edýärdi. Halkara syýasatyna ýolbaşçylyk edýärdi, onuň razylygy bolmasa kanunlar üýtgelip bilinmeýärdi, salgytlar girizilmeýärdi. Hakykat ýüzünde ýurtda Kromweliň harby güýje daýanýan häkimyeti emele gelipdi. Protektoryň syýasaty özüniň ýarawlygy seresaplylygy bilen tapawutlanýardy. Angliýada bu döwürde birnäçe sosial-ykdysady çäreler amala aşyryldy. Emma parlament täze konstitusiýanyň esasaynda protektoryň häkimligini çäklendirmek synanşygyny etdi. Emma Kromwel parlamenti dargadýar we ýurdy ýeke-täk özi dolandyryp başlaýar. Ýurtda maýor-generallaryň polisiýa düzgüni girilzilýär. 1658-nji ýýlyň Ruhnama aýynyň 3-de Kromwel aradan çykýar, häkimiýet onuň ogly Rigonda geçýär, emma ol ýurdy dolandyrmagy başarmaýar. Netijede 1659-njy ýylyň ýazynda häkimiýete “Uzak parlament” gaýdyp gelýär. Angliýada 2-nji respublika emele gelýär. Ýurtda öňki hökümetiň ykdysady, syýasy, sosial we sud reformalaryny gecirmänligi sebäpli halkyň tolgunşyklary başlanýar. Emma 1659-njy ýylyň güýzünde general Lambertiň Lambert ýolbaşçylygyndaky goşun ýurtda harby düzgüni dikeldýär. Indi ýurtdaky buržuaz dworýan topary şa häkimiýetini kanuny ýagdaýda dikeltmegi maksat edýärler. 1660-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 25-I konwent ýygnak açylýar we ol Karl 2-ni kanuny şa diýip yglan edýär.