Mazmuna geçiň

Afrasiýap

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Afrasiýap gadymy Turan-Saklaryň hökümdary hem-de Türk-türkmenleriň ata babasydyr. Bu atlandyrma gadymy Eýranlylara gün bermedik Alp är Töňňe atly şahsyýete Eýranlylar tarapyndan dakylan atdyr. Ýagny Turan hökümdary Alp är Tunga (Bartatua) salymyny tapsa Eýrana çozýar eken. Eýranlylar bolsa oňa bolan ýigrenç bildirip erbet hudaýynyň ady Afrasiýap diýip atlandyryp başlapdyrlar. Afrasiýap hakynda Abulkasym Ferdöwsiniň Şanama kitabynda we Muhammet Awfynyň Hekaýatlar ýygyndysy atly kitabynda maglumat alyp bilersiňiz.

Afrasiýap hakynda

[düzet | çeşmäni düzet]

AFRASIÝABYŇ HÜJÜMI (hekaýatlar ýygyndysyndan)

Bu hüjümiň sebäbi şeýleräkdi. Menuçehriň wepat bolandygy baradaky habar Türküstana ýeten wagty ol ýeriň patyşasy Peşeňdi. Ol Peridunyň ogly bolan Turuň agtygydy. Peşeňiň üç ogly bardy. Olaryň iň güýçlüsi we edermeni Afrasyýap bolup, ol özüniň güýjüniň köplügi we kämil eder-menligi, dogry çykalga tapyjylygy, parasatlylygy we hilegärligi bilen meşhur bolupdy. Peşeň döwletiniň sütünleri bolan Wisäni, Gersiwezi, Barmany we başgalary çagyryp, olara şeýle diýýär: – Siz Peridundan we Menuçehrden ýaňa pederlerimize we siziň doganlaryňyza näme bolandygyny, olaryň Türküstanyň birnäçe han-beglerini we atlylaryny heläk edip, näçe mal-mülki ýok edendiklerini bilýärmisiňiz?! Bu günäniň başy biziň atamyz Peridundan başlady. Ol biziň kakamyzyň ululygyny sylamady we hakyny bermedi. Ol olardan kiçi Ireji ýokary saýyp, ähli hazynalary we gençleri oňa tabşyrdy, öz ýerleriniň iň gowusyny we gaýmagyny onuň ygtyýarynda goýdy. Bu jahanyň iki tarapyny bolsa merdanalygyň nyşany bolan beýleki iki ogluna tabşyrdy. Eger şol iki oglundan goh-galmagal eşidilip, olar ýalňyşan hem bolsalar, ötünç dilänlerinde ötünçlerine we ýalkaw dileglerine gulak salynmady. Şeýdip, hem boljak iş boldy. Indi biziň şol gadymky arymyzy almaly wagtymyz gelip ýetdi. Şu wagtky bize gelip ýeten bu pursatda, eger pederlerimiziň aryny almasak, bize ähtlerine wepasyz diýen at bererler. Men özümiň perzentlerimi, hazynalarymy we baýlyklarymy bu işiň pidasy edendirin. Siz hem bu işde agzybir we birsözli bolmalysyňyz. Hemmeler edep zeminini ogşap: – Janymyz çykýança seniň razylygyň üçin agzybir, seniň dostlaryňa kömek etmekde we duşmanlaryňy ýok etmekde birsözli bolarys. Senden yşarat – bizden baş goýma, senden perman – bizden boýun egme – diýýärler. Soňra ol ogly Afrasyýaby çagyryp, oňa şeýle diýýär: – Bilgin, patyşalyk bir adam kimin bolup, döwlet sütünleriniň toplumy bolsa onuň el-aýaklary ýalydyr. Bularyň ählisi biri-birleri bilen agzybir bolmalydyrlar. Şonda işiň şowuna bolar. Men saňa olaryň başyny özüňe gezelen okuň galkany etmän, belki, öz başyňy olaryň galkany etmegiňi wesýet edýärin. Sen uruş wagty olardan öňe geçip, öňki hatarda söweşmelisiň hem-de olja paýlanylýan wagty olary özüňden öňde goýmalysyň. Şeýlelikde, leşger onuň hyzmatyna geçýär. Afrasyýap olara köp wadalar berýär. Afrasyýabyň dogany Agryres oňa tagzym edip, şeýle diýýär: – Men saňa tabyn we seniň permanyňa boýun. Emma nesihat bermek mähribanlyga delildir. Yhlasly kişiler maslahat bermek şertini berjaý etmelidirler, ýöne kabul etmek ýa-da ret etmek olaryň ygtyýarynda däl. Garaz, meniň saňa maslahatym, şu – etjek işiňde gowy oýlan. Eýran welaýatyndan diňe bir adam kemelipdir. Menuçehriň Nowzer ogly birnäçe janköýer adamlary hem peýkamçy edermenleri bilen heniz dur. Birden bu işiň soňy myradymyza görä bolmazlygy mümkin. Afrasyýap şeýle diýýär: – Eý, gardaş, bu söz takwalyk isleýänleriň sözüdir. Merdiň abraýy janyny orta goýmakda we ony howp-hatara salmakdadyr. Peýda töwekgellik etmekde.

Howp-howpdan gaçýandyr, bolmasa bezirgenler, Tapmazdy kyrk peýdany gorkuda bolsa olar.

– Sen Menuçehri diňe bir ýönekeý adamdyr öýtme, ol uly jahandy, mülk we mülkdarlyk älemidi. Bu gün Eýran leşgeri onsuz jansyz göwredir we ruhsuz tendir. Agryres tagzym edip aýtdy: – Perman seniňkidir. Men janymy seniň razylygyň pidasy üçin we başymy seniň höwes çöwgeniň topy üçin saklaýaryn. Sowuk howa geçip, bahar möwsümi gelip ýetensoň, Afrasyýap Balh tarapyna leşger çekip, ol ýerden Tabarystana barýar. Nowzer hem bu haldan habar tapyp, Tabarystandan Dehistana bardy. Iki leşger biri-birleriniň öňünde durup, hatar düzýärler. Söweşiň birinji güni türkleriň leşgeriniň pälwanla-ryndan bolan Barman meýdana çykyp, özüne garşy söweşiji talap edýär. Karanyň kakasy Kubat onuň garşysyna çykýar we onuň bilen köp söweş edýär. Emma onuň ajaly ýetensoň söweşi peýda bermeýär we ol öldürilýär. Onuň ogly Karan goşuny toplap, bilelikde hüjüm edýär. Bu söweşde köp adam öldürilýär. Söweş meýdanynda atlaryň aýaklary çöwgen taýagy bolup, olaryň topy serkerdeleriň başydy. Agşam düşensoň goşunlar yzlaryna dolanýarlar. Nowzer özüniň ejizdigini we türkileriň güýjüniň köpdügini görüp, özüniň we leşgeriniň serkerdeleriniň goş-golamlaryny Pars galalarynyň birinde saklamaklaryny buýurýar. Ol Karany bu işe jogapkär edip belleýär. Karan goş-golamlary äkidýär. Afrasyýap bu ýagdaýdan habarly bolýar. Ol Serwiýäni leşgeri bilen bilelikde goş-golamlary ele salmak üçin olaryň yzyndan iberýär. Leşgeriň ululary Afrasyýabyň adamlaryndan bir toparynyň goş-golamlaryň yzyndan gidendiklerini eşidip, rys-walykdan gorkýarlar we birden apat bolaýmasyn diýip, yza gitmekleri üçin Nowzerden rugsat soraýarlar. Olar Nowzere: – Tä biz gaýdyp gelýänçäk asla Dehistanyň galasyndan çykaýma – diýýärler. Olar gidensoň Serwiýe bilen bilelikde ugran Afrasyýabyň leşgeri Karanyň yzyndan ýetýärler. Karan olara garşy söweşe girýär we Serwiýäni hem-de onuň goşunynyň köpüsini ýere ýykýar we topraga garýar. Eýran leşgeriniň ululary Serwiýäniň yzyndan gidenlerinde, bir bedasyl adam Nowzere maslahat berip: – Seniň hem olaryň yzyndan gidip, olar bilen dolanmagyň gerek. Eger sen bu ýerde han-beglersiz ýeke-ýalňyz galsaň, saňa apat ýetmegi mümkin – diýýär. Bu biçäre hem beýle pikiriň nädogrudygyny saýgaryp bilmeýär. Ol galadan çykýar. Afrasyýap hem onuň galadan çykanyndan habarly bolup, leşgeri bilen onuň yzyndan kowýar. Ol laçynyň serçä, bürgüdiň kepderä hüjüm edişi ýaly hüjüm edip, birnäçe adamy öldürensoň, Nowzeri döwletiniň ulularyndan müň adam bilen bilelikde tutup, tussag edýär. Afrasyýap şeýle uly ýeňşe eýe bolansoň, Serwiýä şeýle diýýär: – Seniň ogluň ýeke halda gidipdir. Leşger alyp, onuň yzyndan bar. Birden oňa zelel-zeper ýetäýmesin. Serwiýe leşgeri bilen ýola düşýär we Karany tapýar. Ol oglunyň gaharjaň şiriň awy bolandygyndan habary ýokdy. Şeýlelikde, ol Karana şeýle diýýär: – Meniň saňa Nowzeriň Eýranyň sütünlerinden we tanymallaryndan müň adam bilen Afrasyýabyň toruna düşendiklerini buşlasym gelýär. Karan bolsa oňa şeýle diýýär: – Seniň aýdýan zatlaryňy men bilmeýärin. Seniň ogluň dowzahda sensiz ýüregi gysar. Ol meniň gylyjyma: «Kakamy hem maňa ýetir» diýip habar beripdir. Men hem edil häziriň özünde seni oňa ýetirerin. Şeýdip, ol leşgeri bilen hüjüm edýär. Türkiler onuň öňünde durup bilmän, yzlaryna dolanýarlar. Karan olaryň birnäçesini öldürýär. Serwiýe galan leşgeri bilen gaçyp, Af-rasyýaba goşulýar. Afrasyýap bu habary eşidip, Nowzeri gaşyna getirýär. Soňra Afrasyýabyň permany bilen ýeri onuň gany bilen reňkleýärler. Ol galan adamlary hem öldürjek bolanda, dogany Agryres oňa: – Sen olaryň başlaryny we guwançlaryny öldürdiň, indi olaryň özlerini öldürmek dürs bolmaz. Çünki, başgalar saňa ynam etmezler we seni ýigrenerler – diýýär. Şeýlelikde, Afrasyýap olary öldürmekden el üzüp, ählisini tussag edýär we Abhaz galasyna iberýär. Ol doganyny Tabarystanda oturdyp, tussagdakylary oňa tabşyrýar, özi bolsa Reýe gidip, patyşalyk tagtynda oturýar. Ol zulum elini uzadyp, Eýranyň ýerlerini weýran etmäge başlaýar, halkyň üstüne bela ýagşyny ýagdyrýar we jahandakylar üçin bu jahany tümlük we garaňky edip goýýar. Bu zulumyň şumlugy zerarly Päk we Beýik Alla ol ýerden bereketi aýyrýar. Güýçli gahatçylyk emele gelýär. Afrasyýabyň zulum gylyjy zerarly öldürilmedikler gahatçylyk zerarly heläk bolýarlar. Ol on iki ýyllap patyşalyk edýär. Afrasyýap öz döwründe harapçylyk, zulum we sütemden başga zat etmändir. Bu habar Peşeňe ýetensoň, şatlygyndan we begenjinden ýaňa ýüregi beden kapasasyna sygmandyr we içini kineden boşadypdyr. Şeýdip, Afrasyýaba Türküstanyň patyşalygy bilen bilelikde Eýranyň patyşalygy hem ýetýär. Ol ar almaga başlan ilkinji günlerinde Nowzere kömek-ýardam edilmesin diýip, Samy we Zaly başagaý etmek maksady bilen Balhdan Sistana tarap sansyz leşger we köp goşun iberipdi. Zal ol jemagaty pytradýar we ol leşgeri perişanlyga salýar. Eýranly emirler Sistana baryp, Zala goşulýarlar, birtopar bolup jemlenişip, sanlaryny köpeldip, ýarag-esbaplaryny artdyrýarlar. Afrasyýabyň dogany Agryres onuň edýän işleriniň soňunyň erbetdigini bilýän eken hem-de ol durky bilen parahatlygy we ýumşaklygy söýýän eken. Ol tussag edilen eýranly jemagata ýüzlenip, şeýle diýýär: – Men Eýran leşgeriniň jemlenýändiklerini eşitdim. Men Afrasyýabyň bu habary eşidip, sizi ýok etmeginden hem-de meniň sizi halas etmek üçin eden dalaşlarymyň biderek bolaryndan howatyrlanýaryn. Meniň doganym ýaman päl we bet pikir adam. Eger men sizi goýbersem, onuň siziň ýeriňize meni heläk etmegi hem mümkin. Siz Zala bu ýere onuň leşger ibermegi üçin hat ýazyň. Şonda men galany taşlap, sizi goýbererin. Şeýdip, meniň onuň öňünde sypara bir bahanam bolar. Olar hat ýazyp, ony Sistana iberýärler. Ol ýerden güýçli leşger gelip, şäheriň töweregini gabaýarlar. Agryres şäheri goýup, Reýe barýar. Afrasyýap ony görüp, gaty gynanýar we: – Näme üçin olary öldürmediň, näme üçin welaýaty goýup geldiň?! – diýip, şol bada Agryresi gylyçdan geçirýär. Afrasyýap derhal ökünip: – Meniň bu bolşum sag eliň sol eli kesişi we sag aýagyň sol aýagy döwüşi ýaly boldy – diýip, dogany üçin ýas tutýar. Päk we Beýik Alla yslam patyşasyny, gury ýerlerdir deňiz şasyny, Günbatar we Gündogar soltanyny döwrüň ähli patyşalarynyň we soltanlarynyň mirasdüşeri etsin, wezirlik kürsüsini jahan hojasy, sahypkyran permanly we wezirleriň şasynyň şasy Nyzamylmülk bilen bezesin!

Hekaýat

Eýran leşgeri jemlenişip, taýýar bolansoňlar, olaryň ählisi Reý şäherine gelýärler. Afrasyýap olaryň hüjüm edendikleri baradaky habary eşidip, leşgeri bilen taýýar bolup, leşgergäh gurýar. Iki leşgeriň arasy bir parsahdan daş bolmandyr. Älem-jahanda güýçli gahatlyk we elhenç belalar ýüze çykýar. Adamlar açlykdan jan berip, haýwanlar otsuzlykdan heläk bolýar. Eýran leşgeri alyp barýan bu işleriniň uly işdigini we onuň patyşasyz başa barmajagyny bilýärler. Şonuň üçin olar Peridunyň öwladyndan bolan hem-de patyşalyk nury alnynda görnüp duran Tahmasp bilen ähtleşip, ony tagtda oturdýarlar. Ol Afrasyýaba şeýle habar ýollaýar: «Bu pitneler zerarly älemden bereket aýrylypdyr, parahatlyk Symrug ýaly ýüzüni örtüpdir, bozuklyk we nähak gandöküşlik sebäpli asman gerekli mukdarda öz suwuny ýere ýetirenok. Eger makul bilseň, birnäçe günläp maslahatlaşaly hem-de bu ar alyş gylyjyny gynyna salaly. Belki, bu tutaşan bela ody söner we ýokary göterlen gam-gussa baýdagy ýatar». Afrasyýap bu teklibi halaýar we gurakçylyk zerarly Reýden Tabarystana gidýär. Olar ýaraşyk üçin wadalaşyk ýerini kesgitleýärler. Eýranlylaryň zähmeti ýerine düşýär, olar daryşganlykdan giňişlige ýetýärler. Rehmet ýagmyrlary ýagyp, harabaçylyklar ymarat tapýar. Ilçiler orta girip, şeýle karara gelýärler: «Bir adam Eýranşährden olara tarap ok atmaly, eýranlylar şol peýkamyň baryp ýeten ýeri bilen kanagatlanmaly». Şeýle hem olar peýkamçynyň Areşiň bolmalydygyna ylalaşýarlar. Areş ýaşuly adam bolup, ol jadygöýlükden hem baş çykarýar eken. Ol ýörite bir agaçdan ok ýasap, okuň içini deşýär we köp wagt bäri dagda önüp-ösýän bir bürgüdiň perini şol deşige geýdirýär. Iki patyşanyň meşhur adamlarynyň her haýsysy we iki patyşa öz nyşanalaryny şol oka dakýarlar. Areş Tabarystanyň dagyna çykyp, oky atýar. Ok Tabarystan dagyndan we Afrasyýabyň ýanyndan tä Badgysa çenli atylyp gidýär we günortan wagty ýere baryp düşýär. Ýene-de gün günbatara tarap baş egip başlan wagty adamyň eli degmezden asmana galýar we gün batanda Helm diýen ülkäniň Kurin diýen ýerine düşüp, şol ýerde ýere çümýär. Ol ýerden oky getirip, onuň nirä çümendigi we nireden getirilendigi barada ynamdar adamlardan birtopary şaýatlyk berensoň, Afrasyýap şerti mejbury kabul edýär. Olar ähdi-peýman baglaşyp, çäklerini kesgitleýärler. Afrasyýap Türküstana gaýdýär, Tahmasp ol ýerleri eýeleýär. Ol ýedi ýyllap raýatdan salgydy aýyrýar. Älem-jahanda parahatlyk we bol-elinlik döreýär. Ýer ýüzi abadan bolýar. Öňki güýçli azaby gören adamlar eşretli günleri görýärler. Emma bu döw-let uzaga çekmeýär. Tahmasbyň patyşalygy bäş ýyldan uzak bolmaýar. Şatlykly günler az bolup, rahatlyk eýýamynyň ömri gysga bolýar.

Tahmasbyň döwletiniň ody öçensoň, Keýkubadyň döwletiniň şemaly öwüsýär. Onuň kämil ukyplylygy we gözel asyllylygy şeýle bir ýokary derejede bolup, dil ony taryplamakdan kem gelip, pähim-paýhas onuň beýiklik mertebesini wasp etmegi başarmandyr. Ol adalatlylyk düşe-gini düşäp, adamlara rahatlyk saýasyndan ýer berýär. Afrasyýap Tahmasbyň wepat bolandygy baradaky habary eşidensoň, öz ýörelgesini gaýtalaýar we ýene bir gezek Eýran welaýatyna çozmagy ýüregine düwýär. Ol şeýle bir köp leşger taýýarlapdyr welin, jahan sahnasy bu leşgeriň ulaglaryndan darygyp, onuň ýyndam atlarynyň aýaklarynyň tozanlaryndan ýaňa howada güneşiň öňüne perde tutulypdyr. Onuň hüjüm etjekdigi baradaky habar Keýkubada baryp ýetende, ol leşger jemläp, raýaty çagyrýar. Onuň gelýändigi baradaky habar Zal we Sama hem baryp ýetýär. Olar gaty ynjaýarlar. Zal Zabulyň, Kabulyň we Hindistanyň emirlerini we pälwanlaryny jemläp şeýle diýýär: – Afrasyýabyň pitnesi ýene-de täzelendi. Ol ýene bir gezek zulum ýoluny we jebir-sütem ýörelgesini ulandy, meýdanda topalaňçylyk ulagyny sürdi. Biz özümizi Keýkubadyň belasyna galkan edip, bu pitnäni dep etmegimiz gerek. Men indi garrapdyryn, emma meniň Rüstem atly oglum edermen we gaýduwsyzdyr. Her bir at ony göterip bilmeýär. Meniň mynasyp atym ýok. Eger siziň içiňizde biriňiziň oňa mynasyp aty bar bolsa, onda merhemet edip, aty ogluma bagyş etsin. Şonda men ondan minnetdar bolaryn. Olaryň ählisi şeýle diýýärler: – Jan, mal we atymyz onuň pidasy bolsun, biz ähli zadymyzy oňa hödürläris. Şeýlelikde, Hindistanyň uzak ýerlerinden tä, Zabulyň çäklerine çenli ýerlerden elli müň töweregi at getirip, Rüsteme hödürleýärler. Ol hiç bir aty saýlamaýar. Ahyrynda bir baýtaly ýanyndaky tulpar taýçanagy bilen onuň öňünden geçirýärler. Rüstemiň gözi şol taýy görüp açylýar, ýüregi güýçli joşup, şeýle diýýär: – Şol taý kimiňki? Getiriň göreýin. Olar taýy onuň ýanyna getirip: – Bu taýy seniň adyň bilen atlandyrýarlar we oňa «Rüstemiň Rahşy» diýýärler. Häzire çenli hiç kime el beren däldir we hiç bir baş öwredijiniň eli onuň arkasyna degen däldir – diýdiler. Rüstem: – Ine, şu meniň atym – diýýär. Soňra kement salyp, ony tutýar we onuň ýanyna baryp, elini arkasynda goýýar we oňa erkin daraşyp başlaýar. Rüstem şatlanyp, onuň arkasyna eýer oklaýar we atyň üstüne münýär. Şeýdip, leşger bilen bilelikde Keýkubadyň huzuryna barýarlar. Keýkubadyň gözi Rüstemiň jemalyna düşende, onuň berdaşlylygyndan we kämilliginden ýaňa haýrana galýar.
Keýkubat Rüsteme gowy sylag-hormat edýär we ony özüne ýakynlaşdyrmakda we tagzym etmekde hiç bir zady hem elden bermeýär. Olar birnäçe gün şol ýerde mesgen tutýarlar. Afrasyýap leşger bilen gelip ýetýär we olaryň golaýynda leşgergäh gurýar. Garpyşyk we jeň güni hatarlary düzýärler. Afrasyýap leşgeriniň merkezinde durýar. Rüstem oňa: – Afrasyýaby maňa görkeziň. Meniň gözüm oňa düşdügi ol meniň elimden sypyp bilmez –diýýär. Haçanda naýzalar naýzalar bilen garpyşyp, leşgerler biri-birleri bilen çaknyşanda, Rüstem ýalyn-ot kimin hüjüm edip, ýel deýin Afrasyýabyň yzyndan eňýärdi, peleň kimin arlaýardy. Ýöne gözüni Afrasyýapdan aýyrmaýardy. Ol birnäçe adamy atdan agdaryp, Afrasyýabyň ýanyna ýetýär. Afrasyýap gaçmakdan başga çäre tapman, gaçyp başlaýar. Rüstem hüjüm edip, onuň yzyndan ýetýär we atdan agdaryp, boýnuna kement salyp, süýräp başlaýar. Eýran leşgeri Rüstemi gutlamaga gelýärler. Rüstemiň ünsüni Eýran leşgerine berip, gyzygan wagty Afrasyýap hilegärlik bilen ýüpüň daňysyny çözüp, öldürilenleriň birini oňa daňýar we özi gaçyp, leşgergähine ýetýär. Rüstem şol ölini süýräp, Keýkubadyň ýanyna getirýär. Ol getiren adamynyň Afrasyýap däldigini bilip utanýar. Keýkubat onuň ýüzünde utanç alamatlaryny görüp, oňa şeýle diýýär: – Bu günki ýeňiş we üstünlik seniň gujur-gaýratyň, edermenligiň sebäpli boldy. Eger Menuçehr agalaryna garşy söweşmedik bolsa, beýle müňlerçe pitne emele gelmezdi. Belki, onuň seniň eliňde öldürilmezligi maslahatdyr. Onuň özüni tanap, öz çägini biläýmegi ähtimal. Rüstem edep bilen boýun egip: – Bu meniň ýaşlygym we kem tejribeliligim zerarly boldy. Mundan beýläk beýle kemçilik bolmaz – diýýär. Afrasyýap şol gije ýeňlip, Jeýhundan geçýär we Mawerannahra barýar. Soňra ol ýerden ilçi iberip, ylalaşyk teklip edýär. Ýene-de Peridunyň Tura welaýat berende bellenilen ilkinji çäkleri bilen çäklenýärler. Pitneler ýatýar, jahan parahatlaşýar we ýollarda erkin gatnawlar başlaýar. Hökümdarlyk Keýkubadyň ygtyýaryna geçýär, ýurdunyň ähli duşmanlary ondan ýeňilýärler. Onuň patyşalygyna ýüz ýyl bolanda, ol uly ogly Keýkowusy mirasdüşer belläp, özi ahyret älemine ýüzlenýär. Onuň durmuş gündeligini panylyk eli ýapýar.
Keýkowus patyşalyga geçýär. Ol üýtgäp duran häsiýetli, üýtgäp duran pikir-niýetli adam bolup, onuň işlerinde durnuklylyk we parasatlylyk bolmandyr. Ol käwagtlar gowşaklyk edip, köp wagtlar öte geçýän eken. Käwagtlar bolsa möhüm işlerde-de mäkämlik we hüşgärlik ýoluna eýermeýän eken. Ol Tusyň, Güderziň we Güstehmiň yşaraty we görkezmesi bilen Balh şäherini öz paýtagty edip, şol şäherde hem oturýar. Şu sebäpden Eýran welaýatlary türkileriň hüjüminden amanda galypdyr. Bir gün näletsiňen Iblis özüni bir aýdymçynyň şekiline öwrüp, onuň meýlisine girýär we aýdym aýdyp başlaýar. Ol öz goşgularynda Ýemeni, şol sebitiň aýallarynyň we çagalarynyň husny-jemalyny wasp edýär welin, Keýkowusyň göwni olary güýçli küýsäp başlaýar. Onuň haý-höwesi öz häsiýetinden üstün çykansoň, durnuklylyk onuň islegi we oýlanmaklyk onuň parasaty bilen ýar bolmaýar. Ol Ýemene tarap hereket edýär. Döwlet akyldarlary we ýurt sütünleri bu sapara garşy bolup, oňa kakdyryp ýa-da aç-açan garşydyklaryny bildirseler-de, ol bu işden el üzmeýär. Olar mejburlykdan oňa boýun bolýarlar. Haçanda ol Ýemeniň töweregine ýetende, ol ýeriň patyşasy oňa garşy söweşmek üçin şäheriň daşyna çykýar. Keýkowusyň haýbaty we azamaty ol ýeriň patyşasyna mälim bolansoň, ol uruşdan geçip, ylalaşyga meýil görkezýär. Ol müňlerçe dinar, bimöçber sap ýüpek, müň arap aty we müň Ýemen gylyjyny berip ylalaşýar. Ýemeniň patyşasyna Zülezgar diýer ekenler. Onuň bir gyzy bardy, ol älemde owadanlykda we gözellikde tymsala öwrülen eken. Oňa arapça Şygra, parsça Sudaba diýýärdiler. Keýkowus şol gyzy dileýär. Ýemeniň patyşasy muny kabul edýär we olaryň ylalaşygy pugtalanýar. Keýkowus ,bilen Sudabanyň arasynda güýçli söýgi döreýär. Olar biri-birlerine wysal ýüregini berip, biri-birleriniň husny jemalynyň aşygy bolýarlar. Zülezgar ar almagy we bolan zatlaryň çykdajysyz bolma-gyny isleýär. Ol Keýkowusy ähli leşger ýolbaşçylary we dö-wlet sütünleri bilen myhmançylyga çagyrýar. Olary aýry-aýry köşklerde oturdýar. Soňra birden olaryň ählisini tutup, tussag edýär. Keýkowusyň aýagyna zynjyr baglap, bir guýa oklaýar we guýynyň agzynda sakçylar goýýar. Ol Sudabany köşgüne çagyrmak üçin adam iberýär. Sudaba bu habary eşidip, zaryn-zaryn aglaýar we ýüzüni ýyrtyp, saçyny ýolýar. Kakasy onuň beýle ýagdaýyny eşidip, ony şol köşkde goýýar we oňa her gün bir gezek guýynyň başyna gidip, Keýkowusyň iýjek naharyny bermäge rugsat berýär. Bu habar Eýranşähre ýetýär we işler bulaşýar. Afrasyýap pursat tapyp, öz çäginden geçýär we Keýkowusyň ülkelerine hüjüm edip, halka azar berip başlaýar. Şeýlelikde, eýranlylar Zabulystana gidip, Rüstemi Keýkowusy halas etmeklige ündeýärler. Rüstem leşger bilen Ýemene ugraýar. Ýemen patyşasy oňa garşy söweşmek isle-ýär. Ol Rüstemiň güýjüni görüp, özüniň ejizligini bilýär hem-de onuň şan-şöhratyny eşidip, batyrgaýlyk edip bilmeýär. Ol Keýkowusyň ondan öňki alan ýerlerini gaýdyp bermek şerti bilen ylalaşýar. Soňra ol Keýkowusy we onuň ähli emirlerini we adamlaryny goýberýär hem-de olardan alan zatlaryny hem birnäçe esse artyk edip gaýdyp berýär. Sudabany müň keniz goşup, Keýkowusyň ýany bilen iberýär. Haçanda Keýkowus Yraga ýetende, patyşalar we ady belli adamlar ony garşyla-ýarlar. Rüstem oňa gutlag sözlerini saçýar. Soňra Keýkowus Afrasyýaba hat ýazýar. Ol öz hatynda şeýle diýýär: «Ähdi bozmak şalara we patyşalara mynasyp däldir. Biziň welaýatymyzdan alan ýerleriňi gaýdyp, eden işleriňden ötünç sorasaň biziň ylalaşygymyz öz ornunda berkär. Şonda bu iş adamlaryň peýdasyna bolar». Hat Afrasyýaba ýetende, ol akyla nälaýyk we parasatlyga nämynasyp jogap berýär. Ahyrynda olar belli karara gelip bilmeýärler. Olaryň arasynda şeýle bir gazaply uruş turýar welin, çarhy pelegiň başy aýlanyp başlaýar. Afrasyýabyň leşgeri ýeňilýär. Ol birnäçe gezek heläkçilik duzagyndan, ölüm derdinden we panylyk delillerinden halas bolýar. Onuň wagty dolmanlygy üçin güýjüň mertlerçe çalyşmasy peýda bermändir. Afrasyýap ýeňlip, yzyna dolanansoň, patyşalyk Keýkowusyň ygtyýaryna doly geçýär we onuň döwleti ýaňadan terlenýär we juwanlaşýar. Keýkowus leşgerden ötünç soraýar, olara halat berýär we mülk-ýer bagyşlaýar. Eýranyň goşunbaşylygyny Rüsteme tabşyryp, Nimruzyň, Kabulyň, Zabulyň we Hindistanyň hökümdarlygyny onuň ygtyýaryna berýär hem-de permanyny ýaňadan täzeläp, köp wagtlap parahatlykda ýaşaýar. Tefsir kitaplarynda Nemrut we Ybraýym pygamber barada, ýagny Nemrudyň dazzarkeller arkaly asmana hökümdarlyk etjek bolşy barada rowaýat edýärler. Aýdyşlaryna görä, şol Nemrut Keýkowus bolmaly. Bu kyssa meşhurdyr we taryhdyr tefsir kitaplarynda köp getirilendir. Şonuň üçin bu barada gürrüň edilmedi. Aýtmaklaryna görä, Keýkowus ejizligini we gowşaklygyny duýup, bu işiň ýaramazdygyna göz ýetirip, tutuş bir ýyllap terkidünýälik edip, bir gyrada ýaşaýar. Ol Alladan ýalkaw diläp, ötünç soraýar we gözüniň suwy bilen günäsiniň hapasyny ýuwýar. Bir ýyldan soň adamlaryň arasyna gelip, öz işini ýöredip başlaýar.
Aýtmaklaryna görä, Keýkowusyň Sudabadan başga bir aýalyndan akylly, parasatly we hüşgär ogly bolup, onuň ady Syýawuş eken. Ejesi çagany dogran wagty öz janyny ogluna bagyşlaýar we bu älem bilen hoşlaşýar. Ony terbiýelemäge adam bolmansoň, Keýkowus ony terbiýelemek üçin Rüsteme berýär. Rüstem oňa gözel ahlaklary we gowy häsiýetleri hem-de patyşalara laýyk ähli hünärleri iň gowy we gözel görnüşde öwredýär. Onuň jemaly we kemaly älem-jahana ýaýraýar. Onuň şan-şöhratynyň owazy Keýkowusyň gulagyna degýär. Atalyk mähremligi we pederlik mähri ony çagyrmaga sebäp we esas bolýar. Ol Syýawuşy getirmeklerini buýurýar. Rüstem aňrybaş hormat-sylag bilen ony Keýkowusyň huzuryna iberýär. Ol alyhezretiň huzuryna ýetensoň, kakasy onuň jemalyny görüp, hereketlerine we sypatyna aşyk bolýar we ony hormatlaýar. Bir adamyň ýa-da aýalyň gözi oňa düşse, yşk eli kalp öýünden sabyr eşigini çykarar eken. Onuň jemaly baradaky gürrüň Sudaba ýetýär we onda Syýawuşy görmek höwesi döreýär. Ol Keýkowusa şeýle diýýär: – Seniň ogluň Sistandan gaýdyp gelendigini hem-de onuň husny-jemalynyň, danalygynyň we mähremliginiň şeýle derejede bolup, älemde nakyla öwrülendigini eşitdim. Men onuň ejesi, meniň oňa bolan mähribanlygym güýçli. Ol perzendiň jemalyny görüp, oňa guwanasym gelýär. Men oňa enelik mährini görkezmek isleýärin. Eger rugsat berseň, men bir gün ony çagyraýyn. Ol bu patyşalygyň kämil derejesini görkezer. Keýkowusa bu söz ýaraýar we oňa rugsat berýär. Sudaba gaty täsin mejlis gurýar. Keýkowus ogluna ýüzlenip: – Bu gün biziň haremhanamyzyň eziz bikeleri seni görmek meýdanyna gadam goýmak isleýärler. Sen şol ýere barmaly – diýýär. Syýawuş bu işi halamaýan hem bolsa boýun bolmakdan başga çäre tapmaýar. Ol haremhana barýar. Sudaba onuň gelendigini eşidip, onuň öňünden çykýar. Ol ony ilkinji gezek gören badyna, keşbine göwün baglap, yşk dili bilen şeýle diýýär:

Bagtly gün, bagtyýar men, çünki gülüstany gördüm, Janymy seçgi edeýin, rahaty jany gördüm.

Gözellik desterhanyndan aýrylypdyr perdesi, Şol gören duzgabymdan ýüregimde şoryň ysy.

Soňra Sudaba haremhanadaky gyzlary we Keýkowusyň perzentlerini, ýagny Syýawuşyň aýal doganlaryny ugradýar. Ol Syýawuşy oturdyp, gepiň tanapyny çöşläp başlaýar. Ol söz jümleleri we üm-yşaratlary bilen ýürek syrlaryny beýan edip başlaýar. Syýawuş onuň maksadyna düşünip, derhal turup gidýär. Sudaba Züleýha kimin şol wagtyň Ýusubynyň yzyndan ylgaýar we şeýle diýýär:

Ýüregime rahat, sen ýanyma gelsene, Islegim seniňki deý goý, bolmasyn bolmasa,

Ýanynda men deý dertliň – heser zaryň başynda, Sendigiňi bilýänçäm, gel, otur sen gaşymda.

Syýawuş beýle işiň birinji gezek bolýandygyny, özüniň hem ondan utanýandygyny we heniz öňde pursatlaryň bardygyny bahana edýär. Soňra haremhanadan çykýar we Sudabany yşk söwdasynyň ataşynda goýýar. Ol harem-hanadan çykansoň, Keýkowus girýär we Sudabadan: – Meniň bu oglumy neneňsi gördüň?! – diýip soraýar. Sudaba oňa: – Eger onuň seniň perzendiňdigini bilmeýän bolsamdym, onda jennet perişdesi ony behişt bagyndan getiripdir ýa-da gün belent asmandan ýere inipdir ýa-da aý peleklerden ýer düşegine düşüpdir diýip şeklenerdim. Emma Allatagala özüniň kämil pazly-keremi, enaýaty bilen bu deňsiz-taýsyz şany ähli jahan patyşalaryndan saýlady. Haktagalanyň ony beýgelden häsiýetleriniň biri bolsa şu mynasyp perzent bolup, onuň älemde deňi-taýy ýokdur. Men ol barada oýlanyp gördüm. Mende onuň halyny tertipleşdirmek barada pikir döredi. Eger patyşa ony maslahat bilse aýdaýyn – diýýär. Onda Keýkowus: – Seniň aýdýan zadyň hak bolar. Sen oňa degişli işlerde günäkär hasaplanmarsyň. Sebäbi sen onuň öweý enesisiň – diýýär. Sudaba: – Onuň ýüregi aram tapyp, göwni rahat bolar ýaly oňa bir ýar gerek. Men häzir jahanda hiç kimi oňa taý görmeýärin. Eger maslahat bilseňiz onuň döwleti düzgünleşip, ondan dünýä inen çaganyň iki tarapy, ata-enesi sahawatly bolar ýaly gyzlarymyzyň birini oňa nikalamaly –diýýär. Keýkowus bu pikiri halaýar. Şol wagt Sudaba: – Patyşa oňa haremhana girmegi buýursyn. Men oňa gyzlary ýekän-ýekän görkezip, olaryň artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini beýan edeýin. Ol haýsyny islese şony alsyn – diýýär. Soňra Keýkowus Syýawuşa: – Meniň pikir-aladam seniň işiň üçin sarp edilýär we meniň yhlas-tagallam seniň işleriň düzgünleşmegi üçin harç edilýär. Men seniň jemalyňy görüp, şatlykdan paý alşym ýaly, seniň perzendiň jemalyny görüp, rahatlyk paýyny almak isleýärin. Bu gün jahanda öz gyzlarymdan, ýagny seniň doganlaryňdan başga saňa taý bolup biljek ýok. Olary seniň öňüňden geçirerler. Sen olardan haýsy birini halasaň, şony-da saňa bereris, şagalaňly toýdan şatlyk paýyny alarys – diýýär. Syýawuş bu işiň Sudabanyň mekiridigini we onuň bu iş bilen ony haremhana girizmek maksadynyň bardygyny aňýar. Şonuň üçin ol: – Men bir gul. Guluň ygtyýary ýok. Patyşa her kimi halasa şol halanylar – diýýär. Patyşa: – Seniň akyl-huşuňdan we parasatlygyňdan şeýle jogaba garaşsa bolar. Emma nikalaşmak ömürlik iş. Başgalaryň göwni bilen dost saýlap bolmaýşy ýaly, başgalaryň gözi bilen hem aýal isläp bolmaz – diýýär. Syýawuş haremhana gidýär. Sudaba onuň gelenini bilip, başyny gadam edip, onuň öňünde durýar we ony sylag-hormat bilen oturdýar. Soňra bezenen, beslenen gyzlary oňa görkezýär. Ol başyny aşak salyp oturan eken. Soňra Sudaba hyzmatkärlere ýüzlenip: – Siz aýrylyň, oglum sizden utanýar we gyzlaryň hünärleri we kemçilikleri barada sorap bilmeýär – diýýär. Şeýlelikde, hyzmatkärler we kesekiler çykyp gidýärler. Sudaba onuň ýanyna gelip, oňa: – Eger patyşa meniň gyzymy saňa berse neneňsi bolar? – diýýär. Syýawuş: – Ondan ýokarda-da döwlet bolarmy?! – diýýär. Şol wagt Sudaba: – Bularyň hemmesi bahana. Gepiň gysgasy şeýle. Meniň dil-u janym seniň yşkyň kemendine baglanan. Hiç ýagdaýda ondan halas bolmak mümkin däldir – diýýär.

Beýt

Seniň bilen janymy humara goýmak pikiri bardyr mende, Başyňy yra, eger-de meniňki dek pikir bar bolsa sende.

Syýawuş: – Patyşa bu pikiri gowy görmez. Men kakamyň haremhanasyna hyýanat edýän erbet perzentlerden däldirin – diýip, daşary çykjak bolanda, Sudaba oňa aslyşyp: – Sen meniň syryma ägä bolanyňdan soň, indi men send-en el çekmerin we seniň janyňa we ganyňa kast ederin – diýýär. Syýawuş: – Menden arkaýyn bol. Men hergiz seniň syryňy paş etmerin we seniň syryňy hiç kime aýtmaryn – diýýär. Ol Sudabanyň elinden sypyp, gapa barýar. Sudaba perýat edip, şeýle bir gygyrýar welin, Keýkowus onuň sesini eşidýär. Ol ýerinden turup, bu gykylygyň nämedigini bilmek üçin adam iberýär. Ilçi Sudabanyň ýanyna gelip, bolan wakany soraýar. Sudaba oňa garap: – Ol betpäl näkes maňa kast etdi we kakasynyň haremhanasynda erbetlik etdi – diýip, jogap berýär. Ilçi baryp, bu sözi patyşa aýdýar. Patyşa Syýawuşy ýanyna çagyryp: – Maňa sen barada ýürege ýakmajak gürrüň aýtdylar. Men seniň başda haremhana gitmegi islemeýändigiňi we ýigrenç bilen gidendigiňi bilýärin. Indi saňa şeýle töhmet atypdyrlar. Eger ýöňkelýän töhmet çyn bolsa boýun almak almazlykdan gowrakdyr. Eger çyn bolmasa, onda meniň bilmegim üçin hakykaty beýan et – diýýär. Syýawuş bu wakany bolşy ýaly beýan edýär. Patyşa oňa ynanýar we aýalynyň aýdanyna üns bermeýär. Sudaba bir hyzmatkäre iki hamyla aýaly tapyp, olaryň çagalaryny düşür-megi we gizlinlikde oňa getirip bermeklerini buýurýar. Hyzmatkär şol gijede onuň buýrugyny bitirýär. Iki sany dört aýlyk çagany düşürip, gije oňa gowşurýarlar. Sudaba gijesine ýene-de perýat edip, arlap, şol iki çagany öz eşiginiň arasyndan çykarýar we: – Indi Syýawuşyň maňa uran zarby şeýle netije berdi we meni şeýle renje duçar etdi. Ol patyşadan bolan iki çagany düşürdi we heläk etdi – diýýär. Kenizleriň ählisi bu ýagdaýy görüp, perýat edýärler. Keýkowus ukudan oýanyp, Sudabanyň ýanyna gelýär we ony şeýle halda görýär. Ol çagalary altyn legende goýýarlar we Sudabanyň eşigini gana bulaşan halda görkezýärler. Keýkowusyň ýüreginde ogly barada şek peýda bolýar we güman ynamdan üstün çykýar. Ol müneçjimleri we bilgiçleri çagyryp, çagalary olara görkezýär we olara çagalar barada maglumat bermeklerini, olaryň täleýini çykarmaklaryny we başardyklaryndan olaryň halyny aýan etmeklerini buýurýar. Olar ätiýaçlyk bilen bu çagalaryň Keýkowusdan we Sudabadan däldigini aýdýarlar we olaryň haýsy aýaldandygyny çak bilen aýdýarlar. Olaryň göz öňüne tutýan aýalyny getirip, haýbat atmak we gorkuzmak bilen dogrusyny aýtmaga mejbur edýärler. Sudaba aglamaga durýar we: – Ilki maňa ynanmadyň, indi men şaýat getirip, çagalary saňa görkezenimden soň hem meniň sözümi tassyklamaýarsyň. Meniň bu kynçylyklarym diňe kakamy terk edip, jandan el üzüp, seniň bilen ugurdaş bolanym üçindir. Ol aýala onuň ýalan sözläp, Rüstemden gorkup şeýle zady boýun almagy üçin köp altyn-zer wada edilipdir. Hudaýtagala zulumy söýmeýär. Men özümiň hukugym batyl bolmaz ýaly, kakamyň ýanyna gidip, ondan öz hakymy talap etjek – diýýär. Keýkowusyň Sudaba haýpy gelip: «Meniň elimde näme bar, bu barada men näme edeýin?» diýip, oý-pikire batýar we öýüne gaýdýar. Soňra ylym eýelerini çagyryp, bolan wakany olara beýan edýär. Olar: – Bu işde otdan başga hiç zat çözgütçi bolup bilmez. Biziň maslahatymyza görä, sen güýçli ot ýakyp, olaryň ikisini hem oduň içinden geçirmeli. Şonda günäkär ýanar, bigünä bolsa halas bolar – diýýärler. Keýkowusyň olaryň eden yşaratyna görä, beren permanyna laýyklykda, uly ot ýakyp, onuň arasynda geçer ýaly ýol ýasaýarlar. Soňra Syýawuşa we Sudaba ýüzlenip: «Allatagala dogruçyly ýalançydan saýgarar ýaly şu ýoldan geçiň» diýýärler. Sudaba: – Men şaýat getirdim we çagalary görkezdim. Indi her kim meniň şaýadymy ret etjek bolsa, öz delillerini getirsin – diýýär. Keýkowus ogluna: – Eger günä iş eden bolsaň ýalkaw dilemek haýyrlydyr. Biz ikimiz hem masgara bolarys, bu ar kyýamata çenli bizden galar. Eger bigünä bolsaň, ýürek karar tapyp, adamlar saňa dil uzatmaz ýaly delil getir – diýýär. Syýawuş: – Allatagala günäkäri, bigünäni we ýagşy-ýamany gowy bilýär. Eger men günäkär bolsam, onuň şumlugy maňa ýeter. Eger men bu günäden päk bolsam, dogruçyllygym meniň gözegçim bolar – diýýär. Soňra Syýawuş gara ata münüp, ak don geýip, kakasyna tagzym edýär we asmana seredip: – Eý, gizlinlikleri we syrlary biliji, Sen meniň bu günäden päkdigimi bilýärsiň. Meniň bigünäligimi görkez we meni dogruçyllaryň delili et – diýýär. Ol şu sözleri aýdyp, atyna gamçy urýar we ony oda tarap sürýär. Oduň uçgunyndan özüne hiç hili zyýan ýetirmedik we dony tüsse zerarly garalmadyk halda oduň beýleki tarapyndan çykýar. Soňra Eziz we Beýik Hudaýa şükranalyk hökmünde sejde edip, kakasynyň ýanyna gelýär we öz ornunda oturýar. Kakasy ýerinden turup, onuň ýanyna gelýär we ony gujaklap: – Allatagalanyň meni şeýle perzent bilen hormatlany üçin oňa haýsy dil bilen şükür etjegimi bilemok – diýýär. Soňra ol Sudabany jezalandyrmak isleýär. Emma Syýawuşyň araçy bolmagy bilen, ol betpäliň janyny almakdan geçýär. Syýawuşyň dogruçyllygy sebäpli, oduň uçguny oňa zeper ýetirmedi. Bu bolsa ýakyjy oduň, «ýaşaýşy düzüji» suwuň, öwsüp duran ýeliň we berk topragyň Beýik we Päk Ýaradyjynyň permany we takdyry bilendigini aňladýar. Eger ol höküm etse, olaryň her haýsysyny öz amalyndan boşadýar we biri-birlerine meşgul edýär.

Ot-ataş ýakýandyr, örän gorkuly, Emma Ybraýymy ýakyp bilmedi. Suw hem howply, bilýär ahyr gark edip, Ýöne, Musaň kowmy heläk bolmady.

SYÝAWUŞ WE AFRASYÝAP

Syýawuşy päkligini bilmek üçin otdan geçirensoňlar, Afrasyýabyň Eýrana tarap söweşe gelendigi we onuň birnäçe müň atly toplap, Balhy basyp alandygy baradaky habar gelip ýetýär. Keýkowusyň özi bu pitnäni dep etmek üçin ýola düşmek isleýär. Emma Syýawuş töhmet zerarly gamgyn we perişan bolandygy hem-de şanyň ýüreginden bu pikiriň aýrylmagy üçin kakasyndan özüni bu işe bellemegini soraýar. Keýkowus onuň haýyşyny kabul edýär we oňa: – Leşger we hazynadan näme gerek bolsa bererler – diýýär. Soňra Syýawuş oňa: – Rüstem goşunyň arkadagy we leşgeriň ýüzi hasaplanýandygy üçin ony ýoldaş tutunmakdan başga çäre ýok. Şonuň ýaly-da, meniň güýjüme güýç goşulyp, şonuň bereketi bilen bu işi amala aşyrar ýaly maňa käwiýanlylaryň baýdagy gerek – diýýär. Şa onuň islegini berjaý edýär we oňa Sistan ýolundan gidip, Rüstemi özi bilen alyp gitmäge rugsat berýär. Syýawuş batyr edermenlerden we meşhur gahrymanlardan on iki müň atlyny we on iki müň pyýadany saýlap alyp, Sistana ugraýar. Rüstem ony garşylamaga çykýar we hormat goýmak, tagzym etmek şertlerini berjaý edýär. Ol kyrk günläp, Sistanda saklanýar. Soňra ol ýerden Talykan şäheriniň üsti bilen Balha gidýär. Şol wagt Afrasyýabyň dogany Gersiwez Balhda eken. Ol leşgeriň gelip ýetendigi baradaky habary eşidip, olaryň garşysynda durup bilmejegini bilip, gaçmagy makul bilýär. Ol Termizde Jeýhunyň üstünden geçip, Afrasyýaba goşulýar. Afrasyýap oňa: «Näme üçin uruşman gaçdyň we duşmany görmän oňa ýeňsäňi görkezdiň» diýip käýeýär. Şonda Gersiwez oňa: – Rüstemiň we Syýawuşyň güýjüni we haýbatyny bilendigim üçin sebäpsiz özümi bela meýdanyna we leşgeri panylyk oýnuna ibermäýin diýdim – diýýär. Şeýlelikde, Afrasyýap onuň günäsini geçip, goşun toplamaga durýar. Afrasyýap bir gije Zahhagyň gören düýşi ýaly düýş görüp, diýseň gorkýar. Ertesi düýşüni beýan edýär we doganyndan: – Näme etmeli, bu işi nähili çözmeli we bu düýşi nädip ýormaly? – diýip soraýar. Gersiwez oňa garap: – Bu gorkuly düýş. Emma düýşüň birnäçe ýorgudy bar diýipdirler. Onuň haýyr getirmegi hem mümkin. Indi biziň olar bilen ýaraşyp, ylalaşmagymyz gerek. Şonda duşman biziň ýurdumyzdan el çeker – diýýär. Afrasyýap bu pikiri halaýar. Ol Syýawuşy we Rüstemi mertebelilik bilen ýatlap, ylalaşyk sözlerini aýdyp hat ýazýar we ony adatdan daşary sylag-serpaý bilen bilelikde Gersiwezden iberýär. Gersiwez Eýran leşgerine gelip ýetýär. Ony atdan düşürýärler we onuň getiren sylag-serpaýlaryny görüp: – Ýaraşygy ret edip we ylalaşyk ýolundan daşlaşyp bolmaz – diýýärler. Olar bilelikde şeýle hat ýazýarlar: «Eger Eýranyň welaýatlaryndan alan ýerleriňi yzyna berseň, weýran eden ýerleriňi abadanlaşdyrsaň we belli ýakyn-garyndaşlaryňdan ýüz adamy biziň ygtyýarymyzda girew goýsaň biz ýaraşyk ederis. Eger şeýle karara gelinse, ylalaşyga bil baglap bolar». Olar şeýdip Gersiwezi gaýtarýarlar. Afrasyýap olaryň hatyny görüp: – Ahyrynda ogul pul bilen aldandy – diýýär. Soňra ýüz adamy girew hökmünde olara iberýär we bellik edilen zatlary doly berjaý edýär. Şeýdip, äht we ýaraşyk pugtalanýar. Syýawuş Rüsteme: – Bu iş Keýkowusdan perman bolmazdan ýerine ýetirildi. Birden bizden ynjap, onuň bize bolan garaýşy üýtgäýmesin! Onuň huzuryna gidip, bolan zatlary beýan etmek gerek –diýýär. Rüstemiň özi alyhezretiň ýanyna barýar. Afrasyýabyň iberen köp sowgat we pullaryny görkezýär. Ol Keýkowusa eden ýaraşyklary barada gürrüň berýär. Keýkowus onuň gür-rüňini eşidip, ýerinden turýar we gaty ynjap: – Ahyrynda Afrasyýabyň hilesi we mekirligi bilen aldandyňyz. Onuň mekirlik ýalyny täsir edipdir. Ol başlary bir sany gan alyjynyň muzduna hem ýaramaýan ýüz sany näbelli adamy girew hökmünde size iberipdir. Ol olaryň zähmet hakyny bermekden dynmak üçin size iberipdir. Siz aldanyp-syňyz. Ulular öz işlerini çagalara tabşyrsalar şeýle bolýar. Şu wagt iş-işden geçipdir. Siz häziriň özünde gidip, meniň gylyçlarymy barlap görmegim üçin şol ýüz adamy meniň ýanyma ibermeli we leşger çekip, Turan ülkesiniň bir garyş ýerini hem goýman basyp alýançaňyz ýaraglaryňyzy gynyna salmaly däl. Ol ýurdy weýran et, olardan öňki ar-kinämizi al we olaryň milt edendikleriniň jogabyny ber – diýýär. Rüstem Keýkowusa garap: – Eý, patyşa, bize garşy söweşe başlamadyk bilen neneňsi söweşmek bolar?! Olar ýaraşyk gapysyny kakýan wagtlary biz nähili söweşiň gürrüňini edeli?! Biz ähdi-peýman baglaşdyk we bu işi berkitmek üçin girew aldyk. Afrasyýap biziň elimizde. Ähdi bozmagyň patyşalara we patyşalaryň hyzmatkärlerine mynasyp iş däldigini patyşa bilýändir. Eger Syýawuş bu buýrugy eşitse, gaty ynjar we işler perişanlyga düşer – diýýär. Keýkowus bu sözleri eşidip gaharlanýar we oňa: – Bu perişanlygyň seniň gapyllygyň we perwaýsyzlygyň üçin bolandygyny men bilýärin. Ýogsa, bu iş beýle bolmazdy – diýýär. Rüstem oňa: – Men haýsy zat gowy bolsa şony aýtdym. Eger patyşa bu işe özdiýenli çemeleşjek bolsa, onda bu permany başga bir adamyň üsti bilen Syýawuşa ýetirsin. Sebäbi men hergiz bu sözi oňa aýdyp bilmerin – diýýär. Onda Keýkowus: – Kabul edildi, sen bu ýerde biziň hyzmatymyzda bol. Jahan diňe bir adam arkaly abadan däldir. Eger sen bolmasaň, başgalar seniň işiňi ýerine ýetirerler – diýýär.

Beýt

Jahanda Hudaýdan enaýat bardyr, Eger Zeýt bolmasa, Amr taýýardyr .

Keýkowus Tusy iberýär we Syýawuşa şeýle habar berýär: – Şol girew edip alnan topary maňa iber. Men bolsa olary öldüreýin. Soňra Türküstana gidip, ol sebitiň ähli ýerlerini weýran et. Eger bu permana boýun egmejek bolsaň leşgeri, hazynany we käwiýanlylar baýdagyny Tusa ber we özüň yzyňa dolan. Onsoň seniň eden işiň jezasy şu ýerde berler. Tus Balha ýetip, Keýkowusyň permanlaryny ýetirensoň Syýawuş ynjap: – Men äht etdim we Allanyň adyndan kasam içdim. Allatagalanyň permany maňa Keýkowusyňkydan rüstemdir. Men onuň malyny, hazynasyny hem-de leşgeri saňa bererin, emma girew alan jemagatymy saňa bermerin. Sebäbi olary saňa bersem, men sebäpli birnäçe adam öldüriler. Dünýäde we ahyretde bu günä meniň boýnumda galar – diýýär. Soňra ol leşgeri, hazynany we beýleki zatlary Tusa tabşyrýar we girewdäkileri Afrasyýaba iberip, oňa şeýle mazmunda hat ýazýar: «Kakam bilen meniň aramda sen sebäpli agzalalyk we terslik döredi. Ol eden işim üçin meni ynjytdy we menden leşgeri we hazynany alyp, başga birine tabşyrdy. Men aladaly. Men myradyma ýetmedik we duşman güldüren halda onuň ýanyna baryp bilmerin. Men bialaç bir çet ýere gitmeli. Men seniň öz eden ähdiňe wepaly boljagyňy ýa-da bolmajagyňy bilmeýärin. Eger sende şol äht-peýmanlara bolan wepalylygyň bar bolsa, onda maňa Türküstanyň üstünden Keşmire gitmegime rugsat berseň, saňa zyýan ýetmez. Men şol ýerde bir çet ýeri saýlap, Allatagalanyň hökümine garaşyp durmak isleýärin». Bu hat Afrasyýaba ýetende diýseň şatlanyp, özüni bagty açylan, bagtyýar hasaplap, döwlet ýaşulusy, ýurt weziri we ugur tapyjy maslahatçysy bolan Pirany çagyryp, bu mesele barada ondan pikir soraýar. Piran oňa: – Sen Syýawuşy sylamaly, ony özüňe ýakynlaşdyrmaly, bu üstünligiň gadryny bilmeli, oňa ýagşy jogap bermeli. Sen anyk bilgin, hiç bir ene Syýawuş ýaly oglan dogran däldir. Şol arkaly sende we seniň ahwalyňda köp oňatlyklar bolar we ony garşy almak bilen köp üstünliklere ýetersiň – diýýär. Şeýlelikde, Afrasyýap mähremlik we göwünlik bermek bilen hatyň jogabyny ýazýar. Ol hatynda şeýle setirleri ýazypdyr: «Eger sen Türküstana gelmegi höwes edýän bolsaň, biz ikimiz bir jan bilen ýaşaýan iki ten ýaly ýa-da bir garaýyş bilen seredýän iki göz ýaly bolarys hem-de meniň mülkdar-lygym we ýerlerim seniň ygtyýaryňda bolar». Ol şeýle wadalar bilen kasam edýär. Bu hat Syýawuşa ýeten badyna, eglenmezden, Termiz suwundan geçip, ýola düşýär. Ol Mawerannahra ýetende, Piran ony garşylap, bezegli pilleri we zer esbaply ideg atlaryny peşgeş berip «Hoş geldiň» diýýär. Olar Samarkanda çenli ähli şäherleri bezäp, toý tutup, dürli merhemetleri edýärler. Şeýle şagalaňly ýagdaýda Af-rasyýabyň ýaşaýan şäheri bolan Gang şäherine ýetýärler. Afrasyýap köşgünden çykyp, pyýada Syýawuşyň öňünden çykýar. Syýawuş ony pyýada halda görüp, özi hem atdan düşýär we Afrasyýaba tagzym edýär. Afrasyýap ony gujaklap, hal-ahwal soraşyp: – Öz öýüňe gelipsiň, batyrgaý bol, men seniň myhmanyň. Eger saňa päsgel berýän bolsam, onda bir çet ýere gidip, patyşalygy saňa tabşyraýyn – diýýär. Syýawuş oňa köp alkyşlar aýdýar. Syýawuşy behişti ýatladýan bir köşkde ýerleşdirip, oňa rahatlyk, erkinlik we aýşy-eşret esbaplaryny bagyşlaýarlar. Keýkowus eden işinden puşman edýär. Onuň işleri perişanlyga düşýär. Adamlar oňa käýinç dilini uzadýarlar. Rüstem hem ondan ynjapdyr, Syýawuşdan aýrylany üçin gam-gussa çekip, älem-jahan gözüne garaňky bolup, aýralykdan ýaňa günler ýyla dönüpdir:

Ömrüme aýralyk ýüz berdi indi, Sensiz gijäm ýyldan uzak göründi.

Syýawuş Afrasyýabyň hyzmatynda emin-erkin ýaşapdyr. Ahyrynda iş myhmançylykdan giýewlige ýetýär. Afrasyýap özüniň gyzlarynyň birini Syýawuşa bagyşlap, Çyn paýtagtyna ýetip duran ýerleriniň bir bölegini onuň ygtyýaryna berýär. Syýawuş şol ýeriň bir böleginde beýik-beýik ymaratlar galdyryp, ol ýeriň adyna Syýawuşabat goýýar. Soňra ol Turan welaýatynda hiç kimde bolmadyk bir köşk gurýar. Ol köşgüň bir tarapynda kakasynyň, Rüstemiň we Eýran döwletiniň sütünleriniň suratyny, beýleki tarapynda bolsa Afrasyýabyň, Gersiweziň, Piranyň we Turan döwletiniň sütünleriniň suratyny goýýar. Ol ýerde öz parasatyna görä düzgün, kada-kanun ýöredýär. Bularyň habary Afrasyýaba ýetýär. Afrasyýap görip adamdy. Şol sebäpli gazaba münüp, Syýawuşyň kemçiliklerini we ýalňyşlyklaryny yzarlap başlaýar. Duşmanlar ikiýüzlüligiň ösenligini we şugullygyň rowaç tapandygyny görüp, Afrasyýabyň töweregine üýşüp, her gün Syýawuşyň kemçiliklerini oňa beýan edip: «Seniň leşgeriňi özüne çekýär, olara köp baýlyk berýär, pitne turuzjak bolýar» diýer ekenler. Afrasyýap bu sözleriň käbirine ynanyp, bir toparyna ynanmandyr. Ol Syýawuşy barlap görmegi ýüregine düwýär. Şeýlelikde, ol Gersiwezi ilçi edip, Syýawuşyň ýanyna iberýär we mähribanlyk we mylaýymlyk bilen: – Biz seniň jemalyň arzuwynda. Eger sen merhemet edip, eý görýänleriň bilen biziň ýanymyza gelseň, seniň bilen bilelikde bolup hem-de seniň jemalyňy görüp, şatlansak gowy bolardy – diýmegi buýurýar. Gersiwez Syýawuşy duşman saýyp, hemişe oňa göriplik eder eken. Ol Syýawuşyň ýanyna gelip, onuň tagzym edişini we boýun bolşuny görüp, ony Afrasyýabyň ýanyna äkitse, özüniň hormatynyň peseljekdigine we Syýawuşy betnam etmek ugruna edýän mekir-hileleriniň we şugullyklarynyň puç boljakdygyna hem-de patyşanyň oňa hiç zat diýmejekdigine göz ýetirýär. Şoňa görä, ol Syýawuşa: – Bilgin, birtopar kişiler patyşanyň saňa bolan garaýşyny erbetleşdiripdirler. Häzir patyşa saňa gaharlanyp ýör. Eger häzir sen onuň ýanyna barsaň, birden onuň çäre tapyş eli gysga hökümi beräýmegi mümkin. Men seniň boýun egijiligiňi we yhlasyňy gördüm. Men senden öňden gidip, seniň patyşa şeýle yhlaslydygyňy gürrüň bereýin. Soňra sen gelseň gowy bolar – diýýär. Syýawuş onuň jadyly owsuny bilen duzaga düşýär we duşmanyň gepine aldanýar. Syýawuş ony gaýtaryp, özi şanyň rugsadyna garaşýar. Gersiwez Afrasyýabyň ýanyna ýetende, ol Syýawuş barada köp gybat edip, ony ýamanlap şeýle diýýär: – Eger bu işiň pikirini tiz etmeseň, iş elden gitmegi mümkin. Her kim duşmana ynam etse, oňa hiç tebibiň düzedip bilmejek ýarasy ýeter. Afrasyýap bu sözi dogry hasaplap, özi atlanýar we Syýawuşabada barýar. Onuň gelýändigi baradaky habar Syýawuşa ýetende, ony garşylamaga çykýar. Afrasyýabyň gözi Syýawuşa düşen badyna oňa azgyrylýar. Onuň buý-rugyna görä, Syýawuşy atdan düşürip, başy açyk, aýagy ýalaňaç halda Afrasyýabyň ýanyna getirýärler. Syýawuş hernäçe ötünçler sorap, özüniň bigünädigini beýan etse-de, oňa üns berilmeýär. Ahyrynda ony çadyra eltip, Afrasyýabyň buýrugy boýunça ýatyryp, goýun kimin kellesini teninden jyda edýärler.

Şygyr

Saňa bolsun Hakyň baky salamy, Sahawata bagyşlasam senamy.

Şalyk çarbagynda açylan güldi, Emma ömri gülden has gysga boldy.

Afrasyýap eden işine ökünýär. Şol bada ýaramaz iş edendigine düşünýär we ol Gersiweze nälet okap: – Sen meni şeýle günä işe iterdiň, bu işiň soňunyň nähili boljagyny bilmeýärin – diýýär. Bu elhenç habar Eýranşähre ýetýär. Olar şeýle bir derejede ahy-nala edipdirler welin, olara asmanyň ýüregi awapdyr. Keýkowus ýas tutmaga oturýar we başyndan täjini aýryp, kellesine toprak seçýär. Rüstem zöwwe ýerinden turup, aýak ýalaň, baş açyk Keýkowusyň ýanyna barýar we: – Patyşalygyňa we bize müň duşmanyň edip bilmejek zadyny etdiň. Bu betgylyklaryň ählisi Sudaba we onuň bedasyllygy sebäpli boldy – diýip, rugsatsyz onuň haremhanasyna baryp, Sudabany daşary çykarýar we Keýkowusyň öňünde onuň kellesini kesýär. Keýkowus oňa böwet bolmaýar. Eýranlylaryň her biri ýürek awamakdandyr gam-gussasyndan ýaňa dil bilen düşündirip bolmajak işleri edipdirler. Şeýlelikde, Rüstem leşger toplap, Afrasyýaba garşy söweşmek üçin ýola düşýär we Syýawuşyň aryny almak ugrunda guşagyny biline berk guşaýar. Afrasyýap hem olaryň öňünden çykýar. Olar uruş esbaplaryny taýýarlaýarlar. Urşuň birinji güni Afrasyýap öz ogly Surhany üpjün leşger bilen olara garşy iberýär. Rüstem ilkinji hüjümde onuň ogluny agdaryp, leşgeriň köpüsini ýere ýazýar. Urşuň ikinji güni Afrasyýabyň özi urşa girýär. Haçanda uruş degirmeni aýlanyp başlanda, söweş tamdyry tutaşyp, ajal ilçisi atylyp duran peýkamyň ujy bilen ölüm habaryny adamlara ýetirip, mawy gylyjyň ýalkymyndan suw oduň uçguny ýaly bolup görnüpdir, ýer adamlaryň ganyndan ýaňa gülgün lybas geýnipdir, gylyçdyr naýzalar akyl deýin esgerleriň beýnisinde ornaşyp-dyr. Olaryň oklarynyň uçar guşy ýaýyň gysymyndan sypyp, uçup gidýärdiler. Afrasyýap duşmanyň güýjüni we leşgeriniň gowşaklygyny görüp, öz zulumynyň jezasyny tapýar hem-de nämyratlyk eli bilen uruşdan jylawyny sowup gaçýar. Ol ga-harjaň şiriň sesinden ürken sugun ýaly gaçýardy, uruşdan yza çekilende, ýel kimin toprak düşelgelerinden geçýärdi, Rüstemiň okunyň haýbatyndan keýik deý iki ýana bökýärdi, hyýalynda ömür kesjek gylyçdan gorkusyna ýylan ýaly her hine sümýärdi. Rüstem eli aždarhaly we asty läheňli halda onuň yzyndan kowýardy. Şeýdip, Gang Behişte çenli kowalaşyp gidýärler. Afrasyýap Çyna gaçýar. Olar onuň paýtagtyny talap, hazynalaryny alyp, esgerlerini gyryp, mülkdarlara we garyp-biçärelere mähremlik we mähribanlyk görkezýärler. Rüstem Keýkowusyň hem ýürekde, hem tende ejizdigini bilip, pitne döräp, perişanlyk köpeläýmesin diýip, mejburlykdan yza dolanýar we hazynalaryň hemmesini Keýkowusyň ýanyna eltýär. Afrasyýap ähdi bozmagyň ýaramaz kötegini iýýär we wadada durmazlygyň jezasyny dadýar. Bu hekaýat akylly adamlara duýduryşdyr, ýagny adamlar wadalaryna we ähtlerine wepaly bolup, şony ýörelge etmelidirler. Eger wepalylyk ýolundan daş düşseler, şol günäleri zerarly jezalandyrylýandyr.

Beýt

Bakma işin ökde alyp barşyna, Seret onuň öz ähtinde durşuna.

Eger dursa adam eden ähtinde, Çakyňdan belentdir, duýarsyň şonda.

KEÝHYSROW

Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, şol wakanyň ýüze çykmazyndan birnäçe gün öň Syýawuş bir düýş görýär we şol düýşünden özüniň möwsüminiň gutarjakdygyny aňýar. Ol aýalyny çagyryp, şeýle diýýär: «Bilgin, seniň kakaň tarapyn-dan maňa uly betbagtlyk ýeter, işler meniň islegim boýunça bolmaz. Hökman kakaň meni öldürer. Seniň maňa bolan dostluk yhlasyňy bilýärin. Kakaň hem seniň meni gowy görýändigiňi bilýär.

Umuman Keýhusrow Alp Är töňňäni öldürtýär.