Absolýut ideýa
Absolýut ideýa - obýektiw ideýalizmiň pelsepe sistemasynda esasy düşünjeleriň biri. Onuň esasy wekilleri belli nemes filosofy Gegel we onuň pelsepe sistemasyny dowam etdirijilerdir. Obýektiw ideýalizmiň beýleki görnüşleri ýaly, absolýut ideýa hem tebigatdaky we jemgyýetdäki hemme zatlary döreden, olaryň ýaşamagyny, üýtgemegini kesgitleýän maddy dünýäden ýokary bir ruhy başlangyçdyr diýip ykrar edýär. Obýektiw idealistler ol ruhy başlangyja baky ideýa, dünýä ruhy, dünýä erki diýýärler. Gegeliň Absolýut ideýasynyň beýleki obýektiw idealistik taglymatlardan düýpli tapawudy - onuň pelesesiniň dialektiki idealizm sistemasy bolanlygydyr. Marksizmiň düýbüni tutujylar Gegeliň pelsepesiniň gymmatly tarapyny - dialektikasynyň peýdaly ýerini tankydy analiz esasynda alyp, onuň mistiki, idealistik taraplaryny taşladylar. Absolýut ideýa düşünjesi adamlaryň özünden üzňeleşdirilen hem absolýutlaşdyrylan adam paýhasydyr diýip, dialektiki materializm görkezýär.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.14-15