Abhaz dili
Appearance
Abhaz dili (abh. Аԥсуа бызшәа)- iberiýa-kawkaz dilleriniň abhaz-adyg toparyna girýän dil. Abhaz dilinde Abhaziýanyň ilaty gepleýär. Abhaz dili abjuý we bzyb dialektlerinden ybarat bolup, edebi dili abjuý dialektiniň esasyndadyr. Abhaz diliniň elipbiýi 1892 ýylda rus alymy P. K. Uslar tarapyndan rus grafikasynyň esasynda düzülýär. 1926 ýylda N. Ý. Marryň analitiki elipbiýiniň, 1928 ýylda latyn, 1938 ýylda gruzin we 1954 ýylda rus elipbiýiniň esasynda abhaz diliniň elipbiýi düzülýär.
Bu dunýasy dili makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |