Mazmuna geçiň

Ibn al-Mukaffa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Abdylla Mukaffa sahypasyndan gönükdirildi)
Ibn al-Mukaffa

Abdylla Mukaffa (Abu Muhammet Abdylla ibn al-Mukaffa, 724-759) - arap ýazyjysy. Terjimeçi. Abdylla Mukaffa döredijilik işine 20 ýaşynda başlaýar. Ol ilki Omeýýat halifi Merwan ibn Hubeýriň, soň onuň dogany Dawut ibn Hubeýriň, häkimiýetiň Apbasylara geçmegi bilen bolsa Ahwazdaky dikme Isa ibn Alynyň köşgünde işleýär. Yslam dinini hem şol döwürde kabul edýär. Ol Isa üçin köp ese ýazypdyr, onuň ýegenlerini okadypdyr. Ony al-Masuryň Basradaky dikmsi Sufýan ibn Muawiýa ele salyp, ilki çapyşdyrýar, soňra bolsa peçde ýakýar. Abdylla Mukaffa biçak asylly, ylymly, pähimli, ynsanperwer adam bolup, özüniň gysga ömründe fars şalary hakdaky "Hudaýnama", farslaryň däp-dessury, medeniýeti hakdaky "Aýynnama", Nowşirwan adyl hakdaky "At-Täç", adalatlylaryň durmuşy hakdaky "Addürrül ýetime we al-jöwhera as-samina", meşhur gozgalaňçy hakdaky "Mazdak" ýaly taryhy kitaplary, Aristoteliň "Kategoriýalar", "Analitika" ýaly filozofiki kitaplaryny farsçadan arapça geçiripdir. Özü bolsa "Risalat as-Sahaba" ("Sahybalar hakda traktat"), "Al-eden al-kebir" ("Beýik işler hakda nesihat"), "Al-edep al-sagyr" ("Ownuk işler hakda nesihat") ýaly birnäçe gymmatly eser ýazypdyr. Ylaýta-da ol maryly Barzuýäniň (6-njy asyr) sanskritten pählewi diline geçiren "Kalyla we Dimna" atly hindi eposyny arapça çeper terjime edenligi bilen meşhurdyr, çünki bu epos şondan soň ispan, latyn, ýewreý, fars, frek, iňlis, italýan, golland, türk, nemes, fransuz, gadymy slawýan dillerine terjime edilip, dünýäniň köp ýerlerine ýaýrapdyr. Bu epos SSSR-de hem rus, azerbaýjan, özbek dillerinde neşir edildi.