Mazmuna geçiň

Alamberdaryň mazary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(ALAMBERDARYŇ TÜRBESI sahypasyndan gönükdirildi)

(XI asyr)

Atamyrat (Kerki) şäherinden 12 kilometrlikde Muitasiriň türbesi ýerleşýär. Ýerli ilat ony Alamberdaryň ýa-da Alamdar tugçynyň - “baýdak göterijiniň” mazary diýip atlandyrýar. Rowaýata görä ol halyf Alynyň harby serkerdesi bolupdyr. Rowaýatda şeýle diýilýär : “Bir gezek Alamberdaryň nökerleri çölde suwsuzlykdan horlanypdyr. Alamberdar guýy gözlemäge ugrapdyr hem-de özi azaşmaz ýaly esgerlerinden gije ot ýakmagy haýyş edipdir. Suw tapyp Alamberdar ýalňyşlyk bilen duşmanlaryň oduna barypdyr we olar tarapyndan öldürilipdir”. Taryhy çeşmeler orta asyrlarda Zemm etrabynda 1004-1005-nji ýyllarda Samany hökümdary Abu Ybraýym Ysmaýyl Muntasiriň öldürilendigine we şu ýerde jaýlanandygyna şaýatlyk edýär.Alamberdaryň mawzoleýi Türkmenistanda XI asyr migmarlygynyň (arhitekturasynyň) iň oňat nusgalaryndan biridir. Planynda inedördül (10,35 metr) bolan bu uly jaý arka paruslarynyň üstünden gümmez bilen örtülen otaglydyr. Inedördül (27 × 27 × 4,5 sm) bişen kerpiçden we figuraly kerpiçden nagyşalanypdyr. Örüm bilen edilen öň ýüzüniň timarlanyşy aýratyn gyzyklydyr. Çüňkleri sekiz gyraňly sütünler bilen berkidilipdir. Girelgesi çaklaňrak peştag (portal) bilen, onuň taraplary bolsa üsti arkaly nagyşly örülen tagçalar bilen haşamlanypdyr.