Forbes

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(“FORBES” žurnaly sahypasyndan gönükdirildi)

“FORBES” žurnaly 1999-njy ýyldan bäri meşhur hem-de gurply adamlaryň sanawyny düzüp, olaryň durmuşy, gyzyklanýan pişesi, işinde gazanan üstünlikleri dogrusynda makalalary çap edýär. Ýyldyzlar, telekeçiler,syýasatçylar we görnükli adamlar hakynda berilýän maglumatlar halk arasynda uly gyzyklanma bilen kabul edilensoň, “FORBES” žurnaly şu ugur boýunça ymykly meşgullanyp başlady. Indi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem dünýäniň görnükli adamlarynyň durmuşy ,işi,baýlygy hakyndaky maglumatlary şu žurnala salgylanyp beýan edýäler.

“FORBES” žurnalynyň seljermelerine görä,sungat işgärleriniň arasynda aýdymçy Jenifer Lopes 2012-nji ýylynda iň baý we meşhur zenany diýip yglan edildi. Ol Amerikanyň teleýaýlymlarynyň biriniň alyp baryjysy Opru Uinfriden(2-nji orun), aýdymçy Jastin Biberden(3nji orun),aýdymçy Riannadan(4-nji orun) hem-de aýdymçy Ledi Gagadan (5-nji orun) saýlanmagy başardy. Aýdymçy hem-de aktrisa “American Idol” bäsleşiginiň emin agzasy bolmak,Gilette,L’Oreal,Fiat hemde TOUS şereketleriniň mahabatyna gatnaşmak,kino surata düşmek ,konsertlerde çykyş etmek hem-de öz hususy telekeçiliginiň girdejisini artdyrmak(onuň täze çykaran atyrynyň özi eýýäm 2 millard dollar girdeji getirdi) bilen şeýle uly orna,ýokary derejä eýe boldy.

Suratkeş-floraçy Aýrýan Galstýanyň döreden köýnegi dünýä zenanlarynyň arasynda taryp ediji seslenmelere mynasyp boldy. Bu köýnek diňe zenanlary däl,eýsem,erkekleri hem biňarh goýmady. Täsin köýnegiň görkezilişi uly dabara bilen geçdi. Sebäbi ukrain dizaýneri ony Ginnesiň rekordlar kitabyna hem hödürledi. Okajylarda “Köýnek haýsy biçüwi bilen haýran galdyrýarka? “ diýen sowalyň ýüze çykmagy ahmal. Köýnek , dogurdanam ,örän owadan hem-de täsin. Uzynlygy 11,92 metre barabar bolan köýnek 10 000 sany benewşe reňkli ter orhideýa gülleri bilen bezelipdir.Güller solmaz ýaly,köýnek iki gat matadan: asty atlazdan , üsti gara mahmaldan ybarat. Ýagny atlaz çyglylygy saklaýar, mahmalyň sütüjekleri bolsa toprak mysaly gülleri çygly saklaýar. Bir ýylyň dowamynda tikilen bu köýnegi köpçülige görkezmek üçin uly zal gerek boldy. Ony “Älem gözeli - 2011” bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolan ukrain gözeli Olesýa Stefanko geýdi. Köýnek aşa uzyn bolonsoň, her tarapyndan 5 gyz onuň etegini götermeli boldy. Umuman , A.Galstyan maksadyna ýetdi. Ol döreden gözel lybasy bilen ukrain rekordlar kitabyna girmegi başardy.