Ýuliýa Lipniskaýa Wýaçeslawowna

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Ady: Ýuliýa Lipniskaýa Wýaçeslawowna

Düzüminde çykyş edýän ýurdy: Rossiýa

Doglan wagty: 1998-njy ýylyň 5-nji iýuny

Doglan ýeri: Ýekaterinburg, Rossiýa

Boýy: 158 sm

Tälimçisi: Eteri Tutberidze, Sergeý Dudakow

Horeografy: Ilýa Awerbuh

Ýaşaýan ýeri: Moskwa, Rossiýa

Sportda gazanlary

ISU sistemasy boýunça iň gowy netijeleri:

Summa: 209.36

Gysga programmada: 72.90

Erkin programmada: 139.75

Ýewropa çempionatlary: 2014 Budapeşt - Altyn medal (ýekelikde typmakda)

Ýuliýa Lipniskaýa Wýaçeslawowna - rus figuristkasy, ýekelikde typmakda çykyş edýär. 2014-nji ýylda Ýewropaň çempiony, 2012-nji ýylda ýuniorlaryň arasynda dünýä çempiony, 2013-nji ýylda ýuniorlaryň arasyndaky dünýä çempionadynyň wise-çempiony, 2013/2014 sezonda Gran-pri finalynyň kümüş medalynyň eýesi, 2012-nji we 2014-nji ýyllarda Rossiýanyň çempionadynyň kümüş medallarynyň eýesi, 2012-nji ýylda ýuniorlaryň arasynda Rossiýanyň çempiony. Rossiýanyň halkara derejeli sport ussady. Konkide typýanlaryň halkara soýuzynyň (ISU) 2014-nji ýylyň ýanwaryndaky reýtinginde 3-nji orny eýeleýär.

Ýuliýa buz bilen ejesi ony 4 ýaşyndaka sport mekdebine alyp baranda tanyşýar. Sportda has ýokary basgançaklara galmak üçin Ýekaterinburgda mümkinçilikleriň bolmanlygy sebäpli 2009-njy ýylyň martynda Moskwa gidýär we Eteri Tutberidzäniň toparyna goşulýar. Onuň dünýäde iň çylşyrymly aýlawlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän tebigatdan berlen adaty bolmadyk çeýeligi bar.

2014-nji ýylyň Ýewropa çempionadynda öz watandaşy Adelina Sotnikowany hem-de dünýäniň bäş gezek çempiony italiýaly Karolina Kostneri yzda galdyrýar we ilkinji gatnaşýan çempionadynda ilkinji ýeri eýeleýär. Ýuliýa şol çempionada gatnaşanlaryň içinde ýaşy boýunça iň kiçisi (15 ýaş) hem bolýar.

Lipniskaýa 8-nji fewralda dowam edýän XXII gyşky olimpiýa oýunlarynda Rossiýanyň düzümindäki ilkinji çykyşynda (gysga programmada) hem birinji ýeri eýeläp, toparlaýyn ýaryşlarda öz ýygyndysyna 10 oçko getirdi we özüniň üýtgeşik talanty, ussatlygy, ýaşynyň kiçidigine garamazdan müňlerçe (ekranlarda seredip oturanlary hasaba alsaň millionlarça) adamyň öňünde ynamly çykyş etmegi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem ol gysga programmada öz şahsy rekordyny (72.90) goýdy.

9-njy fewralda ikinji çykyşynda (erkin programmada) hem birinji ýeri eýeläp, toparlaýyn ýaryşlarda öz ýygyndysyna ýene 10 oçko getirdi we Rossiýanyñ olimpiadadaky ilkinji altyn medalyny gazanmagynda esasy rol oýnady. Şeýlelikde öñki bar bolan atlarynyñ hataryna olimpiýa çempiýony diýen has abraýly at hem onuñ ilkinji olimpiadasynda goşuldy. Şeýle hem ol erkin programmada öz şahsy rekordyny goýdy.