Mazmuna geçiň

Ýaponiýa XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(ÝAPONIÝA XX asyryň 50-60-njy ÝYLLARYNDA sahypasyndan gönükdirildi)

Ýaponiýa XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda – Ýaponiýa 1950 we 1960-njy ýyllarda.

Ýaponiýanyň ykdysady taýdan galkymnagy

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýaponiýanyň ikinji jahan urşunda ýeňilmegi ýapon halky we bu ýurduň geljegi üçin bähbit boldy. Uruş netijesinde ýapon militarizmi ýok edildi. Ýaponiýanyň dolandyryjy toparlary tarapyndan saýlanyp alnan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň halklaryny ezmek syýasatynyň soňuna çykyldy. Uruş gutaransoň Ýaponiýany birnäçe wagtlap amerikanlar dolandyrdy. Olaryň geçiren ykdysady we syýasy özgertmeleri jemgyýetiň sosial düzüminiň, syýasy gurluşynyň üýtgemegine täsir etdi. Obada pomeşik ýer eýeçiligi, feodal galyndylar ýok edilip, ýer daýhanlara berildi.

“Sowuk uruş” syýasatynyň başlanmagy Ýaponiýanyň ykdysady taýdan galkynmagyna itergi berdi. ABŞ Ýaponiýany özüniň esasy garşydaşy SSSR-e garşy ulanmak isleýärdi. Ýaponiýanyň bolsa özüniň demirgazyk goňşusyndan asgyndygy görnüp durdy. Onuň goşuny dargadylypdy. Üstesine-de, ykdysadyýeti gözgyny haldady. Edil Germaniýa babatda bolşy ýaly, ABŞ özüniň Ýaponiýa bolan gatnaşygyny üýtgetdi : ol onuň duşmanyndan SSSR-e garşy göreşinde esasy daýanjyna öwrüldi.

Ýaponiýanyň dünýä ykdysady merkezleriniň birine öwrülmegi

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýurduň maliýe durmuşyny kadalaşdyrmak üçin 1949-njy ýylda döwlet çykdajylary azaldylyp, salgytlar artdyryldy. Bu çäräniň netijesinde dolanyşykdaky pul azaldy. Puluň hümmetsizlenmeginiň öňi alnyp, ien durnuklaşdy. Amerikanlar öweztölegini almagy bes etdiler. 1950-nji ýylda koreý urşunyň başlanmafy bilen ýapon senagatyna harby buýurmalar hasam artdy. Zähmet öndürijiligi iki esse artdy. 1951-nji ýylda Ýaponiýa onuň uruşdan öňki derejesine ýetmegi başardy.

50-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap ýapon ykdysadyýeti haýran galdyryjy ösüşiň zolagyna gadam basýar. Onuň 15 ýyldan gowrak dowam eden ilkinji tapgyrynda ýurduň ösüşiniň depgini Günbataryň ähli döwletlerinden ýokary boldy. 1961-1970-nji ýyllarda bu görkeziji 11 %-te barabar boldy. 1951-1970-nji ýyllarda önüm öndürilişiniň ortaça ýyllyk depgini 14,6 %-te deň boldy. Bu görkeziji şol wagt kapitalistik dünýäde 5,5 %-te deňdi. Jemi milli önümiň möçberi boýunça Ýaponiýa 1968-nji ýylda Fransiýadan, Beýik Britaniýadan we GFR-den ozup, Günbatarda ikinji orna geçdi. Şol bir wagtyň özünde ol polat öndürmek, gämi gurluşygy, radiopriýomnikleri, telegörkezijileri, magnitofonlary we wideomagnitofonlary, kagyz köpeldiji maşynlary we fotoapparatlary öndürmekde dünýäde birinjiligi eýeledi. Hut şu döwürden başlap Ýaponiýanyň dünýädäki ähmiýeti hasam artyp başlady.

Aram demokratlar häkimiýet başynda

[düzet | çeşmäni düzet]

Uruşdan soňra Ýaponiýada buržuaz partiýalary özlerini “dargadyp”, liberal we progressiw partiýalary döredýändiklerini yglan etdiler. Emma olaryň reaksion düzgüni saklap galdyrmak, demokratik eglişikleri etmezlik ýaly baş maksatlary öňküligine galdy. Urşuň yzysüre häkimiýet başyna Sideharanyň ýolbaşçylygynda maliýe magnatlarynyň topary geldi. Biraz wagtdan soň hökümete Sigeru Iosida ýolbaşçylyk etdi. 1946-njy ýylyň parlament saýlawlarynda buržuaz partiýalary ýeňiş gazandy. Iosidanyň hökümeti ýapon reaksion dolandyryjy toparlarynyň bähbidini araýan birnäçe özgerdişleri durmuşa geçirdi. Özüniň çäkli taraplarynyň köpdügine garamazdan 1946-njy ýylda ýurtda konstitusiýanayň kabul edilmeginiň ähmiýeti uludy.

1948-nji ýylda Asidanyň kabineti hökümet başyna geldi. Şol ýylyň martynda Iosidanyň ýolbaşçylygynda täze partiýa – liberal-demokratik partiýa döredildi. ABŞ bilen birtaraplaýyn şertnamanyň baglaşylmagyndan soň Iosidanyň hökümeti ýapon harby güýçlerini we flotyny dikeltmäge girişdi. 1954-nji ýylyň martynda ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasynda “özara goranmak maksady bilen birek-birege kömek bermek baradaky ylalaşyga” gol çekdiler.

Premýer-ministr Hatoýamo Itironyň döwründe-1956-njy ýylda Ýaponiýa bilen SSSR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklary dikeltmek hakda bilelikdäki jarnama gol çekildi. Oňa görä kagyz ýüzünde iki ýurduň arasynda uruş ýagdaýynyň bes edilýändigini yglan edilýärdi. Jarnama baglaşylmagynyň öň ýanyndaky gepleşiklerde Ýaponiýa Günorta Kuril adalaryna degişli Iturup, Kunaşir, Şikotan we Habomaýi adalaryny yzyna bermegi talap edýärdi. Ýaponiýa bu adalary SSSR-iň 1945-nji ýylda zor bilen alandygyny öňe sürýärdi. Jarnamada SSSR ýaraşyk şertnamasy baglaşylandan soň bu adalary yzyna berjekdigini aýtdy. Emma bu iki döwletiň arasynda henize çenlem ýaraşyk şertnamasy baglaşylanok, adalar meselesi-de dawaly bolmagynda galýar Liberal-demokratik partiýanyň öňbaşçylarynyň biri Kisiniň premýer-ministr bolan döwründe Ýaponiýa amerikan ugry bilen ösdi. 1953-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-yň wise-prezidenti R. Niksonyň Ýaponiýa “hoşmeýilli” sapary ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna badalga boldy.

Ýaponiýanyň ABŞ-yň yzyna eýermek syýasaty tä 70-nji ýyllara çenli dowam etdi. Şundan soň bu iki döwletler öz arasyndaky syýasaty 180 gradus başga tarapa öwürdiler. ABŞ-yň Ýaponiýadan bidin Hytaý bilen gatnaşyklaryny dikeltmegi Ýaponiýany hem öz goňşusy bilen gatnaşyklaryny dikeltmäge mejbur etdi.

LDP 40 ýyldan gowrak Ýaponiýany dolandyrdy. Premýer-ministr baradaky meseläniň parlamende däl-de, partiýanyň öz içinde çözülmegi birnäçe garşydaş fraksiýalary häkimiýet ugrundaky göreşe öjükdirdi. Bu bolsa häkimiýetden betniýetlilik bilen peýdalanmagyň, korrupsiýanyň ösmegine getirdi. “Lokhidiň” işi partiýanyň abraýyny hasam peseltdi (1976-njy ýylda amerikan awiagurluşyk kärhanalarynyň özüne amatly şertnama baglaşmak üçin ýapon hökümetine para berendiginiň üsti açyldy). Emma LDP häzirem Ýaponiýada esasy dolandyryjy partiýa bolmagynda galýar.

Işçiler hereketi we syýasy garşylyklar

[düzet | çeşmäni düzet]

Uruşdan soňky ýyllarda Ýaponiýada demokratik hereket giňden ýaýbaňlandy. Makarturyň ýolbaşçylygyndaky amerikan basybalyjy düzgüni we ýapon hökümeti Ýaponiýanyň Kommunistik partiýasyna açyk işlemäge mümkinçilik bermäge mejbur boldy. Kärdeşler arkalaşyklary öz işini işjeňleşdirdi. 1945-nji ýylda Sosialistik partiýa döredildi. Zähmet hakyndaky kanun 8 sagatlyk iş gününi düzgünleşdirdi.

1949-njy ýyldaky parlament saýlawlarynda Kommunistik partiýa uly üstünlik gazandy : onuň 35 deputaty parlamente girdi.

Ýapon hökümetiniň milli garaşsyzlygyň bähbitlerine ters gelýän amerikan ugruny ýöretmegi ýapon halkynyň närazylygyny barha güýçlendirdi. 1952-nji ýylyň 1-nji maýynda Tokionyň köçelerinde milli garaşsyzlygy we parahatçylygy talap edýän adamlaryň gany nähak döküldi. Hökümet işçileriň çykyşlaryny basyp ýatyrmak üçin “bidüzgünçilik hereketleriniň öňüni almak barada” kanun çykardy. Indi ol öz garşydaşlaryny ýok etmek üçin hiç hili gypynçsyz hereket etmäge başlady.

Hökümetiň ýapon ýaragly güýçlerini aç-açan dikeltmäge girişmegi ýapon jemgyýetindäki syýasy garşylyklary hasam ýitileşdirdi. Parlamentiň aşaky palatasy hökümete ynam bildirmezlik barada karara geldi. Iş başyndan gitmek islemeýän premýer-ministr Iosida aşaky palatany ýatyrdy. Jeza beriş çäreleri güýçlendirildi. Kompartiýanyň ýurdy ýaragsyzlandyrmak üçin bütewi fronty döretmek baradaky tagallalary netije bermedi.

Kisiniň hökümeti ABŞ bilen “howpsuzlyk baradaky şertnamanyň” möhletini uzaltmak isleýärdi. Ol muny parlamente tassyklatmak üçin zorluk ulandy. 500 sany poliseý “diýen etmezek” deputatlary güýç bilen zaldan çykardy.

Ýapon jemgyýetiniň ösüşiniň aýratynlyklary

[düzet | çeşmäni düzet]

Baknalyk döwründe kapitalistik döwletleriň baknasyna öwrülmän, gaýtam özi gowşak goňşularyny bakna eden, II jahan urşuna bakna mülklerini giňeltmek maksady bilen gatnaşan, emma masgara bolup ýeňlen Ýaponiýanyň geçen asyryň ikinji ýarymynda dünýäniň ykdysady merkezleriniň birine öwrülmeginiň syry nämede-kä?!

Ýapon “gudratynyň” üstünligi ozaly bilen döwletiň ykdysady syýasatyna bagly bolup durýar. Bu syýasat Ýaponiýanyň halkara derejesinde abraýyny ýokarlandyrmaga, söwda we telekeçilige goldaw bermäge, ylmyň, bilimiň ösmegine hemeýat etmäge gönükdirilendir.

Uruşdan soňky ýyllarda ýaponlar jemgyýeti umumymilli ösüşiň hasabyna ilerletmegiň hatyrasyna berk düzgün-nyzamly zähmet çekmegi öwrendiler. Olar kesekiniň tejribesini öwrenmegem özlerine kiçilik bilmediler. Iň esasysam olar öwrenen zatlaryny köre-körlük bilen ulanmadylar. Ýapon ussatlary daşary ýurt tejribesini özlerindäki medeni-milli aýratynlyklar bilen utgaşdyryp ornaşdyrdylar. Başgaça aýdanymyzda, Ýaponiýa “Gündogar bilen Günbatary” sepleşdirip, “kebşirlemegi” başardy. Hut şu sepleşikde hem kämilleşmegiň ýapon nusgasynyň syry jemlenýär.

Uruşdan soňra ýurtda geçirilen agrar özgerdişler fermerler üçin öndürilen senagat harytlaryny (enjamlary, dökünleri) ýerleşdirmäge iri bazary döredipdi. Amerikanyň “ganatynyň” aşagynda bolan Ýaponiýa goranmak üçin beýleki döwletler üçin ep-esli az mukdarda çykdajy çykarýardy. Konstitusiýa laýyklykda harby çykdajylaryň ýylda jemi milli önümiň 1 %-den artykmaç mukdarda bolmagy gadagandy. Munuň öwezine Ýaponiýa özüniň senagatyna beýleki ýurtlaryňkydan köp goýum goýmagy başardy. Bu hem ýaponlaryň puly köp sowman, ony tygşytlap tutmak häsiýeti bilen baglydy. Banklaryň üsti bilen bu süýşürintgiler önümçilige maýa goýumy hökmünde gaýdyp gelýärdi.

Harytlary ýurduň daşyna çykarmak (eksport) ýapon ykdysadyýetiniň özboluşly herekte getirijisi bolup çykyş edýärdi. Ýaponlaryň üstünliginiň syry diňe bir olaryň önüminiň özboluşlulygynda (originallyk) hem däl-de, olaryň arzanlygyndady. Işçi güýjüne çykdajylaryň az sarp edilmegi harydyň gymmatynyň arzan düşmegine mümkinçilik berýärdi. Ýapon işçileri, inženerleri öz işini ýokary derejede bilýän, has düzgün-nyzamly hünärmenlerdi. Hakyna tutmagyň özboluşly däbi bardy : işçiler haýsydyr bir firma esasan tä pensiýa çykýança işe alynýardy. Işgäriň öz firmasyna wepalylygy höweslendirilipdir. Firma iň bir kynçylyga düşen pursaty hem öz işgärini işden boşatmazlyga çalşypdyr. Şonuň üçin ýurtda işsizlik azdy.

Ýaponiýa häzirki wagtda dünýäde öndürilýän gämileriň ýarysyny, magnitofonlaryň 80 %-ni öndürýär (bu sanawy ýene-de uzaltmak mümkin). Özem şu zatlar energiýa çeşmesine we çig mala garyp, onuň doly diýen ýaly daşary döwletlerden satyn alynýan ýurdunda öndürilýär. Gysgaça aýdanymyzda, Ýaponiýa ylmyň we ertirki günüň tehnikasynyň merkezidir. Ösen magaryfly, saglygy goraýyşly, adamlaryň durmuş goraglylygy kepillendirilen, baý we gülläp ösýän ýurtdur.

1. 50-60-njy ýyllarda işçiler hereketiniň we syýasy garşylyklaryň ýitileşmegine nämeler sebäp boldy?

2. Ýapon “gudraty” näme? Ol nämäniň hasabyna gazanyldy?

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1994-nji ýylyň ahyrynda Rumyniýa ilkinji resmi sapary boldy. Saparyň barşynda resmi iş kagyzlarynyň 10 sanysyna gol çekildi.