Wiktoriýa köli

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Lake Victoria 1973 Sunset2.jpg

Wiktoriýa (Wiktoriýa-Nýanza, Ukerewe, iňl. Lake Victoria, Victoria Nyanza, suah. Ziwa Victoria, Viktoria Nyanza, Ziwa Nyanza) — Gündogar Afrikada Tanzaniýanyň, Keniýanyň hem-de Ugandanyň territoriýalarynda ýerleşýän köl. Gündogar Afrika platformasynyň tektoniki egrelmesinde 1134 m belentlikde ýerleşýär. Ol Afrikanyň iň uly kölüdir.

Köli 1858-nji ýylda britan syýahatçysy John Hanning Speke açýar we oňa şa zenan Wiktoriýanyň hormatyna at berýär.