Gresiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Git we: ulan, gözle
Gresiýanyň baýdagy

Gresiýa (öz atlandyryşlary — Ellada (grek. Ελλάδα [eˈlaða]), resmi ady — Grek Respublikasy (grek. Ελληνική Δημοκρατία [eliniˈci ðimokraˈtia]); taryhy ady — gad.-grek. Ἑλλάς [helːˈas]) — Ýewropanyň günortasynda, Balkan ýarymadasynda döwlet. Ol demirgazykda Albaniýa, Makedoniýa Respublikasy we Bolgariýa, demirgazyk-gündogarda — Türkiýe bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny gündogarda Egeý deňzi, günbatarda — Ioniýa deňzi, günortada — Ortaýer deňzi hem-de Krit deňzi ýuwýar. Ýurda halkyň — grekleriň etnonimi boýunça at berilýär.

Paýtagty — Afiny şäheri.