Daniýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Daniýanyň älem giňişliginden görnüşi

Daniýa (dat. Danmark [ˈd̥ænmɑɡ̊]), resmi ady — Daniýa Korollygy (dat. Kongeriget Danmark) — Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän döwlet, Farer adalary bilen Grenlandiýany hem öz içine alýan Daniýa Korollygynyň döwletleriniň arkalaşygynyň uly agzasy. Ol Skandinaw ýurtlarynyň iň günortadakysy bolmak bilen, Şwesiýanyň günorta-günbatarynda we Norwegiýanyň günortasynda ýerleşýär, günorta tarapynda bolsa Germaniýa bilen guryýer serheti bar. Daniýanyň kenarlaryny Baltika we Demirgazyk deňizleri ýuwýar. Ýurduň territoriýasyna uly Ýutlandiýa ýarymadasy (dat. Jylland) we Dat Arhipelagynyň 409 sany adasy girýär, ol adalaryň 90 sanysynda ilat ýaşaýar, olaryň iň bellileri Zelandiýa (dat. Sjælland), Fýun (dat. Fyn), Demirgazyk Ýutlandiýa (dat. Vendsyssel-Thy), Lolland, Falster we Bornholm adalary bolup durýar.