Gün ulgamy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Gün ulgamynyň jisimleriniň orbitalary, masştabda (sagadyň diliniň ugruna ýokardan çepden başlap)

Gün ulgamy — merkezdäki ýyldyz bolan Güni we onuň daşyndan aýlanýan ähli tebigy asman jisimlerini öz içine alýan ulgam. Ol takmynan 4,57 milliard ýyl mundan ozal gaz-tozan buludynyň grawitasion gysylmagy arkaly emele gelipdir.

Gün ulgamyndaky jisimleriň massasynyň uly bölegi Günüň özüne degişli bolup durýar; galan bölegi bolsa, tas töwerekleýin diýen ýaly orbitalary bar bolan we tas diýen ýaly tekiz disk görnüşindäki ekliptika tekizliginiň çäginde ýerleşýän sekiz sany otnositel özbaşdak planetadan durýar. Ulgamyň jemi massasy — 1,0014 M töweregi.

Gün ulgamy Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň düzümine girýär.

Planetalary we kiçi planetalary deňeşdirýän tablissa[düzet | çeşmäni düzet]

Dykyzlykdan, Güne we hemralara bolan aradaşlykdan başga aşakdaky ähli parametrler Ýeriň maglumatlaryna bolan gatnaşyklaryna görä berilýär.

Planeta
(kiçi planeta)
Diametr, otnositel Massa, otnositel Orbita radiusy, a. b. Aýlanyş periody, ýer ýyly Gije-gündiz, otnositel Dykyzlyk, kg/m³ Hemralar
Merkuriý 0,382 0,06 0,38 0,241 58,6 5427 ýok
Wenera 0,949 0,82 0,72 0,615 243 5243 ýok
Ýer[1] 1,0 1,0 1,0 1,0 1,0 5515 1
Mars 0,53 0,11 1,52 1,88 1,03 3933 2
Serera 0,074 0,000013 2,76 4,6 0,46 ~2000 ýok
Ýupiter 11,2 318 5,20 11,86 0,414 1326 67
Saturn 9,41 95 9,54 29,46 0,426 687 62
Uran 3,98 14,6 19,22 84,01 0,718 1270 27
Neptun 3,81 17,2 30,06 164,79 0,671 1638 14
Pluton 0,098 0,0017 39,2 248,09 6,3 2203 5
Haumea 0,032 0,00066 42,1 281,1 0,03 ~1900 2
Makemake 0,033 0,00065 45,2 306,28 1,9 ~1700 ýok
Erida 0,1 0,0019 68,03 561,34 1,1 ~2400 1
Güne bolan aradaşlyk: 1) Merkuriý 2) Wenera 3) Ýer 4) MarsAsteroidler guşaklygy — 5) Ýupiter 6) Saturn 7) Uran 8) NeptunKoýperiň guşaklygy
Planetlaryň we Günüň ölçegleriniň takmynan gatnaşygy. Planetalaryň aradaşlyklar masştaba görä däl. Gün çep tarapda görkezilýär.

Bellikler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Absolýut bahalar Ýer makalasynda getirilýär.

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]