Mars

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Mars (1980)

Mars, Myrryh[1] (simwoly: ♂) Gün ulgamynda Günden uzaklygy boýunça dördünji planeta. Günüň töwereginde ondan ortaça 228 mln. km uzaklykda elliptik orbita boýunça hereket edýär. Bu uzaklyk perigelide 206 mln. km, afelide 249 mln. km çäginde üýtgäp durýar. Marsyň orbitasynyň ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1.8°. Onuň orbitadaky ortaça tizligi 24,2 km/sek bolup, Günüň daşynda 687 gije-gündizde bir aýlaw edýär. Marsyň, Ýeriň we Günüň asman giňişliginde biri-biriniň garşysynda ýerleşmegi ortaça her 780 gije-gündizden gaýtalanyp, şonda Mars bilen Ýeriň arasyndaky aralyk 56 mln. km-den 102 mln. km-e çenli üýtgäp durýar. Bu uzaklyk 56 mln. km bolanda Mars bilen Gün Ýere görä biri-biriniň garşysynda bolup, oňa beýik garşy durma diýilýär (her 15-17 ýyldan gaýtalanýar).

Mars öz adyny Gadymy Rimlileriň uruş hudaýyndan alýar. Munuň sebäbi, Marsyň gan reňkine meňzeş reňkiniň bardygyndandyr. Bu reňk pos reňkidir. Marsda ozallar suw we howa bolupdyr. Bu bolsa, Marsyň ýüzündäki demriň poslamagyna getiripdir.

Marsyň çyzykly (ortaça) diametri 6800 km, ýagny Ýeriň ýarym diametrinden ulurakdyr (0.53). Onuň polýar diametri ekwatordakysyndan 1:190 golaý kiçi, göwrümi Ýeriň göwrüminiň 0.15 bölegine barabardyr. Massasy 6,423×1023 kg (Ýeriň massasynyň 0.107 bölegi), ortaça dykyzlygy 3,97 g/sm3. Planetanyň üstünde agyrlyk güýjüniň tizlenmesi 3,72 m/sek2, ikinji kosmos tizligi bolsa 5,0 km/sek-dyr. Marsyň öz okunyň töwereginde aýlanma periody 24 sagat 37 minut 22.7 sekunt (Ýerdäki wagt birliklerinde). Marsyň ekwatorynyň tekizligi öz orbitasyna 25.2° burç bilen ýapgytlanýar, bu bolsa Marsda hem pasyllaryň çalyşmagyna sebäp bolýar, ýöne Marsyň pasyllary Ýeriňkä garanda 1.9 esse dowamlydyr.

Mars (2006)

Mars planetasy gadym zamanlardan bäri alymlaryň üňsüni özüne çekýär. Eýýäm XIX asyryň başlarynda onuň hereket kanunlary açylypdyr (T. Brage we I. Kepler).

Marsyň üstünde birnäçe ýagty we tutuk menekleri saýgarmak bolýar. Olaryň birinjisini gury ýer, ikinjisini deňizler diýip atlandyrmak şertleşilendir. Planetanyň polýuslaryndaky pasyl boýunça üýtgäp durýan, demirgazyk we günorta polýar telpegi diýilýän ak menekler has oňat görünýär. Marsyň üstünde köp sanly halkalaýyn daglaryň we diametri 10–15 km bolan kraterleriň (diametri ýüzlerçe km-e ýetýänleri-de bar) bardygy anyklandy. Ägirt uly Koprat jülgesiniň çuňlugy 5 km-den gowrak, uzynlygy 500 km we ini 120 km-e ýakyn.

Mars geologik aktiw planetadyr. Spektral gözegçilikleriň netijesine görä, Marsyň atmosferasynyň düzümine kömürturşy gazy (CO2) 50-100%-e çenli, ujypsyz suw bugy we uglerod oksidi (CO) girýär. Polýar telpegi-de kömürturşy gazyň “gury buzundan” we az-kem adaty (suw) buzdan ybaratdyr. Marsda kislorodyň bolmazlygy, onda aňly ýaşaýşyň ýokdugyna güwä geçýär, emma pes formadaky ýaşaýşyň aýratyn-da anaerob formasyndakynyň bolmagy mümkin. Marsyň temperaturasy öz gije-gündiziniň dowamynda 50 K—300 K (-223-den +27 °C) aralykda üýtgäp durýar. Marsyň Fobos we Deýmos diýlip atlandyrylýan iki sany tebigy hemralary bar.

1974-nji ýylda “Mars” seriýaly sowet APS-leri bilen Marsy barlamak dowam etdirildi. Barlaglar netijesinde suwuň bardygy, atmosferasynda az mukdarda ozonyň bardygy, ionosferanyň bardygy anyklanyldy. Marsyň 60 sany suraty alyndy. Ol suratlarda kraterler, suw eroziýasynyň alamatlary we başgalar görünýär. Radioastronomik barlaglar hem geçirildi.

2005-nji ýylda Marsyň polýuslarynda köp mukdarda suwuň bardygy anyklandy. Häzirki wagtda suwuň nusgalary alnyp, barlaglar geçirilýär.

  1. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi, II tom, K-Z, Aşgabat – 2015, (s.123) MYRRYH [myrry:h] II, at. asman j. Göwrümi Ýeriň gowrüminiň altydan birine we agramy Ýeriň agramynyň dokuzdan birine golaý bolan, Günden uzaklygyna görä dördünji orunda ýerleşýän, seýrek atmosferaly Mars planetasy (saýýara). Aý Gün batyp, gökde Myrryh göründi, Bulutlar boldular baran, Çowdur han (Magtymguly).