Neptun

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Git we: ulan, gözle

Neptun Gün ulgamynyň Günden uzaklygy boýunça sekizinji uly we iň daş planetasydyr. Ol 1846-njy ýylda açylýar. Günden ortaça uzaklygy (orbitasynyň uly ýarym oky) 30,06 astronomik birligi ýa-da 4500 mln km. Orbitasynyň ekssentrisiteti 0,0086, ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1o46,4′.

Neptun orbita boýunça 5,4 km/sek ortaça tizlik bilen Gunüň töwereginde 164,79 ýylda bir gezek aýlanýar. Neptun ýönekeý göze görünmeýär. Ol has ulaldylyp seredilende, ýaşylymtyl disk görnüşinde bolýar. Onuň diametri Ýeriň ekwatorial diametrinden 3,88 esse uly bolup, 49500 km-e deňdir.

Onuň göwrümi Ýeriň göwrüminden 57 esse uly. Massasy Ýeriň 17,28 massasyna deň bolup, ortaça dykyzlygy 1,84 g/sm3-dyr.

[redaktirle] Çeşme

Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 6, sah.184

Şahsy gurallar
At giňişlikleri

Wariantlar
Hereketler
Nawigasiýa
Bile işleşmek
Gural sandygy
Başga dillerde