Durdy Baýramow
Durdy Baýramow | |
Doglan wagty we ýeri | 1938-nji ýylyň aprel aýynyň 14-i Türkmenistan, Baýramaly |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | 2014-nji ýylyň fewral aýynyň 14-i (75 ýaşynda) Türkmenistan, Aşgabat |
Bilimi | Ş. Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperilik uçilişşesi W.I. Surikow adyndaky Moskwanyň döwlet akademiki çeperçilik instituty |
Žanrlary | nakgaşlyk, grafika, fotosurat |
Edebi hereket | Realism |
Esasy baýraklary | Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň “Bäşim Nuraly” adyndaky medaly (2009) “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly (2008) Bütinsoýuz Lenin komsomoly baýragynyň (1972) Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň (1970) |
Ýanýoldaş(lar)y | Dünýägözel (Gözel) Baýramowa |
Durdy Baýramow Türkmenistanyň halk suratkeşi (1991), Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri (1980), “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly (2008), Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň “Bäşim Nuraly” adyndaky medaly (2009), Gyrgyzystan Respublikasynyň çeperçilik akademiýasynyň akademigi (1998), Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň (1970) we Bütinsoýuz Lenin komsomoly baýragynyň (1972) eýesi.
5000-den gowrak nakgaşlyk we grafika eserlerini döreden. Ýykgyn eden žanrlary: keşp, peýzaž, natýurmort, temalaýyn kompozisiýalar.
Terjimehaly
[düzet | çeşmäni düzet]Durdy Baýramow 1938-nji ýylyň 14-nji aprelinde Sowet Soýuzynyň öňki respublikasy Türkmenistan SSR-niň Baýramaly şäherinde dünýä inýär. Ene-atadan ir galansoň, Durdy Gyzylarbadyň (häzirki Serdar şäheri) çagalar öýünde terbiýelenýär.
1954-nji ýylda Baýramow Aşgabatda Ş. Rustaweli adyndaky Türkmen Döwlet çeperçilik uçilişşesine okuwa girýär. Mugallymlary G.Ýa. Brusensew bilen A. Hajyýew oglanyň zehinini görüp, okuwynyň tutuş dowamynda oňa goltgy beripdirler.
Soň-soňlar Brusensow bilen Baýramowyň arasyndaky halypa-şägirt gatnaşyklary hakyky dostluga öwrülipdir. Durdy Brusensowy halypasy hasaplapdyr, onuň özbaşdak sergilerini guramaga gatnaşypdyr [1] we üç gezek keşbini çekipdir. “Gennadiý Brusensow meniň ilkinji mugallymym, ol atamyň deregini tutdy” diýip, Baýramow halypasyny mähir bilen ýatlapdyr.[2]
1959-njy ýylda Baýramow Moskwanyň W.I. Surikow adyndaky döwlet çeperçilik akademiki institutyna okuwa girýär we ol ýerde adybelli sowet nakgaşy, SSSR-iň halk suratkeşi D.K. Moçalskiniň ussahanasynda okaýar. Baýramow “Moskwada okan ýyllarym professor Dmitriý Moçalskiý maňa paýhasly, dogry we berk sowat bilim berdi” diýip aýdypdyr.[2] Durdy günlerde bir gün mähriban Watanyny wasp etmek üçin nakgaşlygyň rus mekdebini ele alan türkmen-rus suratkeşidir. Indi bolsa onuň eserleri halypalary G.Ýa. Brusensowyň we D.K. Moçalskiniň eserleri ýaly Döwlet Tretýakow galereýasynda saklanylýar.[3]
W.I. Surikow adyndaky Moskwanyň döwlet akademiki çeperçilik institutyny tamamlanyndan soňra, Durdy Aşgabada gaýdyp gelýär. Uçilişşede, soňra institutda okan döwürlerinde ýazan ilkinji eserleri tomaşaçylaryň we hünärmenleriň ünsüni çekýär. Tizara ol hünärli suratkeş hökmünde tanymallyga ýetýär: 1965-nji ýyylda SSSR Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär, Aşgabatda we Moskwada geçirilýän umumymilli çeperçilik sergilerine yzygider gatnaşýar, birwagtlar tamamlan uçilişşeisinde ders berýär.[4]
1966-njy ýylda Baýramow Dünýägözel (Gözel) Ylýasowa öýlenýär. Dünýägözel suratkeşiň durmuşynda ýeke-täk ýanýoldaşy bolýar. Baýramow “Ýanýoldaşym Gözele men dört sany ajaýyp gyzlarym: Bahar, Jemal, Keýik we Sülgün üçin; maňa dost hem direg bolandygy üçin minnetdardyryn”[5] diýip aýdardy. Ýanýoldaşyna ol 57 sany grafiki işden ybarat bolan “Gözel” keşpler tapgyryny bagyşlaýar.
1968-nji ýyldan suratkeş jahankeşdelik edýär. Alan täsirleriniň netijesinde Durdyny hyýalyna täze döredijilik ideýalary we stilleri gelýär. Baýramow “Bütin ömrüme men beýik reňk ussatlary Tisianyň, El Grekonyň, Surbaranyň, Rembrandyň güýçli täsirinden çykyp bilmeýärin. Men jahankeşdeligimi dowam edýärin, beýik ussatlaryň muzeýlerdäki eserlerini öwrenmegimi dowam edýärin, zehinli kärdeşlerimden öwrenýärin, we nakgaşlyk ussatlygymy kämilleşdirýärin” diýip ýazypdyr.[2] 55 ýyllyk döredijiliginde Baýramowyň eserleri tutuş dünýä boýunça geçirilen 100-den gowrak özbaşdak we toparlaýyn sergilere gatnaşdy. Onuň Germaniýa Demokratik Respublikasynda (Berlin, 1981) we Wengriýada (Budapeşt, 1986) geçirilen irki özbaşdak sergileri oňa diňe Sowet Soýuzynda däl, eýsem, Ýewropa ýurtlarynda hem meşhurlyk getirdi.
2012-nji ýylda D. Baýramow Kanada gelýär we ol ýerde “Kanadanyň güýzi” ady bilen eserler tapgyryny döredýär.
2014-nji ýylyň 14-nji fewralynda Durdy baýramow 76 ýaşynyň içinde dünýäden ötýar.
Şu günki günde Baýramowyň neslini dört gyzy bilen ýedi agtygy dowam edýär.
Çeperçilik stili
[düzet | çeşmäni düzet]Durdy Baýramowyň döredijiliginiň baş žanry türkmen milli mekdebiň iň oňat däplerini, nusgawy realizm ussatlarynyň sapaklaryny we impressionistleriň täzeçilligini özünde jemleýän psihologiki keşpdir. Medeniýetleriň birnäçesini birleşdirýän filosofiýa ýykgyn etmek bilen, suratkeş keşbi çekilýäniň her biriniň özboluşlylygyny beýan etmegi başarypdyr. Döwürdeşleriniň - ХХ asyryň ahyrynyň we ХХI asyryň başynyň türkmen intelligensiýa wekilleriniň “Medeniýet adamlary” atly 150-den gowrak keşpden ybarat tapgyry Baýramowyň keşp ussatlygynyň naýbaşy bolýar. 1970-nji başlanan şol işine ol ömrüniň 40 ýylyny bagyş edýär.
Keşplerden başga-da, onuň türkmen medeniýetiniň milli öwüşginlerini we ülkäniň baý tebigatyny birleşdirýän natýurmortlary bilen peýzažlary hem üns bererliklidir. Mysal üçin, suratkeş meýdan güllerini, hususan-da Köpetdagyň eteginde bitýän gülälekleri we miweleri türkmen halysynyň we keçesiniň ýerliginde çekmegi gowy görüpdir. “Erkana toprak” (1969) atly eseri bolsa, türkmen peýzaž nakgaşlygynyň nusgawy nusgasy hasaplanylýar.[6] Şonuň bilen birlikde, döredijilik saparlarynda suratkeş Russiýa, Niderlandlar, Belgiýa, Germaniýa, Kanada, Hindistan, Ýaponiýa, Taýland, Türkiýe, Maldiwler we BAE ýaly ýurtlaryň medeniýetini açyp görkezen eserler tapgyryny ýazýar.
Fotosungatynda hem Baýramow özüni ussat hökmünde tanadýar. Emma hiç wagt özüni hünärli fotosuratçy hasaplamandyr we fotosuratlary köpçülige çykarmandyr. Diňe dünýäden gaýdanyndan soňra, Durdy Baýramow adyndaky Çeperçilik gaznasy Scotiabank goldawynda CONTACT Photography Festival çäklerinde Kanadanyň Toronto şäherinde “Durdy Baýramowyň nazary bilen: Türkmen obalarynyň ýaşaýyş-durmuşy, 1960-1980-nji ýyllar” atly foto sergini üstünlikli geçirýär.[7] 2015-nji ýylyň maý aýynda tomaşaçylar suratkeşiň 80-den gowrak fotosuraty bilen tanyşýar.[8] Şeýle-de, Waşingtonyň, ABŞ, Smitson adyndaky institutynyň aziýa medeniýetiniň taryhy kafedrasynyň hemaýat bermeginde gazna tarapyndan serginiň adybir katalogy çap edilýär.[9]
Mirasy
[düzet | çeşmäni düzet]Baýramow suratkeşleriň täze neslini terbiýelemäge köp wagtyny sarp edýär: ýörite çeperçilik mekdebinde mugallymçylyk edýär we zerur materallary almaga güýji ýetmedik okuwçylara pul kömegini beripdir. Suratkeş ömrüni sungata bagyş etmäge ymtylýanlaryň, esasan-da ýaş össürimleriň hemmesiniň tarapdary bolupdyr.
2015-nji ýylda suratkeşiň gyzy Keýik Baýramowa kakasynyň mirasyny gorap saklamak niýeti bilen, Kanadanyň Toronto şäherinde täjirçilik däl, jemgyýetçilik medeni guramany - Durdy Baýramow adyndaky çeperçilik gaznany döredýär.[10] Bu günki günde gazna Durdy Baýramow adyndaky öý muzeýünde bilim beriji maksatnamalaryň birnäçesini işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär: nutuk okalýar, amaly maslahatlar we medeni çäreler geçirilýär, şeýle-de zehinli ýaş suratkeşlere gran berýär, olaryň sergisini guramaga gatnaşýar. Suratkeşiň eserleriniň toplumyndan başga-da, öý muzeýde Baýramowyň toplan kitaphanasy hem bar. Toplumda sungata bagyşlanan kitaplaryň 6000-dan gowragy bar, olardan käbiri XIX ahyryna – XX asyryň başyna degişli neşirlerdir.
Häzirki wagtda Durdy Baýramowyň eserleri dünýäniň hususy toplumlarynda, şeýle-de aşakda ady agzalan muzeýlerde, galereýalarda we medeni guramalarda saklanylýar:
- Durdy Baýramow adyndaky çeperçilik gazna, Durdy Baýramowyň öý muzeýi, Toronto, Kanada
- Şekillendiriş sungaty muzeýi, Aşgabat, Türkmenistan
- Döwlet Tretýakow galereýasy, Moskwa, Russiýa
- Gündogar halklarynyň sungaty döwlet muzeýi, Moskwa, Russiýa
- Drezden galereýasy, Drezden, Germaniýa
- Şekillendiriş sungaty muzeýi, Balkanabat, Türkmenistan
- Şekillendiriş sungaty muzeýi, Mary, Türkmenistan
- Şekillendiriş sungaty muzeýi, Türkmenabat, Türkmenistan
- Kareliýa Respublikasynyň şekillendiriş sungaty muzeýi, Petrozawodsk, Russiýa
- Turgunbaý Sadykow adyndaky Milli çeperçilik akademiýasynyň muzeýi, Bişkek, Gyrgyzystan
- Şekillendiriş sungaty mizeýi, Amur boýundaky Komsomolsk, Russiýa
- Primorýäniň döwlet eser galereýasy, Wladiwostok, Russiýa, Týumen oblast şekillendiriş sungaty muzeýi, Týumen, Russiýa
- Buhançuk adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi, Kmitow, Ukraina
- Kiýewiň rus milli sungaty muzeýi, Kiýew, Ukraina
- Lugansk oblast çeperçilik muzeýi, Lugansk, Ukraina
- Özbegistanyň döwlet sungat muzeýi, Daşkent, Özbegistan
Özbaşdak sergileri
[düzet | çeşmäni düzet]- 2015 noýabr Durdy Baýramow, Waşington, Amerikanyň Birleşen Ştatlary (Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergi, Bütindünýä banky, Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasynyň goldamagynda, ABŞ)
- 2015 Durdy Baýramow, Toronto, Kanada. Nakgaşlyk, fotosuratlar. «Durdy Baýramowyň nazary bilen: türkmen obalarynyň ýaşaýyş-durmuşy, 1960-80-nji ýyllar (Durdy Baýramowyň foto eserleriniň dünýäde birinji sergisi)
- 2014 Durdy Baýramow, Toronto, Kanada. Nakgaşlyk, grafika. «Meniň ömrüm sungatyňky, sungat bolsa, halkyňkydyr»
- 2013 Durdy Baýramow, Aşgabat, Türkmenistan (Durdy Baýramowyň 75 ýaş toýuna bagyşlanan sergi)
- 2008 Durdy Baýramow, Aşgabat, Türkmenistan (Durdy Baýramowyň 70 ýaş toýuna bagyşlanan sergi)
- 2003 Durdy Baýramow, Aşgabat, Türkmenistan
- 2000 Durdy Baýramow, Rus sungatynyň milli muzeýi, Kiýew, Ukraina
- 1986 Durdy Baýramow, Budapeşt, Wengriýa
- 1986 Durdy Baýramow, Aşgabat, Türkmenistan. «Aşgabat - Köneürgenç – Aşgabat”
- 1986 Durdy Baýramow, Aşgabat, Türkmenistan
- 1984 Durdy Baýramow, Ulýanowsk, Russiýa
- 1981 Durdy Baýramow, Berlin, Germaniýa Demokratik Respublikasy
- 1980 Durdy Baýramow, Moskwa, Russiýa
- 1978 Durdy Baýramow, Aşgabat, Türkmenistan
- 1975 Durdy Baýramow, Kiýew, Ukraina
- 1970 Durdy Baýramow, Aşgabat, Türkmenistan. «Hindistana sapar”
Sylaglarynyň sanawy
[düzet | çeşmäni düzet]- 2009 Tükmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň B. Nuraly adyndaky baýragynyň eýesi.
- 2008 “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanylýar.
- 1998 Gyrgyzystanyň Çeperçilik akademiýasynyň hakyky agzalygyna saýlanylýar.
- 1991 “Türkmenistanyň halk suratkeşi” hormatly at dakylýar.
- 1984 Türkmenistan SSR-niň we KP-nyň 60 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiň Ikinji baýragy we bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy.
- 1980 “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” hormatly at dakylýar.
- 1978-1979 Türkmenistan SSR suratkeşleriniň eserleriniň bäsleşiginiň ýeňijisiniň diplomy we Ikinji baýrak.
- 1975 “Zenan keşbi” Bütinsoýuz bäsleşiginiň Üçünji baýragy we ýeňijiniň diplomy, Moskwa, SSSR.
- 1974 BHHGS Altyn medaly, Moskwa, SSSR.
- 1974 Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň we Ministrler Sowetiniň Hormat haty.
- 1974 Suratkeşleriň Türkmenistan SSR-niň döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan sergisiniň Ikinji baýragy we bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy.
- 1972 Bütinsoýuz Lenin komsomoly baýragyna mynasyp bolýar. SSSR-iň ýaş suratkeşleriniň sergisiniň Ikinji baýragy we bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy.
- 1970 Türkmenistan SSR Lenin komsomoly baýragyna mynasyp bolýar.
- 1965 Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Hormat hatyna mynasyp bolýar.
Başga sahypalara salgylar
[düzet | çeşmäni düzet]
|
- ↑ Переплеснин М. Очарованный странник. Туркменистан: Международный Журнал. N 3 (84), март 2012. — С. 80-89. URL: http://www.turkmenistaninfo.ru/_data/pdf/2012_03_N3.pdf (ýüzlenilen senesi: 07.11.2015).
- ↑ 2.0 2.1 2.2 Творческое кредо. URL: http://durdybayramov.com Archived 2019-09-19 at the Wayback Machine (ýüzlenilen senesi: 23.10.2015).
- ↑ Государственная Третьяковская Галерея. // Байрамов Дурды. - С. 79-80. Каталог cобрание: серия живопись XVIII-XX веков. Т. 7: Живопись второй половины XX века. Кн. первая. А–М. – М. :Гос. Третьяковская галерея, 2013. - 688 с.: ил. ISBN 978-5-89580-037-9.
- ↑ Повелицына Ж. Персональная выставка Народного художника Туркменистана Дурды Байрамова. URL: http://infoabad.com/kultura-i-iskustvo/personalnaja-vystavka-narodnogo-hudozhnika-turkmenistana-durdy-bairamova.html Archived 2016-01-27 at the Wayback Machine (ýüzlenilen senesi: 20.10.2015).
- ↑ Основные вехи жизни. URL: http://durdybayramov.com Archived 2019-09-19 at the Wayback Machine (ýüzlenilen senesi: 23.10.2015).
- ↑ Мухатова О., Агалиев К. Каталог произведений живописи и графики к юбилейной выставке Народного художника Туркменистана Дурды Байрамова: 70-летие. – Дубай. 2008. – 105 s.
- ↑ Through the Eyes of Durdy Bayramov: Turkmen Village Life, 1960s-80s. Durdy Bayramov. URL: http://scotiabankcontactphoto.com/featured-exhibitions/318 Archived 2015-07-14 at the Wayback Machine (дата обращения: 26.10.2015).
- ↑ Глазами Дурды Байрамова: Жизнь в туркменских аулах, 1960-80 гг. URL: http://www.russianexpress.net/1-6-2015 (ýüzlenilen senesi: 26.10.2015).
- ↑ Through the eyes of Durdy Bayramov: Turkmen village life, 1960-80s. URL:https://www.worldcat.org/title/through-the-eyes-ofdurdy-bayramov-turkmen-village-life-1960s-80s/oclc/907096351&referer=brief_results (ýüzlenilen senesi: 26.10.2015).
- ↑ Turkish Society of Canada. Durdy Bayramov Art Foundation. URL: http://turkishcanada.org/durdy-bayramov-arts-foundation/ (ýüzlenilen senesi: 26.10.2015).