Kanada

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Banf milli seýilgähi

Kanada (iňl. Canada [ˈkænədə], fr. Canada [kanaˈda]) — Demirgazyk Amerikada döwlet, meýdany boýunça dünýäde ikinji orunda durýar. Kenarlaryny Atlantik okean, Ýuwaş okean we Demirgazyk Buzly okean ýuwýar, ol günortada we demirgazyk-günbatarda ABŞ, demirgazyk-gündogarda Daniýa (Grenlandiýa) we gündogarda Fransiýa (Sen-Pýer we Mikelon) bilen araçäkleşýär. Kanadanyň ABŞ bilen serhedi dünýäde iň uzyn umumy serhetdir.