Köneürgenç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Daşoguz welaýatynda, gadymy Horezm döwletiniň paýtagty bolan Gadymy Ürgenç şäheriniň galandylarynyň ýanynda gurlan şäher.



KÖNEÜRGENÇ [Kö:neürgenç] 1. (150, 210, 211, 248) – Daşoguz welaýatynda etrap we onuň merkezi şäheri. Şäheriň günorta eteginde zaratuştra dininiň kitaby bolan ²Awestada² Gura görnüşinde ýatlanýan Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri, b.e. öň V-IV asyrlarda düýbi tutulan Gürgenç şäheriniň harabalary ýerleşýär. Bu şähere ata-babalarymyz Ürgenç diýipdirler. Hytaý senenamalarynda onuň ady Ýuýe-Gän görnüşinde duş gelýär (I asyr). 712-nji ýylda bu sebite araplar aralaşandan soňra, Gürgenjiň ady Jürjan, döwletiň ady hem Jürjaniýa görnüşinde arapçalaşdyrylýar. 995-nji ýylda Gürgenjiň emiri Mamun ibn Muhammet bu döwletiň özbaşdaklygyny gazanyp, Köneürgenç türkmenleriniň soltanlarynyň nesilşalygyny ýola goýýar. Bu nesilşalygyň XI asyrdaky wekili Mamun ibn Mamunyň döwründe Köneürgenç döwleti öz ösüşiniň iň ýokary derejesine çykýar, Ürgenç şäherinde onuň adyny göterýän ylymlar akademiýasy işläp, bu ýerde Biruny (973-1050), Abu Aly ibn Sina (980-1037) ýaly görnükli alymlar zähmet çekýärler. 1097-nji ýýlda bu ülke Seljukly türkmen döwletiniň ygtyýaryna geçýär.

Gürgenç şäheri 1221-nji ýylda Çingiz hanyň ordalary, 1388-nji ýylda hem Teýmir tarapyndan düýpli ýumrulýar. Soňky döwürlerde bu şäheriň täzeden dikeldilmegine böwet bolan wakalar ýüze çykýar. Birinjiden, XV asyrdan soňra şäheriň eteginden akýan Amyderýanyň akymynyň ugry üýtgedilýär, şäher hem suwsuz galýar. Köneürgenç döwletiniň şol wagtky hany Abylgazy 1646-njy ýylda paýtagty bu şäherden derýanyň ýakasynda, köne paýtagtdan 190 kilometr uzaklykda gurlan täze şähere göçürýär. Şu wakadan soň täze paýtagta Ýaňy (täze) Ürgenç, köne paýtagta hem Köneürgenç diýen at dakylýar. Ikinjiden, Ýewropa bilen Hytaýyň hem-de Hindistanyň arasynda deňiz ýoly bilen ýygjam gatnaşygyň ýola goýulmagy, şeýle-de Amerikanyň açylmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolynyň we onuň ugrunda ýerleşen şäherleriň, şol sanda Köneürgenjiň ähmiýetini pese gaçyrýar.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra Köneürgenç şäheri we tutuş ülke hakyky, uly ösüşleri başdan geçirýär. Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1985-nji ýylda ýörite karar bilen gadymy Köneürgenji Döwlet taryhy-medeni goraghanasy diýip yglan etdi. 1985-nji ýylda öň şäherçe hasap edilen Köneürgenç şäher derejesine geçirildi. Häzir bu şäher iň köp gelim-gidimli mekana öwrüldi.

Merkezi Aziýada iň beýik minara bolan boýy 60 metre ýetýän minara, Törebeg hanymyň, Tekeş soltanyň, Il Arslanyň atlary bilen baglanyşykly ymaratlar Köneürgenji bezeýän ajaýyp taryhy ýadygärliklerdir.

Mukaddes Ruhnamada türkmen döwletleriniň ençemesi gurlan we halkymyzyň at-owazasyny dünýä ýaýradýan Köneürgenç şäheriniň we döwletiniň atlary öwran-öwran ýatlanýar. Köneürgenç türkmen döwleti Oguz hanyň Begdili atly agtygynyň neberelerinden gaỳdỳar. “Mälik şa Annuşy Köneürgenjiň hökümdary edip belleỳär. onuň mirasdüşeri Atsyz “Horezmşa” derejesini alypdyr. Atsyz bu nesilşalykda ilkinji hökümdar bolỳar. ol Garaşyzlyk almak üçin 1138-nji ỳylda gozgalaň edỳär. Muňa Soltan Sanjaryň gahary gelip oňa temmi berỳär we Köneürgençden kowỳar. Emma Atsyz orän erjel hereket edip birnäçe wagtdan soň yzyna dolanỳar. Şondan soň Köneürgenç şalygy Garaşsyz hökümdarlyk bolyar. Beỳik Serdarymyzyň aỳdyşy ỳaly Atsyz öz hökümdarlygyny Seỳhun derỳasynyň (Syrderỳa) boỳunda ỳerleşen Jende çenli giňeldỳär.” (Ruhnama 130). Köneürgenç türkmeniň döwleti dünỳä taryhyna, medeniỳetine uly goşant goşupdyr. Köneürgenç türkmeniň döwletiniň dolandyryşy Beỳik Seljuk türkmen döwletine mahsus dolandyryşdyr. Sebäbi Köneürgenç türkmen döwleti Beỳik Seljuk döwletiniň gönüden-göni dowamy hasaplanylỳar. köneürgenç döwletiniň hökümdarlyk alamatlary baỳdak we çadyr bolupdyr. Soltan edil seljuklaryň soltanlary ỳaly garalybaslary geỳipdir. Bu döwletiň taryhy barada ylmy barlaglar geçiren türk professory Aỳdyň Taneri hökümdarlaryň häkimiỳet alamatlarynyň (simwollarynyň) maddy we ruhy toparlara bölunỳändigini belleỳär. Hökümdarlaryň göteryän unwanlary (harby derejesi) we onuň adyna okalỳan hutba alamatlara; teňňe, tagt, täç, baỳdak, tug, kemer, guşak, köşk, çadyr, nobat, hökümdar lybasy maddy alamatlara degişli bolupdyr. Unwanlar: Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarlary ilkibada “Horezmşa” , “Mälik” (eỳe, hökümdar) “Şahanşa (şalar şasy)” ỳaly unwanlary göteripdirler. Taryhy maglumatlarda Atsyzyň “Gazy” (yslam dini) ugrunda göreşiji (unwanyny, onuň ogly) Arslanyň (Mälik) unwanyny göterendigi aỳdylỳar. Tekeşe çenli bolan hökümdarlaryň “Soltan” unwanyny almandygyny bellemek gerek. Alaỳeddin Muhammet şa Garahytaỳlary ỳeňensoň oňa, Isgender Säni (ikinji Iskender) lakamy berlipdir. Emma ol Beỳik Seljuk Soltany Sanjaryň 40 ỳyllyk soltanlygyny hatyralap, özüne “Sanjar” lakamyny alypdyr. Onuň “Ulug Alp (batyr)” diỳen türkmen unwanynyň bolandygy hem mälim. Muhammet şanyň tugrasyna “Zillikllah-i fi:l-arz” (Allanyň ỳerdäki kölgesi) diỳen sözler ỳazylypdyr. Döwletiniň çäkleriniň giňelmegi bilen soltanlar özlerini Şahan şa Soltan, Soltan ul-A:Zam (beỳik Soltan) unwanlary bilen atlandyryp başlapdyrlar. Şazadalara esasan Alaỳeddin lakamy berilipdir. Jelaletdin Hindistanda mahaly bagdat halyfy oňa “hakan” (beỳik han) unwanyny beripdir. Jelaletdin Azerbeỳjana gelende halyf oňa “Şahanşa” unwanyny beripdir. Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň dolandyryş tejribesi şeỳleräk bolupdyr: Döwlet işlerinde dolandyryjy neberä degişli bolan agzalarynyň ähmiỳeti uly bolupdyr. Köşkde hökümdarlaryň aỳaly, çagalary (şazadalar) nebere agzalaryny düzüpdirler. Eger soltany kiçi dogany, doganynyň ogullary daỳysy hem ỳaşap ỳören bolsa olar hem nebere agzalary hasaplanypdyr. Hökümdarlaryň töwereginde wezipeli adamlar, hajyplar, hawaslar hem bolupdyr. Hajyplar – köşkde düzgün nyzamy ỳöreden, aỳratynda hökümdar bilen döwletiň beỳleki esasy adamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary dogry ỳola goỳan adamlardyr. Bu adamlar soltanyň kabulhanasynda perdeçi, gapyçy, gapydan wezipesini ỳerine ỳetiripdirler. Olar soltanyň huzuryna kimi goỳbermeli, kimi goỳbermeli däldigini kesgitläpdirler. Hajyplara ilçiniň wezipelerini, haỳsydyr bir etraby, şäheristany dolandyrmak hem ynanypdyrlar. Alaỳeddin Muhammetşa daỳysy Emir Mäligi Hyrada häkim belläpdir. Ol bu wezipäni Muhammet şa aradan çykỳança ỳerine ỳetiripdir. Hawaslar – Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde Diwany – Hass-da (hökümdarlara degişli emläklere we mülklere seredỳän) gulluk edỳän saỳlantgy gullukçylar. Olara “Hadiman-I Hass” hem diỳlipdir we olar “Mälik-ul Hass” unwanyny göteripdirler. Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde merkezi häkimiỳete wezir baştutanlyk edipdir. Ol hökümdarlaryň wekili hökmünde döwlet işlerini edara edipdir. Eger wezir (Nyzam al-mülk) mülkleriň nyzamçysy unwanyny göterỳän bolsa, Soltan bile naharlanmaga hukugy bolupdyr. Olar ỳanynda wezirlik möhürini göteripdirler. Merkezi häkimiỳetde wezirden soňra diwan reỳsi (diwanyň başlygy) uly wezipe bolupdyr. Bulardan başga-da Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde hajyp, çawuş (jansyzlaryň baştutany), çomakdar (soltanyň eline suw akdyrỳan), sylahdar (ỳaragçy), jamedar (baỳrançy), döwletdar (galamçy), çaşnigir (aşhana emiri) ỳaly wezipeli adamlar bolupdyr. Sarpaly Serdarymyz Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeỳle ỳazỳar: “Türkmen Soltanlyklarynda, şalyklarynda şalaryň ejesi ỳa aỳaly uly hormata mynasyp bolupdyr. Olara Tarhan (taryhy çeşmelerde Terken-Turkan) hatyn diỳip ỳüzlenipdirler. Soltanyň ejesi, aỳaly, tutuş soltanlygyň ejesi hökmünde sylanypdyr, emma näçe hormata mynasyp edilse-de türkmen soltanlary ejesini ỳa aỳalyny döwlet işine aňsat-aňsat gatyşdyrmandyrlar.