Bruneý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Soltan Omar Aly Seýfetdin metjidi.

Bruneý, doly ady Bruneý-Darussalam döwleti (mal. Brunei Darussalam) — Günorta-Gündogar Aziýada, Kalimantan adasynyň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän döwlet (soltanlyk). Kenarýakasyny Günorta-Hytaý deňzi ýuwýar. Malaýziýa bilen araçäkleşýär. Tutýan meýdany — 5,8 müň km². Ilat sany — 401 müň (2011). Paýtagty — Bandar-Seri-Begawan. Milletler arkalaşygyna girýär.

Klimaty[üýtget]

Klimaty tropiki ekwatorial. Günorta-Hytaý deňziniň akwatoriýasynyň mussonlarynyň güýçli täsirine sezewar bolýar. Howanyň temperaturasy tutuş ýylyň dowamynda 26 °C töwereginde üýtgäp durýar. Territoriýasynyň 75%-den gowragyny çygly tropiki tokaýlar tutýar, daşgyn zolagynda bolsa, mangr tokaýlary ösýär.

Ýan Few Mar Apr Maý Iýn Iýl Awg Sen Okt Noý Dek Ýyl
Ort. ýokary temperatura (°C)
27.8
27.8
29.2
29.1
29.5
28.1
28.4
28.3
28.0
27.5
27.4
28.0
28.3
Ort. pes temperatura (°C)
16.1
16.0
19.5
20.9
20.9
23.7
23.1
23.3
25.3
23.1
19.2
16.6
20.6
Ygalyň mukdary (mm) 277.7 138.3 113.0 200.3 239.0 214.2 228.8 215.8 257.7 319.9 329.4 343.5
2873.9

Suw resurslary[üýtget]

Ýurtda uly köller we derýalar ýok. Bruneý, Tudong, Temburong we Belaýt derýalary ýurduň günorta bölegindäki baýyrlardan demirgazyga tarap akyp, Günorat-Hytaý deňzine guýýar.