Uýgurlar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türki kowumlarynyñ arasynda iñ gadymy halk bolan we türkmenleriñ gan garyndashy hasaplanýan uýgurlaryñ uly bólegi (3,6 milliony)Hytaýyñ Sinszýan - Uýgur awtonom raonunda, azragy Hindistanda, Owganystanda, Päkistanda,173 múñúsi hem óñki SSSR-de (Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Türkmenistanda)ýashaýar. Bu halkyñ etnik ady biziñ eramyzdan óñki III asyrda dush gelýár. VI asyrda Beýik Türk Kaganaty synandan soñ uýgurlar ózbashdak dówlet gurýarlar. Edil túrkmenler ýaly uýgurlaryñ hem añyrsy gunlara direýár. Hytaý çeshmelerinde getirilyán rowaýata górá, gun patyshasy ózúniñ iññán owadan gyzyny hiç kime rowa górmán, gelýán sawçylary yzyna gaýtarypdyr. Tañrynyñ emri bilen asmandan bir bóri inýár.Shu bórúden we shol owadan gyzdan dórán neberelere soñra uýgur diýilipdir.

Merkezi Aziýada iñ medenýetli we juda gadymy halk bolan uýgurlaryñ etnik ady hem onlarça alymlaryñ únsúni ózúne çekipdir. Meselem 974-nji ýylda ýazylan Kýu-Wu-taý diýen hytaý çeshmesinde uýgur sózi hókúmdary shóhratlandyrýan we hújúm edýán diýlip terjime dilýár.

Reşideddiniñ pikiriçe, Oguz hanyñ iline goshulyp, onuñ Gara hanyñ garshysyna alyp baran sóweshlerine ýardam berenligi úçin, Oguz han bu halka Uýgur diýip at beryár.Bu túrki sóz uýmak ishliginden bolup uýujy ,goshulan,birleshen, diýen manydadyr.Abylgazy hem bu ady sheýlerák terzde dúshúndirýár.

Türk etnonimleri diýen kitabynyñ bir babyny ýórúte uýgur sózúni derñemeklige bagyshlan garagalpak alymy D.Aýmyradow bu etnonimi Uý (ýúñ, túý, saç manysynda) we gur (gara) sózlerinden hasaplap, onuñ gara saçlylarmanysynyñ tarapyny tutýar.Shu kitapda bu etnonimiñ manysy barada dúrli pikirleri hem getiryár.

Biziñ çaklaýshymyza górá uýgurlaryñ we oguzlaryñ gadymy garyndash bolshy ýaly, olaryñ etnik atlary hem shol bir kókden dórápdir.Kábir túrki halklar meselem(çuwaşlar) z sesi bilen gutarýan túrki sózleri r sesi bilen aýdýarlar: oguz+ogur,,,dokuz+tohar,sekiz+seker, geler + gelmez ýaly sózlerde bu fonetiki hadysa túrkmen dilinde-de dush gelýár.Diýmek, uýgur sózi r - dilli túrki taýpalar.Oguz hem z dilliler tarapyndan dóredilen atlardyr.Muny VIII asyr uýgurlaryna dokuzoguz diýlendigi hem tassyklaýar(ilki dówlet guranda, uýgurlar 9 sany oguz taýpasyndan ybarat eken)