Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy - Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar.

Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 6133 belgili karary esasynda Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy ady bilen döredildi. Gulluga Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň giriş-çykyşyny hasaba almak, olaryň ýurduň çäginde bolýan salgylary boýunça hasabatyny ýöretmek, olara Türkmenistana gelmek-gitmek üçin wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama, ýurduň çäginde işlemäge rugsatnama resmileşdirmek ýaly wezipeler ýüklendi.

Gulluk 2004-nji ýyldan başlap türkmen raýatlarynyň ýurduň Döwlet serhedinden giriş-çykyşyny hasaba almak, 2005-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek, Türkmenistanyň raýatlygynda çykmak boýunça resminamalary kabul etmek we olary taýýarlamak, Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurda hemişelik ýaşamaga göçüp gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirmek bilen bagly işleri hem ýerine ýetirmäge başlady.

2008-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň ady Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diýlip üýtgedildi. 2008-nji ýylyň iýulyndan başlap, Gulluga ýene bir täze wezipe: Türkmenistanyň raýatlaryna biometrik maglumatly pasport resmileşdirmek wezipesi ýüklenildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçy - Döwrangeldi Baýramow.

Halkar[üýtget]