Mihail Ýurýewiç Lermontow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Görnükli rus şahyry Mihail Ýurýewiç Lermontow 1814-nji ýylda Moskwada dünýä inýär. Ol ene-atasyndan ir mahrum bolup, mamasynyň elinde terbiýelenýär. Şahyryň çagalygy mamasynyň mülki bolan Tarhany obasynda geçýär.

Mihail Lermontow rus edebiýatynda Puşkiniň däplerini dowam etdirýär. Halypasynyň köpsanly çeperçilik ýörelgelerini ösdürmek bilen, ol rus jemgyýetçilik aňynyň täze bir ýagdaýynyň beýan edijisine öwrülýär. Bu bolsa onuň şygryýetiniň çuňňur özboluşlylygyny üpjün edýär. Ol rus şygryýetine pikiri beýan etmek babatda öň görlüp-eşidilmedik güýje eýe bolan setirleri sowgat edýär.

Mihail Lermontow rus kyssasyna hem önjeýli goşant goşýar. Onuň “Biziň döwrümiziň gahrymany” romany (1840 ý.) realizmiň dabaralanmagy hökmünde, belli bir derejede rus edebiýatynyň geljekki ösüş ugruny kesgitledi.

Mihail Lermontow 1841-nji ýylda, 27 ýaşynda aradan çykýar.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

  • “Dünýä edebiýaty” žurnaly (№4.2011)