Aleksandr Sergeýewiç Puşkin

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Aleksandr Sergeýewiç Puşkin 1799-njy ýylyň 6-njy iýunynda Moskwada eneden dogulýar. Ol çagalykda maşgalasynda terbiýelenýär, soňra 1811-1817-nji ýyllarda Sarskoýeselo liseyinde okaýar. Şol döwürde ol 130 goşgy ýazýar.

Şahyr özüniň goşgularyny ilkinji gezek 1814-nji ýylda «Ýewropanyň habarlary» žurnalynda çap etdirýär. 1820-nji ýylda bolsa «Ruslan we Lýudmila» poemasyny ýazýar. Bu poema şahyra meşhurlyk getirýär. Şondan soň ol iň tanymal şahyr hökmünde görülýär.

Puşkin Russiýanyň günorta etraplaryna aýlanýar. Onuň Kawkazda. Kişinýewde, Odessada, Krymda bolmagy döredijiliginiň gülläp ösyän döwrüne gabat gelýär. Ol şonda 100-e golaý goşgy, dört poema, «Ýewgeniý Onegin» poema-romanynyň birinji we ikinji baplaryny ýazyar. Soňra 1824-nji ýylda ene-atasynyň Pskowdaky mülküne gelýär. Ol ýer häzir Mihaýlowsk diýlip tanalýar. Bu ýerde-de ol özüniň 100-e golaý eserini döredýär. 1826-njy ýylda Moskwa dolanyp gelensoň, onuň galamynyň astyndan çykan eserler okyjylary aňk etmegini dowam edýär. Puşkiniň 1830-njy ýyldan soňky döredijiliginde kyssa eserleri agdyklyk edýär. Şahyr 1837-nji ýylda duelde aradan çykýar. Puşkiniň miras goýup giden eserleriniň tas hemmesi diýen ýaly ene dilimize terjime edilip, dürli ýyllarda çap bolup çykdy.

Çeşme[üýtget]

  • “Dünýä edebiýaty” žurnaly (№1.2011)