Merw

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Soltan Sanjaryň aramgähi
Merw
Soltan Sanjaryň mawzoleýi
Soltan Sanjaryň mawzoleýi

Bu makala Gadymy Merw ady bilen tanalýan, Baýramaly şaheriniň golaýyndaky Gadymy Merwiň şäherlerine degişli. Marguş we Goňur Depe, Ajyguýy, Kelleli we Murgab oazisiniň çäginde ýerleşýän beýleki köpsanly ýädygärlikler üçin olaryň degişli sahypalaryna serediň.

Gysgaça beýany[düzet | çeşmäni düzet]

Merwiň şäherleri soňky 2500 ýylyň dowamyna uzalyp gidýär we Merkezi Aziýanyň Ýüpek Ýollarynyň ugrunda iň çylşyrymly we gowy saklanyp galan şäher merkezleriniň birini emele getirýär. Uly şäherleriň yzygiderligi müňlerçe administratorlara, syýasatçylara, esgerlere, alymlara, söwdegärlere we maşgalalara öý bolup hyzmat edipdir. Käwagtlar Merw uly imperiýalaryň paýtagty, käwagtlar söwda, harby we administratiw merkez bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen, gury ýer ýollaryndan aýlanyp geçýän deňiz sowdasynyň ähmiýetiniň artmagy bilen bu ýeriň wajyplygy kemelipdir. Soňra Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan talanylmagy bolsa Merwiň ähmiýetiniň düýpli kemlemegine getiripdir. Şu beýik şäherlerden, ägirt şäher diwarlary we wajyp dini hem-de dünýewi gurluşyklaryň birnäçesi, bu ýer üçin häsiýetli bolan çig-kerpiç jaýlarynyň görnükli köpdürliligi saklanyp galýar. Häzir giňişlikde taşlanyp gidilen ýer bolup görünýän landşaftyň üstki gatlagynyň aşagynda dünýäniň beýik arheologiki ýerleriniň birisi ýatyr.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Biziň eramyzdan öňki VI asyrda Ahamenidler Imperiýasy uzak aralyklar bilen söwdanyň ösmegine ýardam edipdir. Häzir Erk Gala diýlip atlandyrylýan, güllap ösen administratiw we söwda merkezi Murgabyň deltasynda döräpdir. B.E.Ö IV asyryň soňlarynda, Aleksandr Makedonskiniň özüniň Oksusa (Amyderýa) we Hindistana tarap ýoly boýunça geçip gitmegi bilen, bu ýerler ellinistik (Grek) dünýäsine goşulupdyr. Onuň Imperiýasynyň gündogar ýerleri tizden Selewkid Imperiýasynyň bölegine öwülipdir, hem-de Antiokas I dolandyran döwründe (b.e.ö.281-261) Erk Gala ägirt, täze diwarlanan şäheriň, Antiokiya Margiananyň (häzir Gäwür Gala dýlip atlandyrylýar) sitadeline öwrülipdir. Beýik Gäwür Gala şäheri imperiýalaryň we söwdanyň göterilmegi we peselmegi bilen birlikde geljek 1000 ýylyň dowamynda ösmegini dowam edipdir. Parfiýalylar (takmynan b.e.ö. 250 ýyldan başlap), we soňra Sasanidler (b.e. 226 ýylyndan başlap), Merwi wajyp administratiw, harby we söwda merkezi hökmünde ösdüripdirler. 740-njy ýyllarda, goşunbaşy Abu Muslim Gäwür Galanyň diwaryndan bir kilometr günbatarda akýan Majan kanalyň boýunda metjit gurmagy buýrupdyr. XI asyrda, Abu Muslimiň metjidi gülläp ösýän şäher Marw al-Şahijan-yň (Beýik Merw: häzirki Soltan Gala) merkezinde galypdyr. Soltan Gala giňelmegini we ösmegini Seljuk döwrüniň dowamynda (XI – irki XIII asyrlar) dowam edipdir; bu döwürde Merw dünýäde iň uly şäherleriň biri bolupdyr. XII asyrda, köşk kompleksini, administratiw gurluşyklary we ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny öz içinde saklaýan diwarlanan sitadel (Şähriýar Ark) şäheriň demirgazyk-gündogar burçunda gurlupdyr. 1221-nji ýylda, Mangol goşunlary Merwiň derwezelelerine gelipdir. Taryhy ýazgylara görä şäherliler köpçülikleýin gyrlypdyr, şäher ýakylyp küle öwrülipdir we taşlanyp gidilipdir. Irki XV asyrlarda, täze diwarlanan Timurid şäheri öňki şäherleriň gündogarynda gurlupdyr, we soňra Abdulla Han Gala diýlip atlandyrylypdyr. Söňlugyça oňa şäheretegi bolup hyzmat eden Baýramaly Han Galasy b.e. XVIII asyrynda goşulypdyr.

Gadymy Merw Döwlet Taryhy-Medeni Goraghanasy[düzet | çeşmäni düzet]

1987-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi Gadymy Merwiň diwar bilen gurşalan şäherlerini we oazisdäki esasy ýadygärlikleri goramak üçin “Gadymy Merw Döwlet Taryhy-Medeni Goraghanasyny” döretmek barada karar kabul edýär. Hazirki döwürde Goraghana tutuş Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän arheologiki we taryhy ýadygärliklere döwlet gözegçiligini amala aşyrýan gurama bolup durýär. Goraghananyň ofisleri Merwiň gadymy şaherleriniň ýanynda (Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ýakynynda), Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýär

Merw ýadygärlikleriniň ähmiýeti[düzet | çeşmäni düzet]

Merwi we onuň daş-töweregini öz içine alýan Murgap oazisi Türkmenistanda iň irki ilatlaşan ýerleriň birisi. Bu ýerdäki Bürünç asyrynyň ýaşaýyş ýerleri Merkezi Aziýadaky siwilizasiýanyň iň irki subutnamalarynyň hatarynda. Ondan soňky döwürlerde, Merw ägirt imperiýanyň paýtagty bolup hyzmat edýär we Seljuklar döwründe dünýädäki iň uly şäherleriň hataryna göşulýar. Baýramaly şaheriniň ýakynynda ýerleşýän, Gadymy Merw ady bilen tanalýan arheologiki ýadygärlikler 2500 ýyla golaý döwre uzalyp gidýän has kämil şäherleriň subutnamalaryny görkezýär. Şeýle hem Merw uzak Gündogardan Ýewropa we Afrika çenli dünýäniň ýarsyny kesip geçen gadymy Ýüpek ýollarynyň esasy ugurlarynyň biriniň ugrunda wajyp çatryk bolandygy sebäpli wajypdyr. Arheologiki taýdan Merw dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň birisi hasaplanýar.

Suratlar[düzet | çeşmäni düzet]

Merw Bütündünýä Mirasy hökmünde[düzet | çeşmäni düzet]

1972 ýylda BMG-nyň Okuw, Ylym we Medeniýet Guramasy (en:UNESCO) Bütindünýä Medeni we Tebigy Miras Ýerleri Goramak barada Konwensiýa (The World Heritage Convention) kabul etdi. 1999-njy ýylda UNESCO-nyň şu Konwensiýasynyň esasynda Gadymy Merw Dünýä Taryhy Miras Ýeri hökmünde yglan edildi. Bütündünýä Mirasyna goşmak üçin zerur nominasiýany taýýarlamaga London Uniwersitet Kollejiniň (en:University College London) Arheologiýa Institutynyň (en:Institute of Archaeology) Halkara Merw Proýekti we onuň şol wagtky ýolbaşçysy professor Gorgina Herman (Georgina Herrmann) ýardam etdi.

Gorap saklamak[düzet | çeşmäni düzet]

Merwde dik saklanyp galan ýadygärlikleri gorap saklamak esasy aladalaryň biridir. Gurluşyklaryň köpüsi Merkezi Aziýada iki müň ýyldan gowrak esasy gurluşyk materialy bolan toprakdan gurlupdyr. Şu günki günde bar bolan gurluşyklar harabalar hökmünde saklanyp galypdyr: olar özlerini bir wagtlar goran üçeklerinden jyda düşüpdirler, hem-de olar gün, ýagyş, ýel we gar, olaryň içinde hin gazynýan we höwürtgeleýän guşlar, süýrenijiler we haýwanlar, we kähalatlarda görmäge gelýän adamlar tarapyndan zaýalanylýar. Ýumrulyş prosesi birnäçe asyryň dowamynda kem-kemden dowam edipdir, emma ýerasty suwlaryň şoňky döwürde has tiz ýokary galmasy bu problemanyň tizleşmegine getirýär. Gadymy Merw Goraghanasy, özüniň uzak wagtlaýyn partnýorlary bolan Britaniýadan Gadymy Merw Proýekti we Fransiýadan CRATer-EAG bilen arkadaşlykda, pagsa gurluşyk tehnologiýasy boýunça barlaglar geçirýär we öňden gelýän materiallary ulanmak bilen konserwasiýa usullaryny tejribede barlap görýär. Taryhy Goraghana iň ejiz gurluşlary goldamak üçin arassalamak, ýazgy etmek we maksatlaýyn bejermek programmasyna başlady, hem-de bu ugurdan uly işleri amala aşyrmagy planlaşdyrýar.

Gadymy Merw taslamasy[1][düzet | çeşmäni düzet]

Gadymy Merw taslamasy (Ancient Merv Project) London Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa Instituty (en: Institute of Acrhaeology) bilen Gadymy Merw Döwlet Taryhy Medeni Goraghanasynyň (Türkmenistanyň Mediniýet Ministrliginiň Taryhy we Medeni Ýadygärlikleri Goramak, Öwrenmek we Rejelemek baradaky Milli Müdirligine degişli) arasyndaky arkalaşykly hyzmatdaşlykdyr. Gadymy Merw Proýekti Bütindünýä Ýadygärlikler Fondy, J.M. Kaplan fondy, Amerikan Ekspres, Sungat we Gumanitarlyklar Barlag Geňesi, Maks van Berçem Fondy we Aşgabatdaky Britan Ilçihanasy tarapyndan goldalynýar. Gadymy Merw Proýekti ilki bilen ‘Halkara Merw Proýekti’ ady bilen belli bolup, Türkmenistan garaşsyz ýurt hökmünde yglan edilen wagty Merwde işläp başlaýar. Proýekte London Uniwersitet Kollejiniň professory Jorjina Herman (Georgina Herrmann) ýolbaşçylyk edýär we dürli ýurtlardan alymlaryň köpüsi proýektiň agzasy hökmünde Merwe gelip barlag işlerini geçirýärl. 2001-nji ýylda, London Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa Institutynyň uly mugallymy Tim Wilýams (Tim Williams) proýekte ýolbaşçy hökmünde bellenilýär. Proýekt ‘Gadymy Merw Proýekti’ adyny kabul edýär we Tim Wilýams ylmy barlaglaryň ugruny düýpli üýtgedýär. Diňe bir arheologiki gazuw-agtaryşlar bilen çäklenmän, proýekt indi konserwasiýa, ýazgy etmek, bilim beriş we ýerli işgärleriň başarnyklaryny artdyrmak boýunça işleri hem amala aşyrýar. Dünýäde arheologiýa ylmy boýunça iň uly we öňde baryjy ylmy-barlag we okuw merkezi hökmünde London Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa Instituty täze tehnologiýalaryň arheologiýa we gorap saklamak üçin ulanylmagyny goldaýar, hem-de bu soňky ýyllarda Merwde 3-D lazer skaneri[2] ýaly iň täze enjamlaryň ulanylmagyna getirdi. Kosmosdan düşürilen suratlary ulanmak ölçegleri boýunça ägirt uly arheologiki ýadygärlik bolam Merwde has gyzykly netijelere getirdi. Merwiň ähli şäherleri Geografiki Informasiýa Sistemasyna (GIS) girizildi. Gadymy Merw Proýekti http://www.ucl.ac.uk/merv internet sahypasynyň üsti bilen özüniň Merwdäki barlaglaryny beýan edýär. Gadymy Merw Proýekti Iňlis we Türkmen dillerinde, Merw barada bilim bermäge ýardam edýän, Mugallymlar üçin kitaplary döretdi. Ol kitaplar mugt ýaýradylýar we proýektiň internet sahypasyndan alnyp bilner [3]

Ýadygärlikler, döwürler we esasy mowzuklar[düzet | çeşmäni düzet]

ERK GALA[düzet | çeşmäni düzet]

Merwdäki ilkinji şäher Ahemenid imperiýasynyň döwründe ýüze çykýär. Patyşa Kir Midiýalylary Parslar bilen birikdirýän we Wawilonlylar bilen Finikiýleri goşmak bilen dürli ilatlary öz içine alýan ägirt imperiýany esaslandyrypdyr. Ol Transoksiana diýlip atlandyrylan ýerleri (Oks derýasynyň töweregi) basyp alypdyr we Merw oazisi 12 ha golaý ýeri tutan täze şäher Erk Galany gurmak üçin saýlanypdyr. Bu dolandyryş we söwda üçin gülläp ösýän merkeze öwrülipdir. Goranmak üçin gurlan uzyn diwarlar çig kerpiçden, owal görnüşinde gurşalyp dikeldilipdir. Onuň içinde köşkler, ybadathanalar, öýler we goşun kazarmalary bolupdyr. Şa Dariniň döwründe imperiýada birnäçe gozgalaňlar bolupdyr. Gunbatarda Eýranda Kermenşanyň ýakynyndaky Bisitun ýazgylary Margiana etraplarynda basylyp ýatyrylan gozgalaňa salgylanýar: “Men (Dariý) Wawilonda bolan wagtym, bu ýerde welaýatlar maňa garşy gozgalaňa çykypdyrlar – Persiýa, Elam, Mdiýa, Assiriýa, Müsür, Parfiýa, Margiana, Sattagydiýa, Skifiýa… . bir adam, Frada, Margianaly – ony olar baştutan edipdirler… Ol aýdypdyr “Men Margianada şa”. Şeýlelikde men oňa garşy Dadarşi atly parsy, meniň wekilim, Baktriýadaky satrap (häkim) iberdim. Men öňa şeýle diýdim: “Öňe git, özüni meniňki diýip atlandyrmaýan goşyna hüjüm et we dargat!”.”

AHEMENITLER IMPERIÝASY[düzet | çeşmäni düzet]

B.e.ö. VI asyrda, Persiýa patyşasy Beýik Kir özüniň Persiýadaky (häzirki Eýran) şalygyndan Ahemenitler imperiýasyny döredipdir. Imperiýa Beýik Kiriň ata-babalarynyň biri bolan Akhaemenes-iň ady bilen atlandyrylypdyr. B.e.ö. 530-njy ýylda Kir ölen wagty, onuň ägirt imperiýasy Merkezi Aziýadan Müsüre çenli we günbatar Türkiýeden Hindistana çenli uzalyp gidipdir. Kiriň mirasdarlarynyň birisi Dariý I (‘Beýik’ diýlip atlandyrylan) bolupdyr we ol b.e.ö. 521-nji ýyldan başlap b.e.ö. 486-njy ýylda ölinçä ýurdy dolandyrypdyr.

ALEKSANDR MAKEDONSKIÝ (ISGENDER ZÜLKERNEÝN)[düzet | çeşmäni düzet]

B.e.ö. IV asyrda Merw we onuň daşyndaky sebitler Ellinistik (Grek) dünýäsiniň bölegine öwrülýär. B.e.ö. takmynan 336-njy ýylda Makedoniýanyň şasy Beýik Aleksandr özüniň Makedoniýalylardan we Greklerden durýan goşunyny Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindistana alyp gitmek bilen Ahemenitler imperiýasyna garşy ýörüşine başlaýar. Erk gala tizden Aleksandryň özi ýa-da onuň generallarynyň birisi tarapyndan boýun egdirilipdir. Aleksandr b.e.ö. 323-nji ýylda aradan çykandan soň, onuň imperiýasy şalyklara bölünipdir we onuň biri-biri bilen rehimsiz söweşýän generallary tarapyndan dolandyrylypdyr. Onuň imperiýasynyň bitewiligi başgalar tarapyndan dargadylypdyr. Aleksandrdan soň Erk gala şäheri howply döwri başdan geçiripdir. Bu takmynan b.e.ö. 322-nji ýylda Makedoniýaly Selewkas I-iň Aleksandryň imperiýasynyň Aziýa böleginde dolandyryşy öz eline alynça dowam edipdir. Rim çeşmelerine görä şäher tozdurylypdyr.

ÝADYGÄRLIKLER[düzet | çeşmäni düzet]

Erk gala Gäwür galanyň üsti bilen has gowy baryp bolar. Günorta tarapdan gorag diwarlaryna dik ýapgyt bar. Iň beýik nokada baranda siz Seljuk gözegçilik minarasynyň galyndylaryny görersiňiz we şu ýerden ilki başky Erk gala şäheriniň gowy görnüşi açylar.

GÄWÜR GALA (Antiokiýa Margiana)[düzet | çeşmäni düzet]

SELEWKLİLER[düzet | çeşmäni düzet]

Selewkit imperiýasynyň irki taryhynda, ony esaslandyran Selewkas I-iň ogly Antiokas I ilkibaşky şäher bolan Erk gala bilen baglanyşykly täze şäheri Merwde gurupdyr. Täze şäher has uly bolupdyr. Takmynan kwadrat görnüşli, 2 km keseligine 340 ha meýdany tutýan şäher gorag diwarlary bilen gurşalypdyr. Teatrlar we bazarlar, köçeleriň gözenek görnüşli göniburçly kesişýän toplumy ýaly Grek häsiýetleri bolan bu Ellinistik şäheri Antiokiýa Margiana diýlip atlandyrylypdyr. Erk gala özüniň berk goraglary bilen täze şäheriň sitadeline öwrülipdir.

“Aleksandr Margianada Aleksandriýany esaslandyrdy, bu soňra tozduryjylar (warwarlar) tarapyndan dargadyldy. Ýöne Antiokas, Selewkasyň ogly, edil şol ýerde içinden Zotha kölüne guýýan Marg derýasy geçýän siriýa şäherini gaýtadan dikeltdi. Antiokas şäheriň öz adyny götermegini makul bildi.” - Uly Plini, Rim tebigy taryh, taryh we ylym ýazyjysy. B.e 23-79 ýyllary.

“Margiana çöller bilen gurşalypdyr. Bu ýeriň hasyllylygyna täsin galmak bilen Antiokas 1 500 stadia uzynlygy tegelek diwar bilen aýlady we Antiokiýa şäherini esaslandyrdy. Ýurduň topragy üzümleri ösdürmek üçin has gowy” - Strabo, Rim geografy. Takmynan b.e.ö. 64 b.e. 21 ýyllary arasynda ýaşan

PARFIÝALYLAR[düzet | çeşmäni düzet]

Parfiýa ilkibaşda Ahemenid imperiýasynyň welaýaty bolup, soňra Selewkitleriň golastyna geçipdir. B.e.ö. 247-nji ýylda Parfiýalylar öz serdarlary Arsakes I-iň ýolbaşçylygynda aýaga galypdyrlar we b.e.ö. II asyryna çenli Ýefrat derýasyndan Owganystana çenli we demirgazyga Oks derýasynyň uzynlygyna doly uzalyp giden imperiýasyny dolandyrypdyrlar. Antiokiýa Margiana b.e.ö. 250-nji ýyllaryň töwereginde paýtagty Nusaýda bolan Parfiýanyň gündogar daýanç nokadyna öwrülipdir. Şäher esasy dolandyryş, harby we söwda merkezi hökmünde ösdürilipdir. Şäheriň gorag berkitmeleri garşydaş imperiýalardan we adamlardan goranmak üçin güýçlendirilipdir. Olary şäheriň Ýüpek ýolunyň ugrunda amatly ýerleşmegi ozüne çekipdir.

Parfiýa we Rim[düzet | çeşmäni düzet]

Rimliler özleriniň köp bolmadyk harby ýeňilişleriniň birini parfiýalylardan gazanypdyrlar. B.e.ö. 54-nji ýylda Rimliler olaryň Mesopotamiýadaky ýerlerine çozuş edipdirler. Markus Lisinius Krassus ýedi legiona (44 000 goşun) ýolbaşçylyk edip duşmana garşy çykypdyr, ýöne Karhae söweşinde ýeňilişe sezewar bolupdyr. Diňe 10 000 adam Siriýa ýetmek üçin gaçyp gidipdir, şol bir wagtda 10 000 adam Merwde ýesir hökmünde ornaşdyrylypdyr.

SASANILER[düzet | çeşmäni düzet]

Antiokia Margiananyň adamlarynyň duşmana garşy gowy goranýanyna seretmezden b.e.ö. 220-nji ýylda Sasanitleriň hökümdary Ardaşiriň goşunlary olardan üstün çykypdyrlar. Ol günorta-günbatar Eýrandaky Fars welaýatynda kiçi şalygy dolandyrypdyr we b.e.ö. 224-nji ýylyň töwereginde soňky Parfiýa şasyny tagtdan agdarypdyr. Ardaşiriň ogly we mirasdüşeri Şapur I Merw şäherini edara etmek üçin marzban (ýa-da “araçägiň goragçysy”) bellenipdir.

DINLER[düzet | çeşmäni düzet]

Sasanitler döwründe şäherde Hristiýançylyk, Zoroastrizm we Buddizm dinleriniň ulanylandygyna subutnamalar bar.

Zoroastrizm: Pars din reformatory Zaratuştra (ýa-da Zoroaster) bu dini esaslandyrypdyr. Ol şol döwürde tagzym edilen köp sanly hudaýlaryň biri bolan Ahura Mazda-dan (Paýhasly hökümdar) nyşan görüpdir we bu hudaý oňa bir hudaýa ynanmaga itergi beripdir diýlip aýdylypdyr. Pars şasynyň çalyşmagyndan soň Zoroastrizm b.e.ö. VI asyrda ýaýrap başlapdyr. Dowam etdirijiler dörediji hökmünde diňe Ahura Mazda çokunypdyrlar we olaryň dini däpleri ot ybadathanalarynda mukaddes ody saklamagy we olaryň ölülerini “asudalyk diňinde” goýmak arkaly azat etmegi öz içine alypdyr.

Buddizm: Sidhartha Gautama Budda takmynan b.e.ö. 566-njy ýylda Hindistandaky Maurýan imperiýasynyň bölegi bolan kiçi döwletleriň birinde dogulýar. Ol Buddizm diýlip atlandyrylan dini esaslandyrypdyr. Ol her bir adamyň gowy işler etmelidigine, tertipli bolmalydygyna we meditatsiýa etmelidigine ynanypdyr. Ol öleninden soň dowam edijileriň topary monahlaryň jemgyýetini döredipdirler we bu dini ynanjy ýaýratmaga başlapdyrlar. Monastyrlarda stupa diýlip atlandyrylýän ýörite jaý bolup, ol ýerde dini däpler ýerine ýetirilipdir we Budda bilen bagly sežde edilýän predmetler saklanylypdyr. Türkmenistandaky stupalaryň gümmezli üçegi bar. Iň günbatardaky Buddist stupasy şäheriň günorta-gündogar burçynda tapylyp bilner (aşaky surata seret).

ÝADYGÄRLIKLER[düzet | çeşmäni düzet]

Erk galany Gäwür galanyň üsti bilen baryp görmekden we diwarlary gözden geçirmekden başgada siz b.e. VII asyrynyň ikinji ýarymynda gurlan Beni Mahan ýa-da Anna Metjidiniň galyndylaryny hem görüp bilersiňiz. Metjid Seljuk döwründe gaýtadan dikeldilipdir. Şeýle hem siz Gäwür galanyň günorta-gündogar burçyndaky Buddist monastyryna we stupasyna syýahat edip bilersiňiz.

GÄWÜR GALANYŇ GORALYŞY[düzet | çeşmäni düzet]

“Şäher diwarlary kwadrat we 15 li (8000 metr töweregi) uzalyp gidýär. Ýaşaýjylar şäher derwezelelerini demirden edipdirler.” Bu Merwde b.e. 765-nji ýylynda Abbasidler döwründe saklanan Du Huan atly hytaý tussagynyň Antiokiýa Margianany beýan etmesiniň bir bölegi. Inedördül diwarlaryň her bir böleginiň uzynlygy 2 km töweregi bolup, her diwarda bir sany ýagny 4 derweze bolupdyr.

SOLTAN GALA[düzet | çeşmäni düzet]

TÄZE DÖWÜR[düzet | çeşmäni düzet]

B.e. VII asyrynda Merw pese gaçyş döwrüni başdan geçirýär. B.e. 653-nji ýylyna çenli Persiýa Musulman goşunlary tarapyndan gabalypdyr. B.e. 651-nji ýylynda soňky Sasanid şasy Ýazdigird III Merwi gaçybatalga we Arab güýçlerine garşy durmak üçin berkitme uçin ulanmaga synanyşýar, ýöne şäher oňa öz derwezelerini açmandyr. Ol Merwiň ýakynynda öldürilýär. Musulman Arab goşunlarynyň gelmegi Yslamyň diňe bir esasy din däl-de eýsem agdaklyk edýän medeni güýç bolan täze döwrüniň başlanmagyny belleýär. Merw indi Umaýýad imperiýasynyň içinde Musulman agalygyna düşýär. Şäher Horasanyň (“Gündogar ýer”) paýtagtyna öwrülýär. Täze arab hökümdary Erk galanyň adyny üýtgedip, bu ýerde gören dinleriniň köpdürliligi sebäpli ony “Dinsizleriň şäheri” diýip aňladypdyr. Arab goşunlary bu ýerde hemişelik galdyrylypdyr we günorta Yrakdaky Kufadan we Basradan ýaşaýjylar bu ýere göçüp gelipdirler. Olar ilkibaşky şäherler Erk galanyň we Gäwür galanyň ýakynynda täze şäheri gurupdyrlar. Şaýym gala Gäwür galanyň gündogar derwezesiniň daşynda özbaşdak diwarlanan şäher bolupdyr. Sebitiň paýtagty hökmünde Merw söwdegärleriň we hünärmenleriň ünsüni çekipdir. Muňa pagta ösdürmäge, dokmaçylyga we polat işlemäge degişli arheologiki subutnamalar mysal bolup biler.

UMEYYE WE ABBASLYLAR HALYPALYGY[düzet | çeşmäni düzet]

Umaýýad dinastiýasy Muawiýa tarapyndan esaslandyrylyp, paýtagty Damaskda bolupdyr. Umaýýadlar Arab imperiýasynyň hökümdarlygyny Muhammet Pygamberiň giýewi Alydan b.e. 661-nji ýylynda alýarlar.Umaýýad harby güýçleri demirgazyk Afrika, Ispaniýa, Transoksiana we demirgazyk-gündogar Hindistana süýşüpdir. B.e. 748-nji ýylynda Merwdäki harby serkerde Abu Muslim Umaýýadlara garşy rewolýusiýanyň başlanmagyny yglan etmek bilen gara Abbasid baýdaklaryny aýgytly dikeldipdir. Abu Muslim Eýrana we Yraga ýörişlere goşunlary alyp gidipdir. Emma, b.e. 755-nji ýylynda ol Yraga aldanyp getirilipdir we öldürilipdir. Abbasidler Umaýýad halifatynda Siriýa agdaklygyny bozup, öz paýtagtlaryny Damaskdan Bagdadyň täze tegelek şäherine geçiripdirler.

ABBASLYLAR MERWI[düzet | çeşmäni düzet]

Abbasid imperiýasynyň paýtagty Bagdad bolupdyr, ýöne Merw Horasan welaýatynyň paýtagtylygyna galypdyr. Abu Muslimiň dolandyrmagynda Gäwür galanyň günbatarynda täze şäher Marw al-Şahijan (“Beýik Merw” ýa-da mümkin “şa degişli ýa-da şanyň jany” diýmegi aňladýar) gurulypdyr. Bu ýerler häzir Soltan gala ady bilen tanalýar. Abu Muslim Gäwür galanyň bir kilometre golaý günbataryndan akyp geçýän Majan kanalynyň boýunda metjid gurmaga görkezme beripdir. Bu VII asyra çenli goragly jaýlar (köşkler) gurlan, ýagny irki ýaşaýyş jaýlary bolan ýer bolupdyr. Abu Muslimiň metjidi täze gülläp ösýän şäheriň merkezi böleginde galýar. Şäher tertipli köçe toplumy bilen, her bir bölegi üçin suw howdanlary we birnäçe kanallar bilen gowy planlaşdyrylypdyr. Arassa suw jaýlar üçin we Yslamyň dessurlary üçin zerur bolupdyr. Marw al-Şahijanyň wajyplygy artdygyça, Gäwür gala kem-kemden üýtgäpdir we pese gaçypdyr. IX asyra çenli onuň berkitmeleri ulanyşdan galypdyr. Öňki şäher täze şäher üçin senagat kwartalyna öwrülipdir.

“Onuň arassalygy, onuň gowy köçeleri, baglaryň we derýajyklaryň arasyndaky şäher bölekleriniň we jaýlarynyň bölünişi üçin, hem-de bir sug-yň (arabça “bazaar”) adamlarynyň beýlekiden aýratynlygy üçin olaryň şäheri (Merw) Horasanyň beýleki şäherlerinden ýokary durýar.” - Al-Istahri, Yslam geografy b.e. 951-nji ýylyndan öň ýazypdyr.

“Marw uly şäher. Öňki günlerde Horasanyň mir-iniň (hökümet baştutany) ýaşaýyş ýeri şu ýerde bolupdyr, ýöne häzir ol Buharada ýaşaýar. Bu ýakymly we abadan ýer, özüniň sitadeli bilen… .onuň içinde köşkleriň birnäcesi bar. Bu Sasanid şalary üçin ýaşaýyş ýeri bolupdyr. Tutuş Horasanda mundan gowy ýerleşen şäher ýok. Munuň bazary gowy.” - Näbelli geograf b.e. 982-nji ýylynda ýazýar.

TAHIRLILERDEN SELJUKLARA ÇENLI[düzet | çeşmäni düzet]

B.e. 821-nji ýylynda Tahir ibn Hüseýin Merwiň hakimi bellenilipdir, ýöne köp wagt geçmänkä ol Abbasid imperiýasyndan garaşsyzlygy jar edýär we Tahiridler dinastiýasyny başlaýar. Merw Tahirid paýtagtyna öwrülipdir. Horasan welaýaty b.e. 873-nji ýylynda Saffaridleriň serdarynyň söweşe çagyrmasyna çenli abadançylykda we parahatçylykda ýaşamagy dowam edipdir. Beýleki bir tarapdan welaýatda bu döwür Merwi garaşsyz häkimiýet hökmünde berkarar etmäge synanyşýan tolgunyşyklaryň döwri bolupdyr. Bu bulaşyklyk ýagdaýy b.e. 900-nji ýylynda Samanidleriň häkimiýeti ele almagy bilen tamamlanypdyr. Olaryň gelip çykyşy Eýrandan bolupdyr. Muňa garamazdan b.e. 977-nji ýylyna çenli Horasan täze dinastiýanyň, Owganystanly Gaznewidleriň eline geçipdir. 1039-njy ýylda Merw Gaznewidler üçin süýşip gelýän Seljuklary derbi-dagyn etmäge soňky synanyşyk üçin baza bolupdyr.

SELJUK MERWI[düzet | çeşmäni düzet]

SELJUKLAR[düzet | çeşmäni düzet]

B.e. X asyrynda Türki çarwa taýpasy bolan Seljuklar Yslam dünýäsinde wajyp güýje öwrülipdir. 1055-nji ýyllarda olar Togrul begiň ýolbaşçylygynda Bagdada girip, Musulman imperiýasynyň gündogar ýerlerinde dolandyryşy öz eline alypdyrlar. Seljuklar we olaryň mirasdüşerleri öňki ýaly haliflar diýip däl-de soltanlar diýlip atlandyrylypdyr we olar şol bir umumy din we kanun esasynda Yslam jemgyýet tertibini, Arab dilini we söwdany alyp barypdyrlar. Seljuklar döwri 1038-1194-nji ýyllar arasynda dowam edipdir, ýöne aýratynlykda bolsada Anatoliýada Rum Seljuk Soltanlygy 1307-nji ýyla çenli dolandyrypdyr.

SOLTAN GALA[düzet | çeşmäni düzet]

X asyrda Seljuklaryň häkimiýet başyna gelen döwründe Merw şäheri dünýäde iň uly şäherleriň birine we Ortaýer deňzinden Amyderýa (Oks derýasy) çenli ýaýran imperiýanyň paýtagtyna öwrülipdir. Üstünlikli hökümdarlar Abu Muslim tarapyndan başlanan giňişleýin suw üpjünçilik sistemasyny ösdüripdirler we köpsanly wajyp gurluşyklary dikeldipdirler. Seljuk hökümdarlary Merwi 1037-nji ýylda alypdyrlar we 1040-njy ýyla çenli bu Seljuk imperiyasynyň paýtagtyna öwrülipdir. Seljuklar şäheri giňeltmegi dowam edipdirler. 1080-nji ýylyň töwereginde Soltan Mälik şa Soltan galany gurşaýan uly diwary dikeldipdir. Merwiň uzynlygy 9 km gowrak gorag diwarlary, öz içine günortada we demirgazykda aýratyn diwarlanan şäher eteklerini goşmak bilen, 550 gektardan gowrak meýdany alypdyr. Ýokardan düşürilen suratyň görkezişi ýaly Soltan gala Majan kanalynyň iki tarapyndada köçeleriň gözenek sistemasynda gurnalan köpsanly jaýlar bilen gür eýelenipdir. Soltan gala özüniň owadan baglary we uzak we giň dünýäden adamlaryň öz harytlaryny çalyşmaga gelýän söwda merkezi hökmünde meşhur bolupdyr. Jaýlardan we bazarlardan başgada bu ýerde hammamlar, metjitler we medreseler bolupdyr. Şäheriň içinde we daşary alyp gidýän ýollaryň ugrunda kerwensaraýlar bolupdyr. Bu uly jaýlar, köplenç halatda ýüzlerçe düýeleri we gatyrlary bilen gelýän söwdegärler üçin, düşleg bolup hyzmat edipdir. Bu ýerler dynç almaga mümkinçilik döretmek bilen bir hatarda, howpsyzlygy, ammarlary, iýmiti we enjamlaryň bejergisini üpjün edipdir. Günbatar şäher eteklerinde uly senagat kwartaly bolup, ol ýerde esasan küýzegärçilik önümleri öndürilipdir. Bu önümler öz içine, söwda ýollarynyň ugrunda uly islege eýe bolan, ýokary derejede timarlanan önümleri hem goşupdyr. Şähriýar Arky, ýa-da “Şa sitadeli” XI asyrda gurlupdyr. Töwerek görnüşinde diwarlanan meýdan köşk toplumyndan, dolandyryş jaýlaryndan we iň wajyp ýaşaýjylar üçin gowy jaýlardan we baglardan durup, 20 ha golaý ýeri birikdiripdir.

MEDENI MERKEZ[düzet | çeşmäni düzet]

Seljuk döwründe Merw Musulman dünýäsiniň iň esasy medeni merkezleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde birnäçe kitaphanalar bolupdyr we tanymal alymlaryň birnäçesi bu ýerde ýaşapdyr ýa-da gelip görüpdir. Belli şahyr, matematik we astranom Omar Haýýam (1130-njy ýyllarda aradan çykan) Merwiň häzir ýitirilen obserwatoriýasynda özüniň astronomiki tablisalarynyň üstünde işläpdir. Seljuk soltany Mälik şa ondan kalendary dogurlamagy haýyş edipdir. Geograf Ýakut al-Hamawi XIII asyryň başynda üç ýyllap Merwde ýaşapdyr we ilkinji bolup ýurtlaryň detallaýyn geografiki sözlügini taýýarlamk pikiri bilen belli bolupdyr.

SOLTAN SANJAR[düzet | çeşmäni düzet]

Seljuk soltany Sanjaryň hökümdarlyk eden döwründe Merw öz taryhynda iň beýik nokada ýetipdir. Soltan Sanjar Seljuk imperiýasyny Merwden altmyş ýyllap dolandyrypdyr. Soltan Sanjar öz dolandyran döwründe birnäçe harby ýörişleri amala aşyrypdyr. Olaryň birinde, Guz türkmen taýpalaryna garşy söweşde ol ýeňilipdir we 1153-nji ýylda ýesir alnypdyr. Bu Merw üçin pajygaly döwür bolupdyr. Seljuk goşunlary şäheri taşlap gidenden soň olar şäheri talapdyrlar we öldüripdirler. Sanjar üc ýyllap ýesirlikde galypdyr, ýöne soňra gaçmagy başarypdyr we Merwde özüni gaýtadan ykrar edipdir. Ol 1157-nji ýylda 71 ýaşynda aradan çykypdyr.

SOLTAN SANJARYŇ MAWZOLEÝI[düzet | çeşmäni düzet]

Soltan Sanjar mowzeleýi

Soltan Sanjar ölende, ol häzire çenli Merwde we onuň daş-töweregindäki meýdanda howalanyp duran, Soltan galanyň merkezindäki haýran ediji mowzoleýde jaýlanypdyr. Häzir aýratynlykda ýerleşýän bu gurluşyk bir wagtlar dini jaýlaryň uly toplumynyň bir bölegi bolupdyr, olaryň ählisi häzir ýer astynda ýa-da pes harabaçylyk hökmünde ýer üstünde galypdyr. Mowzoleýiň özi inedördül görnüşli bolup, ol gümmezlenipdir. Geograf Ýakut ony şeýle beýan edýär:

“Öz şalygynyň ägirt giňdigine seretmezden, Soltan Sanjar, Mälik şanyň ogly, Seljuk, öz şäherleriniň ählisiniň üstünden ony (Merwi) saýlady we bu ýerde öz ölümine çenli ýaşady. Onuň gubury şu ýerde ägirt gümmeziň aşagynda we onuň penjireleri beýik metjide garap dur. Onuň gümmezi gök reňkli we bir günlük ýoldan görünýär.”

SANJARDAN SOŇ[düzet | çeşmäni düzet]

Sanjaryň 1157-nji ýylda aradan çykmagy bilen, Seljuklaryň güýji pese gaçyp başlapdyr we imperiýa urşujy mongollar tarapyndan hemişelik howp astynda bolupdyr. 1221-nji ýylda mongol goşunlary Merw derwezelerine gelip ýetipdir. Olar şäher boýun bolmaga gepleşikler geçirmezinden öň alty günläp gorag diwarlarynyň ejiz ýerlerini gözläp atly şaheriň daşyny aýlanypdyrlar. Mongollar şäheri talapdyrlar we taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä olar tutuş Merw oazisinde 1.4 million adam öldüripdirler. Ýöne bu san has artdyrylan bolup görünýär. Hatda Ibn al-Aziriň sanawynda (aşakda) berlen san hem has köpeldilen bolmaly. Şähere erbet zyýan ýetirilendigine seretmezden Soltan galadaky senagatyň we jaýlaryň gaýatdan ulanylmagynyň subutnamalary mongol basyp alyşyndan soň hem ýaşaýyşyň bolandygyny görkezýär. Käbir adamlaryň bellemegine görä diňe hünärli ussalar gyrlyşykda rehim edilenler bolupdyr. “Çingiz han altyn tagtynda oturdy we goşunlaryna ýesir alnanlary öz öňüne getirmegi buýurdy. Haçan olar onuň öňüne getirilende, olar öldürildiler we adamlar muňa seretdiler we ahy-zaryn çekdiler. Haçan bu adaty adamlara ýetende olar erkekleri, aýallary, çagalary we emläkleri biri-birinden aýyrdylar. Bu ahy-nala we hasrat bilen ýatda galýan gün boldy. Olar baý adamlary aldylar we olary baýlyk gözläp urdular we rehimsizligiň dürli görnüşleri bilen gynadylar. Olaryň köpüsi öz girewini tölemäge hiç hili puly galmandan soň öldüler. Soňra olar şäheri oda berdiler we Soltan Sanjaryň gubruny ýakdylar we onuň mazaryny pul gözläp gazdylar. Olar aýtdylar: “Bu adamlar bize garşylyk görkezdiler”, şonuň üçin olaryň hemmesini öldürdiler. Çingiz han ölüleri sanamagy buýurdy we bu ýerde 700 000 töwerek jeset bardy.” - Ibn al-Azir-iň 1221-nji ýylda Mosulda bosgunlar bilen gepleşeninden soňky sanawy.

ÝADYGÄRLIKLER[düzet | çeşmäni düzet]

Soltan galada Soltan Sanjaryň mowzoleýinden başgada baryp görmek üçin ummasyz köp ýadygärlikler bar.

Şähriýar Ark[düzet | çeşmäni düzet]

Bu ýerde baryp görmek üçin has wajyp gurluşyk Kepderhana bolup durýar. Bu belki kitaphana ýa-da administratiw gurluş bolup hyzmat eden kiçi köşk bolandyr. Daş-töwerekde Soltan Sanjaryň köşgi bolan bolmagy mümkin jaýyň galyndylary bar.

Gorag diwarlary[düzet | çeşmäni düzet]

Diwarlaryň dowamlylygy Soltan gala bilen Gäwir galanyň arasyndan geçýän ýoldan, goraghananyň girelgesinden Şähriýar Ark we aňra gidýän ýoldan gowy görünýär.

Gyz Bibi[düzet | çeşmäni düzet]

Uly we Kiçi Gyz gala alyp gidýän ýoluň ugrunda Seljuk mawzoleýi we metjidi ýerleşýär. Munuň Soltan Sanjaryň aýaly Turkan-hatynyň mawzoleýi bolmagy mümkin.

Uly we Kiçi Gyz galalar[düzet | çeşmäni düzet]

Uly Gyz gala Merw oazisinde iň uly köşkdir. Onuň günorta we gündogar taraplary beýleki taraplara görä gowy saklanypdyr we onuň iç tarapyndan otaglaryň we ýokarky gatyň subutnamalary görlüp bilner. Kiçi Gyz gala munuň ýakynynda ýerleşip erbediräk ýagdaýda saklanyp galypdyr. Bu tas kwadrat we iki gatly jaý bolupdyr. Içki otaglaryň birisi, şeýle-hem basgançakly girelge gowyrak ýagdaýda saklanypdyr. Beýle gurluşyklar bir diwarly köşkler ýa-da willalar bolmagy mümkin. Bu gurluşyklar agaçlar we miweli baglar bilen gurşalyp, tomusda salkyn gyşda ýyly bolup, gurply adamlar tarapyndan şäheriň daşynda dynç almak üçin jemgyýetden gaçybatalga ýaly bolmagy mümkin.

Muhammet ibn Zeýdiň mawzoleýi[düzet | çeşmäni düzet]

Goraghananyň girelgesiniň aňyrsynda Muhammet ibn Zeýd dini toplumy ýerleşýär. Ýazgylar mawzoleýiň jaýyny 1112-nji ýyl bilen seneleýär. Şeýle hem mawzoleý giçkiräk metjidi ýa-da namaz zalyny we ikinji mawzoleýi ýa-da girelge eýwanyny öz içine alýar. Mundan başgada bu ýerde ýumrulan aşhana kompleksi, sardoba ýa-da suw üçin howuz, hem-de ýumrulan köşkden galan depe bar.

ABDYLLA HAN GALA[düzet | çeşmäni düzet]

B.e. XV asyryna çenli köne şäher Soltan gala köpçülikleýin taşlanyp gidilipdir we soňlugyça Abdylla han gala diýlip atlandyrylan täze welaýat merkezi planlaşdyrylypdyr. Şah Ruh tarapyndan 1409-njy ýylda düýbi tutulan täze şäher dörtburç görnüşli, günorta tarap 2 km golaý gurlan we 46 ha golaý meýdany tutan, ählisi dört derwezeli we sitadelli gorag diwarlary dilen gurşalan bolupdyr. Bu ýerde hem suwly gorag kanaly we düýpli çig kerpiç diwarlar bolupdyr. Sitadel hökümdaryň köşgüni we kerwensaraýy özünde saklapdyr. Beýleki şäherlerden tapawutlylykda bu Timurid şäheri, iň azyndan geljek asyr üçin strategiki taýdan wajyp bolsada, hiç haçan gülläp ösmändir. Bu bir tarapdan Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda deňiz üsti söwdasynyň ösmegi sebäpli bolupdyr. Söwdegärler köp azap talap edýän gyryýer ýoluna seredende deňizi ulanmagy makul bilipdirler (00 sahypa seret). Yer üsti ýola bolsa Merwiň ösüşi bagly bolupdyr.

Soňky beýik Timurid hökümdary Hüseýn-i Baýkara 1454-nji ýyldan soň Merwe gysga wagtlyk gelipdir. Bu ýerde ol ýerli şazada Mirza Soltan Sanjaryň gyzyna öýlenipdir. Bu maşgala baglanyşygyna seretmezden Mirza Hüseýn Baýkaranyň garşysyna dawa turzupdyr, ýöne ýeňlipdir. 1470-nji ýyla çenli Hüseýn özüni Heradyň hökümdary hökmünde ykrar edipdir we onuň ogullarynyň birisi Merwde dolandyrypdyr. Ýöne onuň ogly Abul-Muhsin daýysy bilen Hüseýniň garşysyna 1498-nji ýylda gozgalaň turzupdyr we Abdylla han galada gabalypdyr:

“Ol Merwiň goragyny galdyrdy we gabawa taýýarlandy. Haçanda imperial güýçler Merwiň daşyna gelip ýetende, olar gabaw etdiler we söweşe başladylar, Abul-Muhsiniň esgerleri tarapyndan rehimsiz gaýtawul aldylar. Peýkamlaryň sykylygy iki tarapdandan-da gan döküp başlady we käwagtlar atylan daşlar gala diňini çagyla çenli pytratdy, we käwagtlar imperiýal güýçleriň ortasyna zyňylan ýalynly gaplar köp adam janyny aldy. Gabaw üç ýa-da dört aýa çekdi, emma soňunda ata-ogullaryň ikisem söweşden ýadap, urşy saklamaga ylalaşdylar.” - Timurid taryhçysy Ghiýat ad-Din Kwandamir (1475-1535)

Abul-Muhsine atasy tarapyndan Merwi dolandyrmagy dowam etmäge rugsat berlipdir.

TIMURLYLAR[düzet | çeşmäni düzet]

Timur, ýa-da Temirleň, türk serdary bolup, ol Çingiz hanyň mirasdary. Ol Persiýanyň, Hindistanyň, Müsüriň, Siriýanyň we Ottomanlaryň garşysyna rehimsiz ýörişleri amala aşyrypdyr. Ol 1405-nji ýylda Hytaýa garşy ýörüşde ölüpdir. Onuň mirasdarlary diňe Merkezi Aziýanyň ortalarynda onuň Samarkantdaky paýtagtyndan dolandyrypdyrlar.

ÝADYGÄRLIKLER[düzet | çeşmäni düzet]

Abdylla han galanyň gorag diwarlaryndan beýleki Merwdäki Timurid döwrüniň ýadygärlikleri şular:

Buzhanalar[düzet | çeşmäni düzet]

Bu konus görnüşli gurluşyklar Seljuk we Timurid döwründe gurlup, olar doň ýa-da gar saklanylýan ammardyr diýlip pikir edilýär.

Pawilion[düzet | çeşmäni düzet]

Bular tomsuň jokrama yssy aýlarynda dynç almak üçin howuzly we fontanly baglarda gurnalan dekoratiw gurluşyklar.

Eýwanlar[düzet | çeşmäni düzet]

Soltan galanyň günorta ýakasynda Timurid eýwanlary we sardoba ýa-da suw howzy bar. Bu dini kompleks b.e. XV asyrynda “pygamberiň baýdak göterijileri” al-Hakim ibn Amr al-Jafari we Buraida ibn al-Huseýb al-Islaminiň mazarlarynyň töwereginde gurlupdyr.

MERW TIMURLYLARDAN SOŇ[düzet | çeşmäni düzet]

1506-njy ýylda Hüseýn Baýkaranyň aradan çykmagy bilen Timuridler Horasanda güýçden gaçyp başlapdyrlar. Ýer üçin täze bäsdeşler ýüze çykypdyr – Safawidler Eýranda we Özbekler. Bu täze konfliktlerde Merwiň wajyplygy Timuridleriň golastynda soňlanypdyr. 1510-njy ýyl Safawidler bilen Özbekleriň arasyndaky esasy söweşi görüpdir. Özbekleriň ýeňilmegi bilen Merw Safawid agalygyna geçipdir, ýöne özbekleriň yzygider çozuşlaryna sezewar bolupdyr. Şäher 1785-nji ýylda dagadylypdyr we durmuş taýdan wajyp Soltan bent ýumrulypdyr. Bu Murgap derýasynyň esasynyň 25 km günbatara süýşmegine getiripdir. Häzirki zaman Mary şäheriniň Merw taryhy şäherlerinden günbatarda ýerleşmeginiň sebäbi hem şundadyr.

Goşmaça[düzet | çeşmäni düzet]

Gadymy Merw barada Türkmen dilinde ýazylan kitap: http://www.ucl.ac.uk/merv/our_research/education/teachers_handbook_tm

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. http://www.ucl.ac.uk/merv
  2. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2013-02-16. Retrieved 2012-10-25. 
  3. http://www.ucl.ac.uk/merv/our_research/education

37°39′46″ dg. g. 62°11′33″ gd. u. / 37.66278° dg. g. 62.19250° gd. u. / 37.66278; 62.19250 (G) (O)