Soltan Sanjar mowzeleýi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Soltan Sanjar mowzeleýi

XII asyryň ortalarynda Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarafyndan gurlupdyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu ýadygärlik hakynda: “Eger-de Mary özi hakynda gürrüň berýän taryhy maglumatlar we şäherler bilen bilelikde ýitip gidenliginde-de diňe şu ýadygäligiň özem onuň öňki şöhratyna şaýatlyk etmäge ýeterlik bolardy” diýip ýazypdyr.

Soltan Sanjaryň türbesiniň planynda inedördül taraplary 27 metr jaýyň ölçegi 17x17 mert bolan dört sany arkaly tagçanyň hasabyna diwareyň galyňlygyna taraf giňeldilen ýalňyz inedördül otagy bar. Ol arkaly paruslar ulgamynda beýik hgümmez bilen örtülipdir, ol arkaly paruslar dört ýarysly stalaktit paruslaryň onalty gyraňlygynyň kömegi bilen gümmeziň daýanç aýlawyny döredýär. Onuň içerki ýüzünde gümmeziň ýüzini owadan böleklere bölüp, ägirt uly ýyldyzyň suratyny emele getirýän kerpiçden edilen bezeg gapyrgalar görünýär.

Mawzoleý esasan taraplary 24-25 sm, galyňlygy 5 sm bolan inedördül oňat kerpiçden örülipdir. Mawzoleýiň diwarynyň 5 metr galyňlykda bolmagy onuň şunça wagtlap oňat saklanmagyny kepillendiripdir. Mawzoleýiň döredýän uly basyş güýji kuwwatly diwarlaryň berkligi arkaly ýeňil göterilipdir. Bir wagtlar mawzoleýe gündogar tarapyndan gurlan metjit birigýär eken sokol bölegi 1937-nji ýylda gazylyp açylypdyr.

Soltan Sanjar mowzeleýi

Soltan Sanjaryň mawzoleýini orta asyr awtorlarynyň biri Reşiteddin (XIV asyr) “dünýäde iň uly jaý” diýip atlandyran bolsa, Isfizary (XV asyr) ýadygärlige “munuň özi älem-jahanda iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmak özüne galtaşyp bilmejek derejede mäkämdir” diýip baha beripdir.

Türkmenistanyň arhitekturasynda Soltan Sanjaryň mawzoleýi deňsiz-taýsyz wakadyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu barada şeýle ýazýar: “onuň arhitektura formalary, onuň konstruktiw tärleri, onuň bezelişi... XI -XII asyrlaryň günorta Türkmenistan arhitekturasynyň ewolýisiýasynyň bütin barşy bilen öňünden kesgitlenipdir. Bu ýadygärlikde Saragtdan arhitektor Muhammet ibn Atsyzyň we onuň bilen hyzmatdaşlyk eden ussalaryň toparynyň amala aşyran orta asyr halk gurliuşyk genisiniň beýik gazananlary sintezirlenýär”. Alym özüniň “Köne Mary” diýen kitabynda Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ähmiýeti hakda öz fikirlerini şeýle beýan edipdir:”Eger-de gadymy Marydan hiç bir zat saklanyp galman, hat-da onuň ozalky şöhraty hakynda şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar we ägirt uly şäher harabalary hem saklanyp galman, diňe Soltan Sanjar mawzoleýiniň ýalňyz özi saklanyp galanlygynda-da munuň özi köne Marynyň nähili uly şäher bolanlygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik bererdi”.

Soltan Sanjar mowzeleýi

Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň salynmagy barada halk arasynda saklanyp galan birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär: “Sanjar asman perisi bilen söýşüpdir. Peri oňa özi bilen durmuş gurjak bolsa üç şertini bitirmelidigini aýdan. Olaryň biri periniň saçyny daraýşyna seretmeli däl, ikinjisi ylgan wagty onuň söbügine seretmeli däl, üçünjisi hem perini bilinden gujaklamaly däl eken. Bilesigeliji soltan şertleri birbada kabul etse-de, soňra olaryň üçüsini hem bozupdyr. Ol periniň saçyny daranda kellesini eline alyp daraýandygyny, ylganda söbüginiň ýere degmeýändigini synlapdyr, gujaklanda hem biliniň süňksüzdigini bilipdir. Şertleriň bozulanyna dergazap bolan perizat ak guşa öwrülip, asmana galypdyr. Soltan Sanjar gözüni ýaşlap, onuň yzyndan:”Men seni görüp durmasam ölerin” diýip gygyran. Perizat asmanda pel-pelläp durşuna:”-Meni görjek bolsaň beýik hem owadan ymarat saldyr. Men her anna güni şol ymaratyň depesindäki deşikden saňa gararyn”-diýipdir-de uçup gidipdir. Şondan soňra Soltan Sanjar şu mawzoleýi saldyranmyşyn...”.

Suratlar[üýtget]