Gadymy Müsür

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Gizada Uly Sfinks we Hefreniň piramidasy

Gadymy Müsür (gad.-grek. Αἰγυπτος, lat. Aegyptus) özleriniň ulanan iň gadymy ady: Kemet, Kemi, Hemi (müsür. kmt, gad.-grek. Χἑμ[μ]ις,-ιδος, kybt. κὴμε) — iň gadymy siwilizasiýalaryň biri, ol Niliň aşaky akymynyň boýunda Afrika kontinentiniň demirgazyk-gündogarynda döräpdir. Ol ýerde häzirki döwürde Müsür döwleti ýerleşýär. Siwilizasýanyň emele gelişi b.e. öň 4-nji müňýyllygyň ahyryna — Ýokarky we Aşaky Müsüriň ilkinji faraonyň häkimiýeti astynda syýasy taýdan birleşen döwrüne degişlidir. Onuň ösüşi soňraky üç müňýyllygyň dowamynda dowam edipdir. Özüniň iň bir gülläp ösen döwrüne Gadymy Müsür Täze patyşalyk wagtynda baryp ýetipdir, şondan soň ol kem-kemden pese gaçyp başlaýar. Şol giçki döwürde ençeme döwletler Müsüri yzygiderli basyp alypdyrlar. Netijede faraonlaryň dolandyryşy b.e. öň 30-njy ýylda irki Rim imperiýasy Müsüri basyp alyp, öz prowinsiýasyna öwrensoň resmi suratda gutarypdyr.