Öýjük
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Adam ganynyň öýjükleri
Öýjük — ähli organizmleriň gurluşynyň we ýaşaýşa ukyplylygynyň ýönekeý birligi bolup, onuň özbaşdak bar bolmaga, öz-özüni gaýtadan döretmäge we ösmäge ukyply öz madda çalşygy bardyr. Janly organizmleriň hemmesi ýa, köp öýjükli haýwanlar, ösümlikler we kömelekler ýaly köp sanly öýjükden ybarat bolýar, ýa-da ençeme bir öýjükli jandarlar we bakteriýalar ýaly bir öýjükli organizmler bolup durýar. Biologiýanyň öýjükleriň gurluşyny we ýaşaýşa ukyplylygyny öwrenmek bilen meşgullanýan bölümine sitologiýa diýilýär.