Mazmuna geçiň

Ýapon dili

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Yaponça sahypasyndan gönükdirildi)
Ýapon dili

日本語

Gürlenilýär: Ýaponiýa 
Sebit: Ýaponiýa
Jemi gürleýän sany: 128.000.000
Dil maşgalasy: Altaý dilleri (?)
Ýapon dilleri
Ýapon dili 
Ýazylyş düzgüni: Hiragana, Katakana, Kanji
Dil kod
ISO 639-1: ja
ISO 639-2: jpn
ISO 639-3: jpn

Ýapon dili (“Nihingo”, aýdylyşy “nihingo”, “nihöňňo”; ýap. 日本語)Ýaponiýanyň ilatynyň milli dili bolup, dünýäde bu diliň 128 million adamdan gowrak ulanyjysy bardyr.[1] Ol ýapon günorta-günbatar adalarynyň diller maşgalasynyň agzasydyr we mundan başga-da onuň koreý-altaý diller maşgalasyna gatnaşygynyň barlygy hakynda hem aýdylýar. Grammatik we sözlük aýratynlyklary esasynda bu diliň 2 görnüşi bardyr, ýagny hyöjungo-“standart ýapon dili” we kyötsügo-“umumy ýapon dili”. Standart ýapon dili (hyöjungo) syýasy dil hökmünde 1900-nji ýyla çenli ulanylypdyr. Soňra umumy ýapon dili (kyötsügo) ulanylyşa giripdir. Ýapon diliniň kýötsügo görnüşi häzirki wagtda gürleýişde ulanylsa-da, mekdepde okuwlar, teleradio gepleşikleri we syýasy resminama işleri hyöjungo görnüşinde alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýapon dili Ýaponiýada we Ýaponiýanyň daşyndaky döwletlerde jemi 130 million adam tarapyndan ulanylýar. Ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň hatarynda dokuzynjy bolup durýar. Ýapon dili ýapon ýa-da ýapon-rýukýuan dil maşgalasyna degişli bolup durýar. Ýapon dili bilen baglanşykda ençeme dil maşgalasy agzalyp geçilýär ýöne bularyň hiç birisi hem alymlar tarapyndan biragyzdan kabul edilen däldir. Ýapon dili agglutinatiw dillerden bolmak bilen birlikde bu dilde hormat bilen ýüzlenmek üçin örän köp görnüşli sözler bardyr. Bu bolsa ýapon jemgyýetiniň köp gatlaklylygy bilen düşündirilip biliner.

Ýapon dili üç sany ýazgy arkaly ýagny üýtgedilen hytaý harplary (başgaça ady kanji), üýtgedilen hytaý harplarynyň iki bogunly görnüşi (başgaça ady hiragana) we katakana atly harplardan düzülendir. Döwrebäp ýapon dilinde latyn elipbiýi hem (ýapon dilinde romaji) ulanylýar. Latyn elipbiýi esasan şereketleriň ady, reklamalarda we ýapon harplary kompýutere geçirilende ulanylýar. San hökmünde bolsa arap sanlaryndan başga-da sino-ýapon (ýapon sanlary) giňden ulanylýar. Beýleki diller ýapon diliniň baýlaşmagynda örän uly orny eýeleýär. Hytaý dili ýa-da hytaý dilinden üýtgäp geçen sözler ýapon diliniň baýlaşmagynda azyndan 1500 ýyl bäri öz täsirini görkezip gelýär. XIX asyryň aýaklaryndan başlap hidi-ýewropa dil maşgalasyndan we esasanam iňlis dilinden ençeme söz ýapon diliniň has-da baýlaşmagyna getiripdir. Ýaponiýanyň XVI asyrda Portugaliýa bilen soňra bolsa XVII asyrda Niderlandiýa bilen söwda bolanlygy sebäpli ýapon diliniň baýlaşmagyna portugal we golland dilleriniň hem uly täsirleri bolupdyr. Geografiki taýdan ýapon dili Ýapon dili diňe Ýaponiýanyň çäginde geplenilýär diýsek ýalňyş bolar. Ýaponiýa Koreany, Taýwany, Hytaýyň käbir ýerlerini ,Filippinleri we Ýuwaş okeandaky käbir ýerleri ikinji jahan urşy wagtlarynda basyp alypdyr.

Ýapon diliniň taryhy we aýratynlyklary

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýaponiýadaky ýerli ilatyň dili we şiwesi II asyryň başlarynda Ýewropa ýakyn bolan aziýalylaryň we Ýuwaş umman adalarynyň ýaşaýjylarynyň gelmegi bilen üýtgänligi çaklanylýar. Emele gelen dili bolsa ýapon günorta-günbatar adalarynyň dilleri diýlip atlandyrylypdyr. III asyra degişli Hytaý resmi-iş kagyzlarynda gadymy ýapon sözleriniň birnäçesi gabat gelýär. Emma tutuşlygyna ýapon dilinde ýazylan resminamalara diňe 8 asyrdan soň gabat gelinýär. Ýapon diliniň köki hytaý dilinden gaýdan bolmasa-da, hytaý diliniň gadymy ýapon diline eden täsiri güýçli bolupdyr. Muny ýapon dilinde duşýan birnäçe hytaý sözleri bile düşündirmek bolar. Häzirki zaman ýapon dilinde bolsa ýewropa dillerinden gaýdýan birnäçe alynma sözlere hem gabat gelinýär.

Ýapon diliniň döwürleri:

  1. Gadymy döwür ýapon dili
  2. Irki döwür ýapon dili
  3. Giçki ýapon dili
  4. Irki häzirki zaman ýapon dili
  5. Häzirki zaman ýapon dili

Ýapon dili agglýutinatiw dildir (ýagny dürli morfemasy bolan sözleriň birigip, dürli sözleri emele getirmegi). Onuň çekimsiz sesleriniň uzynlygy we çekimileriniň  arassa aýdylmagy beýleki dillerden tapawutly fonetikany emele getirýär. Sözleriniň ýazylyşy boýunça ol üç topara bölünýär: hiragana katakana, kanji. Işlikler zaman we işlik şekilleriniň goşulmalaryny kabul edýärler.

Häzirki wagtda dünýäniň iň ösen uniwersitetlerinde ýapon dili ikinji dil hökmünde öwredilýär. Hatda orta mekdeplerde-de ýapon dili bardyr. Ýapon medeniýetiniň, tehnologiýasynyň, animasion filmleriniň ýaýramagy bilen bu dili öwrenmäge höwes edýän halklaryň sany barha artýar.

a i u e o (ya) (yu) (yo)
ka ki ku ke ko きゃ kya きゅ kyu きょ kyo
sa shi su se so しゃ sha しゅ shu しょ sho
ta chi tsu te to ちゃ cha ちゅ chu ちょ cho
na ni nu ne no にゃ nya にゅ nyu にょ nyo
ha hi fu he ho ひゃ hya ひゅ hyu ひょ hyo
ma mi mu me mo みゃ mya みゅ myu みょ myo
ya yu yo
ra ri ru re ro りゃ rya りゅ ryu りょ ryo
 wa  wi  we  o/wo
n
ga gi gu ge go ぎゃ gya ぎゅ gyu ぎょ gyo
za ji zu ze zo じゃ ja じゅ ju じょ jo
da (ji) (zu) de do ぢゃ (ja) ぢゅ (ju) ぢょ (jo)
ba bi bu be bo びゃ bya びゅ byu びょ byo
pa pi pu pe po ぴゃ pya ぴゅ pyu ぴょ pyo

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Lewis, M. Paul, Gary F. Simons, and Charles D. Fennig (eds.). 2015. Ethnologue: Languages of the World, Eighteenth edition. Dallas, Texas: SIL International. Online version.