Ýapon dili

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Map Japanese SpeakingWorld.png

Häzirki döwürde ýapon dili Ýaponiýada we Ýaponiýanyň daşyndaky döwletlerde jemi 130 million adam tarapyndan ulanylýar. Ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň hatarynda dokuzynjy bolup durýar. Ýapon dili ýapon ýa-da ýapon-rýukýuan dil maşgalasyna degişli bolup durýar. Ýapon dili bilen baglanşykda ençeme dil maşgalasy agzalyp geçilýär ýöne bularyň hiç birisi hem alymlar tarapyndan biragyzdan kabul edilen däldir. Ýapon dili agglutinatiw dillerden bolmak bilen birlikde bu dilde hormat bilen ýüzlenmek üçin örän köp görnüşli sözler bardyr. Bu bolsa ýapon jemgyýetiniň köp gatlaklylygy bilen düşündirilip biliner. Ýapon dili üç sany ýazgy arkaly ýagny üýtgedilen hytaý harplary (başgaça ady kanji), üýtgedilen hytaý harplarynyň iki bogunly görnüşi (başgaça ady hiragana) we katakana atly harplardan düzülendir. Döwrebäp ýapon dilinde latyn elipbiýi hem (ýapon dilinde romaji) ulanylýar. Latyn elipbiýi esasan şereketleriň ady, reklamalarda we ýapon harplary kompýutere geçirilende ulanylýar. San hökmünde bolsa arap sanlaryndan başga-da sino-ýapon (ýapon sanlary) giňden ulanylýar. Beýleki diller ýapon diliniň baýlaşmagynda örän uly orny eýeleýär. Hytaý dili ýa-da hytaý dilinden üýtgäp geçen sözler ýapon diliniň baýlaşmagynda azyndan 1500 ýyl bäri öz täsirini görkezip gelýär. XIX asyryň aýaklaryndan başlap hidi-ýewropa dil maşgalasyndan we esasanam iňlis dilinden ençeme söz ýapon diliniň has-da baýlaşmagyna getiripdir. Ýaponiýanyň XVI asyrda Portugaliýa bilen soňra bolsa XVII asyrda Niderlandiýa bilen söwda bolanlygy sebäpli ýapon diliniň baýlaşmagyna portugal we golland dilleriniň hem uly täsirleri bolupdyr. Geografiki taýdan ýapon dili Ýapon dili diňe Ýaponiýanyň çäginde geplenilýär diýsek ýalňyş bolar. Ýaponiýa Koreany, Taýwany, Hytaýyň käbir ýerlerini ,Filippinleri we Ýuwaş okeandaky käbir ýerleri ikinji jahan urşy wagtlarynda basyp alypdyr.




Hiragana[üýtget]

a i u e o (ya) (yu) (yo)
ka ki ku ke ko きゃ kya きゅ kyu きょ kyo
sa shi su se so しゃ sha しゅ shu しょ sho
ta chi tsu te to ちゃ cha ちゅ chu ちょ cho
na ni nu ne no にゃ nya にゅ nyu にょ nyo
ha hi fu he ho ひゃ hya ひゅ hyu ひょ hyo
ma mi mu me mo みゃ mya みゅ myu みょ myo
ya yu yo
ra ri ru re ro りゃ rya りゅ ryu りょ ryo
 wa  wi  we  o/wo
n
ga gi gu ge go ぎゃ gya ぎゅ gyu ぎょ gyo
za ji zu ze zo じゃ ja じゅ ju じょ jo
da (ji) (zu) de do ぢゃ (ja) ぢゅ (ju) ぢょ (jo)
ba bi bu be bo びゃ bya びゅ byu びょ byo
pa pi pu pe po ぴゃ pya ぴゅ pyu ぴょ pyo