XVI – XVII ASYRLARDA ÝEWROPADA YLMY- BILIMLERIŇ ÖSÜŞI

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

MOWZUK: XVI – XVII ASYRLARDA ÝEWROPADA YLMY-BILIMLERIŇ ÖSÜŞI. TÄZE DÜNÝÄGARAÝYŞLAR.

M E Ý I L N A M A:

1. XVI – XVII asyrlarda ylmy-bilimleriň ösüşindäki öwrülişik.

2. Astronomiýa, fizika, matematika, tebigy bilimleriň ösüşi.

Material dünýäni adamyň öwrenmegi ilkidurmuş jemgyýetinden başlanypdy. Ilkinji synpy jemgyýetde Gadymy Gündogarda tebigatyň hadysalary baradaky bilimler toplanypdyr. Birneme giçki jemgyýetlerde (esasan Gadymy Gresiýada we Gadymy Rimde) ylmy bilimler orta asyr döwründe has hem ösen derejä ýetipdir. Ylmy açyşlara mysal edip Ewklidiň geomteriýasyny, Arhimediň hasabyýet barlaglaryny, Gipparhyň we Ptolomeýiň astronomiýa degişli işlerini, araplaryň algebrasyny görkezmek bolýar.

Täze eýýamyň ikinji müňýyllygynda häli ylmyň ösüşi ösen döwletlerde hem ýokary däldi. Köp hadysalar baradaky bilimler takyk bolmandyr. Jisimleriň hereketi baradaky kanunlary bilmändirler, nähili ýagdaýda adamyň eli bilen zyňylan daş uçýarka diýip oýlanypdyrlar. Käbir syn etmeler käbir halatlarda jadygöýlüge gönükdirilipdir.

XVI – XVII asyrlarda tebigy bilimiň ösüşinde uly öwrülişi bolup geçýär. Günbatar Ýewropada iri ýer eýeçilik-ybadathana dünýägaraýşyna we sholastika bilen göreşde, material dünýäni öwrenmegiň täze usullary öwrenilip başlanýar. Ylmy pikirler ösüp, giňelip biziň günlerimize çenli ylmyň ösüşine itergi berip gelýärler. Jemgyýetiň kanunalaýyklyklarynyň ösüşi örän çylşyrymly. Tebigaty öwrenmekde täze eýýamyň başlanmagy öndüriji güýçleriň we medeniýetiň ösmegi bilen bagly. Önümçiligiň ösmegi (tehnikanyň ösmegi bilen bilelikde) ylmy ösüşiň ösmegi bilen düşündirilýär, sebäbi ylmy ösüş täze syn etmeleriň netijesinde täze bilimleriň hazynasyny toplamaga mümkinçilik berýär.

Önümçiligiň aýry-aýry bölümlerinde ýönekeý mehanizmleriň ulanylmagy, gurluşyk tehnikasynyň ösmegi, şahtalaryň emele gelmegi we ýükleriň göterilmegi üçin täze mehanika babatynda bilimleri özleşdirmegiň zerurdygyny görkezdi. Çylşyrymly gidrotehniki enjamlaryň çykarylmagy gidrostatistikanyň we gidrodinamikanyň esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Önümçiligiň ösmegi alymlary täze ylmy açyşlary başlamaga itergi berdi. XVI – XVII asyrlarda köp priborlar we enjamlar taýýarlandy. Mikroskop, teleskop, termometr, borometr, gidrometr oýlanyp tapyldy. XV asyryň ortalarynda kitap çap etmek uly orun tutdy. Pergamentiň kagyz bilen çalyşmagy ylmy bilimleriň ösendigine şaýatlyk edýärdi. XVI – XVII asyrlarda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda önümçiligiň we tehnikanyň soraglarynyň amaly taraplary öwrenildi. Täzeden döreýşiň täze medeniýeti giňelýär we giňden ýaýraýar. Bu medeniýetiň tarapdarlary-gumanistler orta asyr sholostikasy bilen göreş alyp barypdyrlar. Şeýlelikde, şu döwürde önümçiligiň ösmegi hadysalary öwrenmekde täze materiallary berýärdi, olar hem tebigaty öwrenmekde esasy orun eýeleýärdi.

Ylmyň ösmegi bilen gumanistler antik döwrüň ýazyjylarynyň eserleri bilen (Ewklidiň, Arhimediň, Apolloniniň) tanyşyklar, olar bilen köpler tanyş däldi we köp halatda düşnüksizdi.

Geografiki açyşlar uly orna mynasyp bolupdyr. Bu açyşlar ilkinji gezek Ýeriň şar şekillidigini, astronomiýadan, botanikadan, zoologiýadan hakykatlaryň dogrudygyny subut etdiler.

Günbatar Ýewropada tä XVI asyra çenli, şeýle-de Gündogarda antik döwürde geosentrik çaklama agalyk edipdir. Hemmeler Ýeriň daşyndan Gün, planetalar, ýyldyzly asman hereket edýär diýip çaklapdyrlar. Bu ulgam esasan Aristotel döwründe öwrenilipdir, matematiki häsiýetnama Gipparh (b.e.öň II asyr) we Ptolomeý (b.e.öň II asyr) berlipdir. Asman jisimleriniň hereketini düşündirmek üçin geosentrik ulgam tarapyndan alymlara çylşyrymly geometrik çaklamalary ulanmak gerek bolupdyr. Ýöne olaryň kömegi bilen hem planetalaryň hereketiniň tablisasyny düzmek örän kyn bolupdyr.

XVI asyrda ylmyň ösmegi we täze astronomik tablisalaryň zerurlygy netijesinde köne astronomik garaýyşlar täzeleri bilen çalşyldy. Bu ugurda geosentrik ulgamy ret eden polýak alymy Nikolaý Kopernik bolupdyr. Kopernik (1473-1543) Torun şäherinde doglupdyr. 1491-1495-nji ýyllarda ol Krakow uniwersitetinde, soňra bilimini Italiýada dowam edip, dürli bilimleri-kanon hukugyny, gadymy dilleri, medisinany, matematikany, astronomiýany öwrenipdir. Kopernik 1503-nji ýylda öz Watanyna gaýdyp, durmuş wezipelerini we lukmançylyk bilen meşgullanýar. Ýöne esasy meşgullanýan käri astronomiýa bolupdyr.

Asman jisimleriniň hereketi, geosentrik ulgam babatynda Kopernigi şübhelendirýärdi. Ol birnäçe alymlar bilen Ýeriň hereketlenýändigini, hereket etmeýän Günüň beýleki planetalar bilen bile aýlanýandygyny öwrendi, bu çaklamanyň dogrudygy bilen ylalaşdy. Ol özüniň “Asman jisimleriniň aýlanyşy” diýen işini ýazdy, ýöne ony çap etmedi. Bu kitap 1543-nji ýylda çap edildi we onuň ilkinji ekzemplýary awtora ölen güni ýetirildi.

Kopernigiň ylma goşan goşandy örän uly. Geosentrik ulgam antik döwürde emele gelen hem bolsa, köp alymlar tarapyndan ýazgarlypdyr. Emma Kopernik ilkinji bolup Ýeriň beýleki planetalar ýaly Günüň daşyndan we öz okunyň daşyndan aýlanýandygyny subut etdi.

Geosentrik ulgamyň Kopernik tarapyndan subut edilmegi we ösdürilmegi köne garaýyşlar bilen göreşde bolupdyr. Lýuter Bibliýa esaslanyp Kopernigiň agyşyny tankytlaýar. Lýuteriň çaklamalaryny beýlekiler hem goldaýarlar. Kopernigiň garaýyşlaryna katoliki buthana hem ters gelipdir. Katoliki buthana Kopernigiň tarapdarlaryny yzarlap başlapdyr. Olaryň ilkinjisi hem iltaliýaly Jordano Brunodyr. (1548-1600).

Jordano Bruno Kopernigiň garaýyşlaryny öwrenýär. Ol ýeres diýip aýyplanýar. Sekiz ýyl tussagda bolup, Rimde ýakylyp öldürilýär.

Italiýaly astronomwe fizik Galileý hem Kopernigiň geosentrik ulgam baradaky ylmy garaýyşlaryny doly öwrenýär. Galileo Galileý 1564-nji ýylda Pize diýen şäherde dogulýar. 1589-njy ýylda Piz uniwersitetiniň matematikadan professory bolupdyr. 1592-nji ýylda Paudanda, 1610-njy ýylda Florensiýa alym bolup gaýdyp gelipdir we ol ýerde “ilkinji filosofyň we matematigiň” adyny alypdyr.

Galileýiň açyşlary Kopernigiň bilimleriniň tiz ýaýramagyna alyp barýar. 1616-njy ýylda Gan dünýäniň merkezi diýen pikir ýeretiki pikir diýip bellenýär, Kopernigiň işleri bolsa gadagan edilen kitaplaryň hataryna goşulýar. Ýöne Galileý Kopernigiň işleriniň dogrudygyny subut etmegi dowam etdirýär. Ol 1632-nji ýylda “Dünýäniň iki möhüm ulgamy” diýen işini ýazýar. Galileýiň bu işi Galileýi kazyýetiň öňünde durmaga mejbur edýär. 1633-nji ýylda ol Rimde tussag edilýär, ony sürgün edýärler. 1642-nji ýyla çenli tä ömrüniň ahyryna çenli tussagda bolup, oňa öz işlerini çap etmek gadagan edilipdir.

Geosentrik çaklamanyň ösüşinde uly iş bitiren ýene-de bir alym nemes astronomy Iogann Keplerdir. (1571-1630) Kepler Fýubingen uniwersitetinde okap, soňra Grosda ýaşaýar. Pragada köşk matematigi diýen wezipede Rudolf II döwründe işleýär. Soňra ol Linsede ýaşaýar. Kepler bir ýerden beýleki ýere gözlenmeleriň we ýetmezçilikleriň netijesinde göçüp ýöreýärdi. 1615-nji ýylda Kepleriň ejesi jadygöýlükde aýyplanýar. Kynçylyklara seretmezden ol astronomiýa bilen meşgullanýar. Kepleriň ylymda bitiren uly hyzmaty bolup, ol planetalaryň görnüşleri we olaryň hereketleri baradaky hakykaty açdy.

Kepler 1609-njy ýylda “Täze astronomiýa ýa-da Asman fizikasy, Mars ýyldyzynyň hereketi” diýen işini çap edyär.

XVI asyrda fizika ylmy ösüp başlaýar. Statikada we gidrostatikada üstünlikler gazanyldy. Arhimediň statika boýunça işleri öwrenilip, täze açyşlara itergi berdi. Stewiniň (1548-1620) ýazan giň göwrümli “Deňagramlylygyň ýörelgeleri” işi uly meşhurlyga eýe boldy. Stewin gidrostatikanyň teoremalaryny formirleýär. Nikol Fartal (1500-1557) jisimleriň uzaga zyňylmak traýektorisini öwrenýär.

Iňlis alymy Wilýam Gilbert (1540-1603) “Magnit baradaky” işinde magnitiň häsiýeti barada düşünje berýär. Fizika ylmynda köp täzelikleriň üstünde Leonardo da Winçi işleýär, ýöne onuň bu açyşlary biziň döwrümize çenli gelip ýetmändir.

XVII asyrda fizika ylmynyň has ýokary göterilen döwri başlanýar. Fizika ylmynda jisimleriň gaçysy baradaky soraglara jogap tapylýar.

Galileýiň başlan işini, ýagny jisimleriň gaçyşy baradaky soraglary fransuz alymy Rene Dekart dowam etdirýär. Mehanika bilen bir hatarda beýleki bölümler hem ösüp başlady. Fransuz matematigi we fizigi Blez Paskal (1623-1662) gidrostatika boýunça soraglaryň üstünde işleýär. Ol suwuklyklara basyşyň geçişiniň kanunyny açdy. Galileýiň okuwçysy Toriçelli (1608-1647) atmosfera basyşyny öwrenýär we barometri oýlap tapýar. Astronomiýanyň we mehanikanyň ösmegi matematika ylmynyň ösmegine getiripdir.

Gadymy Gresiýada we orta asyr Gündogarynda alymlar algebranyň elementlerini bilýärdiler, birinji we ikinji derejeleriň sanlaryny goşup bilýärdiler. XVI asyrda bu ugurda täze açyşlar yzly-yzyna ösüp başlady. Italiýaly matematikler Fartal we Kardano (1501-1576) deňlemeleriň üçünji derejesini çözmegiň usulyny düzüpdirler.

XVI asyra çenli algebrada harplar ulanylýar. Deňlemeler san koeffisiýentleri bilen düzülipdir we çözülipdir. Fransuz matematigi Wiýet (1540-1603) algebraik ýumuşlary çözmegiň usullaryny oýlap tapýar, täze algebraik formulalar ýüze çykýar. Dekart näbellileri latyn harplary – x,y,z bilen belleýär. Algebra bilen bir hatarda trigonometriýa ösüpdir. Ol matematiaknyň bir esasy bölümi bolup ulanylýar.

Dekart we fransuz matematigi Ferma geometriýany döredipdirler.

Himiýanyň, geologiýanyň, geografiýanyň, botanikanyň, zoologiýanyň ösmegi täze bilimleriň toplanmagyna getiripdir. Esasy üns tebigaty öwrenmäge gönükdirilipdir.

Himiýa ugrunda öň tanyş bolmadyk zatlar, olaryň düzümi, dag içi we metallurgiýa öwrenilip, alhimiýa ösüp ugrapdyr.

Geologiýa we mineralogiýa boýunça bilimler artypdyr. Bu ugurda nemes alymy Georg Bagem (1494-1555) köp işler alyp barypdyr.

Geografiki açyşlaryň netijeleri geografiki bilimleriň giňeldilmegine alyp gelipdir. XVII asyryň ortalaryna materikleriň umumy meýdanlary bellenýär. Arktika we Antarktidany öwrenmek kyn bolupdyr. Geografiýa bilen bir hatarda kartografiýanyň ylmy esaslary öwrenilipdir we takyk kartalar düzülipdir. Karta öwreniş ylmynda uly ösüşler Gerhart Kremeze (1512-1594) degişlidir. Ol iň esasy kartografik proýeksiýalary onuň ady bilen bagly.

Botanika we zoologiýa ylmynda köptomluklar peýda bolup, olarda ösümlikleriň we haýwanlaryň reňkli suratlary ýerleşdirilipdir. Ilki bolup Italiýada botaniki bag, soňra Günbatar Ýewropada döredilipdir. Ilkinji gerbariler, ylmy muzeýler ýüze çykdy.

Adam organizmini öwrenmekde ilkinji ösüşlere eýe bolundy. Şwesariýaly himik, biolog we lukman Filipp Teofrast fon Gogengeým adam organizminiň tebigaty baradaky teoriýany we keselleri bejermegiň usullaryny oýlap tapdy.

Mikroskopyň oýlanyp tapylmagy organizmleriň we ösümlikleriň gurluşyny öwrenmäge mümkinçilik berdi. Gollandiýaly Lewenguk (1632-1723) mikroorganizmleri açýar.

Ylymlaryň ösmegi bilen pelsepe ylmy hem ösüpdir. Bu ylmyň ösmeginde iki sany pelsepeçi – Frensis Bekon we fransuz matematigi, fizigi Rene Dekart uly işler bitirdiler.

Frensis Bekon (1561-1626) Londanda dogulýar, Kembridž uniwersitetinde okaýar, Parižde ýaşaýar. Watanyna gaýdyp gelip, baron lakamyny alýar. Ýöne 1621-nji ýylda öz wezipesinden peýdalanandygy üçin ähli wezipelerinden aýrylýar. Soňra korol Bekonyň günäsini geçýär, ýöne syýasy işe ol gaýdyp gelmändir.

Bekon tebigaty öwrenmegiň emperiki usulyny oýlap tapýar. Ýöne bekon köp soraglarda ylmyň doly gazananlaryna düşünmändir we ol Kopernigiň ulgamynyň garşydaşydy.

Rene Dekart (1596-1650) inezit mekdebinde okaýar. Mekdebi gutaryp, birnäçe ýyl Parižde daşary ýurt goşunynda gulluk edýär. Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine syýahat edýär. bekon we Dekart sholastika ylmyny täze ylym bilen çalyşmagy maksat edýärler. 1629-njy ýylda Dekart Gollandiýa barýar. Gollandiýada onuň esasy işleri çap edilýär. Olar: “Usul barada pikirlenmek” (1637) we “Pelsepäniň başlangyjy” (1644). Ýöne Dekardyň bu işleri teologlaryň arasynda nägilelik döredýär we oňa Şwesiýa göçüp gitmek gerek bolýar, ol şol ýerde-de aradan çykýar.

XVII asyryň ortalarynda tebigy bilimleriň ösmeginde uly sepgitlere ýetildi. Täze tebigy bilimleriň döremegi köne pikirler bilen göreşde alnyp barylýardy. Ýöne XVII asyrda bu kynçylyklar ýeňilip geçilýär we sholastika bilen arasyndaky näsazlyklar ýok edilýär.