Wulkan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Stratowulkanyň emele gelmegine eltýän mehanizm

Wulkanlarýer gabygynyň ýa-da başga bir planetanyň gabygynyň ýüzünde döreýän geologik emele gelmeler bolup, olarda magma ýeriň ýüzüne çykýar we lawalary, wulkan gazlaryny, daşlary (wulkan bombalaryny) we piroklastik akymlary emele getirýär.

"Wulkan" diýen söz gadymy rimlileriň ot hudaýy bolan Wulkanyň adyndan gelip çykypdyr.

Wulkanlary öwrenýän ylma wulkanologiýa, geomorfologiýa diýilýär.

Wulkanlar formasy (galkan görnüşliler, stratowulkanlar, şlak konuslar, gümmez şekilliler), işjeňligi (hereket edýän, ukudaky, sönen), ýerleşişi (ýerüsti, suwasty, buzasty) we ş.m. boýunça klassifisirlenýär.