Wengriýa XI-XV asyrlarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Wengriýa XI-XV asyrlarda - IX asyryñ ahyrynda wenger taýpalary günorta rus ýerlerinden , günorta Uraldan Karpata geçip Orta Dunaýda ýerleşdiler. Wengerleriñ ondan öñki durmuşy barada bizde köp maglumat ýok. Kama we Wolga derýalarynyñ kenarlarynda ýaşapdyrlar. Köp türk taýpalary bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Olaryñ irki taýpa serdarlary saýlanyp, olar baýlyga kowalaşyp başladylar. Wengerler köp wagtlaryny , uruşlarda, göçüp-gonup ýöremekde geçiripdirler. Ýedi taýpa birleşip, öz taýpa serdarlaryndan başga, umumy bir serdary saýlapdyrlar. Ony patyşa derejesinde görseler hem , onuñ taýpanyñ içki işine gatnaşmaga hukugy bolmandyr. Serdar aksakallaryñ umumy maslahaty bilen saýlanypdyr. ( 7 taýpanyñ ýolbaşçysynyñ) özlerine boýun egdiren slawýan halklaryny ezipdirler, olary diñe ýerleri bejermekde ulanman, gala gurluşygynda , harby ýörişlere-de alyp gidipdirler. Ýöne slawýanlar içki dolandyryşy özleri dowam etdirmäge çalşypdyrlar. Sebäbi olaryñ jemgyýetçilik gurluşy wengerleriñkiden ýokary derejede bolupdyr. Ýöne iki asyra golaý wagtyñ içinde bu tapawutlar ýok bolup gidipdir. Harby serkerdeleriñ elinde ägirt uly baýlyk , ýerler bolupdyr. Territorial – jemgyýetçilik guramalary bolupdyr. Öñ jyp diýlen bolsa , indi komitatlar diýlip atlandyrylypdyr. Olaryñ başynda işpanamlar (jypanlar) durupdyr.

Ilkinji dolandyryjy Arpadawlar taýpasyndan bolan Geýza I (972-997) ýurtdaky özlerine garşy gönükdirilen hereketleriñ özüne almak üçin nemesleri-de kömege çagyrypdyr, şeýdip Wengriýada olaryñ hem täsiri güýçlenipdir. Geýzanyñ ogly Stepan I (iştwan 997-1038) dogulan wagty papa oña karol täjini geýdiripdi. Şonuñ üçin munuñ döwründe hrestýan buthanasyna uly üns berildi. Hasylyñ 1/10 buthana salgydy hökmünde ýygnaldy. Papa Wengriýada öz täsirini güýçlendirmäge çalyşyardy. Ol taýpa serdarlarynyñ geçirýän maslahatyny karol maslahatyna öwürdi. Ony karolyñ özi saýlapdyr. Onuñ geçiren harby öwrülişikleri özüniñ netijesini-de beripdir.

1030-njy ýylda german imperatory Konrad II-niñ goşunyny derbi-dagyn edipdir. Iri ýerl eýeleriniñ ezişi güýçlendi, muña çydap bilmän halk herekete aýaga galdy. Halk hrestýan buthanalaryna , iri ýer eýelerine , aýratyn hem nemeslere garşy çykyş etdiler. Stepan I aradan çykandan soñ onuñ ýegeni Pýotr häkimýete geçýär, aýal doganynyñ ogly. Ol italýan we nemeslere ýerleri we döwlet wezipelerini paýlap beripdir.

1041-nji ýylda Pýotr halk gozgalañy netijesinde agdarylýar, oña derek taýpa aksakallarynyñ neslinden gelip çykan Aba Şamu El korol diýip yglan edilýär. (1041-1044) 3 ýyla golaý ýurdy dolandyrýar. Emma ýurtda dolandyryjylara garşy göreşler dowam etdi. Genrih III-e kömek sorap ýüz tutdylar. Menerede bolan söweşde Abu Şamu Eliñ gozgalañy basyp ýatyrylýar. Ony jezalandyryp öldüripdirler. Täzeden tagta wenesiýaly Pýotr geçip, öñki düzgünleri dikeldýär.

1046-njy ýylda halk onuñ düzgünine garşy çykyp, täzeden gozgalañ turuzýarlar. Karoly tagtdan agdaryp, gözüni oýupdyrlar. Stepanyñ neslinden bolan Andreýi (Andraş) Kiýewden gelip döwleti dolandyrjak bolýar.

1061-nji ýylda tagta Pely I geçýär ol 1063-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrýar. Ol salgytlary kemeldýär. Ýöne halk bu ýeñillikleri az hasaplapdyr.

Täzeden hereketler başlanypdyr. Patyşa 3 gün halkdan wagt sorapdyr, soñra olaryñ islegini kanagatlandyrjak diýip , goşun toplap, gozgalañyñ ýolbaşçylaryny gyryp başlapdyr. Bu öç almadan soñ gozgalañlar bes edilipdir.

XI asyrda Wengriýada iri ýeçilik gatnaşyklary berkarar boldy. Wenger karollary laduslaw I (laslo 1077-1095ýý) we Koloman (1095-1116ýý) döwründe ýerleri iri ýer eýelerine berkitmek işi gutarnykly tamamlanypdyr. XI asyrda Wengriýada şäherler peýda bolupdyr. Olaryñ ilatynyñ aglabasyny nemesler düzüpdirler, olar hünärmentçilik bilen meşgullanypdyr.

XI-XIII asyrlarda iri ýer eýeçilik gurluşa geçmegiñ netijesinde daýhan ykdysady we hukuk gatnaşyklarynda iri ýer eýelerine garaşly bolupdyr. Salgyt we pul rentasy uly rol oýnapdyr. Daýhanlar ezişe çydam edip bilmän köpçülikleýin gaçyp başlapdyrlar. Merkezi häkimýet gowşap başlady, tersine buthana we dünýewi edaralaryñ täsiri güýçlendi.

1222-nji ýylda Endre II “Altyn bulla” ady bilen kanunlar ýygyndysyny kabul etdi. Bu dokument angliýadaky “Azatlygyñ beýik partiýasy” diýen dokumente çalymdaşdy. Onda wenger iri ýer eýeleriniñ hukuklary we ýeñillikleri , welaýatlary dolandyryş hukuklary görkezilipdi. Ýöne XIII asyrda dünýewi we dini işgärleriñ hukugynyñ giñeldilmegi Wengriýada iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyñ dagynyklygyna getirdi. Üstesine 1241-1242-nji ýyllarda Wengriýa Tatar çozuşlaryna sezewar boldy. Tatarlar 1241-nji ýylda Baty hanyñ ýolbaşçylygynda Wengriýa çozup girdiler. Pela IV (2335-1270ýý) duşmana gaýtawul berer ýaly güýji ýokdy, şol sebäpli ilki Awstriýa soñra Dolmatin kenaryna gaçdy. Wenger mognatlarynyñ bir bölegi tatarlaryñ tarapyna geçdi. Pela IV ýalbarsada Papa Wengriýa hiç hili goldaw bermedi. Pirden 1242-nji ýylyñ tomsunda tatar goşunlary Adriatiga ýakynlaşyp, rus ýerlerine öwrüldiler. Pela IV howpuñ öñüni almak maksady bilen 1246-njy ýylda Danil Romanowiç bilen ylalaşdy. Emma bu ylalaşyk ony howpdan saklaman, ruslaryñ tatarlara beren gaýtawuly saklan bolmagy mümkin. XIII asyryñ ortalarynda Wengriýada iri ýer eýeçilik gatnaşyklary ornaşyp, merkezi häkimýet gowşap, Karol Laslo IV magnatlara garşy çäre görjek bolanda magnatlar polowesleri dargatdylar.

Arpadawlar neberelerinden bolan iñ soñky karol Endre III (1290-1301ýý) dünde iri ýer eýeçilik gurluşy özüniñ ösen derejesine ýetdi. XIII asyrda Wengriýada öndüriji güýçler ösdi. Oba hojalaygynda ekerançylyk uly rol oýnady. Oba hojalyk önümlerini Çehiýa, Awstriýa, Polşa satypdyrlar.

Daýhan bir eýeden başgasyna geçip bilipdir. XIV asyr kanun boýunça öñki hojaýynyndan rugsat almaly bolupdyr. Iri ýer eýeleriniñ ezişine garşy synpy göreş ýitileşýär. Daýhanlar buthana salgydyny tölemekden boýun gaçyrýarlar. XV asyryñ 30 ýyllarynda Wengriýada gulçylyk hereketleri ýaýraýar.

XIII asyryñ Wengriýa korollygynda söwdanyñ we hünärmençiligiñ merkezidi. Puda, Peşt, Estergom, Der, Şoprok, Požon şäherleri bolupdyr. Şäherliler iri ýer eýelerine garşy göreşde korollary goldadylar.

Wenger karollygynda şäherler bilen birlikde “oba şäherjigi” diýip atlandyrylýan ýerler bolupdyr. Ol ýerde oba hojalyk işi bilen birlikde hünärmentçilik bilen meşgullanýan adamlar bolupdyr. Öz harydyny ýerli bazarlara çykarypdyrlar. Ýöne olara şäherliler berilýän ýeñillikler berilmändir, aýry iri ýer eýelerine degişli bolupdyrlar. XIV asyryñ 70-nji ýyllarynda dörän kärhanalarda ýöriteleşdirilen ussahanalaryñ 25-e golaý görnüşi bolupdyr.

Şäherde hojaýynçylyk edýänler köplenç nesil boýunça geçipdir. Şäheriñ ýokary gatlak wekillerine söwdagärler, süýthorlar, iri ýer eýeleri giripdir. Şäherler döräp başlan dünde göçüp gelen nemeslerden hem bolupdyr. Patyşalar olara köp üns beripdirler. 1439-njy ýylda nemesleriñ Garşy, ýerli halkyñ gozgalañyda Puda şäherinde bolup geçipdir.

XIV – XV asyrda Wengriýada dag magdan senagaty ösüpdir. Mis we dürli gymmat bahaly metalyñ öndürilişi güýçlenýär. Sebäbi şazadalar ondan girýän girdeji bilen gyzyklanypdyrlar. Karol Karl Robert (1308-1342) 1327 –nji ýylda dag magdan senagatynda öwrülişik geçirýär. Ol magdan alynýan ýerlerde iri ýer eýeleriniñ oba hojalygy bilen meşgullanmagyny gadagan edýär.

XIV asyrda synpy göreşiñ ýitileşýän döwründe merkezi häkimýetiñ güýçlenmegine-de şertler döreýär.

Soñabaka karol häkimýeti gowşap, tersine iri magnatlaryñ täsiri güýçlenýär.

Üstesine türk çozuşlarynda häkimýeti berkitmeklige mümkinçilik döretmeýär. XV asyrda görnükli serkerde, iri ýer eýesi Ýanaş Hunýadi, asly Bolahiýadan bolup, döwlet ýygnagynda dolandyryjy edilip saýlanýar. (1446-1458) . Ol 1456- nji ýylda Belgradyñ golaýýnda Türk goşunyny derbi-dagyn edýär. Şeýdip Türkleriñ merkezi Ýewropa ýörişi 70-nji ýyl yza çekilýär.

Soñky şazada Matýaş Hunýadi (1458-1490) hemişelik hakynatutma goşuny döredýär, bu bolsa onuñ häkimýeti berkitmegine kömek edýär. Ol daşary syýasaty berkitmeklige uly üns berýär. Marawiýa, Sileziýa, Ýokarky we Aşaky Awstriýa we gitrust türklere degişli bolan eýeçilikleri özüne boýun egdirýär.