Uly partlama

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Uly partlama modeline görä, älem çakdanaşa dykyz hemde gyzgyn ýagdaýdan giňemek arkaly döräpdir we ol häzirki döwürde-de giňemekligini dowam etdirýär.

Uly partlama älemiň başlangyç şertleriniň we soňraky ösüşiniň kosmologik modelidir. Ol häzirkizaman ylmy subutnamalar hem-de gözegçilik esasynda iň kämil we takyk düşündirişler arkaly goldanylýar. Kosmologlaryň ulanyşy ýaly, Uly partlama adalgasy umuman älemiň ilkibaşdaky gyzgyn we dykyz başlangyç şertden giňemek bilen dörändigi we heniz hem giňeýändigi baradaky pikirden ugur alýar.