Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary instituty
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen döredildi.
2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutyň binalar toplumy ulanmaga berildi. Institutyň täze binalar toplumy Galkynyş meýdançasynyň gündogar çüňkünde, Galkynyş we Andalyp köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär.Bu binalar toplumy özüniň özboluşly inženerçilik çözgütleri we Gündogaryň özboluşly binagärlik gurluşyny özünde jemleýär. Täze binalar toplumy baş we okuw binalaryndan, 248 orunlyk talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan hem-de döwrebap sport toplumyndan ybaratdyr. Binanyň umumy meýdany 31,532 m2 deňdir.
Institutyň baş binasy 3 gatdan ybarat bolup, ol rektoratdan hem-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy hünärleriniň talyplaryna bilim bermäge niýetlenen okuw otaglaryndan ybaratdyr. Binanyň aşaky gatynda arhiw, lukmançylyk otagy, inžener-tehniki gulluklaryň otagy, köpeldiji merkez ýerleşýär. 1-nji gatda Galkynyş otagy, işgärler bölümi, talyplar bölümi, institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň iş otaglary, muzeý, nemes dili kitaphanasy ýerleşendir. Bu gatda 500 adama niýetlenen uly mejlisler zaly, 100 adamlyk protokol otagy hem-de 200 adamlyk kiçi mejlisler zaly ýerleşýär. Mejlisler otaglarynda sinhron terjime üçin niýetlenen kabinalar (otaglar) bar. Binanyň 2-nji gatynda dekanat, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen birnäçe okuw otaglary, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary bar. 2-nji we 3-nji gatda Halkara gatnaşyklary kafedrasy, Halkara hukugy kafedrasy, Dünýä dilleri kafedrasy, Gumanitar we tebigy ylymlar kafedrasy, mugallymlaryň otaglary we abzallaşdyrylan okuw otaglary ýerleşýär. Binanyň 3-nji gatynda rektoryň we okuw işleri boýunça prorektoryň otaglary bar.
Baş binanyň günbatar tarapynda ýerleşen umumy meýdany 10 051 m2 bolan okuw binasy Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Binanyň aşaky gatynda talyplar we mugallymlar üçin naharhana, sergi merkezi, 61 840 tomluk kitaplar saklanýan otag we arhiw bar. 1-nji gatyň sag ganatynda multimediýa enjamlary bilen abzallaşdyrylan okalga zaly, çep tarapda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasyna degişli ýörite okuw otaglary bar. 2-nji gatyň çep ganatynda halkara ykdysadyýetiniň ösüşini öwrenmek we dünýä ykdysadyýeti boýunça gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. 2-nji gatyň çep ganatynda talyplara döwrüň ösen enjamlary arkaly bilim bermäge niýetlenen okuw otaglary, hususan-da wideo/audio reportažlary taýýarlamagy, kompýuter grafikasyny we fotoreportažy, habarlary taýýarlamagy, audio/wideotimarlaýşy öwredýän ýöriteleşdirilen okuw otaglary, kiçi çaphana we internet otagy hem bar. Bu otaglar belli «SONY», «Panasonic» kompaniýasynyň tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. 3-nji gatyň sag ganatynda halkara ykdysady taslamalaryny we maýa goýumlary öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen okuw otaglary bar. Ol ýerde şeýle hem ylmy işler boýunça prorektoryň otagy we ylym bölümi bar. Türkmen we daşary ýurt dillerinde dürli temalar boýunça söhbetdeşlikleri guramaklary we alyp barmaklary üçin metbugat-konferensiýalary merkezi, web-saýtlary taýýarlamagy we redaktirlemegi öwredýän otaglar hem talyplaryň hyzmatynda.
Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin niýetlenen lingafon, sinhron terjime otaglary, nemes dilindäki kitaplar ýygyndysy bolan kitaphana bar. Okuw otaglary interaktiw tagtalar bilen üpjün edilendir.
Institutda giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy hem alnyp barylýar. Germaniýanyň Bremen uniwersitetiniň, Londonyň Metropoliten uniwersitetiniň, Polşanyň halkara gatnaşyklary institutynyň, Bolgariýadaky amerikan uniwersitetiniň, Wenanyň diplomatiki Akademiýasynyň, ABŞ-nyň Boston uniwersitetiniň we Kolumbiýa uniwersitetiniň Garriman adyndaky institutynyň, Moskwanyň halkara gatnaşyklary döwlet institutynyň (uniwersitetiniň), halkara gatnaşyklary boýunça dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Gyzyl Haç halkara komitetiniň wekilleri talyplaryň öňünde leksiýalar bilen çykyş etdiler.
Institutyň mugallymlary öz hünär ugurlary boýunça hem-de halkara bilim maksatnamalarynyň çäginde Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Türkiýede, Günorta Koreýada, Ýaponiýada, Hytaýda, Malaýziýada, Hindistanda, Päkistanda, Russiýada, Belarusda, Bolgariýada, Polşada, Daniýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Awstriýada, Fransiýada, Belgiýada iş we okuw saparlarynda boldular.
2008-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň, 2012-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamalara gol çekildi.
Institutyň talyplary ýurdumyzyň edaralarynda degişli tejribelikleri geçýärler. Mundan başga-da, institutymyzda dürli ylmy-amaly maslahatlary, dürli temalardan tegelek stollar we tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Institutyň mugallymlary hem-de talyplary ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guraýarlar.
Institutda talyplaryň okuwyny we sapakdan daşary işlerini, durmuşyny we dynç alşyny guramak üçin zerur şertleriň ählisi döredilendir. Institutyň talyplary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli olimpiadalarda we bäsleşiklerde, «Ýylyň talyby»,«Talyp joşguny» bäsleşiklerinde işjeň çykyş edýärler.
Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň beden taýdan sagdynlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Okuw binasyna ýanaşyk gurlan häzirki zaman sport toplumy bolsa talyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna, dürli ugurdan sport ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 300 adama niýetlenen ýapyk sport zaly, 30 adama niýetlenen türgenleşik zaly, küşt otaglary bar. Institutyň «Älem» talyplar sport kluby tarapyndan sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli sport bäsleşiklerine taýýarlanmak üçin zerur bolan türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygider geçirilýär.
Baş binadan daşda bolmadyk 248 talyba niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze binalar toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine öz gözelligi bilen görk berýär. HÜNÄRLER Ýazdyrmak
E-mail Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar instituty daşary ýurt syýasat ulgamy aşagydaky hünärler boýunça belent hünärmenleri taýýarlaýar:
- «Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa»;
- «Halkara hukugy»;
- «Halkara ykdysady gatnaşyklary»;
- «Halkara žurnalistikasy».
Institutda 6 sany kafedra hereket edýär:
- Halkara gatnaşyklary kafedrasy;
- Halkara hukugy kafedrasy;
- Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy;
- Halkara žurnalistikasy kafedrasy;
- Dünýä dilleri kafedrasy;
- Gumanitar we tebigy ylymlar kafedrasy.
Rektor - Gurbangeldiýew Jumamyrat Şamyradowiç