Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Gurluşy[üýtget]

8 fakultetden we 23 kafedradan ybarat:

  • Fakultetler:
    • Matematika
    • Himiýa we biologiýa
    • Türkmen dili we edebiýaty
    • Daşary ỳurt dilleri we edebiỳaty
    • Taryh
    • Hukuk we halkara gatnaşyklary
    • Fizika
    • Geografiýa
  • Kafedralar:
    • Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy
    • Pedagogika we psihologiýa
    • Türkmen dili
    • Türkmen edebiýaty
    • Konstitusiýa we halkara hukugy
    • Raýat we jenaýat hukugy
    • Iňlis dili
    • Nemes we fransuz dilleri
    • Daşary ýurt edebiýaty
    • Arap, pars we türk dilleri
    • Amaly matematika
    • Umumy matematika
    • Matematiki analiz
    • Ähtimallyklar nazaryýeti we matstatistika
    • Nazary we tejribe fizikasy
    • Umumy fizika
    • Biologiýa
    • Himiỳa
    • Geografiýa
    • Daşky gurşawy öwreniş
    • Türkmenistanyň taryhy
    • Dünỳä taryhy
    • Arheologiỳa we etnologiỳa
    • Hünär ugrundan dil taỳỳarlygy
    • Dünýä tejribesini öwreniş

Esasy ylmy ugurlary[üýtget]

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy taglymatyny, Mukaddes Ruhnamasyny ylmy jähetden özleşdirmek, türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, täze taryhyny çuňňur we dogruçyl öwrenmek, türkmen dilini we edebiýatyny hemmetaraplaýyn öwrenmek, ýurduň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin türkmen dilinde okuw kitaplaryny taýýarlamak, şonuň ýaly-da differensiýal nazaryỳetiň we oňa ýakyn ylymlaryň birnäçe meselelerini özleşdirmek, differensiýal we operatorlyk deňlemeler, amaly meseleleriň hasaplaýyş usulynyň çözlüşi, jisimleriň fiziki özboluşlylygynyň magnit düzümli faza geçirijisini barlamak, günüň şöhlesiniň giň diapazonyna we gysga tolkun uzynlykly ültramelewşe bölegine ýokary duýujylykly fotokabuledijileri ýarymgeçiriji gurluşlaryň esasynda işläp düzmek we olaryň nusgalaryny taýýarlamak, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy – Köneürgenç meteoritiniň düzumini, häsiýetnamalaryny we gurluşyny öwrenmek, nebitli we gazly ýataklara suwuň aralaşmak hadysasyny modelirlemek, Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny kompleksleýin peýdalanmak we goramak meseleleri we ş.m.