Stratosfera

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

11-55 km aralykda ýerleşip, munda howa örän seýrek bolýar we temperatura az üýtgeýänligi bilen (mydama – 500 C) tapawutlanýar. Temperaturanyň üýtgemän saklanmagy ozon gazynyň köp mukdary we onuň ultramelewşe şöhleleri siňdirmekligi bilen baglanyşyklydyr. Temperatura 40-60 km beýiklikde – 150 C çenli artýar. Stratosferada suw buglary düýbünden diýen ýaly ýokdur. Şonuň üçin bu gatlakda bulutlar we atmosfera ygallary emele gelmeýärler. Ýakyn wagtlarda hem stratosfera hereketsiz gatlak hasaplanýardy. Soňky meteorologik raketalaryň maglumatlary munda howanyň işjeň hereketiniň bardygyny ýüze çykardy. Bu hadysalardan başga munda meteorlaryň süýnmekligi, dury reňkli bultlaryň (perlamutr) döremekligi bolup geçýär. Olar köplenç 20-25 km belentlik aralygynda ýerleşip, buz kristallaryndan durýarlar.