Soltan Mahmyt

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Gaznawy imperiýasy

Umumy[üýtget]

Soltan Mahmyt gaznalylar (Gaznawylar) imperatorlygynyň iň beýik hökümdarydyr. Otuz üç ýyllap (997-1030 ýyllar), Hazar deňzinden başlap Bengaliýa çenli, Termezden başlap Hindi okeanyna çenli bolan topraklary içine alan gaznawylar döwletine hökümdarlyk etdi. Gaznawylar döwleti 968-nji ýylda guruldy we 1187-nji ýylda ýykyldy. Gaznawylar döwletini gurujylaryň oguz türkmenleriniň gaýy boýyndan bolandygy taryhy çeşmelerde ýazylýar.