Sefewi Döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Sefewi Döwleti Döwlet-i Sefewiýýe
Sefewi Döwletinin baýdagy Türkmenistanyň gerbi
Baýdagy Gerbi
Safavid Empire 1501 1722 AD.png
Paýtagty Töwriz, Yspyhan şäheri
Esaslandyryjy Şa Ysmaýyl I
Dili Azerbaýjan Türkçesi (Rasmi)
Parsca (Rasmi)
Meýdany 2.800.000 km² (1512)

Mowzugy: Eýranda sefewi döwleti


Meýilnamasy


1. Sefewi türkmen döwletiniň emele gelmegi we Ysmaýyl şa

2. Mukaddes Ruhnama we sefewi türkmen şalary.

3. Sefewi türkmenleriniň döwletiniň synmagy.


Eýran orta asyrlaryň ahyrlarynda gowşap başlaýar. Näme üçin Eýran gowşadyka? Oňuň aşakdaky sebäpleri bardyr:

1. Ilki bilen Eýranyň üstünden öňki söwda ýoly geçmeýärdi. Şol sebäpli Eýran indi çetde galypdy. Dünýä söwdasyndan üzňedi;

2. Eýrany içki dawa-jenjeller tozdurypdy;

3. Eýranyň üstüne daşardan wagşyýana çozuşlar köp bolupdy. Araplar, mongollar, Teýmir agsak bu ýurdy birnäce asyr yza taşlapdy.

Ine şeýle şertlerde 1502-nji ýylda yştymagy gelip çykyşy boýunça türkmen bolan Ysmaýylyň baştutanlygynda täze bir döwletiň düýbi tutulýar. Döredenleriň taýpasynyň ady bilen baglanyşykly ol döwlet sefewiler döwleti ady bilen taryha dolýar. Bu döwleti esaslandyryjy Ysmaýyl şa barada giňişleýin durup geçeliň.

Ysmaýyl şa– Sefewi türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy we döwletiň birinji hökümdarydyr. Ysmaýyl şa 1487-nji ýylda dogulýar. Onuň kakasy Haýdar sefewiýe dini derwüşçilik toparyny döreden 1254 – 1334-nji ýyllarda ýaşap geçen Sefi od-Din Ishak atly Ardabilli şeýh bolupdyr. Ysmaýyl şa hem şonuň neberelerinden bolupdyr. Şol derwüşçilik toparynda Anadolydan gelen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda sanaýan ýedi türkmen taýpasy (şamly, rumly, ustaçly, tekeli, baharly dülkadyr, owşar) sopy bolupdyrlar.

1498-1500-nji ýyllarda Akgoýunlylar döwleti ikä bölünmegi bilen baglanyşykly dörän amatly ýagdaýy ulanyp, 12 ýaşly şa Ysmaýyl öz atalygy Hüseýin beg Şamlynyň maslahaty bilen 300 atlysy bilen Ardebile gelýär. Şol ýerde 7 müňli türkmen goşuny bilen häkimiýet ugrunda urşa başlaýar. Olar 1501-nji ýylda Akgoýunlylary ýeňip, Töwrize girýärler. 1502-nji ýylda Töwrizde Ysmaýyl Eýran şasy diýlip jar edilýär. Ol 1503-nji ýyldan 1510-njy ýyla çenli Kazwin, Kum, Yspyhan, Şiraz, Ýezd, Kerman ýaly şäherleri, Ermenistan, Kürdistan, Yrak ýaly ýurtlary basyp alýar. 1510-njy ýylda Marynyň golaýynda Horosan ugrunda özbek hany Şeýbany bilen bolan söweşde Şeýbany han öldürilip, Seistan we Horosan Sefewi türkmenleriniň döwletiniň düzümine goşulýar. Köşkde we goşundaky dil türkmen dilinde bolupdyr. Şa Ysmaýyl şol dilde goşgy ýazypdyr. 1524-nji ýylda şa Ysmaýyl ýogalýar.

Geliň ýeke-ýeke şol döwletiň soňky hökümdarlarynyň taryhda bitiren işleri barada gürrüň edeliň.

TAHMASP I – (144) Sefewi türkmenleriniň döwletiniň ikinji hökümdary. Tahmasp I entek 10 ýaşynda tagta geçmeli bolýar. Ilkibada ol türkmen hanlarynyň we serdarlarynyň (aýratyn-da rumly we ustaçly) diýeni boýunça ýurdy dolandyrýar. Kämillik ýaşyna ýetenden soňra özbaşdak dolandyryp başlaýar. Ýöne ol kakasy ýaly başarjaň hökümdar däldi. Onuň gowuşgynsyzlygyndan peýdalanyp birnäçe ýerli hökümdarlar özbaşdak syýasat ýöretmäge ymtylýarlar. 1538-nji ýylda Astrabatda Muhammet Salyh özüni özbaşdak hökümdar diýip yglan edýär. Türkmen Aba Serdar 1550-1558-nji ýyllarda şa Tahmaspy birnäçe gezek ýeňlişe sezewar edýär. Gilýanda, Şirwanda ýerli hökümdarlar şa Tahmaspa garşy çykýarlar. Bu ýagdaýlaryň ählisi şa Tahmasp I-niň döwründe Eýranda merkezi häkimiýetiň gowşandygyny görkezýär. Onuň alyp baran içeri syýasatynyň netijesinde Eýran döwletiniň harby kuwwaty aýratyn-da ykdysady kuwwaty peselýär.

Türkmeniň serhetlerine ýakyn ýerleşýändiginden gorkup, ol ýurduň paýtagtyny Töwrizden Kazwin şäherine geçirýär.

YSMAÝYL II (144) – Sefewi türkmenleriniň üçünji hökümdary. Ol 1576 – 1578-nji ýyllarda şa bolup, Tahmasp I-niň ogludyr. Her şa ýogalyp, täze şa tagta geçmeli bolanda ýurtda galagoply ýagdaý döreýärdi. Şa Tahmasp I ýogalansoň soň hem onuň ogly 12 oglunyň haýsysynyň tagta geçmelidigi barada dawalar başlapdy. Ustaçly türkmenler onuň Haýdar Mürze atly ogluny goldasa, owşar türkmenleri şa Ysmaýyly goldady. Şa Ysmaýyl kakasy dirikä 19 ýyllap tussaglykda bolupdy. Belki tussaghanada oturany üçindir.

Ysmaýyl II häsiýeti boýunça gazaply, öz 6 doganyny jezalandyryp öldürtmek bilen, halky gorkuzmak üçin köplenç köpçülikleýin jezalandyrmak barada buýruk beren hökümdardyr. Ol iki ýyl çemesi dolandyryp tarpa-taýyn ýogalýar.

MUHAMMET HUDABENDE (144) – Sefewi türkmenleriniň döwletiniň dördünji şasy. Ol 1578-1587-nji ýyllarda hökümdarlyk edýär. Sefewi türkmenleriniň döwletiniň ikinji şasy Tahmasp I-niň ogly.

Muhammet Hudabende keselbent, özerkli däl adam bolupdyr. Ol köplenç aýalynyň (Hamza we Abbas atly ogullarynyň ejesiniň) diýeni boýunça ýurdy dolandyrypdyr. Muhammet şanyň Hamza Mürze atly ogly türklere garşy uruş döwründe Kawkazda görkezen edermenlikleri, ýeňişleri bilen öz duşmanlaryny öjükdiripdir. Ony şa tagtyna geçer öýdüp gorkup Eýranlylaryň özleri dildüwşik gurap öldürýärler. Muhammet Hudabendäniň döwründe onuň döwleti Kawkazda birnäçe ýerlerini Osman türkmenleriniň döwletine bermäge mejbur bolýar. 1587-nji ýylda Muhammet Hudabende öz goşuny tarapyndan tagtdan agdarylýar we köp wagt geçmänkä aradan çykýar.

APBAS ŞA (144,241) - Eýranda 1502 – 1736-njy ýyllarda hökümdarlyk eden Sefewi türkmenleriniň döwletiniň bäşinji şasydyr. Ol 1581-1628-nji ýyllarda ýaşap geçip, Hudawende şanyň ogludyr. Abbas şa Eýrany 1587-1628-nji ýyllarda dolandyrýar.

Abbas şa 16 ýaşynda wagty kakasy öldürilýär we tagta geçýär. Onuň tagta geçen döwri Sefewi döwleti gowşap, agzalalyk güýçlenip, ýurtdan bereket göterilen döwürdi. Eýranyň gowşamagyndan peýdalanyp Türkiýe onuň birnäçe ýerlerini basyp alypdy. Şa Abbasyň paýyna çöken ýurdy galkyndyrmak düşdi. Ol birnäçe özgertmeler geçirdi. Goşunda düzgün - tertibi ýola goýdy. Täze goşun bölümlerini döretdi. Salgytlary rejä saldy. Merkezi häkimiýeti berkitdi. Ýerli hökümdarlaryň hukuklaryny çäklendirdi. Pul özgertmesini geçirip, abbasy diýip atlandyrylan täze pul girizdi. Ýollaryň gurluşygyna üns berdi. Ýurduň paýtagty bolan Yspyhany tas täzeden diýen ýaly gurdy. Suw gurluşyk desgalaryny, bentleri gurdurdy. Eýran geçirilen özgertmeleriň netijesinde kuwwatlanyp tiz ösüp başlady.

Şa Abbas özüne, döwlete garşy gidenleri rehimsizlik bilen jezalandyrdy. Hat-da ol öz çagalaryna hem rehim etmändir. Uly ogluny öldürip, iki kiçi ogullarynyň gözlerini oýdurandygy onuň gazaplylygyndan nyşandyr.

Şa Abbasyň hemmä deň göz bilen garamagy, Eýrany ösdürmek üçin alyp barýan syýasatyny halkyň goldamagyna sebäp boldy. Ol XVII asyryň başlaryndan başlap Eýranyň öňki elinden gidiren ýerlerini täzeden eýelemek üçin goňşulary bilen uruşlar alyp bardy. Türkiýe bilen 1603-1612-nji, 1616-1618-nji ýyllarda iki gezek uruş alyp baryp, olaryň netijesinde Töwrizi, Nahiçewany, Ýerewany, Azerbeýjany, Gündogar Ermenistany, Gündogar Gürjüstany, Lurystany Eýran eýeledi. Geratyň golaýynda özbekleri ýeňip, olardan Horosany aldy. 1623-nji ýylda Türkiýe garşy täze urşa başlady. Yragy aldy. Dogry bu uruş şa Abbas ýogalan soň 1639-njy ýylda gutardy.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada Sefewi türkmenleriniň Eýrandaky hökümdarlygy barada söz açyp, Sefewileriň: “Iň güýçli döwlet bolan wagty şa Abbasyň wagtyna gabat gelýär, bu pajarlap ösmek tä onuň 1628-nji ýlda ölmüne çenli dowam edýär” (241) diýip belleýär.

SEFI I (144) – Sefewi türkmenleriniň döwletiniň altynjy şasy. Ol 1629-1642-nji ýyllarda şa bolupdy. Ol Abbas I-niň uly ogly meşhur Sefi Mürzäniň ogludyr. (Sefi Mürzä kakasy Abbas I gepe girip öldürdipdi).

Sefi I häsiýeti boýunça gaharjaň, ynjyk, rehimsiz , gazaply bolupdyr. Diňe müňkürlik edip, aslynda hiç zat ýok ýerden döwletiň iň ökde harby serkerdesi Ymamkuly hany jezalandyryp öldüripdi.

Daşary syýasatda Sefi I özbek hanynyň çozuşlaryny yza serpikdirse-de, Beýik Mogollardan ýeňilipdir. Ol Beýik Mogollara Gandagary bermäge mejbur bolýar. Sefi I türklerden hem ýeňilýär. Türkiýe bilen 1639-njy ýylda Kasra-Şirin şertnamasyny baglaşyp, ol boýunça 1612-nji ýyldaky serhet dikeldilýär.

APBAS II (144) – Sefewi türkmenleriniň döwletiniň 7-nji şasy. Ol bu döwletiň 6-njy şasy Sefi I-niň ogludyr. Ol 1642 – 1666-njy ýyllarda döwleti dolandyrypdyr. Apbas II häsiýeti boýunça ýumşak, parahatçylyk söýüji, rehimdar adam bolupdyr. Onuň döwründe Eýranyň ykdysadyýeti ösüp başlaýar. Eýran Günbatar Ýewropa döwletleri bilen ykdysady söwda gatnaşyklary ýola goýýar. Ol aýratyn-da Gollandiýa bilen söwda gatnaşyklaryň ösmegine üns beripdir. Golland söwdagärleri Eýranyň ýüpegini hiç-hili gümrük paçsyz ýurtdan alyp çykmaga hukuk alypdyrlar. Fransiýa, Angliýa, Russiýa bilen gatnaşyklar ösüpdir. Apbas II Beýik Mogollar imperiýasy bilen Gandagaryň üstünde uruş alyp barypdyr. 1649-njy ýylda şa Apbas II kakasy Sefi I-niň elden gidiren Gandagar şäherini yzyna gaýtaryp alypdyr.

SÜLEÝMAN ŞA (144) – Sefewi türkmenleriniň 8-nji şasy. Ol 7-nji hökümdar Apbas II-niň ogludyr. Ol 1666-1694-nji ýyllarda şa bolupdyr. Şa Süleýman Eýranyň taryhynda başarnyksyz, gazaply şa hökmünde tanalýar. Onuň döwründe döwlet gowşapdyr. Özbek hanlary Süleýman şanyň döwründe Horasana çapawulçylykly ýörişler gurapdyrlar. Şa Süleýman olaryň ýörişlerine gaýtawul bermegi guramagy başarmandyr. Hut Süleýman şanyň döwründe Gollandiýa Pars aýalgyndaky Eýranyň ýeri bolan Keşm adasyny eýeläpdir.

HÜSEÝIN ŞA (144) – Sefewi türkmenleriniň 9-njy şasy. Ol sekizinji hökümdar Süleýman şanyň ogludyr. Ol 1694-1722-nji ýyllarda hökümdarlyk edipdir.

Kakasy ýaly Hüseýin şa hem ýurda başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edip bilmändir. Ýurduň gowşamagy, halkyň ýagdaýy erbetleşmegi dowam edipdir. XVII asyryň ahyrynda Eýranyň ykdysady babatda ýagdaýynyň üzül-kesil erbetleşýändigi hemmä aýan bolupdyr. 1798-1701-nji ýyllarda salgytlar 2-3 esse artdyrylypdyr. Täze salgytlar girizilipdir. Daýhanlar ýerlerini satyp köpçülikleýin şäherlere göçüp başlapdyrlar. Şa Hüseýin perman bilen daýhanlary ýere berkidipdir.

Şa Hüseýiniň ýurdy tozgunçylyga alyp barýan içeri syýasatyna garşy gozgalaňlar başlanypdyr. Şol gozgalaňlaryň iň irisi Gandagar welaýatyndaky gilzaý türkmenleriniň gozgalaňydyr. Gozgalaň 1709-njy ýylda başlanypdyr. 1722-nji ýylda gozgalaňçylar şa Hüseýini tagtdan agdaryp, öz baştutanlary Mir Mahmudy şa diýip jar edipdirler. Tagtyndan jyda düşen Hüseýin şa şol ýyl ýogalypdyr.

TAHMASP II (144) – Sefewi türkmenleriniň onunjy şasydyr. Ol dokuzynjy hökümdar Hüseýin şanyň ogludyr. Ol 1722-1732-nji ýyllarda şa bolupdyr.

Ol şa diýlip jar edilen wagty Eýran şasynyň tagtynda Mir Mahmud otyrdy (seret. Hüseýin şa). Tagta geçmek we hakykatdan-da ýurduň eýesi bolmak üçin Owganystanly gozgalaňçylary kowmalydy.

1725-nji ýylda Mir Mahmud öldürilip, ýerine onuň doganoglany Aşraf şa boldy. Tahmasp II Owganyztanly türkmen taýpalarynyň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin asly türkmen bolan Nedirguly hana ýüz tutýar. 1730-njy ýylda Eýran doly owganystanlylardan arassalanýar. Nedir türklere garşy uruşda hem abraý gazanýar.

Nediri çetleşdirip özi türk goşunlaryna garşy urşa baştutanlyk edip masgara bolup ýeňilýär. Ruslara garşy alyp baran urşy hem şowsuz gutarýar. Nedir Tahmasp II-niň Türkiýe garşy alyp baran urşuny masgaraçylyk hasaplap, ýurda beýle başarnyksyz adamyň şa bolmaly däldigini aýdyp, 1732-nji ýylda Mugan çölünde ýygnak-gurultaý çagyryp, onda Tahmasp II tagtdan agdarmagy gurapdyr. Şa diýlip, onuň sekizaýlyk çagasy Abbas III jar edilýär.

ABBAS III (144) – Sefewi türkmenleriniň 11-nji we iň soňky şasydyr. Ol 1732-1736-njy ýyllarda resmi Eýranyň şasydyr. Resmi diýip nygtamagymyzyň sebäbi ol tagta geçen wagty sekizaýlyk çagady. Onuň şalyk etmeli döwründe iş ýüzünde Nedir şa ýurdy dolandyrdy. 1736-njy ýylda ony tagtdan aýryp, Nedir şa tagta geçdi.

Sefewi türkmenleriniň döwletiniň soňky döwürlerinde Eýran ýene-de gowşap başlady. XYIII asyryň birinji çärýegi Eýranyň taryhynda iň bir agyr döwürleriň biri boldy. Bir tarapdan owganlar, bir tarapdan ruslar, ýene bir tarapdan osman türkmen döwleti Eýranyň garaşsyzlygyna howp salýar. Şeýle kynçylykly döwürde türkmenleriň owşar taýpasyndan bolan Nedir şa kese ýerlileri ýrandan kowup çykaryp, ýurtda täze bir türkmen döwletini-owşar türkmen döwletini döredýär.